– Sеn hеmişe şуýle. Ýаdyňdamy? Еntek оblast gаzetinde işlеýärkäň şähеr söwdаsynyň bаşlygyna «dеgme» diýsеler-de tаnkyt еtdiň. Işdеn kоwdular, üç günläр kiрezede saklаdylar. Sоň-sоňlaram аç-açаnlyk, aýаnlyk üçin göreşiр köр-köр hоrluklar çеkdiň. Ýоgsam, sеn şu günе düşmеzdiňem. Тürmede ýatаn tussаglary tеrtip-düzgünе sаlsyn diýiр, sеni bаsdylarmy. Şu dоwzahyň içindе ölüр, çagаlaryňy ýеtim gоýmajak bоlsaň, gоşulma hiç zаda. Наýyş еdýän! Ваşyňy gоra!
– Sеrwim, gözüňе dönеýin. Аga аk, gаra gа... |
Ýüki ýeten gumly ýigit bilen dalaşa-dalaşa, mädesi doýan zenan ahyry meýmiräp irkildi, soňra teşnowa – duşa girip, depämden suw goýberip ýuwundym. Özümiň söýgülime biwepalyk edip, bu derejede wejera bolşuma utana-utana geýinýänçäm, jahan ýagtyldy. Il aýagy örmezinden öňürti «bu zenany oýaryp, ýola salaýyn» diýip, ýatylýan otaga girsem, ol gara saçlary bilen ýüzüni örtüp dünýeden bihabar serilip ýatyr. Zenany ýuwaşjadan yraladym. Ol leýlisaç talyň şahasy ýaly göwresiniň ýarysyny ýapyp ýatan saçl...
|
Ine şeýdip, koloniýada ilkinji agşamam geçip, daň atdy. Men welin, hiç ýere howlukmadym. Ýuwunyp, çaýynyp gelip, ýene-de gyşardym. Zähmet bilen bili bekäp, der dökmese, çeýnän çöregini ýuwudyp bilmeýän adamlar welin işe gitdi. Töwerek-daş saýbygyp, ýatak jaýa girýän-çykýan azaldy. Içeri boşap galdy. Ýeke özüm ýatyryň.
– Gurban! Ýalpa gözümi açyp, tirsegime galdym. Görsem, krowadymyň ýanynda Sapar neşe dur. – Ýör, how! – Nirä? – Işe gitmän lagerde galýan adamla... |
WYŽDAN
Basylmazymyň öň ýanydy, penjirämizi açyk goýup işläp otyrdym. Bir gumry göni içeri girip holodilnige gondy. Men, batyr guşa haýran galyp, başymy galdyrdym. Ol ürkdi. Ganatlaryny pasyrdadyp uçdy. Otagyň töründen öwrüm ýasap özüni äpişgä gönüledi. Äpişgäniň o ýüzünden görünýän ummana, erkinlige çykasy geldi. Emma bolmady. Aljyraňňy janawar daşardan otaga giren ýerini tapman heläk boldy. Guş uruna-uruna heläk boldy. Biçäre perdir ýelekleriniň köpüsini zaýalady. Ugur tapm... |
* * *
Тürmäniň uzуn kоridorynda gаtnaw bаşlandy. Tаpyrdy-dükürdi, аla-gоh. Тussaglary çеkene bölýän ýаly bölýärdilеr. Кim еtap bilеn dаşy-içi dеmir kаpasa dуkylyp, nirädir bir ýеrlere ýurt аşyrylyp ibеrilýär. Кimler еden еtmişleri üçin jogаp bеrmäge «hаkykat» öýünе sudа gidýär. Кim dеrňewe, birdir ýаrymy bоşap, öýlеrine gаýdýanlaram taрylýar. Вizi wеlin, gündе iki saрar gözdеn gеçirip, оwlak sanаn ýаly sanаýardylar. Sоňra еrtirlik bеrýärler. Вir gеňlärli zаt – оda bоlsa sеn ýаtmaly.... |
– Türsügiňden başga eşigiňi çykar – diýip, aýallaryň ini-boýy des-deň bolup, burny repide ýaly tes-tegelek ýüzünde çalaja yz bolup durany maňa ýüzlendi.
– Familiýaň? – Jumaýew. – Adyň? – Gurban. – Doglan ýylyň. – Bir müň dokuz ýüz otuzynjy. Togalak aýal menden başga-da kän zat sorady. Ahyry kagyz -galamyny bir gapdala süýşürip, gezegi beýlekä berdi. Orta boýly, entek zenan ruhunyň öwüşgini ýaňaklardan dargamadyk aýal özboluşly bir nazar bilen men... |
DOWZAH
■ I K I N J I B Ö L Ü M Sesýetim aralykdan öwrüm ýasap, Orta Asyrlar döwründe Haçly ýörişleriň garşysyna gurulan gorag galalarynyň, birini ýatladyp duran äpet, gara diwar, misli dag gerşine çöken bulut ýaly bir gapdala haýbat bilen süýşüp ugrady. Ol gitdigiçe kiçelip, leňkebudyň kerebi mysaly ötlem-ötlem, çolaşyp ýatan sim torunyň içine siňdigiçe, dowzahyň daşyny gurşan gara diwaryň böwri deşilip derweze emele geldi. Maşyn derwezeden girmäge heder edýän ýaly säh... |
TALAŇÇYLYK
Baýram aganyň balygy edäýşine haýran galdym. Ilki bilen-ä ol lakgany gamyş düşegiň üstünde uzyn ýatyrdy. Soňra mydama eşeginiň gaňňasyndan asylgy çal torbany getirip, onuň bilen maňa suw daşatdy, özem läbik, lokur däl-de, hool, tokurtganyň akymynda, oýtum-oýtum bolup, durlanyp ýatan durnagöz suwdan. Ol elini çyzgap, balygyň, köne hum ýaly garalyp ýatan kellesinden başlap tä guýrugynyň ujuna deňiç tämiz ýuwdy. Göwnüme bolmasa balygyň görnüşi-de üýtgedi. Baýram aga ... |
YRSGAL
Emeldarlar, bilen oýun etseň «oýnuň» soňunyň näme bilek gutarýany belli. Maňa bu zatlar ozaldan tanyş. Ýöne meniň urdumşalygym zerarly ýüze çykan ýagdaý beýle bolar öýdüp asla hyýal etmändim. Hernä howp-hatar üstümizden sowulsyn-da. Ýeri beýdip, elden-aýakdan düşüp, «ýaraşara» ýer goýmaz ýaly bu ýerde näme bar. Suw gytçylygy bolsa zyýany ýok. Onda meni öldürseňem az. Suw arna syganok. Ýa-da men adam hasap dälmi. Uruşam-a gutardy. Daýym belkäm diridir. «Ýaraly bolup ýa-da, hu... |
ZULUM
– Durmuş bir derýadyr, oglum. Bu derýanyň akymy saňa ýa-da maňa bagly däldir. Çaýlar joşup, tolkun atanda ahmal bolsaň, ol seni girdaba çeker, ýelek kimin gaýdyr, aýlar, öwürer, ahmal bolsaň, ahyry bir gün agzyny açar-da ýuwudar. Eger-de sen biliňi berk guşap, garadan gaýtmaz bolsaň, örküç-örküç gomlaryň depesinden ýer berip, saňa baş eger. Kenara ýetir, Bardy-geldi aljyrasaň, durmuş joşgunlarynyň şagalaňyna maýyl bolup, çalaja sägindigiň besdir, akym seni syndyrar, döwer. Lü... |
ZOWAL
Ýyl geçdigiçe uruş apady güýjäp, oba boşady. Göwsünden gyzyl öndürýän atyzlary çöp basyp, ýaplaryň köpüsi gömüldi. Malam galmady. Atlar-a ýigitler bilen deň gitdi. Maýyp, sagrysyna ýara düşüp, derisi gurtlap gidenleri diýäýmeseň öküzdenem düýelerdenem derek galmady. Üç obada iki ÇTZ-y, o-da gezekli çemçe. Ine, şeýdip haltalaryň düýbi deşilip, küýzeleriň gory gutardy. Il içine ýaýran açlyk welin, urşuň dagy taýy bolmady. Ne garry goýdy, ne ýaş. Öwülýäden gelýäniň, barýanyň san... |
WEPA
Ýygym meýdanymyzyň iki gapdaly aryk. Derek gatyşykly söwütleriň arasynda mesgen tutan igdeler miwesini güjeňläp, al-elwan, bezemen gaýtarma ýaly jahana görk berýär. Atyzyň ilerisi şa ýol. Gaýrasy ses ýetemden görünýän jeňňellige baryp sepleşýär. Partugymy dördünji sapar boşadamda gaýraky çile ýetdim. Ýüzüne ýag çalnan ýaly Günüň ýiti şöhlesine ýalpyldap görünýän salkym-salkym jigirdekler işdämi açdy. El uzadanymy duýman galdym. Emma elim şaha, degip-degmänkä turdy bir ş... |
MAMAM
Gün batdy. Il aýagy ýygnalan çemeleri öýümize brigadir geldi. – Gurban, sen oglan ýadaw, onam bilýän, ýöne başga alaç ýok. Amatly bir adam tapman seniň ýanyňa geldim. Hol, gaýrada Armanşemalyň ýüzünde Tuwakbaý traktorçy ýer sürýär. Suwçysy-da Hajar. Aýal maşgala, gijäniň içinde ýeke galmasyn, gorkarmy nädermi. Çaý-çöregiňi iýen bolsaň, Hajara ýoldaş bolaýsaň – diýip, Gandym aga iç işikde dik duran ýerinden maňa ýüzlendi. Halys surnugyp, düşege geçmäge-de mejalym... |
SUW SEŇRIKDEN GEÇDI |
DOGRY OZAR... |
GERDIŞ |
PÄKLIK |
ARMAN
Men köp oýlandym. Başym-gözüm garjaşyp gitdi. Asyrlar arzuwy, Göwün islegim. Tüme ýapy salan Oktýabrym sen! Bu setirleriň manysy hemmä degişli dälmikä? Ýa-da henizem kime tümlük, kime gündizlikmikä?! Bu soraglar meni janserek etdi. Eýsem, bir obany aladadan dyndaryp, ony duz bilen, kömür bilen üpjün etmek telekmikä? Iliň içersine girip, hökümirowanlyk etmek, zorluk bilen zadyny alyp, malyny sürmek jenaýat dälmikä? <... |
ÖLEN ADAMYŇ KYSSASY
Oktýabr rewolýusiýasy dünýäni paýhyn etdi. Älemiň tas deň ýarysy zulum astyndan boşap azatlyk, deňlik gazandy. Men onda çagadym. Emma, Hajy-Tarhandan1 Şagadamdan2 bize ýetýän habarlar gumly gazaklaryňam durmuşyny üýtgetdi. Ýersiziň, ýer alşyny, suwsuzyň suwly bolşuny eşidip, maňgyşlaklylar toý tutdylar. Toýa bütin ulus ýygnandy. Bagşylar aýdym aýtdy. Pälwanlar göreş tutdy. Her kim baryny orta atyp, şagalaň dowam etdi. Gum içinde näme ekin barmy. Çarwa ada... |
SÄHRADA ÝAŇLANAN OWAZ
Hany irkilip bilsem, ýassygymy üýtgedipler çykdym, bolmady. Ýerim-ýurdum üýtgäp, düşegim täzelendi: belki şondandyr öýdüp göwün hoşlap gördüm bolmady. Towukly meseläniň masgaraçylygy diýsem-de, mamamdan başga o wakany gören ýok. Wah şonam aýdyber. Ýogsam, bütin oba gülki bolaýmaly. Meni binjalyk edýän nämekä? Ýa-da Diwan Peşmek bilen onuň ogly Ynkylapmyka? Beý diýsem indi olaryň ikisi-de menden uzakda. Gyzdyrma degen ýaly iki-ýana urnup ýatyşyma serimi gaplan ... |