Результаты 1-20 из 31 по запросу Italmaz Akmyradow

DOST, SENI GÖRMÄGE GELDIM

Ilki aýtjak sözüm: salam!
Dost, seni görmäge geldim.
Bardyr saňa saljak salam,
Dost, seni görmäge geldim.

Duşanlam adam kowmudy,
Hiç kim ýanyndan kowmady,
Barybir ýürek howlady,
Dost, seni görmäge geldim.

Sözleşeli tapyp tährin,
Meniň arzuw a:tly şährim,
Gelmesem goýmady mähriň,
Dost, seni görmäge geldim.

Dost sözi melhem ekeni,
Öňüräk gelsem ekeni, ...
Täzelikler » Goşgular - 22.11.2023

HALKYM

Täleýiñ ters gelip nije asyrlar,
Saldy köñülleri lerzana, halkym.
Indi ýaşyl tuguñ baky pasyrdar,
Meniñ azat halkym, erkana halkym.

Jomart sen myhmana geleñde lezzet,
Atañdanam artyk edýärsiñ hezzet,
Diñe gowy zatdan alýarsyñ lezzet,
Imana ýakynsyñ, türkana halkym.

Beýik añryñ bardyr baksañ yzyña,
Halal lebziñ geçýär ogul-gyzyña,
Mertlik-artyk agram salmak özüñe,
Şondan diliñ uzyn, merdan...
Täzelikler » Goşgular - 21.07.2022

ÜÇLEMELER

Karamlyga ýol ýok, dogan, bu kärde,
Çyra bolsañ, senem goýar adamlar,
Iñ bolmanda özlerinden ýokarda.

* * *

Tebigat, sen juda yzda:
Akylly gyzda görmek ýok -
Akyl ýok görmekli gyzda.

* * *

Haýal ýazýan galam tapmaly biz hem.
Gadymkylar ýelek bilen ýazansoñ,
Oýlanmaga wagty bolandyr, belkem.

* * *

Iş edende et hepbeli:
Pyşbaga jaýa mätäç däl.
...
Täzelikler » Goşgular - 24.01.2022

EÝ, KELLE!

Diýýärsiñ öz ýanyndan "Ähli syna başdyryn".
Jöwen başy dek bükür başlanaýşyñ, eý, kelle!
Eden bar günäleriñ boýnunadyr ýaşlygyñ,
Kyrk ýaşap, elli ýaşap, ýaş bolaýşyñ, eý, kelle!

Dili berdiñ gybata, garny berdiñ meýhana,
Puly berdiñ gymmata, dini berdiñ diwana,
Eli - erbet hyzmata, göwni berdiñ şeýtana,
Diñe bir özüñ ak guş, kaş bolaýşyñ, eý, kelle!

Özüñçe görüp bildiñ ne ýakyny, ýady sen,
Ýüki ýeti...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

NÄDEMDE NÄME?

"Gijä galan goşgular" zynjyryndan

“Adyňy tutmaryn” diýen däldirin,
Ýazyk barmy seniň adyňda näme?
Men seni oýundan söýen däldirin,
Dälmi boýdan-başa ýadyňda näme?

Men aşykdym, bolupdy meň boljagym,
Duşuşyga söz beripdiň sen şo gün.
Diýdiň:”Çykdym, bilen ýaly geljegiň!”
Göwün-garyn barmy adamda näme?

Sorag berdiň: “Meniň nämämi söýdüň?”
...
Täzelikler » Goşgular - 14.02.2021

EJEGYZ

Göçüp gelipdiňiz obamyza siz,
Biz size hiç haçan saýry diýmändik.
Ýaşapdyk hakyky goňşy bolup biz,
Gazan-tabagymyz aýry diýmändik.
Sen «jijim» diýerdiň maňa, Ejegyz,
Men «bajym» diýerdim saňa, Ejegyz.
Oturyp daşarda ýaz agşamlary
Ýa belent howaly güýz agşamlary,
Erteki, matallar aýdyşardyk biz,
Wagt çene baranda gaýdyşardyk biz.
Ýüreklerimiz gunça ýaly duýgurdy,
Gahrymanlaň suratyny çekerd...

Täzelikler » Goşgular - 05.08.2020

GÖMLEN GURRUK / rowaýat-poema

Bir gije nikasy gyýylan naçar,
Guşak çözüp durka bir nagra çekdi.
Diýeninde ’’Gara bagtym günäkär"
Agzyndan çabyrap ot ýalyn çykdy.

Munyñ sebäbini soranda ýigit,
Gyz möññürdi gam-gussanyñ badyndan.
Ýigit hakykata kaýyl men diýdi,
Kasam etdi duz çöregiñ adyndan.

Gyz gür berdi ýürekdäki hesretin:
Meniñ ýüregimde ýanýan bir dag bar.
Söýgi diýen zatdan siz heder ediñ,...

Täzelikler » Poemalar - 23.04.2019

ÖZÜM HAKDAKY HAMHYÝALLARDAN

Men pany dünýäden gaýdamda, dogan,
“Bir uçgun armanly köýdi” diýerler.
“Ol pir bolmasa-da bir ýalky dogan,
Hakykat donuny geýdi” diýerler.

“Tebigata sylag-hormaty artyp,
Almanam iýende, iýmezdi artyp,
Hiç wagt hiç kim oňa diýmedi artyp,
Olam ile hormat goýdy” diýerler.

“Ata-babalaryň yzyn çalardy,
Wagtyndan öň saç-sakgaly çalardy,
Gara gazman özüçeräk ç...

Täzelikler » Goşgular - 31.03.2019

AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA!

Saňa ot salan aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!
Aglasa, galam aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!

Halys irdim puşmandan-a,
Rehim bolmaz duşmandan-a,
Köp arzuwlar paşmanda nä,
Aglama, ýürek, aglama!

Tutdy meni berke dagym,
Bir sen ahyr arkadagym,
Aglanyňdan, darka ýaryl,
Aglama, ýürek, aglama!

Çaltam urma, urma haýal,
Gaýta giňe, gaýta goýal,
Şir pisint...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

BAKMA

Çyn aşyklar ah çekmäge ýaramaz,
«Aşyk men» diýeniň ahyna bakma.
Dünýäde ýürege höküm ýöremez,
Özgeleriň ýürek şasyna bakma.

Demir bolsaň, magnit bolup çekýän bar,
Jenneti näm etjek—seniň sähraň bar!
Gojalsaňam söýüp ýören Zöhräň bar,
Şonuň göwnün ýykyp, Mahyma bakma.

Bir gataltsa gopar ýigit hamyny,
Başgalardan belent galdyr tamyny.
Şagaly gör, uwlap iýer şamyny,
Awy alakadyr, gohuna bakma...
Täzelikler » Goşgular - 06.01.2019

SENIÑ ÝALAN SÖZLÄNIÑI GÖRDÜM MEN...

Iliň teýenesi artyk derdimden,
Gybatym etmedik dil bir barmyka?
Seniñ ýalan sözläniñi gördüm men,
Şu dünýäde dogruçyl bir barmyka?

Puşman tygy biziñ bagrymyz dilýän
Şu günki işime ertesi gülýän.
Kä bilip edýäris, käte-de bilmän,
Bir gara ýokmadyk el bir barmyka?

Atamyz Adamdyr bizi ýaýradan,
Ajy aýralykdyr süýji saýradan.
Bir ilerden öwser, biram gaýradan,
Bir...
Täzelikler » Goşgular - 21.10.2018

“Bir kemim bar” diýip, gyýylma, jigim,
Asly adamzadyň kemi bolmaly.
Dert berýändir sadagasy gitdigim,
Her beren derdiniň emi bolmaly.

Gam-gussa egsiler, adam aýdyşsa,
Ýürekler ýukalar, ýaşlar gaýdyşsa,
Ýegre dostlaň arasyna tow düşse,
Ol — şeýtanyň guran jeňi bolmaly.

It ogurlyk edip, gurdy ýallasa,
Çäresin görmäge tur-da, alňasa,
Ol adyllyk däldir, adam dallasa,
Adalat — oklaw deý göni bolmaly.
...
Täzelikler » Goşgular - 25.08.2018

Getirip gitdiler size üç günden
Bir ýaglyk gant bilen bir halta uny.
Ýok, ol aklygam däl, süýjüligem däl,
Läläm, ol namyrat Söýginiň huny.

Ýüregim lowurdap gaýtdy asmandan,
Gelnaljylar bir ýyldyzdyr öýtdüler.
Ýyldyz ýere ýetmän söndi armanly,
Seň şanyňa şol ýyldyzy atdylar.

Sen aňdyňmy bolan alamatlary:
Ýol sizi islemän, şeýle çaýkandy.
Atgulakdyr öýtme al matalary,
Olar meniň ýüregimden gyýkyndy.
<...
Täzelikler » Goşgular - 18.07.2018

SÖÝGINIÑ GÖZLENIŞI

Kän görsem-de gözel-gözel adamy,
Belki görmedim men daşdanam boýuň.
Bilmesek-de kimdigiňi, adyňy,
Eýýäm bezäp goýduk ýaşajak öýüň.
Dostumyň salgyndan seni gözleýän,
Alysdan, alnymdan seni gözleýän.

Bu gözel dünýäniň gözel ýerinde,
Bilýärin, gezýärsiň sen meni gözläp.
Biriniň bakyşy syrly göründe,
Gozgalaň tapýansyň gyzlardan gizläp,
Menem ilden gizläp saňa garaşýan,
Menem gözläp-göz...
Täzelikler » Goşgular - 12.07.2018

GARA GÖZLIM MENI ÝATLAGYN ŞONDA

Aýralykda çekdim nala baryny,
Paş edip biljek däl ile baryny.
Gaýta-gaýta synlap lälezaryny,
Gün yzyna garap-garap ýaşanda,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.

Güýz gelende otly tomsy boýun edip,
Miwelerden bal akdyrar gaýnadyp.
Hoşwagt şemal bildiginden oýun edip,
Saçlaryňy dolap-dolap gatlanda,
Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda.

Durna göçse buz gamçyly gyş geler,
B...
Täzelikler » Goşgular - 12.07.2018

ÖTEN AGŞAM SEN NÄMÜÇIN AGLADYÑ?!

Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň.

Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin,
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni.

Olar size girip çykýandyr belki,
Seň girip çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saç...
Täzelikler » Goşgular - 06.07.2018

AÝDYM HAKYNDA AÝDYM

Ene hüwdüsinde diňläp çagakam,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.
Mukaddes duýgyňy aňlap çagakam,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Atalarymyz sypynsalar kärinden,
Gidip diňläpdirler menzil ýarymdan.
Gözelleri bend edipsiň tärimden,
Aýdym, gözel aýdym, men seni söýdüm.

Aýdym sen jogap ber ...
Täzelikler » Goşgular - 06.07.2018

ENEM IKIMIZ

Minaraň oýunda bardy bir ak tam,
Gidenbir hatardyk enem ikimiz.
Gumalak jübt çyksa, geljekdi atam,
Paljagaz atardyk enem ikimiz.

Palyň yzyn arzuw bilen ýetirip,
Faşistleri dowzah sary ataryp,
Jeňde galan atam jany getirip,
Bal güne batardyk enem ikimiz.

Daň atandan ýyldyz çykýança işläp,
Ot-çöpden ýüklenip gelerdik giçläp,
Guş gördüm çagasyn agzyna dişlän,
Ondan has beterdik enem iki...
Täzelikler » Goşgular - 30.06.2018

Italmaz AKMYRADOW.
Täzelikler » - 2019-03-30 17:44:01

Italmaz Akmyradow.
Täzelikler » - 2018-07-18 16:31:04

Italmaz Akmyradow.
Täzelikler » - 2023-07-22 21:07:38

Italmaz AKMYRADOW
Täzelikler » - 2022-07-21 12:19:32

Italmaz Akmyradow.
Täzelikler » - 2023-07-22 21:08:47

Italmaz Akmyradow.
Täzelikler » - 2024-04-05 16:28:14

Italmaz Akmyradow.
Täzelikler » - 2018-08-25 18:55:19

Italmaz Akmyradow.
Täzelikler » - 2023-07-22 21:09:21

Italmaz AKMYRADOW.
Täzelikler » - 2019-07-26 08:05:15

Italmaz AKMYRADOW.
Täzelikler » - 2019-03-31 00:02:01

Italmaz AKMYRADOW.
Täzelikler » - 2020-08-05 14:35:00

...şygrynyň waspy gutarmaz, Şahyr dostum Akmyradow Italmaz. Täsin goşgularny, üçlemelerni Kime okap berseň, ýüzüň utanmaz. Talyp ýyllarda hem Tirkeş Sadykdyň, Hem goşga, hem gözellere aşykdyň.
Täzelikler » - 2019-12-15 06:43:50

Italmaz AKMYRADOW.
Täzelikler » - 2019-05-16 20:05:54


1 2 »