Результаты 1-20 из 26 по запросу Keý-Kowus
Ýigrimi bäşinji fasyl
![]() BЕDЕW EDINMЕK HAKYNDA Oglum, at almakçy bolsaň, aldanmaz ýaly, juda sеrеsap bolgun, çünki at bilеn ynsanyň tеbigaty birmеnzеşdir: ýagşy ata, ýagşy adama näçе nyrh kеssеň-dе, utulmarsyň. Ýaman aty, ýaman adamy bolsa, hеr näçe kötеklеsеň-dе, kötеkläp oturmalydyr. Parasatly adamlar aýtmyşlaýyn: “Dünýe ynsan bilеndir, ynsanam haýwan bilеndir”, haýwa... |
Ýigrimi dördünji fasyl
![]() ÖÝ WE ÝER SATYN ALMAK HAKYNDA Oglum, bilip, habarly bolup goýgun, eger birden ýer we öý satyn alarman bolsaň, asyl her bir zat alyp, her bir zat satarman bolsaň, sen kanuna sarpa goýgun. Näme alsaň, bolka algyn, näme satsaň, gytka satgyn, peýdaňa çapgyn we mundan hergiz utanmagyn. Satyn almakçy bolanyňda, ugur tapyjy bolgun. Söwdalaşmakdan gaçm... |
Ýigrimi üçünji fasyl
![]() GUL SATYN ALMAK WE ONUŇ ŞERTLERI HAKYNDA Gul satyn alsaň, juda seresap bolgun, çünki adam satyn almak gaty çetin işdir. Gul bardyr, daşyndan göräýmäge, gowudyr, içgin çemeleşdigiň welin, tersine bolup çykýandyr. Adamlaryň köpüsi gul almagy diňe söwdalaşmakdyr öýdýärler, ýöne bilip goýgun, gul satyn almak giden bir ylym hem sungatdyr. Çünki tanama... |
Ýigrimi ikinji fasyl
![]() AMANAT SAKLAMAK HAKYNDA Oglum, biri saňa amanat zat berse, eliňden gelse, almagyn, ýöne almaly bolaýsaň welin, ony ygtybarly saklagyn. Amanat saklamak dertdir, çünki munuň netijesinde ol hökman üç zadyň biriniň üstünden eltýändir. Eger sen özüňe ynanylan şol emlägi yzyna gaýtaryp berseň, Allatagalanyň sargyt eden: “Amanatlary eýelerine gaýtaryň” ... |
Ýigrimi birinji fasyl
![]() MAL-DÖWLET TOPLAMAGYŇ KADALARY HAKYNDA Oglum, bir zat edinmek mümkin bolsa, pursaty elden bermegin, ýöne zat diýip, özüňi hatarly ýagdaýa-da salmagyn, edinýän zadyň özüňe laýyk, mynasyp bolmagy ugrunda jan etgin. Edinen emlägiňi sarpaly saklagyn, oňa-muňa harçlamagyn, zady saklamak edinmekden kyndyr. Eger harçlamaly bolaýanyňda hem, onuň öwezini... |
Ýigriminji fasyl
![]() SÖWEŞMEK HAKYNDA Oglum, söweş meýdanyna çyksaň, ol ýerde haýal deprenip, susluk etmek bolmaz, duşman senden üstün çykyp, agşamlyk naharyny edinmezinden ozal, sen eýýäm ony bir burça baglap, säher çaýyňy içip oturmalysyň. Eger söweş meýdanynyň ortasyna düşseň, özüňi ýitirip, janyňy aýajak bolmagyn, çünki görde ýatmak maňlaýyna ýazylan adam hiç bir jäh... |
On dokuzynjy fasyl
![]() ÇÖWKAN OÝNY HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, çöwkan oýnamagy gowy görseň-de, köp oýnamagy endik edinmegin, köp adamlar çöwkan oýnap bela duçar bolýandyrlar. Hekaýat. Gürrüň bermeklerine görä, emir Leýsiň bir gözi kör ekeni. Horasana emir bolandan soň, ol bir gezek çöwkan oýnamak üçin meýdana çykypdyr. Onuň Azhar atly bir serkerdesi... |
On sekizinji fasyl
![]() ŞIKARA ÇYKMAK HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, at münmek, aw etmek, çöwkan oýnamak asylly ärlere mahsusdyr, aýratyn hem ýaşlara mahsusdyr, emma her kişiň öz wagty, çeni-çaky, tertibi bolmalydyr, her gün awa çykman, iki gün awa gitgin, üç gün meý içgin, iki gün bolsa öz hojalyk işleriň bilen gümra bolgun. Ýöne ata müneňde, kiçisine münmegin, çünk... |
On ýedinji fasyl
![]() UKY WE DYNÇ ALMAK HAKYNDA Oglum, bilip, habarly bolup goýgun: Rum alymlarynyň şeýle bir adatlary bolup, olar hammamdan çykanlaryndan soň, hammamyň salkynja otagynda biraz ýatman daşary çykmaýarlar. Bular ýaly adat başga halkda ýokdur. Parasatly adamlar ukyny kiçeňräk ölüm hasap edipdirler, çünki adam hala ukuda bolsun, hala öli – bu dünýeden habary ý... |
On altynjy fasyl
![]() HAMMAMA GITMEGIŇ KADALARY HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, hammama gideniňde dok gitmegin, zyýany bardyr. Hammam juda gowy zatdyr, gepiň gerdişine görä, bir zady aýdyp geçmek gerek, alymlar bina dikip başlanlary bäri hammamdan zyýat hiç zat döretmänmişler. Ýöne her näçe gowulygyna garamazdan, hammama her gün gitmek bolmaz, şeýtmegiň bedene haýry bardyr, ... |
On bäşinji fasyl
![]() ZOWKY-SAPA SÜRMEGIŇ KADALARY HAKYNDA Birini söýseň, onuň bilen sersaglykda hem, serhoşlykda hem dyngysyz gatnaşykda bolmagyn. Aýra düşülen çagda öňýeten şahsyň, öňýeten adamyň heseriniň bardygy mälim zatdyr. Oňa golaýlaşsaň-da, serhoş wagtyň golaýlaşmagyn, zyýany juda köpdür, emma humar wagtyň uçursyz gowudyr. Ýadyňa düşen wagt, çem gelen sagat oňa ý... |
Ön dördünji fasyl
![]() YŞKBAZLYK WE ONUŇ KADALARY HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, aşyk bolmak üçin poladyň ýumşak bolmalydyr. Çünki yşk heseri tebigatyň gözelliginden döreýändir, gözellikden döreýän zatlar bolsa hemişe gözel bolýandyr. Öňküler diýmişleýin. Tebigat näzik boldugyça, kalbyň gözel tebigata gowuşmaga meýl edýändigi mälim zatdyr. Beýt Aş... |
On üçünji fasyl
![]() DEGIŞMEK, NARD, KÜŞT OÝNAMAK WE OLARYŇ ŞERTLERI HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, öňküler, “degişmek şeriň başlangyjydyr” diýip gidipdirler, ýagny degişme barça belalaryň öňbaşçysydyr. Şonuň üçin, başardygyňça, oýlanyşyksyz degişmelerden gaça durgun, eger degişjek bolsaňam, serhoş wagtyň degişmegin, beýle ýagdaýda şerdir bela has köpelgiç bolýandyr. Ýakyms... |
On ikinji fasyl
![]() MYHMAN ÇAGYRMAK, MYHMANÇYLYGA GITMEK WE OLARYŇ ŞERTLERI HAKYNDA Ýat adamlary her gün myhmançylyga çagyrjak bolup azara galmagyn, çünki her gün myhmany göwün diýen kabul edip bilmersiň. Şonuň üçin, aýda näçe gezek myhman çagyryp biljekdigiňi öňünden oýlangyn, eger üç gezek çagyryp biljek bolsaň, bir gezek çagyrgyn, myhmana üç gezekde etjek harjyňy bir ... |
On birinji fasyl
![]() ŞERAP IÇMEK KADALARY WE ONUŇ ŞERTLERI HAKYNDA Oglum, men saňa şerap iç ýa içme diýip biljek däl, çünki biriniň nesihaty bilen ýigitleriň ýigitlikden el çekmejekdiklerini men gowy bilýärin. Maňa-da köp gezek aýdypdylar, emma menem gulak asmandym. Diňe elli ýaşa ýetenimde, Allanyň rehmi inip, toba kyldym we şeraby terk etdim. Ýöne welin, içmeseň... |
Onunjy fasyl
![]() ÖZ-ÖZÜŇE ERK ETMEK WE IÝIP-IÇMEK KADALARY HAKYNDA Oglum, sada adamlaryň işlerinde belli bir kada-kanun, belli bir tertip-düzgün ýokdur, olar bir zadyň wagtynyň bolup-bolmanlygynyň känbir pikirini hem edip durmaýarlar. Ýöne atly-abraýly adamlarda bolsa her işiň öz wagty bardyr, gije-gündiziň ýigrimi dört sagadyny olar etmeli işleri üçin bölýändirler. Işle... |
Dokuzynjy fasyl
![]() GARRYLYK HEM ÝIGITLIK HAKYNDA Oglum, sen ýigidem bolsaň, akylyň garrynyňky ýaly bolsun. Beý diýmek bilen men saňa: “Ýigitlikden el çek” diýjek bolamok, ýigit bolsaň, gyzma ýa lellim däl-de, dogumly ýigit bolgun. Pähmidana Aristotel: “Ýigitlik däliligiň bir görnüşidir, şoňa görä, ýigide ganygyzma diýýändirler” diýipdir. Munuň üstesine düňle ýigi... |
Sekizinji fasyl
![]() ANUŞIRWAN ADYLYŇ NESIHATLARYNYŇ ÝATLANYLMASY Ilkibaşda ol: “Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň gerdişine geňirgenmäň” diýipdir. Soňra diýipdir: “Adamlar näme üçin bir gezek ökünen zatlaryna ýene-de ökünmelimişler?” Soňra diýipdir: “Patyşa belet adam näme üçin arkaýyn ýatýarka?” Soňra diýipdir: “Durmuşy arzuw edişi ýaly geçmeý... |
Ýedinji fasyl
![]() DILEWARLYK UKYBYŇY ARTDYRMAK HAKYNDA Oglum, adam diýen adam şirin zyban bolmalydyr, näkes adamlardan dilini saklamalydyr. Oglum, sen dogry sözlegin, kezzap bolmagyn, zeruryýetçilik ýüze çykyp, ýalan sözläýmeli bolanyňda-da, gepiňe ynanylar ýaly, dogruçyllyk babatda meşhurlyk gazangyn. Aýdýan zatlaryň bary çyn bolsun, emma ýalana çalymdaş dogry za... |
Altynjy fasyl
![]() KIÇIGÖWÜNLILIK WE BILIMIŇI ARTDYRMA HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, hünärsiz adamlar sütüni bolup, kölegesi bolmadyk mugilan agajy ýaly peýdasyz bir zatdyr, olardan ne özlerine peýda bardyr, ne-de başgalara. Asylzada kişiler hünärsiz bolaýanlarynda-da, at-owazalarynyň arkasyndan il içinde hormat-sylagdan mahrum däldirler. Ne asly, ne hünäri – hiç zady bolm... |