Результаты 1-20 из 26 по запросу Ilmet Gurban

PUL

Otyryn aýnaň öňünde,
Daşarda şemal şuwlaýar.
Harasat turýar köňülde,
A, jübimde it uwlaýar.

Puldan ýüregim agyrdy,
Çekýärin indem külpetin.
Myhmançylyga çagyrdy,
Şu gün agşam köne ülpedim.

Seretmezden çagyranna,
Bu gün onuňka gitmerin.
Oň emzikli çagalarna,
Öňkim deý sowgat etmerin.
...
Täzelikler » Goşgular - 23.06.2023

WATAN

Gyzyl ganym,
Şirin janym,
Göze siñen meýdanym.
Ýigitligmi,
Ýitigimi -
Señ goýnuñda idänim.

Adaglydyr
Ala daglar,
Asmanyñ-da meñ bilen.
Gyzlar çykar,
Läle kakar,
Bossanynda her bilen.

Yrsgal bolup,
Pele dolup,
Güýzler geler - agrasdyr,
Aýlanaýyn,
Ýaýlalarym,
Gyş-u-ýazy begresdir.

Seret, dogan,
Şapak dogar,
Göýä gyzyl keten...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

ÖÑÜSYRASY

Bar zat durup galdy,
Süýşenok wagtam,
Agşamara galyp ýatan seýlim ýok,
Ýa-da hiç zat,
                        hatda
Düşenok bagtam,
Hiç ýerden hiç ýere
Gitme meýlim ýok.

Birje gara nokat -
Ähli görýänim,
Hasabyn ýitirdim
Günüñ, hepdäniñ.
Gygyrýanyn
Ýa göwünlik berýänin
Bilmesem-de,
Islämok oñ geplänin.

...

Täzelikler » Goşgular - 05.07.2021

GEÇI

Owlagyn möjege aldyran geçi
Tap getirip bilmän ýowuz täleýe;
Ak süýdüni ýaşyl düzlere seçip,
Gözledi perzendin eñräp, mäleýe.

Boýny jañly series başyn çekjegi
Gitdi, ýeke gezek daga ýaýraman.
Gaýgy-hasrat demir naldan ökjeli
Şahyna dag basdy,
Köñlüne arman.

Beýle hasrat kän bolupdy ozalam,
Çopan, süri üçin ilkinji däldi.
Ilkinji gam bolup gök, ot bozagan,
Bu gün janaweriñ ýadynda gal...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2021

GIDERIN... GIDEÝIN... GITDIM... GITMESENE... GITMERIN... GIT...

Giderin men mundan indi eglenmen,
Unutmagyn ýatlamalaň ýardygyn.
Ak säherde seni söýen oglan men,
Kim bilýär täleýde nämäň bardygyn.

Goýunlar mäleýär köne saraýda,
Erte men olary sürmerin örä.
Bolmaz maňa şepagat-da, haraý-da,
Gitmek maňa hyjuw berýärkä örän.

Belki, meň täleýim bolmaz göwnejaý,
Bulutlaň kerweni alysa göçýär.
Messan basyp b...
Täzelikler » Goşgular - 22.05.2021

SARSMAZ SELJUKLAR

Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar,
Al-asmanda pasyrdaýar Tuglary.
Oýnaýar eýerleñ göwher gaşynda,
Ýañy dogup gelýän,
Günüñ tyglary.

Gökden ýere uzan nurly şöhläni,
Ýüzlerind sylyp barýar seljuklar.
Gün han atasynyñ ruhuna sary,
Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar.

Bürgüt nazarlaryn alysa san...
Täzelikler » Poemalar - 15.02.2021

HÖWESJEÑ TALYP ÝA-DA ÇINGIZ AÝTMATOW BILEN DUŞUŞYK

Bolupmy-bolmanmy bilemok aýan,
Ýöne eşdişim deý eýläýin beýan.

Söýenmiş bir talyp jedeli gaty,
Ýatlanylsa dünýä edebiýaty.

Puşkiniň Muhammet pygamber hakda,
Iň ajap goşgusy ýaşyryn çakda.

Gürrüň tapyp gizlin syry paş eýlän,
Küde garaýyşy çalam-çaş eýlän.

Nirde täsirlendi haýýamdan london,
Bilesi gelenler sorarmyş ondan.

Mahal-mahal mugallymam diň salan,
Onuň j...

Täzelikler » Goşgular - 18.06.2020

GÖROGLY EPOSYNA PROLOG

Möjege owlagyn aldyran geçi
Tap getirip bilmän ýowuz täleýe,
Ak süýdüni ýaşyl düzlere seçip,
Gözledi perzendin eňräp mäleýe.

Boýny jaňly süriň başyn çekjegi
Gitdi ýeke gezek daga ýaýraman.
Gaýgy-hasrat demir naldan ökjeli,
Şahyna dag basdy, köňlüne arman.

Beýle hasrat kän bolupdyr ozalam,
Çopan süri üçin ilkinji däldi….
Ilkinji gam bolup gök ot, bozagan
Bu gün janaweriň ýa...
Täzelikler » Goşgular - 31.10.2019

JÜNEÝIT HANYÑ IÇGEPLETMESI

Eý, Biribar, huzuryňda arzym bar,
Nämede meň geçilmesiz ýazygym.
Küpür gürlemäýin çäksiz parzym bar,
Däl-ä ýogsam gara gaýgym azygym.

Ýa bähbit arasam, goşsunlar kündä,
Aýtsynlar aýbymy, assynlar dardan.
Ýöne artyk munça jebriň bir bendä,
Ölüp bilmän ýörkäm öň köýen ardan.

Undup bilsem, gazawadyň nalasyn,
Janym ýakyp, beýle ömür sürmezdim.
Ýa bolmasam mert ýomudyň balasy, ...
Täzelikler » Goşgular - 23.10.2019

UMYT

Garaýyş ters,
Söýgi biwepa çyksa,
Kyýamat gopanok, bil,
Natuwan-a!
Ynam-yrga,
Dostam duşmanyň bolsa,
Arzuw-Höwes-baky ekiz juwana,
Şilliň şübhäň salgymynda azaşyp,
Ne gözel bu durmuş görünende geň,
Köňül içre hesret gurçuklaryny,
Umyda gol berip sabyr bilen ýeň!

Çünki inçe umyt berlendir hemmä,
Deň berlen bar zadyň söhbetinden öň.
Umydy bar hassaň sagalmagyna,
Bendiň boşamaga...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

8-NJI MART GUTLAG GOŞGUSY

Besdir, sowuk gyşyň tanapyny dart, 
Boşat köňlüň jülgesidir, deresin. 
Eýýäm bosagada sekizinji mart, 
Ýürekdäki doňaklyklar eresin. 

Oýunçy men utulaýyn, utaýyn, 
Öçüreýin ýadymdaky yzlary. 
Gowsy gözel baýram bilen gutlaýyn, 
Juwan gözelleri, eziz gyzlary. 

Gyzlar, gyzlar, gözel gyzlar, 
Owadan mähriban uzlar. 
Kalbyňyzda galmawersin, ...

Täzelikler » Goşgular - 08.03.2019

ATLAR ÇAPYP BARÝAR

Atlar çapyp barýar, toýnaklar gyzyp,
dünýäň gursagyna darak kakýardy.
Daş ýaran ykbala ynamy syzyp,
Uçup barýan bedewlere hak ýardy.

Aýlawa bezegdir olaň topbagy,
Baryna deň pata berdi oguzlar.
Nallar daşa öwrüp, zyňýar topragy,
Şemallary ýaryp geçýär omuzlar.

Türkmen topragynda toýlanyp baýram,...
Täzelikler » Goşgular - 30.11.2018

IGDE 

Gümmürdeşip gelen çagba getirdi,
Igde gülleriniň enaýy ysyn.
Men ony duýmandym öň ýüz görübem,
Akja güller neneň ajap hem täsin.

Öň eşderdik igde hakda jyn sözün,
Şonda ony salaýmasak biz ýada.
Ýa bişende iýäýmesek miwesin,
Başga wagty gerek däldi hiç zada.

Sap-saryja güller düzüm-de-düzüm,
Çal ýapraklar seni oýa batyrýar.
Igde artykmaç däl ýeriň ýüzünde,
Olaram ornunda bir zat getirýär.

▶ KIM AÝD...

Täzelikler » Goşgular - 29.11.2018

SÖÝGINIÑ DARTYŞ GÜÝJI

Seni gözlemedik ýerim galmady,
Maşrykdan agtaryp, magrypdan çykdym. 
Hyýalymda elwan yaglyk galgady,
Käkilli gözeliň göwnini ýykdym.

Çagalykdan maňa höwrügen gyzyň,
Owadan ýüregniň yhlasy bardy.
Oň ýanyndan terse öwürlen yzym,
Sergezdan durmuşa alyp barýardy.

At çapdyryp geçdim içinden düzleň,
Köse deýin köweklendim, köwlendim.
Soňam agraslanyp, sen hakda düzlen,
Dessanlary bölek-bölek öwr...

Täzelikler » Goşgular - 27.11.2018

IBERILMEDIK HAT

Näçe ýyllap men aýgyda gelmedim,
Wagt bejerer öýdüp ýürek awusyn.
Ahyry şu haty ýazman bilmedim,
Täleýimden uçup giden tawusym.

Barybir, adybir görküň unutman,
Şol günem ýadymda galdy düýş ýaly.
Hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň,
Geçmesi kyn, pursat deýin süýşýäni.

Buýsanjaňdyň, üstesine gedemdiň,
Menem heniz aw görmedik ýeke-nil.
Şol pursat aýgytly pikir edemde,
Bagtymy bagryma basjak ekenim.

...

Täzelikler » Goşgular - 27.11.2018

SOŇLANMADYK GOŞGY 

Tükeniksiz ýollar-
Işilen ýüpdir,
Başy çaşan bolsa, gerek egrende.
Arkamda goş halta, bir agyr yükdir,
Yza bakýan çilim çekip egremde.

Meýdanda orulan ýorunjaň, hemem,
Bedene biçäräň nalasy gelýär.
Bu ýerde enäniň çig süýdin emen,
Adamyň ýüz ýyllap galasy gelýär.

Söýýäs,
Kä daşlaşyp,
Kä gelip golaý,
Hiç tapmazdan söýmezligiň tärini.
Ýöne çyndan diňe, akylly heleý,
Söýýändir ...

Täzelikler » Goşgular - 26.11.2018

DÖWRÜMIZE DIŇ SALYŇ! 

Säher turup,
Böwrüňize diň salyň,
Pyşyrdap güneşe beriň salamy.
Sähel durup,
Döwrümize diň salyň,
Salyň soňam göwnüňize salany.

Halal işler ýagşylyga öwürer,
Elwan güller bilen bezäp ykbaly.
Paýhasly oýnalyň,
Beýik döwüre
Ömrüňiz goşulyp-garylar ýaly.

Mahal-mahal döwrümize diň salyň,
Gulagyňyza baky mukam eşidiler.
Bir pursatlyk oýa batyp, dem salym,
Ýatlaň,
Sütün-s...

Täzelikler » Goşgular - 26.11.2018

TÜRKMEN RUHUNYÑ ÖWÜŞGINI

▶ ÖKÜZ

I

Salam, Öküz,
Şöhrat-şanyñ,
Ýakynymda-daşymdadyr.
Saña tagzym -
Oguz hanyñ,
Beýik kowmy-hyşdyndadyr.

Hereketiñ güýji-täri,
Bereketiñ sebäpkäri.
Gudratyñ döräliñ bäri,
Gara dag deý döşüñdedir.

Menzillerde medet, merdem,
Sypatyñ togabym her dem.
Hasyl alyp ene ýerden,
Halal zähmet başyñdadyr.

Saçagymda rysgalymyñ...
Täzelikler » Poemalar - 04.09.2018

SÖÝGI HATYNDAN SOÑKY OÝLANMA

Gözel gyzyň ýazan söýgi hatyndan,
Durlap bilmän ýaňy bozlan nepesim.
Belent jaýlaň iň ýokarky gatyndan,
Synlap durun agaçlaryň depesin.

Ýaprak neçüýn terk edipdir şahasyn,
Bu sowalyň jogaby bar ýönekeý.
Bilip-bilmän ömre düşýän bahasyn,
Söýgiň üçin gurban bolma, Ýöne köý!

Kepderileň s...
Täzelikler » Goşgular - 15.08.2018

NURJEMALA IBERILMEDIK HAT

Näçe ýyllap, men aýgyda gelmedim,
Wagt bejerer öýdüp.
Ýürek awusyn.
Ahyry şu haty
Ýazman bilmedim,
Täleýimden uçup giden tawusym.

Öňe men adybir görküň unutman,
Şo günem ýadymda galdy düýş ýaly.
Hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň,
Geçmesi kyn pursat deýin süýşýäni.

Buýsanjaňdyň,
Üstesine gedemdiň,
Menem heniz aw görmedik ýekenil.
Şo pursat aýgytly pikir edemd...
Täzelikler » Goşgular - 15.08.2018

...ömre düşýän bahasyn, Söýgiň üçin gurban bolma, Ýöne köý! Kepderileň sürüsi dek pikirlem, Gonara ýer tapman uçýarlar gökde. Oglan yhlasym bar juda ýekirlen, Onsoň nirden ...şalykdyr. Balygyň gylçygna dönen kineler, Bokurdakda tegek bolup galypdyr. Ilmet Gurban.
Täzelikler » - 2024-04-07 15:03:02

Ilmet GURBAN.
Täzelikler » - 2019-03-30 17:22:08

Ilmet GURBAN.
Täzelikler » - 2019-03-08 09:04:55

Ilmet GURBAN.
Täzelikler » - 2020-06-18 10:00:25

Ilmet Gurban tilin bendi eýlärdi, Agyz ýapyk zyndan bolsa durşuna. ▶ ERJELLIK Eýeriň üstünde oturmak nire, Aýaklary ýetmese de pedala.
Täzelikler » - 2018-11-29 11:38:36


1 2 »