Результаты 1-20 из 92 по запросу Kakamyrat ATAÝEW

ÝAŞ ŞAHYRLAR we ŞAHYR ÝAŞLAR

Ýaş şahyr... Bu sözler kime degişli? Kime ýaş şahyr diýilýär?
Sowet zamanynda ýaş şahyr diýen düşünje galapyn kitabyny çap edip ýetişmedik, ýazyjylar soýuzyna çlen bolmadyk awtorlar babatynda ulanylýardy. Ýazyjylar soýuzynyň çleni bolmasaň, kitabyňy çap etdirmek görgülik, kitabyň çap bolmadyk bolsa, soýuza çlen bolmak hyllallady. Üstesine, zehiniň daş ýarýanam bolsa, seniň ykrar edilmegiňe päsgelçilik berýän ownuk-uşak sebäplerem häli-şindi ýüze ç...
Täzelikler » Edebi tankyt - 10.01.2024

BÄBEKHANADA

Süýr günortanlar, jokrama yssyda bäbekhana howlusynyň derwezesinden eli gundagly ýaş gelin girdi. Giren ýerinde öňleri çanakly satygçy aýallaryň ikisi birlikde oňa ýüzlendi:
– Gel, tamdyr somsa bar, gyzgynjak...
– Manty alyň, manty, elin edilen etli manty...
Gelin olara diýýämiňem diýmedi, başyny galdyrman, göni geçip gitdi. Satygçylaryň biri onuň...
Täzelikler » Hekaýalar - 12.08.2023

Kakamyrat Ataýewiñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Ýekşenbe, 11.06.2023 ý.


Bu wawwaly gürrüňi biraz aňyrrakdan başlamaly boljak.
Ir zamanda bir adam oba mollasynyň ýanyna baryp, hat ýazyp bermegini haýyş edipdir.
– Haty nirä iberjek? – diýip, molla sorapdyr.
– Pylan ýere.
– Ýok, bolmaz, başarm...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 11.06.2023

ÝOLAÝYRT

...Ýok-la! Öz meýlime ömür dolanarynmy? Ol oglan halys günüme goýmasa näme? Hut sermenekläp ýören diwanaň bar-da. Gözüne başga gyz görünäýse nädersiň! Beýle-de söýgi boljak oguşýa!
Meni gören mahaly bu oglanyň tamdyr howurly gursagynyň kä daralyp, kä giňäp durandygyny öňdenem duýýardym. Şunça biparhsyrap gezenem bolsam, onuň gyzgyn söýgüsiniň öňünde eremän durup bilmändim. Yşgyň humary ikimizem se...
Täzelikler » Hekaýalar - 05.03.2023

ANNEMIN AĞLADIĞI GÜN

Babamın bir karısı daha varmış.
Köyde.
Yine bir gün her zamankisi gibi kavga ettiklerinde annem babama:
- Senin o domuz gibi zıkkımlanan karından bir şey mi artıyor ki? - dedi.
Ben resim yaparak yattığım yerden usulca babama baktım.
Babam rahat bir ses tonu ile
- Öbür karımdan bir şey artmıyor'sa, sizi geçindiremezdim ki. Geçindiriyorum ya işte - dedi...
Täzelikler » Hekaýalar - 12.12.2022

"RUHUMY BAR ZATDAN BOŞATDYM ŞU GÜN..."

Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün,
Başymda-da alada ýok, söweş ýok
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.

Indi sabry-kararym ýok çykmaga
Meýlis keýpi bilen säher düze-de.
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Tukat, soňsuz...
Täzelikler » Goşgular - 30.08.2022

NÄME ÜÇIN ÝAZÝARYS?

Kakamyrat Ataýew 1971-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Wekilbazar etrabynyň 1-nji Gökje obasynda dogulýar. Orta mekdebi gutaryp, 1988-93-nji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. Student döwri “Türkmen uniwersiteti”, “Ýaş kommunist”, “Bedew” gazetlerinde işleýär. 1993-94-nji ýyllarda neşirýatyň baş redaktory, 1994-95-nji ýyllarda “Diýar” žurnalynyň bölüm redaktory, 1996-njy ýylda “Türkmenistanyň oba hojalygy” žurnalynyň Mary welaýaty boýunça ýörite habarçy...

POEZIÝA NÄHILI DÖREDI?

4-nji synpda oka­ýan ma­ha­lym ede­bi­ýat mu­gal­ly­myn­dan:
— Mag­tym­gu­lu­dan öňem goş­gy ýa­zan bar­my? – di­ýip so­rap­dym.
Ol Mag­tym­gu­ly­nyň ka­ka­sy­nyň Döw­let­mäm­met Aza­dy­dy­gy­ny, onuň güýç­li şa­hyr bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Men ikin­ji so­ra­gy­my be­rip­dim:
— Aza­dy­dan öň ýa­şap ge­çen şa­hyr ýok­my?
— Bol­m...

AŞYK BOLSAÑ BOL, ÝÖNE ÇILME!

Döredijilik adamlaryna, hususan-da şahyrlara mahsus bolan bir häsiýet bar. Haýsydyr bir galamdaşynyň ajaýyp goşgy döredenini görüp, şahyryň kemsinmegi adaty ýagdaý we gowy alamat. Şol bir wagtda-da gowy ýazylan goşga aşyk bolmagy onuň estetiki-emosional duýgularynyň sagdynlygyndan habar berýär. Edil şu meseläniň negatiw ýagdaýa ýol açmak tarapy-da bar...
Täzelikler » Edebi tankyt - 16.05.2022

TUÝUG

Professor başyny galdyrdy-da, äýneginiň üstaşyry oturanlara garady. Auditoriýada bäş student – iki oglan, üç gyz ýetişibildiginden bir zatlar ýazýardy.
Öňde oturan çepiksije oglan çalaja ardynjyrady, maňlaýyna dökülen saçyny bäşi bilen yzlygyna daraklap, gozgandy.
– Taýynmy?
Oglan baş atdy.
– Aýdyber.
– Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessany biziň geçmiş edebiýatymyzda...
Professor diktumşuk, tekepbir kişi bolmasa-da, hem...
Täzelikler » Hekaýalar - 04.11.2021

28.

Süňňüne duýdansyz aralaşan mejalsyzlyk Sähedi tapdan düşürdi. Biliniň, dyzynyň kuwwaty äşgär kemeldi. Ysgyn-deramatdan aýryldy. Ol ilki muny argynlykdyr öýtdi. Uzakly gün ýatyp, bedenine dynç berse-de, öňki mydarasany tapmady. Onsoň munuň sebäbini bagryna ýolugan näbelli dertden gördi. Garnynyň sag tarapynda çişiň köpelmegi onuň ynjalygyny elinden aldy. Sähedi ähli gazanjyndan goýdy. Ol iki günläp bazara gitmedi. Zeýnebiň getireninden göwünli-göwünsiz iýip, bihuda ýatdy. Üçünji...
Täzelikler » Romanlar - 24.05.2021

22.

Ýazbibi gyzjagazyny emdirensoň, ýatyrmak üçin hüwdüläp otyrka uly eltisi Şeker geldi.
-Gyýw, hüwdini gowy aýdýan ekeniň-le, gyz! Telewiziriň sesimikä diýip girsem, özüň oguşýan – diýip, ol Ýazbibini ýüzüne öwmäge durdy.
Ýazbibi utanjyrap:
-Goýsana, gyz, oňaraýdyň sen-ä – diýdi.
-Waý-ý, Alla-a! Üýtgeşiksiz Baharyň sesi-dä. Toýa gatnap ýörmeli bagşy ekeniň-ä! – diýip, Şeker bäbegiň ýanyna bardy. – Azary ýokdur-a, ukusy oňatjamy?
-Ukusy gowy. Ýön...
Täzelikler » Romanlar - 24.05.2021

18.

Ýazbibi iňňildäp, gymyldap, sokjap-sokjap emip ýatan, mürşüjek, gyzylja ýüzli, janlyja zatda gudrat görýärdi. Ol ilkinji perzende bolan gyzgyn mähriň öň başyndan geçmedik täsin bir hyjuwy bilen bäbegi söýgüläp başlady. Poladyň edişi ýaly bäbegiň jynsyna garap durmady, küýi-köçesi, pikiri-duýgysy gyzjagaza geçdi. Ýogsa, onuň özem oglan bäbejige garaşýardy. Arada uly eltisi Şeker gelip: “Gyýw, ýaman hor-la sen. Iýýäňmi bir zatlar? Bokurdagyňa bir seretgin. Ýüzüňem ýakal-ýakal. Be...
Täzelikler » Romanlar - 23.05.2021

12.

Jahan töweregine mata baryny üýşürip, gara başyna gaý tikin-çatyn edip oturan ekeni. Bu gapa ömür ýüzi düşmeýän Suraýyň zoraýakdan ýylgyrjaklap gelmesi ony biraz geň galdyrdy, ýöne geňirgenmesi duýulmady.
-Suraý gyz, tüweleme, gel-ä, näme gapyda dursuň? – diýip, ozaldan garaşyp oturan ýaly, oňa mylaýym habar gatdy.
Suraý geçip oturdy. Jahanyň öňündäki mataň bir gyrasyny elläp görüp:
-Köýnek tikinýäňmi? Özüňemi? – diýip sorady.
Jahan başyny atyp:
...
Täzelikler » Romanlar - 23.05.2021

6.

Hümmediň mazarynyň açylan güni Öwez müjewür uzak gije basyrganyp çykdy. Ol düýşünde açylan mazarlary gördi. Bäş ýa on mazar däl, gonamçylygyň ähli guburynyň tümmegi bozulypdyr. Iň gorkunç ýerem, jesetleriň hemmesi daşyna çykarylypdyr. Dünýäň ýüzi ýöne kepene çolangy jeset bolup ýatyr. Anyk ýadyna-ha düşenok welin, Öwez äňi ýazdyrylyp, dişi sogrulan meýitlerem gören ýaly bolup dur. Ol haýdap, jesetleri jaýyna salyp, çukurlary düzleýär. Hiç kim kömege gelenok, bir özi. Şunça depre...
Täzelikler » Powestler - 23.05.2021

HÜRRI

1.

Şükür ýaňy kyrky sowlan kakasynyň mazaryny açmak üçin gonamçylyga ugrady. Göze güýdüşer ýaly biýol gitdi. Gün guşluk ýerine galanda gabrystanlygyň ileri çetinden indi. Mazarlaryň arasy bilen ýöremedi. Ýörese, gonamçylygyň müjewüri Öweziň gözüne ilmegi mümkin. Müjewüriň mazar sanap oturmadan gaýry pişesi barmy? Gözem edil baýguşyňky ýaly, häzir-ä gündizlik, gije bolaýanda-da esli aralykdan ygym-sagym bir gara gözüne kaklyşsa “Pylany, senmi?” diýip...

Täzelikler » Powestler - 20.05.2021

IKI MILLET

“Bu dünýäde iki sany millet bar:
Bir-ä aýallar milleti,
Birem erkekler milleti.”

A.Atabaýew.

Tamyň arka ýüzünde akar suwly salma bar. Salmanyň boýunda mähnet çynar agajy otyr. Ýere ýyly gideli bäri çynaryň ýapraklary ýazylyşyp, kölegesi goýalyp ugrady. Onsoň bu ýer gyzjagazyň güýmenjeli mekanyna öwrüldi. Soňky wagtlar goňşy öýdenem bir oglanjyk her gün onuň ýanyna gelmäni çykardy. Iki bolup, guşlukdan tä günortana çen...
Täzelikler » Hekaýalar - 19.05.2021

HABARÇY

Ýekimde ýigrenenim – gazet!
Bir gezek, ýokary okuwy tamamlaýan uçurlarym gazetçi bolmak höwesi bilen diplomymy goltugyma gysyp, iş sorap, redaksiýalaryň biriniň gapysyndan ätledim. Çal saç goja redaktor:
– Hany, geç şujagaz ýere – diýip, maňa oturara ýer görkezdi. – He-e-e, gazetçi bolmak höwesiň bar bolsa, gaty gowy. Ör-rän gowy. Galam işledişiň oňat bolsa, gazetde iş kän. Bize tüýs özüň ýaly gujurly, hyjuwly ýaş ýigitler gerek... He-e-e, onda sen ilki ...

7.

Bir Kasymy öýereniňden onuň yzyny basyp gelýän dört ogly öýli–işikli edeniň aňsat düşer. Kasymyň özi ýaly biraz nemeräk maşgala tapmak kyn. Tapmagam kyn däl, onuň ene–atasyna hä diýdirmek ýeňil bolmaz. Iş, ine, şunda bar. Sen soňky dört ýigdekçäni alada etme. Olar saňa tekge berse, berer, ýöne ýük bolmaz. Sen ile çykyp, aladasyny etmäniňde-de, olara heleý boljak kel gyrnak tapylar.
Olar sensizem öz günlerini görer. Niýetiňde bolsa, hersini bir-ä däl, ikem öýerip bolar... ...
Täzelikler » Powestler - 04.05.2021

GYLSYRAT

1.

Şemşadyň öýünden çykany-da ýaňydy. “Kümüşe gorkak damarymdan tutduryp gelmesem, bu gije ine-gana ýatyp, ukymy alybilmen” diýip, gaýdanyna geçse, birki käse çaý içerlik salym geçendir.
- Nireden nädip çykanyny bilemok. Bir görsem, kellesini gazan ýaly edip, agzyndan ak köpük saçyp, ýetip gelýä ýerýuwdan. Ýetse, gabyrdadyp, çeýnejek-dä haram köpek – diýip, ol köçäň o ýüzünde ýaşaýan goňşusy Kümüşiň gaşynda oturyp, takmynan ýarym sagat mundan öň bolan a...
Täzelikler » Powestler - 04.05.2021


1 2 3 4 5 »