Результаты 1-20 из 20 по запросу Hudaýberdi Söhbetow
GAR PELSEPESI
Agzyn açdyrmaga barýas ýollaryñ, Añk etmäge barýas gören-bileni. Ýetişdikden gapyp gar tozgalaryn, Sesimiziñ ýetdiginden güleli. Gar sürüsi ýere gonýar aldygna, Kalby gowzan asman ýeñil dem alýar. Ganat-persiz galan agaçlañ süññi Dura-bara ak ýalkyma boýalýar. Şatlyga döwran biz, gülkä - gonalga, Gar üstünde agynaýar duýgymyz. Pynhan pirimlerden müñ paý gowudyr, Alañ-açyk guduraýan söýgimiz. <... |
ÝAŞLYGYMYÑ GAÝMAGY
Dur gaýmagy bozulmadyk duýgular, Señ üçin. Ýatyr topy bozulmadyk owazlar, Çalynmadyk heñ üçin. Dur señ üçin, Buzlañ mermer bedenin, Güýzleñ çykarynşyny, Görmedik gözler. Namazlygyñ serhedinden çykmadyk, Mukaddes sözler. Rowa görüp bilmedim men olary, Öñýetene. Gysgandym polatlygmy altyn çaýylaryndan. Wagt maña rehim etdi, Terligme tiñkesin dikmän, <... |
ÖMÜR DEGIŞMESI
Ýok, bu ömür meñki däl, Kim getirip dakdy ony boýnuma?! Oña asyl-asyl göwnüm ýetenok, Bolşundan göwnüm bitenok, Çolaşyp ýör synyna. Ýersiz ýere öñýeteniñ öñünde, Düýrügýän, Ýygrylýan, Gowrulýan. Çepiksije bu ömre, Synlaga-da haýpym gelýär keseden. Telpegi bar keçeden, Göwni synyp kejigen, Ömürjik gybyrdap barýar öñümde. Geçýän onuñ peýdasyndan, haýryndan. Halas edi... |
OBA
Köwlenýär Jeýhunyñ ruhy Mahal-mahal bu ýerlere. Guwduraýar gidýär ýeller Ysyrganyp buýanlara. Aryklaryñ güzerinde Epesiñ gelýär dyzyñy. Hatarlardan öwsen ýeller Getirýär toýun ysyny. Buýsançly kükreýär suwlar, Buýsançly guşlaryñ sesem. Ýok başga bir üýtgeşiklik, Men şu ýerde diýäýmeseñ. Hudaýberdi SÖHBETOW. |
MÖWSÜM
Kirişi dartylan günler, Gallapdyr daş-töweregmi. Gozgandygym, gorjandygym, Gopýar duýgy tüweleýi. Kirişi dartylan günler Goýanok meni ugruma Günüñ güni. Kirişi dartylan günler, Oklaýar biri-birine Meni. Şatlygym soñky perdeden, Soñky perdeden hasratym. Ýarym söze porhan bolýan, Ýarym söze gyzýar çetim. Kirişi dartylan günleñ, Kirişi üzler-üzlerde. Dilimde yşk... |
SEŽDE
Ne beýle ir oýanypsyñ, eje jan, Üşän gyşyñ gagşap barýar eñegi. Dil bilen däl, köñül bilen pyşyrdap, Edýärsiñ Hudaýdan ýagşy dilegi. Üşäñokmy? Gijäñ gerşinde gyraw, Aýaz penjeläpdir gyş ümsümligin. Eginlerin sallar otyr baglarmyz, Agramyndan ýaña sowuk tümlügiñ. Bagtly ýaşamaga haklydyr juda, Seždeden soñ özün bagtly saýan. Köñül pyşyrdyñy men eşdip durun, Eşidýän dälmidir eýsem, Hu... |
ÝAGŞY NIÝET
Eñegini ýere berdi ýadaw Gün, Günbatardan agşam gelýär ädimläp. Gyrmyzy pursatyñ salkynlaç demi, Alyp barýar ýüregimi tüýdümläp. Gelibersin agşam, Men şonuñ şady, Men ýene owadan düýşler görerin. Gowy ýorgutlary bardyr ejemiñ, Ertir oña baryn aýdyp bererin. Hudaýberdi SÖHBETOW. |
GELJEGIÑ GAŞYNDA
Geljek! Sen nämüçin beýle syrly ýylgyrýañ?! Galpyldyda goýup, heýjana salyp. Ah, neçüýn ýylgyrýañ, neçüýn ýylgyrýañ, Ajaýyp syrlylyk mukamyn çalyp?! A men saña aşyk boldum görnetin, Pynhan yşaratlar kalbym gozgady. Sen näme diýmekçi bolýañ, gadyrdan, Häzirleýäñ maña niçik sowgady?! Bardyr sende silkinmesi ykbalyñ, Ýylgyrýandyr sende öýkelek bagtym. Ýyldyzlañ başyna oýun salýandy... |
WATAN AÝDYMY
Amyderýañ kenaryndan geldim men, Kükreýan ilinden däli suwlaryñ. Ýa men seni gark ederin yşkyma, Ýa yşkyñ külüni göge sowraryn. Derýanyñ bulançam silidir yşkym, Seni goýna salar gider, söwdügim. Düşünersiñ bagtdan ýaña demigip, Niçik söýüşine derýa ýigdiniñ. Aýakýalañ ýöräp göwnüm üstünden, Suw perisi bolup owsun atsañ-da Men seni söýerin, Ýöne derýamy, Seniñ bilen wasp ededi... |
AÝDYM
Gijäñ çygly ýañagyna baş goýdum, Hem ýatladym seniñ uzakdadygñy, Juda, juda, juda uzakdadygñy, El uzatsam, eliñ uzamajagny, Seslenenim bilen eşitmejegñi, Baş atanym bilen baş atmajagñy. Gulagymda bolsa ýañlanýar hälem Bilin ýazman geçen gündiziñ gowry. Sen bilýärmiñ, bu ýerlere dolandy, Zamçalaryñ dünýä ys berýän döwri. Men saña köp zady aýdasym gelýär, Diñleseñ, dymmasam dymar çakymda. Meniñ s... |
TOMUS AÝDYMY
Bezzat tomus bir oýun-a oýnapdyr, Haýran galarym ýaly. Gyzarýar, bozarýar, uýalýar bagda. Süýjüligniñ syryn açan şetdaly. Hem begençli, hem ýañsyly seredýär, Hemem dilujundan diýýär: "Garagol" Agaçlar maña. Süýji pursatlary siñren otlaryñ, Terlenşi mesaña. Bakamok parhyna agşam-ertiriñ, Ýüzümde ýylgyrýar ýaşyryn şatlyk, Haýran galyp otyryn, Bezzat tomus bir oýun-a oýn... |
GÖWÜN AÝDYMY
Göwün uklap bilenok. Ýadynda, oñ ýalkym saçyp geçen düýn, Ýadynda, saçlaryñ tolkun atyşy. Tutdurman gidişi sarç pursatlaryñ, Bägülleñ ýüzüni göge tutuşy. Ajaýyp göz bolup bakýar oña düýn, Onuñ şol gözlerde eräsi gelýär. Kadasyz dem alyş, her bir dem alyş, Şol tanyş atyryñ ysyn äkelýär, Göwün uklap bilenok. Düýn yza dönmäge edenok hyýal, Ummadan çykypdyr seýkin ädimler. Ertiriñ bar... |
SÖÝGI SIMFONIÝASY
Al-asmanda tomus otyr öwhüldäp, Gün sary möhrüni basýar çar ýana. Agzymyzda Günüñ gurak tagamy, Şepbeşýär... Ýa dilleşdikmi dymmaga? Kölegeler egnin gysyp ýygrylýar, Pursat eräp barýar, şabrap akýar der. Biz bolsa seredip birek-birege, Ýylgyrýarys... Tomus otyr öwhüldäp, it üýrenok lowhuldap, Baglar otyr göwşüldäp, batyp tozan-gertlere. Ädim urýas endigmize, gidip barý... |
ÝAŞLYK AÝDYMY
Elhepus! Şapagyñ gyzaraýşyny, Serhoş etjek, al meýinden datdygyñ. Dostlar, meni şol şapaga gark ediñ, Şol şapaga siñip gitdi ýaşlygym. Gerşi gabaran ýol irkilip ýatyr, Irkilip bilenok arzuw-hyýallar. Dostlar, meni şu ýol bilen ugradyñ, Ýaşlygymy alyp gitdi şu ýollar. Ak ýagyş jibrinýär, her damjasyndan, Gara gözli juwanlygym seretdi. Dostlar, goýuñ meni ýagyş astynda, ... |
PYŞYRDYLAR
I. Ukladyñ. Özüñ aýdardyñ. Uklamaly däldigin, Öýüñ eýwanynda. Oýanmadyñ näme üçin?! Görkezjekdim men saña, Aşyr atyp biljegim, Ykballar meýdanynda. Görkezjekdim men saña, Puldan gül ýasaýan tentekligimi. Görkezjekdim men saña, Müñ garga oklap boljak, Ýalñyz kesekligimi. Oýanmadyñ näme üçin? Ýa göresiñ gelmedimi? Saçlarymyñ agarşyny aldygna. Ýa ... |
TÜRKMEN AÝDYMY
Mende gylyç jarkyldysy ýaşaýar, At aýagnyñ dükürdisi bar mende. Düýşlerim çañjarýar bedew tozundan, Ýaşap ýör mende: Düzleriñ akyşy toýnak astyndan, Söweşleriñ gaýnaýşy, At demini bug edip. Ok bolup atylşy atlañ, Tozany-däri tüssesi. Ýöriş sazy-gamçy şarpyldylary. Ýagyrnysy alawlaýan çägelik. Ýaşap ýörün: Inderýärkäm müñ oýun, Kompýuteriñ başyndan. Gara çäkmen, silk... |
SÄHRA MÖJEGI HAKYNDA
Sähra möjegi! Aýan maña dertleriñ. Tilkileşip bileñok sen, Bilseñ-de, Alga alynmaýanyny mertligiñ. Harasat lowlaýar, Ysyrganýañ gör, nämä, Içinde çap-çal ýalnyñ. Bu sähralañ epgegi deý uwlaýar, Awuşaýar, juwlaýar, Sähraýy kalbyñ. Sähra möjegi! Eý, sen agzy ganly gurt. Iýseñ-de, iýmeseñ-de, Töhmetler hem şyltaklar, Tagmañ bolup galdy gurt. ... |
Hudaýberdi SÖHBETOW.
|
Hudaýberdi SÖHBETOW.
|
Hudaýberdi SÖHBETOW.
|