Результаты 1-20 из 206 по запросу Hemra ŞIR

TÄLEÝNAMA

Mañlaýym daş ýarmady, daş ýardy mañlaýymy,
Dünýä gelip görgüden gaýry gören zadym ýok!
Ýañy tutaşanymda, gaçyrdylar haýymy,
Tüsseledim, köredim, alawlaýan odum ýok!

Omrulmagym mümkindi, ýöne eglerli däldim,
Obalydym, sadadym, ýeser çeññege ildim.
Gönümellik bir aýbym, dilimden bela galdym,
Söýelgi merdiwanym, direg, goltgy - badym ýok!

Käte özüm ýykyldym, kä büdredip ýykdylar,
Kä köwşüm süpürdiler, ...
Täzelikler » Goşgular - 24.02.2023

РУЧЕЁК

Ты бежишь к нам
С дальних гор.
Ты бежишь к нам
С давних пор.
Отдохни у нас
Недолго,
Но такой мой
Уговор:

Побежим сначала в сад,
Поглядим на виноград.
А потом я на бахчу
Отвести тебя хочу.
Покажу тебе я дыни,
Ты таких ещё не видел.
Ты увидишь, как арбуз
Крутит свой зелёный ус.

Между грядок
Погуляешь,
Мой кораблик
Погоняешь,
Пок...
Täzelikler » Goşgular - 05.12.2022

GÜÝZ SÖÝGÜSI

Güýz.
Çigrekli howa.
Şäheriň çeti.
Gözýetimde gün gizlenjek-gizlenjek.
Sary saman örten baýryň üstünde
Otyrys biz, ikimize bir penjek.

Aýdyma hiňlenýäň gyz göwni hakda,
Ýakymly sesiň bar, men gulak asýan.
Sary saman örten baýryň üstünde
Otyrys biz, ikimize bir asman.

Mähribanlyk, bar zat gülala-güllük,
Bizden daşda ýowuz aýralyk-gaýgy.
Sary saman örten baýryň üstünde
O...
Täzelikler » Goşgular - 13.09.2022

GAZANYLMADYK ŞÖHRAT

1987-nji ýylda “Magaryf” neşirýatynda K.Taňrygulyýewiň “Saýlanan eserleri” türkmen dilinde neşir edildi. Kitabyň möçberi uly, ol 500 sahypadan geçýär. Her bir ýazyjynyň “Saýlanan eserleri” onuň onlarça kitabyndan alnan iň gowy eserlerinden ybarat bolýar. Diýmek, Kaýum Taňrygulyýewiň “Saýlanan eserleri” hem onuň naýbaşy eserleri bolmaly. Emma geň waka ýüze çykdy. Ýaş edebiýatçy Ýоwşаn Аnnаgurbаnоw ýazyjynyň “Saýlanan eserleri” hakda gazaply tankydy makala ýazdy. (...
Täzelikler » Edebi tankyt - 28.05.2022

SOÑKY SUD

Ynsabyndan düşüp aýry,
Hars urup çykanlar çenden,
Iki gary bizden gaýry
Näme alyp gitdi mundan?!

Deñlik,
ýatyrlar asuda,
Garyp hem Karun deý baýan.
Barça baryp soñky suda,
Kimdigi bolmaly aýan:

"Niçik adamdy bu bende?!"
Halkdan soralar üç merte.
Her kim jahandan gidende,
Soñky sud - hasabat erte!

Hemra ŞIROW.
Täzelikler » Goşgular - 28.04.2022

DÖREDIJILIGIŇ SYRLY DÜNÝÄSI

EDEBI AKYMLAR, ŽANRLAR, STILLER: AWANGARDIZM

Birinji bölümini okamak üçin şu ýere basyň!

II.

köp okamaga, köp bilmäge ymtylmalydygyny, edebi senede ikilik etmeli däldigini, özgelerden gyrp-çyrp etmekden daş durup, öz ýoluňy salmaga ymtylmalydygyny, eser ýazylyş kadalaryny gowy öwrenip, birkemsiz berjaý etm...

DÖREDIJILIGIŇ SYRLY DÜNÝÄSI

EDEBI AKYMLAR, ŽANRLAR, STILLER: AWANGARDIZM

Meşgullanýan hünäriňi gowy öwrenip meşgullanmak ata-baba ozaldan gelýän oňat edähetdir. Ýazyjylyk senedi hem özboluşly iş — intellektual başarnykdyr. Şonuň üçin-de bu hysyrdyly hünäre baş goşan bolsaň, onda oňa degişli edim-gylymlary, bu senediň syrly taraplaryny, öten halypalaryň tejribelerini, döredijilik dünýäsine mahsus çeperçilik serişdelerini, edebiýat äleminde özüňden ozal bitirilen i...

GOJA WE HEMINGUEÝ

Beýle sözbaşy sizde «Meşhur ýazyjy Hemingueý barada söz açjakdyr-ow» diýen pikiri döreden bolsa gerek. Hawa, siz ýalňyşmadyňyz. Hemingueý ýatlanyňa degýän ýazyjy. Onuň eserler i ni okanyňda kalbyňa merdemsilik, nuranalyk aralaşýan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Ol eserler adam diýen düşünjäniň örän belentdigini, ony mynasyp saklap başarmak üçin, ömrüň bütin dowamynda aladalanmalydygyny pugta tekrarlaýar.
Hemingueýiň öz durmuşynyň hem eserlerindäki gahryman...

TÜWELEÝ

Gaçsam,
Kowalaý,
Kowalaý,
Ýetdi yzymdan tüweleý.

Sepip maňa hapa gumy,
Alyp gitdi papagymy.

Eltäge-de otluk düze,
Örän gyňyr bir öküze,
Sowgat diýip beren eken,
Öküz geýip ýören eken.

Diýdim öküze: — Bagyşlaň,
Şu papak-papagy başgaň!

Öküz diýdi: — Baş üstüne,
Beýle bolsa, alyň ine!
Bu-meniňki diýip bilmen,
Iliň zadyn geýip bilmen!

BU GOH NÄME

Bu goh näme?!
Bu goh näme?!
Asmandaky garry mama,
Gübürdedip,
Gatap giden
Sanajyny kakýarmyka?!
Ýa bolmasa
Kimdir biri,
Köçämize iri-iri
Daş getirip dökýärmikä?!

Hijisem däl
Görsek weli,
Moped münüp
Barýar Weli...


PYŞDYL

Düşjek bolup belent ýerden,
Düňderildi
Pyşdyl birden.
Turup bilmän indi ine,
Ýatyr
Jyzzyk bolup Güne.

Geçip barýar bir begemot,
Pyşdyla haýry degenok:
"Ýykylypmy,
Özi galsyn!
Ýol ýörände
Ägä bolsun!"

Penjek geýip bir üýtgeşik,
Geçip barýar semiz pişik.
Geçip barýar synçgap dişin:
"Pyşdyl bilen
Ňeň nä işim!"

Tirkäp ekiz owlagyny,
Şa...


Aýazly gün
Çykanda daş,
Çykdy şarfsyz
Hem garabaş.

Bokurdagyn
Sowuklatdy,
Ençeme gün
Näsag ýatdy.

Ukol alyp,
Içip däri,
Kemsiz
Sagalaly bäri,

Daş çykanda
Çykýar žiraf,
Telpek geýip,
Şarfyn orap.

JIKJIKILER

Jikjikiler iş etdiler:
Iň ulusy odun çapdy.
Ortanjysy çörek ýapdy.
Jigileri işsiz ýatdy.

Jany ýanyp jigilerne,
Jikjikiler jik-jikleşdi.
Jigileri gulak goýman,
Jedelleşdi,
Heçjikleşdi,
Diýdi: "Entek iş ederden
Men ejizje!
Men kiçijik!
Bilip goýuň, araňyzda
Men jikjiki däl-de Jik-jik!
Odun çapjak bolup, birden
Aýagymy çapsam näder?!
Çörek ýapjak bolup, birde...

Iki dost — iki
Mekirje towşan,
Bir gezek açgöz
Möjege duşan.

Göni gaçsalar
Möjek ýetjekmiş,
Gara garnyna
Lak-luk atjakmyş.

Towşan towşana
Diýipdir: "Şepe,
Sen-ä saga gaç,
Men bolsa, çepe!"

Bilmändir möjek
Näme etjegin:
Haýsyn kowjagyn —
Haýsyn ýetjegin.

Iki dost — iki
Mekirje towşan,
Şeýdip, sag-aman
Öýlerne gowşan.

— A-how, boýy bir garyş,
Sakgaly iki garyş,
Etek alty, ýeň ýedi,
Alňasap, nirä baryş?!

— Sakgalymdan dynmaga,
Ýogsa maňa kyn bolýar.
Aýagyma çolaşyp,
Ýykýan ýeri kän bolýar.

Soňam, biler bolsaňyz,
Begenýän zadym meniň:
Sakgalymy syrdyrsam,
Gysgalar adym meniň.

Boýy bir garyş diýip,
Tutarsyňyz adymy.
Ýeteýin dellekhana,
Gowşatmanjyk badymy.

Her gün ençeme sapar
Açyp-ýapýarlar bizi.
Kä el bilen kaksalar,
Käte depýärler bizi.

Tanaýarys dessine
Kim ýaranjaň,
Kim gedem.
Bar gaharjaň çagalar,
Huşsuzlar bar birgiden.

…Bizi örän ýuwaşja
Açýar-ýapýar ýaranjaň.
Ol başarsa biziňem
Göwnümize ýaranjak.

Gaharjaňlar gelende
Batly açyp-ýapýarlar.
Şeýdip biziň elmydam
Içimizi ýakýarlar.

Ýapmagy undup gitmek...

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
Ýaba gidip suw açypsyň
Hem käşire, hem keleme!

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
Bogna bölüp hat ýazmagy
Öwrenipsiň Öwelege!

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
Sapaklary "bäşlik" bilşiň
Hoş ýarapdyr mugallyma!

Öweleme-döweleme,
Zor ekeniň, tüweleme!
"Men-men!" diýip, ýene birden
Eseläýme öwenime!

ÝÜREK BEJERÝÄN USSA

Işläp otyr günuzyn,
Dümtünip,
Assa-assa,
Agaç ussasy däl-de,
Köwüş ussasy däl-de,
Sagat ussasy däl-de,
ÝÜREK BEJERÝÄN USSA!

Dolduryp dur ýürekler
Ussaň kiçijik jaýyn:
Sagda — remont gerekler,
Solda duranlar — taýyn!

Tabşyrlanok bu ýere
Gurat ýürek,
Oň ýürek,
Ussaň elinden geçýär
Gara ýürek,
Doň ýürek…

Haýsynda näme dert bar,<...


ÝEŇMEK YLMY

Muhammet şa şonda ýörişden gelipdi. Ýörişiň şowly soňlananyna seretmezden, keýpi gaçykdy. Urşuň jygba-jyglykly pursatlarynyň birinde duşmanyň kiçeňräjik goşun bölümçesi şanyň söweşi ugrukdyrýan ýerine ýeňse tarapdan bilniksiz aralaşyp, başagaýlyk döredipdi. Şanyň goragynda durýanlary okgunly paýhynlap, onuň janyna howp salypdy. Adatça, özi söweşe girişmän, urşuň gidişi...
Täzelikler » Taryhy proza - 14.06.2020

ÝÖRIŞ DEPLERINIÑ ÝAÑY

"Men diri galan hem bolsam, söweşde senden üstün çykan hem bolsam, sen mekirlik bilen oglumdan aýra salyp, barybir, meniň ömrümi köýdürdiň".
Tumar şa. (Geradot. «Taryh»)


«Kuryş Babyly syndyrypdyr».
Baş serkerdäniň getiren bu soňky habary Tumaryň ynjalygyny gaçyrdy. Tumar indi onuň özün...
Täzelikler » Taryhy proza - 13.06.2020

...elime aldym, sagat ýedilerde de Hemra Şir şol eýmenç habar bilen meniň gapymy kakdy... Soň derňäp otursam, Akmyrat sagat bäşlere çenli gaýtmandyr.
Täzelikler » - 2018-12-28 01:30:36

Hemra ŞIR ▶ NEJMEDDINIÑ ÝYLDYZY (hekaýa) Sopular mantyk ylmyndan taýynlan mysallaryny halypa tabşyrdylar. Elinden ençeme atly ruhany hadymlar çykan halypa tabşyrylan işleri ...
Täzelikler » - 2019-03-11 06:29:02

HEMRA ŞIR.
Täzelikler » - 2020-07-23 13:34:22

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-08 23:37:26

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-07 13:17:14

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-07 10:29:48

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-06 22:14:06

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-07 14:18:48

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-06 17:48:27

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2020-02-06 19:49:49

Hemra ŞIR
Täzelikler » - 2018-07-19 04:22:36

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2018-12-23 21:37:40

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2019-01-02 00:21:17

Hemra ŞIR.
Täzelikler » - 2024-03-02 11:44:21

– diýip, Astan Hemra müňkürlik bilen seretdi. – Maňa ha seredibem oturma. Aýdan bolsam, yzynda mertlerçe durarynam. Aýalyndan gorkup ýören adam däl men!...goýýarlar. Ýöne «Ýolbars» diýip at goýlanyň towşança da ýok – diýip, Hemra ajy ýylgyrdy.
Täzelikler » - 2024-04-06 03:23:06

...Seýdiniň, Zeliliniň şygyrlar ýygyndylaryny, «Saýatly Hemra» dessanyny özbaşdak kitap edip çykardýar. 1929 njy ýyldan başlap onuň ady metbugat sahypalarynda seýrek duşýar....alym soň türkmen edebiýatyna bagyşlanan işlerinde Seýdiniň, Zeliliniň döredijiligi, «Saýatly Hemra» dessany, umuman, türkmen dessançylygy barada ...
Täzelikler » - 2024-04-05 16:14:18

...ýerde bagryny ýere oýkaýardy, ýaraly şir kimin nagra tartýardy. Atany gagşadan gazap, damarlaryny gyýym gyýym eden ýiti agyry şol nagra bilen onuň är ýüreginiň gatlaryna ...Ykbal meni bir takwa goja bilew duz emek edipdi. Imany hemra bolsun pahyryň.
Täzelikler » - 2020-02-05 09:49:48

"Atyp öwrenmedik arslan şir olmaz!" Diýlen elhenç pygla gulluk etmeli! Pähimlimi ýa däl, saña galmandyr Baha kesmek, "hudaý" çini ulular....guşsuñ ýowuz kapasa salman, Hem guş dälsiñ ýurda uçup aşara... Hemra ŞIROW.
Täzelikler » - 2020-02-13 11:50:54

Gaplaň gezer, şir gezer, Awçylaryň nil gezer. Adyň dünýä il gezer, Hossar bolan daglarym. Erem bagy Pirderäň, Kalbymda Kerkawderäň, Derdime derman teräň ...ol, Bir ajaýyp dessan ol. Lukmanydyr hassaň ol, Gördüm gaplaň, şir dere. Bihasapdyr lezzeti, Bihasapdyr hezzeti.
Täzelikler » - 2024-04-21 23:58:06

...halkyň arasynda aýdýan dessanlaryny: „Hüýrlukga Hemra“, „Nejep oglan“, „Şasenem Garyp“, „Ýusup Ahmedi“ sanapdyr. Bu dessanlaryň hemmesem adamkärçilik, söýgi, durmuşda ýeňiş gazanmagyň ýollary hakynda....ýagdaýy“ diýen uly bölümleri ýazdy. Ol „Kasym oglan (1976), „Saýatly – Hemra“ (1979) dessanlaryny çap etdiren alymdyr.
Täzelikler » - 2019-01-20 09:14:48


1 2 3 ... 10 11 »