Результаты 1-20 из 34 по запросу Mämmetgurban Mämmetgurbanow

GONAMÇYLYKDA

Men bu ýere geldim ilkinji gezek,
Bu ýerlere ilki aýak basdym men.
Belki, ilki gezek çyndan oýlanyp,
Ömür diýlen zada baha kesdim men.

Sansyz tümmeklere nazarym dikip,
Ömrüň juda gysgadygna uýdum men.
Müňlerçe pikiriň ýumagyn söküp,
Özümi kän zada borçly duýdum men.

Ýüregim çalaja gyýylyp gidýär, ...
Täzelikler » Goşgular - 12.02.2023

YHLAS ÇABGASY

Asman bulutlydy, daşyndan seretseň, düýäniň örküjini ýatladýan lemmer-lemmer bulutlar daglaryň gerişlerinden geçip, obanyň depesini gallap alyp başlapdylar. Käte gök gümmürdäp, ýyldyrym çakýardy. Muňa garamazdan on-on bir ýaşlyja oglanjyk öz işi bilen gümrady. Daş-töwerekde deň-duşlary, oba oglanlary kändi. Ýöne ol oglanjyk olaryň hiç biriniň oýnuna goşulanokdy. Ol palçykdan sahna edýärdi we onda hereket etjek keşpleri ýasaýardy. Bu oýun göýä onuň işine öwrülipdi. Ogla...

1960-70-nji ÝYLLAR WE ANNASOLTAN

Altmyşynjy ýyllaryň onýyllygam, ýetmişinji ýyllaryň onýyllygam biziň edebiýatymyzda uly zehinleriň gelip goşulan döwri boldy. Şeýle zehinleriň birem, ömri pajygaly tamamlanan, şahyr gelin Annasoltan Kekilowadyr. Haçan-da men Annasoltanyň goşgularyny agtaryp ýörkäm, tankytçy Saýlaw Myradowyň arhiwinden onuň 1968-nji ýylda çap edilen ''Gara saçlarym'' atly çaklaňja ýygyndysyny tapdym. Saýlaw Myradow Annasoltanyň bu kitapçasyny tutuşlygyna okap çykypdyr...

"BÜRGÜT HÖWÜRTGESI GAÝAÑ BAŞYNDA..."

Bürgüt höwürtges gaýañ başynda,
Tilki depelikde hinin oýupdyr.
Bürgüt höwürtgesi bir çykalgaly,
Tilki bolsa baş çykalga goýupdyr.
Bürgüt üçin ýekejesi ýeterlik,
Hem taýýar oñ üçin ganyn saçmaga.
Tilkä welin bäş deşik hem az ýaly,
Howp abansa gerek ahyr gaçmaga.

* * *

Biz bir belent daga çykmakçy bolduk,
Dyrmaşyp başladym bar güýjüm bilen,
Ýöne orta bile zorda...
Täzelikler » Goşgular - 10.07.2021

USSAT GRIMÇI FATIMA GIZATULINANY ÝATLAP...

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylýan täze sahna oýnunyň taýýarlyk işleriniň başlanmagyna az wagt galypdy. Men bu sahna oýnunda esasy keşpleriň birini ýerine ýetirýän artist Gözel Çommyýewany görmekçi boldum. Artistleriň biri maňa onuň teatryň grimçisi Faýa daýzanyň grim otagyna gidendigini aýtdy. Men grim otagyna baramda, Faýa daýza daşaryk çykan eken. Oturgyçda gara geýimli gartaşan zenan otyrdy. Men on...

TYMSAL

Derýalara baky berlendir gezmek,
Kölüň orny ýokdur, akary bolmaz.
Ynsan tebigaty ýüregi syzmak,
Söýmedigiň ömür şekeri bolmaz.

Asyl-ha baldaksyz ýaprak görmersiň,
Käte durmuş saňa ezýet berýändir.
Hiç ýerde tozansyz toprak görmersiň,
Kösenip alnan bagt lezzet berýändir.
Täzelikler » Goşgular - 14.01.2021

GÜL

Günleriň bir güni bahar paslynda,
Bir gülüň tohumy topraga düşdi.
Bulut , ýagyş ýagdy asmandan,
Tohum gämik ýardy, ösdi ýetişdi.

Günsaýyn görklendi, açdy gunçasyn,
Ambar ysy çar tarapa ýaýrady.
Geçip barýan adamlaryň ençesin,
Gözelligiň dünýäsine aýlady.

Bir ýigit ol güli gördi ir säher,
Ýolup aldy, gü...
Täzelikler » Goşgular - 11.01.2021

EGIN ÝAP

Zemin bilen bile dörän,
Ady ajap Egin ýabym.
Obamyza gujak geren,
Ili-güni söýen ýabym!

Dolap aldyň ýagsa ýagyş,
Gözelligi etdiň bagyş.
Obam ýakasyna nagyş,
Sünnä bilen salan, ýabym!

Üstüňden uzady ýollar,
Gördüň sen niçe ahwallar?!
Sowlup geçdi asyr, ýyllar,
Ata-baba gelen, ýabym!

Her damjaňda şirin janym,
Akar suwly mähribanym.
Güller bezäpdir çar ýanyň, ...
Täzelikler » Goşgular - 10.01.2021

WATAN MÄHRI

Watanym, men seniň bagtly perzendiň,
Sen baky geregim, gujagyň gadyr.
Arzuwdan, yhlasdan döräp her bendiň,
Kalbymda eçilip, edýärin hödür.

Dünýä, bagta, duýga birleşer ynsan,
Sende belent maksat, jahan mähri bar.
Sende ýer parahat, asuda asman,
Ykbaly gülledýän sensiň, mähriban.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW
Täzelikler » Goşgular - 09.01.2021

DYZA ÇÖKÜP ÝALBARMARYN

"Haçanda adama "düýe" diýseler, olam orta çykyp, özüniñ düýe däldigini subut etjek bolup dursa nähili bolýar?!" Elbetde, bu jaýdar gep. Ýöne şeýle bir ýagdaý bolýar. Saña bu gün "düýe" diýýärler. Ertesi gün öñüñe ýandak taşlaýarlar. Birigün bolsa uzaga gidäýmesin diýip aýagyñy duşaklamaga çalyşýarlar. Onda-da nähili usullar bil...

BAKYÝETE ÖWRÜLEN PURSATLAR

"Keseliñ taryhynda nähili rowaýatlary tapyp ýazandyklaryndan men bütinleý bihabar..."

Ömür. Durmuş. Ykbal. Men hemişe bu dünýä çynlakaý göz ýetirmäge çalyşýaryn. Älem-jaham, Zemin bilen Asmanyñ aralygy, bu toprakda ýaşap öten adamlar hakdaky pikirler meni hemişe biynjalyk edýär. Aý, Gün, ýyldyzlar, ynsan, bularyñ hemmesi örän täsin. Men hemişe adamlar hakda oýlanýaryn. Olaryñ hersiniñ öz dünýäsi, öz ykballary bar. Ýöne biz hiç haçan ada...

"ÖMRÜZAÝA ÝYLDYZYM" KITABYNDAN

(Gysgaldyldy)

Altmyşynjy ýyllaryñ on ýyllygam, ýetmişinji ýyllaryñ onýyllygam biziñ edebiýatymyza uly zehinleriñ gelip goşulan döwri boldy. Şeýle zehinleriñ birem, ömri pajygaly tamamlanan, şahyr gelin Annasoltan Kekilowadyr. Haçan-da men Annasoltanyñ goşgularyny agtaryp ýörkäm, tankytçy Saýlaw Myradowyñ arhiwinden onuñ 1968-nji ý...

"EDEBIÝAT DARAGTYNYÑ ŞAHALARY" KITABYNDAN

(Gysgaldyldy)

Haýsydyr bir ýazyjynyñ döredijiligi hakda gürrüñ edenimizde, ol söhbetimizi onuñ eserleriniñ mazmundan üzñe göz öñüne getirip bilemizok. Sebäbi birinjiden, ol öz pikirini nädip beýan etmelidigi hakda ýeterlik aladalanyşy ýaly, öz eserleriniñ temasy, ideýasy, liriki gahrymanlary, obrazlary hakda-da oýlanman...

SOLAN SÖÝGINIÑ AHWALY

Şahyr Annasoltan Kekilowanyñ goşgulary okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar. Hususan-da onuñ "Ömrüzaýa ýyldyzym" atly soñky ýygyndysyna girizilen goşgulary okyjylary biparh goýmasa gerek. Şahyryñ her bir goşgusy içgin öwrenilmäge we düýpli analizlenmäge diýseñ mynasyp. Sebäbi onuñ goşgy döredende çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp bilşi awtorl...

AÑZAKDA AÇYLAN GÜL

Şahyra Annasoltan Kekilowa Köşi obasynda doguldy, önüp-ösdi. Türkmen döwlet uniwesitetini tamamlady. Şol ýyllar hem poeziýa meýdanyna geldi. "Gara saçlarym" (1968), "Zenanlar" (1971) atly goşgular ýygyndylary dünýä indi. Ömrüniñ soñky ýyllaryny dälihanada oturyp geçirdi. 1983-nji ýylda hem şol ýerde aradan çykdy.
Şahyr gyzyñ bize belli, şol bir wagtyñ özü...

SÖÝGI WE GÖZ

Biz öz gözlerimiz arkaly görüp, daş­töweregimizde bolup geçýän zatlary kabul edýäris, soňra paýhas elegimizden geçirip, her bir zada bolan gatnaşygymyzy kesgitleýäris. Ynsanyň iň pynhan duýgusy bolan söýgi meselesinde­de gözlerimiz biziň ilkinji ýol görkezijimizdir. Şonuň üçin­de, adamyň kähalatlarda bir bakyşdan aşyk bolmagy geň galarlyk zat däl­de, eýsem, bu tebigy ...

DURALGADA DURAN GYZ

Ýaşlyk döwründe ynsanda, köplenç ýagdaýda, hyýaly söýgi hem bolup bilýar. Mekdepde okan ýyllarymda meniñ serimde hem hyýaly gyzyñ keşbi bardy. Ol owadan, syratly, inçe bil, gara gözli, goşa õrüm gara saçly, ýüzi nurana, mähirli gyzdy.
1983-njy ýylda Magtymguly adyndaky TDU-inde okaýarkam, okuwdan soñ azyk almak üçin dükana sowuldym. Ol uniwersitetiñ bizi...

GAÝA WE TIKEN

Bir tikenek gaýanyň böwrüni böwsüp
çykypdyr


— Sen nähili ejiz geldiň tikenden,
Ol seniň böwrüňi deşip çykypdyr?
Sen şeýle berk, gaty, agramly juda,
Ol seniň teýiňden niçik çykypdyr?

— Dogrudan hem, bu — hakykat,
Hakykat.
Käteler berk zat hem döwülýän eken.
Ýöne ol göwsümden gül bolup çy...
Täzelikler » Goşgular - 26.07.2019

SAÑA JUDA KÄN GARAŞDYM

Göz-röwşenim, nury didäm,
Saňa juda kän garaşdym.
Aýlardan, ýyllardan idäp,
Saňa juda kän garaşdym.

Gül ysyna “Demiň” diýip,
Ýel ýelpese “Eliň” diýip,
“Ýürek dilim-dilim” diýip,
Saňa juda kän garaşdym.

Çeşmäň akymy bilen gel,
Ýazyň ýakymy bilen gel,
Aňyň, akylyň bilen gel,
...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

SÖÝGI SYRY

Oglan:
- Älem -jahan läläm niçiksi söýgi,
Şol gözellik içre seni göreýin.
Dūnýäm seń dünýäñe eýleýip bezeg,
Saña Aýy, Güni sowgat bereýin.

Gyz:
- Şirin sözler dile gelýär joşup kän,
Ýöne heniz magşuk köñlün bilen ýok.
Aýy, Güni sowgat berýän aşyk kän,
Ýöne entek şol sowgady alan ýok.

- Göý...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

Mämmetgurban Mämmetgurbanow Mämmetgurban Mämmetgurbanow
Anketa » Мои статьи - 2022-07-14 20:13:21

Şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow şol çaklaňja oba dynç günlerini gabatlap myhmançylyga barýar. Dag jülgerlerinde, seleň sährada şahyryň çagalygynda gözi galan mähriban ýerleri ýaýylyp ...uçmak höwesi bardy» diýip şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow söhbetdeşliklerinde aýdýar. Bu ýönekeýje çaga arzuwy ýaly welin, şol hem ahyrynda şahyry Asman giňişligi hakyndaky, şeýle de adatdan daşary ...
Täzelikler » - 2020-07-01 17:14:00

Mämmetgurban Mämmetgurbanow. Aşyk Hoja ■ Nursoltan Jemaly röwşen kuýaşdan nurdanmyş durmuş teni, Zülpüne anbar dökülen jennet hüýri Nursoltan.... Mämmetgurban Mämmetgurbanow. Aşyk Hoja: Şahyr H.Altaýew hakynda Nesil gazeti 1992 ýyl 10 njy Dekabr.
Täzelikler » - 2018-11-16 18:06:33

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.
Täzelikler » - 2024-07-15 22:32:46

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.
Täzelikler » - 2024-07-31 10:34:05

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.
Täzelikler » - 2024-07-31 09:34:36

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. # garagum 2017
Täzelikler » - 2024-07-31 10:18:52

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. # "Ömrüzaýa ýyldyzym"? A., "Türkmenistan" neşirýaty, 1992 ý.
Täzelikler » - 2024-07-31 10:03:07

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW, žurnalist.
Täzelikler » - 2024-07-31 10:22:44

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. "Nesil" gazeti, 30.04.1994 ý.
Täzelikler » - 2019-12-07 20:41:53

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. # "Edebiýat daragtynyñ şahalary", A., "Magaryf" neşirýaty, 1997 ý.
Täzelikler » - 2024-07-31 10:05:44

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.11.1996 ý.
Täzelikler » - 2024-07-31 10:04:36

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 13.07.1990 ý.
Täzelikler » - 2024-07-31 10:07:49


1 2 »