Результаты 1-20 из 59 по запросу Kömek Kulyýew

BARS BALASY

(Goja awçynyñ hekaýaty)

Bar zady ýatda saklap bolýarmy?! Bir jaýdar sözüň ýa-da nakylyň, şygyrdyr rowaýatyň ýada düşmesi üçin onuň ýeri-gezegi, ýagny, "gepiň gerdişi" gelmeli. Uniwersiteti ýaňy tamamlap, elim galam-depderli, gürrüňçil adamlaryň yzynda garagulak ýaly peýlenip, olaryň agzyndan sypan her bir del sözi ýere gaçyrman ýygnap ýören döwürle...
Täzelikler » Hekaýalar - 09.12.2024

DORDEPEL HAKDA DESSAN

Mähriban çagalar!
Siz häzir ullakan şatlygyň, ömürboýy ýatdan çykmajak bir gowy wakanyň bosagasynda dursuňyz. Bu şatlyga, bu gowulyga "Dordepel" diýilýär.
Indi hasaplap otursam, siziň ýaşyňyzdakak, türkmeniň gahryman bedewi Dordepel bilen biziň ilkinji gezek tanşanymyza kyrk ýyl töweregi bolupdyr. Köneleriň aýdyşy ýaly, "Kyrk ýylda bir ýigit ke...

GARGYŞ MAMA

...O görgüliniň birwagtky ady, hakyky ady, enesiniň, atasynyň yşk edip dakan ady – Garagaşdy.
Adyňa bir degmeseler!
Asyl oňa bir eýýämden bäri Gargyş mama diýip ýören bolsalar nätjek!
Adamsy murtuny towlap, üstünde aýlanyp ýörkä, diýdirermidi şony? Diýdirmezdi!
Ogly ogul şekilli bolsa, diýdirermidi?..
Är diýeniň öldi gitdi, ogul diýe...
Täzelikler » Hekaýalar - 13.09.2024

MILLI MERTEBE MUKAMY

Çeper edebiýat näme? Edebi zehin näme?

Wagt geçýär, täzeden-täze, ezberden-ezber ýazyjy-şahyrlar orta çykýar. Her täze zehiniň edebiýat meýdanyna gelmegi bilen, ýokarky soraglaryň jogaby gitdigiçe aýdyňlaşaýjak ýaly welin, tersine, ol barha çylşyrymlaşýar. Sebäbi her bir çyn zehin edebiýata heniz belli bolmadyk öwüşginler, öwrümler, tärler...

GÜRP

Sowet döwründe şeýleräk wakalaram bolaýýady...
...Töweregi goýun yzlaryndan doly gyrymsy agaçlygyň içinde bir düşnüksiz hereket bar. Mundan parran geçýän ýoda şekilli boş zolagyň ortarasyndan, ýeriň astyndan bajak-bajak gum zyňlyp-zyňlyp çykyp dur. Adam garasy görnenok. Soňrak, düýşden gelýän ýaly, bir ýerlerden çalaja "düňňür-düňňür“ jaň sesi eşidilip ugrady. Bu çala...
Täzelikler » Hekaýalar - 08.09.2024

GUŞLARA AŞYK OGLAN

Perhady otrýaddan kowdular.
Otrýadyň komandiri Aýmyrat ony ýanyna çagyrdy-da, “Esger Gurbanow, sen otrýaddan boş!” diýdi. Perhadyň aňk-taňk bolanyny görüp, içýakgyç ýyrşardy. “Guşlary söýýän, gurjak oýnaýan oglandan esger bolmaz. Bar-da, gurjaklaryňa güýmeniber, guşlaryň owazyny diňläber, garaz, otrýadyň golaýyna gelmeseň bolýar” diýip, sözüniň üstüni ýe...

ÝÜPEKÇILER

Okuw gutardy. Iki klasdaş, iki goňşy – Gurban bilen Çary joňkuldaşyp, ýene bileje öýlerine gaýtdylar.
– Öýe bararsyňam welin, gum-guklukdyr. Hemmesi gurçugyň yzyndadyr... – diýip, Gurban uly adam ýaly, uludan demini aldy.
– Gowy-da şol, öýde adam bolmasa! Oýnap keýpden çykarys! – diýip, Çary ýyrşardy.
– Aý, ogrynça gidip oýnamasaň, oýnuňam gyzygy ý...

JÜREN

Bu gün – baýram!
Etrap merkezimiziň darajyk köçeleri adam akymyndan ýaňa ýarylaýjak bolýarlar. Töweregiň ýöne gülki, galmagal, şowhun. Adamlar gaýmalaşýarlar, tapyşýarlar, görüşýärler, gujaklaşýarlar:
– O-how, Aman, senem barmydyň?
– Bo-how, Berdi, sen nireden çykdyň perişde ýaljak bolup?
Gaýmalaşyk birden kesildi, gowur peseldi, adamlar uzyn hat...
Täzelikler » Hekaýalar - 07.09.2024

MENIŇ ÝYLDYZYM

Meret ikimiz bir klasda okaýarys. Sygrymyzam bile bakýarys. Okuwdan gelip, çaý-çörek iýlen badyna, her kim öz sygrynyň yzyna düşübiýr.
Meret birhiliräk oglan, öýkelekmi, göribräkmi. Käte: “Seň sygryň meniňkiden köp doýupdyr” diýibem öýkeläp gidiberýär. Onsoň men sygrymy iki-üç günläp ýeke bakmaly bolýaryn. Men-ä oňuşjagam welin, sygrymyň şu Merediň sygry bil...
Täzelikler » Hekaýalar - 07.09.2024

KOL-HOZ-ÇY

Ertir Oraz, Myrat, Aky, Begenç... aý, garaz, uly oglanlaryň bir toparynyň etrap merkezine alaň-çaýlaň etmäge gidýändiklerini öňünden eşitdik. Ulularyň bir ýere gitjegini eşidäýsek, biziňem dabanymyzyň aşagy gijäp ugraýar. Eýdip-beýdip daklyşmasak bolanok. Ulular bizi äkitmejek bolup, käte ýalbarýarlar, "Рylan zat getirip bereli!“ diýip, wada edýärler, käte-de haýbat at...
Täzelikler » Hekaýalar - 07.09.2024

GURBAN GARAWUL

Ynha, şol Gurban garawul diýilýän. Uzynak, agaçdan ýasalan ýaly, hortap adam. Garawul lakamy oňa şeýle bir ýelmeşipdir we şeýle bir şaplaşyp dur welin, lakam onuň üçin döräpmi ýa-da ol lakam üçin – saýgarar ýaly däl. Biz oglanlykda muny lakamdyram öýtmezdik-de, onuň adyny “Gurban garawul aga!” diýip tutardyk.
Göwnüňe bolmasa, onuň küýkeribräk ýöreýşi, heniz ...
Täzelikler » Hekaýalar - 07.09.2024

AGÖÝLI

Oguz handan miras galan abyrsyz güýç ýene-de öz hanasyna sygmady. Ol öz-özüne-de sygman, öz-özünem ýaryp başlady. Onunjy asyrda ol güýç Gaznaly türkmen hökümdarlarynyň golastynda jemlendi. Ýöne munda-d a ol bir ýumruga sygmady. Ýene bir ýarylanda, ol ýarylyşykdan Seljuk begleri diýip bir topar döredi. Döredi-de, ösüp-örňäp, köpelip-öräp, günsaýyn güýjäp, ýylsaýyn dogumlany...
Täzelikler » Taryhy proza - 15.08.2024


* * *

Günleriň, aýlaryň öňki edähedi. Rejep ümsüme azar bermän, öz peýwagtlaryna geçişip barýarlar.
Öz çöregini özi gazanýanlygy, hiç kime elgarama dälligi, gazanjynyň kem-kemden göze görnüp barýanlygy Rejebiň göwnüni barha galkdyrýardy.
Näçe işlese-de, elleri ýene iş soraşyp, gijeşip dur.
Dogry, Äşäniň öňki bakyşlaryny seýrekletmegi, haçan görseň bir z...
Täzelikler » Powestler - 06.08.2024

OŇAT OGLAN

˝Meni harby komissarlyga çagyrýarlar˝ diýip, ir säherden ýola düşen Rejep ümsüm gün öýlä sanyberende, ýüzüni ak-tam edip, öýe geldi. Gele-gelmäne-de, gelnejesiniň basyryp goýan çaýyndan bir käse owurtlap-owurtlaman, öz ýatyp-turýanja otagyna sümdi.
Gelnejesi gapydan boýnuny uzatdy:
– Rejep!
– Hüm-m!
– Eýgilikmi, ýüwürjim?
– Howwa. ...
Täzelikler » Powestler - 06.08.2024


Şu gün - 5-nji noýabrda ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.

◇ Ýazyjy hakynda


Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda häzirki Lebap welaýatynyñ Saýat etrabynda doglup, 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar we “Edebiýat we sungat” gazetinde işe başlaýar.
Edebiýata başda şahyr hökmünde gelen Kömek Kuly...

EMELSIZE EM BARMY

Olara bu däli meýdanda ýüzin salyp gidere syçrap duran at berdiler-de, jylawdyr-u-eýer, uýandyr-u-agyzdyryk bermediler.
Bu serhetsiz ummanda ýüzüp-ýüzüp gidere gaýyk berdiler-de, gulaçlap-gulaçlap urara kürek bermediler.

* * *

Söýüp almak, söýüp barmak aňsatmy ýa-da kyn?
Gadyr bilen Gymmat üçin-ä ap-aňsat boldy. Bir arygyň suwundan, bir obanyň çöreginden kemala geldiler. Bir söýginem paýlaşdylar. Paýlaşdylar-da, ganat-per ýet...
Täzelikler » Hekaýalar - 02.11.2021

ÝAZMAK HÖWESI

Aslynda, ýaşaýşyň döremegine sebäp bolýan, soň oňa mydama itergi berip durýan güýçleriň birem höwes bolsa gerek. Höwes ýok ýerinde hiç zadam ýok.
Ugurlary boýunça bölseň, höwesem telim dürli bolup biler, olaryň içinde-de has saýlanýany, has özüne çekijisi iň gadymysam gürlemäge, diňlemäge hem ýazmaga bolan höwesmikä diýýärin. Gadym-gadym eýýamlarda gowaklarda mesgen tutup, awdan-şikardan ýadap gelip, agşamlaryna ot başynda üýşen ilkidurmuş adamlaryny göz öňüne g...
Täzelikler » Oýlanmalar - 05.06.2021

BIR ŞINEDEN BAG DÖRÄR

Aşgabadyň iň owadan ýerinde, dünýäde ilkinji Medeniýet şäherçesini gurulansoñ, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň ençemesine öý-jaý alyp, hemmesi bir agzybir uly maşgala öwrüldi.
Ynha, indi her säher «Bissimilla!» diýip, gapydan çykdygyň - kileň sataşýanyň Türkmenistanyň at gazanan ýa-da halk artistleri, halk ýazyjylary...
Başgaça aýdanyňda, Medeniýet şäherçämiz diňe ýaşaýyş jaýyna däl-de, ägirt bir döredijilik öýüne çalym edýär.
I...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 24.04.2021

ÜÇÜNJI DÜŞÜNDIRIŞ

Gyzyl imperiýanyň ak aragyň garşysyna gazaply hem gülkünç bir göreş yglan eden döwrüdi...

***

Baýgeldiniň kakasy bar zada, hatda, ýok zatlara-da düşündiriş berip bilýän adamdy. Ýöne, ol jogap berip ýetişse, Baýgeldijigem sorap ýetişerdi.
― Kaka, häli «Pylany bilen jynym alşanok» diýdiň welin, jynyň näm bolýa? ― diýip, Baýgeldijik bir gezek oňa ýene sowal berdi.
― Jynmy? Jyn ― jyn bolýa-da! Hü-ü-ü-üw... Hä-hä-hä-...

Täzelikler » Hekaýalar - 07.07.2020

ŞEÝTAN ŞÜBHESI

Auzibillähi şeýtany r-rajim,
Bissimillähi rahmany-r-rahym!
Oňa şeýtanlaryň kethudasyndan buýruk geldi: 1993-nji ýylyň soňky aýynyň 31-ine çenli Ýerdäki sapary jemläp, horaz gygyrmanka, dowzaha gelmeli, Täze wezipäni kabul edip almaly. Bu şeýtan – biziň şeýtan şu çaka çenli Aşgabadyň ähli künjünde – „Nahalstroýynda-da“, „Hitrowkasynda-da“, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 30-njy mikroraýonlarynda-da ýaşap hem işläp g...



1 2 3 »