Результаты 1-20 из 118 по запросу Has Türkmеn

GANATLY JÜMLELER

Biri Alladan başga hiç kime mätäçliginiñ ýokdugyna ynansa, Alla-da ony hiç kime mätäç etmez.

Alla her synagyñ soñuna bir gowulyk gizläp goýupdyr.

Alla saña bir gowy zat bermezden öñ seni kyn synagdan geçirýär. "Rebbiñ üçin sabyrly bol" ("Müdessir" süresiniñ 7-nji aýaty).

"Aýatel-kürsi" okanymda duýýan arkaýynlygyñy hiç bir h...
Täzelikler » Sözler - 04.12.2024

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Duşenbe, 19.08.2024 ý.


(Gündelikden parça)

Işden gaýdyp barýan. Awtobusda. Öñümdäki oturgyçda telefon oýnap oturan ýaş gelniñ eline jañ gelýär. Biygtyýar gelen jañda gelen ýazga gözüm düşdi: "Kojam".
Äri jañ edýär. Indi gündelik gepleşik dilinde akt...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 19.08.2024

ÝIGRIMI ÝYLDAN SOÑ

Nesip tagtasynda atdylar za:ra,
Ýigrimi ýyldan soñ!
Arafda kyrk gezek çekdiler dara,
Ýigrimi ýyldan soñ!

Suwun ezip içdim sabryñ iýmişin,
Ýigrimi ýyldan soñ!
Göründi pellesi pyşdyl ýörişiñ,
Ýigrimi ýyldan soñ!

Guşlaryñ iñ gowsun saýlap-seçeýin,
Ýigrimi ýyldan soñ!
Ger ölmelem bols...
Täzelikler » Goşgular - 12.07.2024

EDILMELI IŞ KÄN, ÖMÜR BOLSA ÇÄKLI...

(Gündelikden parça)

"Bir kitabyñ sahabyna seretmäñ. Sahabyny açyp, içini okañ".
Jelaleddin Rumy
.


• Medeniýetimize ýetmeýän medeniýet

Döredijilik adamlary diýenimde, muny diñe ýazyjy-şahyrlary nazarda tutman, eýsem aýdymçylary, kompozitorlary, sur...

HALKDAN ALAN ZADYÑY HALKA GAÝDYP BERMELI

(Gündelikden parça)

02.07.2024 ý.

Ýañy Döwletmyrat Ýazgulyýew elektron poçtasyndan soñky ýazan rubagylaryny we ýakynda Türkmenistanyñ Gazagystanda geçirilen medeniýet günlerine gatnaşanda aýdymçy Gözel Öwezowa bagyşlap ýazan goşgusyny ugradypdyr. Dessine kitapçy saýtynda okyjylaryñ dykgatyna ýetirildi. Yzýa...

GALTAK

Aslynda görüşmelidi,
Soñky gezek...
Gaýtmankañ,
Hoşlaşmalydy.
Kimiñ kime zulum edendigini,
Señ bu pyrryldaklañ ölme deñdigni,
Ikiligñi, dönükligñi,
barsyny!
Bilmeýändir öýdüp eden işlerñi
Kafede otyrkañ señ üçin,
kime...
Haýsydyr bir ýüz tutanyña
degmeýän kezzaplañ birtoparyna
Ýüz tu...
Täzelikler » Goşgular - 28.06.2024

JYN HEKGETLERI

(Gündelikden parça)

Meniñ garry enem Aşyrgüliñ Gyzsoñy atly özünden kiçi uýasy, onuñam Sapar Kulyýew diýip adamsy bardy.
Sapar Kulyýew uzyn boýly, daýaw adamdy. Özi adama at-familiýasyny tutup ýüzlenýänliginden bolmaly, oba adamlary onuñ adyny gysgaldyp "Eskulyf" (S.Kulyýew) diýerdiler. Atamyñ aýdyşyndan ol okumyş, hatda geniý derejesinde...

TAZY

Aýjyn ýumurtgasy.
Çykmadyk kelle.
Göründi ýoknasyz syrtaran dişi
Dünýäni özüçe suratlandyrdy,
Ozalybetinde hapysa tuşy.
Şäherde kän kişä aslyşjak bolup,
Erkek siñek görse guýruk bulady.
Nirde maşgalaly,
ýa eli işli
Goçak görse ters aýlandy daşyndan
Bähbit üçin ýetenden pul diledi,
Kän gowgala...
Täzelikler » Goşgular - 30.01.2024

DEPDER

Men seni gözümde ulaldypdyryn
Däl ekeniñ...
Ham ekeniñ owalam.
Ümsümlikden alýan men öz güýjümi
Maña görä däl bu gopgun, şagalañ.

Kime,
Nä sebäpli gargynyp ýörsüñ?
Ýok sözüñ üstünde turuzýañ jenjel.
Bu gohlar ömrüñe, ruhuña zyýan
Men jogap berjek däl,
Gowusy, ynjal!

Hiç kimse hiç kimsä...
Täzelikler » Goşgular - 24.11.2023

MAGALLAK

Güýz.
Jumadyl-owal.
Ýagyşsyz meýdan.
Gum sürlen hanalar,
Üstünde jaýlar...
Moskowskiý.
Howry gaçyşan asfalt.
Köwüşim elimde
Aýakýalañaç...
Kädaýym ylgasam başlaýan haşlap,
Öwzary ýykylyp öwzaýy giden
Tañryñ gamdan azat eýlän gedaýy
Tüneksiz galansoñ duralgamyzda
Otyr... sowa...
Täzelikler » Goşgular - 10.11.2023

PURYJA

Ýene "Çopan ata" gonamçylygy...
Ýere siñip ýatan solgun mazarlar
Ýene kelleagyry...
Eýmenç çakyza.
Synamy gaplady ynjy-azarlar.
Içgysgynç ümsümlik...
Janly-jandar ýok,
Ýumlugypdyr birýan aýgyr pişikler.
Ölüpdir ynsanlyk,
ölüpdir ynsap
Çyn söýgiñ jürüni dikipdirler-ä!
Bir-birden söndürip umyt ýalky...
Täzelikler » Goşgular - 05.11.2023

JERHET

Indi sen özüñe aklawjy bolma.
Gadagan-a edip bilmerin...
ýöne
Zaryn aýdymlary aýdyjy bolma...
Dutaram çalma.
Bar zady bolşy ýaly aýdyp,
aý, ýok...
Aýdansyrap
Gyýyldyrjak bolma ili özüñe.
Barybir diñleýji tapmarsyñ
ýigrim ýyllap çalyp gelen sazyña.
Öýüñe gaýdañda kanikul wagty
Bermäge...
Täzelikler » Goşgular - 22.10.2023

HÜLGENT

Özgede duýlanda señrik ýygyrtjak
Bir meýil ot saldy gyzgyn damara
Utanjak däl...
Utanmadym şol günem
Deñeşdirseñ barabar bir ömüre
duýgulañ yzyna düşen dessime
Hyrydarlañ hemmesinden öñürtjek
boldum-da gyp berdim hyýal atyma,
Döndüm duruberdim erksiz çomara.
Düşmeýşimi... häzire çen
geñ görýän
On...
Täzelikler » Goşgular - 09.10.2023

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Ýekşenbe, 13.08.2023 ý.


(Arhiwden)

Türkmen sazyny belentliklere çykaran beýik kompozitorlaryñ adyny agzamaly bolsa, onda olaryñ başyny Nury Halmämmedowdan başlap, Aşyr Kulyýew, Dañatar Öwezow, Çary we Weli Muhadowlar, Aman Agajykow, Çary Nurymow, Re...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 13.08.2023

SEBÄPSIZ GÜLKI

Gije-gündiz gülüp ýörün üstüñden
Oturamda gülýän,
Turamda gülýän.
Zen geñeşin alyp edýän kesbiñden,
Kemal tapmajagñy
Bilemde gülýän.

Sebäbini bilýäñ ajy gülkimiñ,
Şoñ üçin bialaç gargaýañ maña.
Gowusy gargama!
Ýakyn bolarmyş
Gargyş çykan agzyn garmaga çaña...

Jaý wagty gelende,...
Täzelikler » Goşgular - 08.08.2023

TEÑ

Goşawuçlap gaýgy guýýar göwnüme,
Seniñ ümsümlige bürenip ýörşüñ.
Göýä Zemin münen ýaly egnime,
Ýegşerilip barýar dünýägaraýşym.

Uçupdyr ýanyña ruhum, pikirim,
A bärde galypdyr ýöreýän jeset.
Şamlygy bolmanka alahekegiñ,
Şol gury jesede bir gezek eset.

Öliñ şumlugynda öñüm garañky,
Ýoluma düşüpdir müñ ç...
Täzelikler » Goşgular - 18.06.2023

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Ýekşenbe, 11.06.2023 ý.


Talyp Annabeg Aýmakowanyñ kitap hakdaky "Günümiziñ modasy näme?" ýazgysy käbir agzalaryñ arasynda uly seslenme döretdi.
Annabegiñ gozgan käbir pikirleri bilen özümem ylalaşamok welin, her döwrüñ bir modasynyñ bolýandygy, özem kitap okamagyñ hem ...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 11.06.2023

ÝAZYJY ÝALAN SÖZLESE...

Şeýle bir ýagdaýlar bolýar. Kimdir birine eliñden gelenini edýäñ. Baryñy-ýoguñy orta goýýañ. Ony goldamak üçin iñ gowy bähbitleriñden geçýäñ, salama sataşmajak adamlaryña ýüz tutýañ, kakmajak gapylaryñy kakýañ. Emma bolanok. Näme etseñem, näçe janyksañam bolanok. Hemme zat, tutuş dünýä seniñ garşyña ör-boýuna galýar. Deñziñ ortasyna gaýyp düşen saman sypal...
Täzelikler » Ýatlamalar - 09.06.2023

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Çarşenbe, 31.05.2023 ý.


Öñräk gymmatbahaly daşary ýurt awtoulaglaryna aşa janköýer bir işdeşimiñ telefonda ChatGPT-mi ýa şoña meñzeş başga bir ulgammy bilemok, garaz, gyzyklanýan ugruna degişli islendik sowalyna zenan sesli robot jogaplaýjydan jogap alyp durşuny biperwaýlyk b...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 31.05.2023

Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Şenbe, 27.05.2023 ý.


Islendik meselede üçünji tarap bolup baha kesmek, pelsepe ýüwürtmek aňsat. Emma özüňe gezek gelende welin, başgalara kesýän akylyň, ýüwürtýän pelsepäň aradan aýrylýar. Munuň şeýledigine kitaplardan birnäçe mysal getirse bolardy. Ýöne beýtmän, öz gören zat...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 27.05.2023


1 2 3 4 5 6 »