Результаты 1-20 из 174 по запросу Italmaz Nuryýew

PALESTINALY ŞAHYR MUIN BSISUWYÑ ÝADYGÄRLIGINE

Hemmeler bir Enäň – Watan perzendi,
Eneler balasyn tutmaýar ala.
Baryna deň garýar
Deň görýär baryn,
Baryn birden bagra basýar hamala.

Herhal şahyr ogly gelende dünýä,
Ýygyp goýmasa-da ter gül dessesin,
Giden wagty üýtgeşik oň örtenşi...
Aýdar-diýer, ýaly däl oň gussasyn......
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2023

NAZYM HIKMETE

Säher bilen ýene göwün galkyndy,
Ýene "bolsadylar" çekdi elimden.
Bu belent daglaryñ saýasyna men
Ýöräp geldim şol beletje ýolumdan.

Synlap dagyñ suratyny, durkuny,
Ýylgyrdym, şatlandym misli bir çaga.
Synlap dagyñ baýlygyny, görküni,
Onlap "bolsadynam" uçurdym göge.

"Bir zad-a bolmaly, näme bolsamk...
Täzelikler » Goşgular - 03.06.2023

GABRIELA MISTRALI ÝATLAP...

«Bu gün ähli eneleriň ýas günüdir...»
Gabriela Mistralyň jaýlanan güni aýdylan söz

Eý, sen beýik Ene,
Ajaýyp şahyr,
Aýt sen, nädip dünýä inýär beýikler?
Kim ynanar «Ölüm sonetlerine»,
Diýseler: «Çat açan göwni seýiklär?!»

Olaň ýürekleri seýikläni çyn,
Oňa bada göz ýetirip...
Täzelikler » Goşgular - 10.01.2023

ARZUWLARYMY GÖZLEÝÄRIN

Oýun tamam boldy, ýapyldy perde,
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.
Gulak sal, eşdilýän galmagallar-da
Täze ýigdiň bilen gutlaýar seni.
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.

Oýanpdy duýdansyz göwün tarymy,
Nazaryma kaklyşanda nazaryň,
Öňki gaýyp ýören arzuwlarymy,
Çogdamlap, çemen dek bogupdym baryn.
Nazaryma kaklyşanda nazaryň.

Getirdim... Säginmän aldyň sen ony,
Käte oňa, käte ...
Täzelikler » Goşgular - 23.07.2022

ITALMAZ NURYÝEW (1938-1985)

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, ussat şahyr Italmaz Nuryýew 1938-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda eneden dogulýar. Ol orta mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Obada işleýär. Soňra 1964-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny üstünlikli tamamlaýar.
Şahyr goşgy düzmek...

ÝAP-ÝAÑYDY...

Ýap-ýañydy mahmal howañdan sorup,
"Salam, Baky, salam!" diýip duranym.
Ýap-ýañydy köçelerñe ser salyp,
Meñ ilkinji gezek gadam uranym.
"Salam, Baku, salam!" diýip duranym.

Eýýäm myhmanlygym çykypdyr ýatdan,
Seniñ bilen kemsiz öwrenşipdirin.
Ýakynlyk syzýaryn her duşan zatdan,
Öñden tanyş ýaly her baran ýerim,
Seniñ bilen kemsiz öwrenşipdirin.

Bu gün señ göwsüñde toýdur-şagalañ,
Şah...
Täzelikler » Goşgular - 14.05.2022

BAKUWDA ŞEÝLE BIR ÝADYGÄRLIK KÄN

Bakuwda şeýle bir ýadygärlik kän,
Ýadygärlik kän.
Ýa Baku heýkeller mekanymykan?
Sagyña ýöreseñ, ýadygärlik bar,
Soluña ýöreseñ, ýadygärlik bar,
Garaz, nirä gitseñ bir ýadygärlik
Señ geljek ýoluña bakýar hyrydar.

Mermerden ýasalan ýadygärlikleñ
Hersi bir döwürden galan ýadygär
Ýöne olañ hut şu günki nesile
Hem geljekki nesile
Aýdylmaly sargydy bar, pendi bar.
...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2022

BAGTYŇ SURATY

20-nji fewral: Şu gün şahyr Italmaz Nuryýewiñ doglan güni.

Bu dert maňa çagalykdan ýolukdy...
Bolsa meniň sähelçejik boş wagtym,
Ähli aladadan özümi gizläp,
Suratyn çekmäge başlardym Bagtyň.

Ilki-ilkiler ejem janyň pul düşse,
Maňa alyp berjek bir bölek gandy
Hem orakdan soňra bişirje...
Täzelikler » Goşgular - 20.02.2022

TÄJI KERTIKLER

Zaryñ...
Zaryñ... Zaryñ...
Täji Kertikler
"Dil bitirdi" ýene ýekedabana:
"Dañ atdy, adamlar, turuñ,
Sylyñ ýüzüñize Gün dogýar, ana".
Zaryñ... Zaryñ... Zaryñ...
Posly demire
Jañ berlip, ýüzüne çekilýän nagşy,
Ukudan oýanyp her gün ir bile,
Gözi gidip, synlar gadym Mülkbagşy.

Zaryñ...
Zaryñ... Zaryñ...
Täji Kertikleñ
Emrinden çözümler onlarça düwün,
Bir goja di...
Täzelikler » Goşgular - 24.11.2021

PENT

Iki gezek gelinmeýär bu dünýä,
Iki gezek gelmek derkar däl, derkar.
Bir gezegem ýeterlikdir, başarsaň,
Maksatlarňy etmek üçin berkarar.
Iki gezek gelmek derkar däl, derkar.

Geçen günleriňi ýatlap oturma,
Aladaň köpdügin nygtap ýörme sen.
Hol köçeden aglap barýar bir zenan,
«Tiz kömege» öwrül, beýdip durma sen.
Aladaň köpdügin nygtap ýörme sen.

Çöküp barýar kem-kem ullakan köpri,
Bar-da, bi...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2021

HOŞLAŞYK

Ýaşlyk bilen hoşlaşara çen boldy,
Arman, oň üçinem boş wagt gerek.
Seret, öňde gol bulap dur menziller,
«Tizräk ýet» diýip, owsunýar ýürek.

Ýolumda keserip ýatan daşlary
Golumdaky kerkim kül-owram edýär.
Oň sesinden gorkup, elheder alan
Gojalyk gizlenýär,
Syr bermän gidýär.

«Hoş gal, ýaşlyk, hoş gal, irdim men senden»
Diýip, ondan ara açjak boldum men.
Soňra öz sözüme geň galdym özüm: ...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2021

ÇOPAN

Şahyr ýigit, halys etdiň sen meni,
Aýyt, näme hakda gürrüň bereýin?
Bu gözel sährany, açyk asmany
Senem görýäň,
Menem görýän...
Ýeri, näme hakda gürrüň bereýin?

Baýlaryň malynam bakyp gezipdim,
Depe – ýassygymdy, otlar – düşegim.
Sütem, zulumlary çekip gezipdim,
Maňa hemdem bordy ýalňyz eşegim.

Baýlar hetden aşdy,
Ýüregim çişdi.
Ýok, diňe meniň däl,
Bütin ýoksuzlaryň ýüregi ...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2021

GÜÝZÜM SEN

Köşeşdirip lowlap duran dünýämi,
Dumly-duşa salkyn paýlan güýzüm sen.
Gözüm doýmaz, gözlän ýerim gül ýaly,
Tämizläp, kalbyna jaýlan güýzüm sen.

Ýaşlyk höwesini, güýjüni kemmän,
Gyşyň, ýazyň, tomsuň işini jemlän,
Buşluk bilen açyp işigin hemmäň,
Onlap, ýüzläp toýy toýlan güýzüm sen.

Adatky endigiň unutman, ýene
Agraslyk reňkin çaýdyň bar ýere.
Eçildi boz sähram, joşdy dag-dere,
Tarypy ...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2021

UNUTMA

Aldandyň, ezizim, ýalňyşdyň çensiz,
Ýöne soňra biljegiňi, unutma.
Saňa durmuş juda kyn düşer mensiz,
Günleň agyr geljegini unutma.

Mejnunyň Leýlini söýşünden zyýat
Söýüpdim men seni, wah, özüň şaýat.
Sen şeýle söýgini bilmediň aýap,
Ahmyr bolup dömjegini unutma.

Hoş gal, gidýän ömür saňa lak atman
Gezjek borun, «oýlan» diýip ýatlatman.
Emma öpüşlermi ýatlap, dodaklaň
Lowlap-lowlap ýanjagy...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2021

DIÝÝÄRLER

Diýýärler: «Nobat jan aýdym aýdanda,
Hemmäň depe saçy üýşibirmişin.
Aýdym-saza «häki birzat» öýdeň-de
Onuň golaýyna süýşibirmişin.

Diýýärler: «Wasp etse türkmen Güllerin,
Ýaşdan dolup duran gözler durlanar.
Heniz geçip gutarmanka ýollaryn,
Düşermişin uçup barýan durnalar».

Diýýärler: «Zaryna gulak gerende,
Doň ýürek gyzlaram gözlärmiş ýaryn.
Gaýnap duran owazyny görende,
Bagşyjyklar ý...
Täzelikler » Goşgular - 30.05.2021

SÖÝÜN AGA

Saç-sakaly agarypdyr gar ýaly,
Ýyllar däl, gam-hasrat büküpdir bilin.
Şonda-da uzyn gün gydyrdanyp ýör,
Şonda-da goýanok еlinden pilin.

Haçan görseň, şol üzümli mellegi
Bejär ýörer, bejär ýadaman- arman.
Ýöne çogun döküp tomus geldigi,
Artar ýürek derdi...
tapylmaz derman.

Adatky endigin çykarar ýatdan,
Poslar oň piliniň gumhanasy-da.
Özüni uzakda saklar bar zatdan,
Bilmez toý-...
Täzelikler » Goşgular - 29.05.2021

DILBER

Halypa sazanda Durdy Myradowýň ýadygärligine

Çek bagşy,
Dutaryň taryn çek, bagşy,
Ýüreksize ýürek, dilsize dil ber.
Perdelerden seýkin basyp düşsün-de,
Sallana-sallana ýöresin Dilber.

Gözi gitsin oňa gözi düşenleň,
Ýigitler kalbynda harasat duýsun.
Unutsyn-da sakgallarynyň akdygyn,
Gojalar telpegin maňlaýna geýsin.

Menem gül görküne bolaýyn bendi,
Döz geler ýüregim düşse-de ...
Täzelikler » Goşgular - 28.05.2021

AÝDYM

Bu aýdym kasam däl, wada-da däl bu,
Bu aýdym ömürlik ýoldaşym meniň.
Kalbymda dörände ganatly arzuw,
Synlamda başlanşyn her täze günüň,
Hiňlenýän joş alyp, guşlaň sazyndan
Hem säher çygyna ýüzümi ýuwup:
«Gitmejek bolaryn dünýäň ýüzünden,
Şu eziz topraga bergidar bolup...»

Baharda sähramyň ogşap güllerin,
Gyşda garlaryma oýkap bagrymy,
Daglaryň, çölleriň, deňiz-kölleriň
Taryp edip ýazan wagtym ş...
Täzelikler » Goşgular - 24.05.2021

GARAŞMAK

Sen gitdiň, giň dünýäm daraldy meniň.
Öz äkiden şatlygyňy alyp gel.
Gaşlaryňy çytman, kalbyňa, gülüm,
Diňe täsin umytlary salyp gel.

Ýola çyksaň belent arzuwlar bile,
Öýkedir kinäni sowurgyn ýele,
Açylan bägüle meňzäp sen ýene,
Meni bilbil saýyp, oýnap-gülüp gel.

Sen şeýle jadyly, şeýle zyýada,
Meni kä doňdurýaň, kä salýaň oda,
Eger bagtsyz bolmazlygmy dünýäde
Isleseň, öz zerurlygyň bi...
Täzelikler » Goşgular - 24.05.2021

ARZUWLARMY GÖZLEÝÄRKÄM

Oýun tamam boldy, ýapyldy perde,
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.
Gulak sal, eşdilýän galmagallar-da
Täze ýigdiň bilen gutlaýar seni,
Söýgi sahnasyndan düşürdiň meni.

Oýnapdy duýdansyz göwün tarymy
Nazaryma kaklyşanda nazaryň.
Öňki gaýyp ýören arzuwlarymy
Çogdamlap, çemen dek bogupdym baryn,
Nazaryma kaklyşanda nazaryň.

Getirdim... säginmän aldyň sen ony,
Käte oňa, käte m...
Täzelikler » Goşgular - 23.05.2021

Italmaz Nuryýew dä men. – Kolhozçy şahyrdiýilýän siz dä onda. – Okan ekeniňiz ow. –«Sowet Türkmenistanynda» birki goşgyňyz çykdy öýdýän.... «Kolhozçy şahyr Italmaz Nuryýew biziň redaksiýamyza ýollan goşgularynda «äteňet» we «näteňet» ýaly arhaizmleşen kapyýalary ulanypdyr». –Arhaizm bolanda näme boldugyka?!
Täzelikler » - 2020-02-05 12:17:53

Şahyr Italmaz Nuryýew tutuş ömrüniň dowamynda azerbaýjanyň döredijilik ussatlary bilen iň ýakyndan gatnaşan, örän kän azerbaýjan şahyrlarynyň goşgusyny türkmen diline terjime eden, ... Italmaz Nuryýew instituty tamamlanyndan soň hem, eli sypynsa, bakuwly dostlarynyň ýanyna gidip gelýärdi. Onuň «Ýüzüp barýar meniň Azerbaýjanym», «Marhalda», «Şekide Samet ...
Täzelikler » - 2019-12-10 20:57:53

Maslahata gatnaşanlardan Nargylyç Hojageldiýew, Italmaz Nuryýew, Annaly Berdiýew, Atamyrat Atabaýew dagy Çolugyň elýazmasynda oňat goşgularynyň bardygyny, ýöne şonuň bilen birlikde, harsal ýazylan goşgularyňam köpdügini belläp ...
Täzelikler » - 2019-07-29 15:28:44

...hoş gal, perizat, Terjime eden: Italmaz NURYÝEW. Eý, sen, Ferdöwsiniñ mawy mekany, Baky orun berip öz hakydañdan Saklarsyñ, mähriban, rusy meni Çykaryp bilmersiñ ömür ýadyñdan.... Terjime eden: Italmaz NURYÝEW. Şahyr bolmak diýmek, düşnükli bary, Bozmasañ durmuşyñ kanunyn eger, Öz näzik teniñe urup hanjary, Özgelere şatlyk bermekdir, meger.
Täzelikler » - 2022-04-25 17:03:27

Italmaz Nuryýew, Hojanepes Meläýew. – Aýal gyzlardanam ikisiniň adyny aýt! – Näzik Annatyýewa, Ogultäç Orazberdiýewa. Ol az kem oýlanyşyp oturdy da, uludan demini ...
Täzelikler » - 2020-02-05 08:19:20

...Seýidow, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew ýaly guýmagursak şahyrlarymyz aramyzda ýaşap ýörenliginde, şygyr sungatymyzyň hazynasy şu günküsinden müň esse baý bolardy.
Täzelikler » - 2020-02-05 10:45:36

...ýazanlarymyň Gurbannazar Ezizow, Gowşut Şamyýew, Italmaz Nuryýew... ýaly galamdaşlarymyň ajaýyp goşgularyndan pesräkdigini özümem aňman duramokdym. Ýöne çagalykdan şeýle höwes eden pişäňden el çekäýmegem aňsat däl dä.
Täzelikler » - 2019-12-31 08:10:53

Italmaz NURYÝEW ▶ ÖWEÝ Heniz saýgarmanka agy garany, Dogrusy, ýap ýañja aýak bitende, Ant içdi, gujagna gysdy çagany, "Ynjytman, jan bolsa eger ...
Täzelikler » - 2018-07-10 07:25:37

Italmaz NURYÝEW ▶ Seni ýitiren günüm. Seni ýitiren günüm Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. Bulut gelip, Günüñ öñün örtensoñ, Gijä ...
Täzelikler » - 2018-07-03 15:39:06

...Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew, Näzik Annatyýewa dagy, hersi özüniň çuňňur sowatlylygy, çeper beýan ediş usuly, pikirleriň goýazylygy, okyjyny oýlandyryş tärleri...
Täzelikler » - 2019-06-29 16:35:40

Italmaz Nuryýew.
Täzelikler » - 2018-09-09 20:23:49

...Gurbannepesow, Allaberdi Haýydow, Täşli Gurbanow, Italmaz Nuryýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Gurbannazar Ezizow ýaly ussat ýazyjy şahyrlardy. Şol goşgularyň arasynda Ýeseniniň « Söýeňogam, köýeňogam men diýip» diýen setirler bilen ...
Täzelikler » - 2018-06-16 20:32:25

Italmaz NURYÝEW.
Täzelikler » - 2020-03-04 03:02:03

...Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew ýaly täze nesil şahyrlaryň ady bilen kemal tapdy, olaryň döredijiligindäki täsin gözlegler, ymtylyşlar, täzelikler geçen asyryň soňraky ...
Täzelikler » - 2024-05-05 07:12:42

» Italmaz NURYÝEW.
Täzelikler » - 2021-07-31 20:30:24

Italmaz Nuryýew.
Täzelikler » - 2022-05-14 14:05:31

Italmaz NURYÝEW.
Täzelikler » - 2020-02-21 06:52:47

» Italmaz NURYÝEW.
Täzelikler » - 2020-03-07 01:44:40

Italmaz Nuryýew.
Täzelikler » - 2018-09-09 20:37:46

Italmaz NURYÝEW.


1 2 3 ... 8 9 »