Результаты 1-20 из 82 по запросу Meýlis Hasar

TSSR-iñ we TKP-niñ 60 ýyllygyna

IWANYÑ KÖWI

Iwanyñ köwi "Leninizm" sowhozynyñ Jejirs obasynyñ demirgazyk-günbatarsynda, Rewüş dagynyñ ýokarsynda ýerleşýär. Iwan Jejirse patyşa hökümeti tarapyndan sürgün edilen adam. Ol kolhoz gurluşygyna gatnaşyp ýörkä galtamanlar tarapyndan şol köwüñ ýanynda atylýar.
Awtor.


...O mahallar baý garyba ýagydy,
Halkyñ görýän güni jebir-agydy.

Bir-birini çapsa, batyrlyk bili...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2022

HASARLY GOJANYÑ MONOLOGY

Gunduz ýaly agarypdyr bu başlar,
Hasarymyñ gar bürenen başy dek.
Mañlaýdaky gasynlaram köpelip,
Gözem görüşinden nalaýar bir çak.

Günler bolsa şol geçip dur ýadaman,
Ýada salyp toýly-ýasly müñ sesin.
Emma göwün eýgerdenok henizem,
Şol ekip ýör ekip ýören "bolsasyn".

Annameret DURDYMÄMMEDOW.

"Zähmetkeşler sesi" gazeti, 23.09.1978 ý.
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2022

SÄHRAM

Dört diwar suslugy irizdi meni,
Çilim ysly kabinetden ýadadym.
Sähram, söýmezlige ýok meniñ hakym,
Çünki söýgüsi sen barça adamyñ.

Seniñ begres gollaryña aşyk men,
Şahyr kalbym gül düzüñe bendiwan.
Kerwen geçen egrem-bugram ýollañda,
Aýdymlaryñ iñ ilkinji bendi bar.

Şeýle näzik müñ aýdym bar gursakda,
Saña bolan gyzgyn söýgimden nyşan.
Göz ýetirdim, maña sensiz dünýäde,
Maña sensiz ömür-d...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

MEÝERHOLDYÑ TERJIMEHALYNDAN

Wsewolod Emilýewiç Meýerhold 28.01(09.02).1874-nji ýylda Penze şäherinde arak-çakyr zawodynyň eýesiniň maşgalasynda dogulýar. 1940-njy ýylda Moskwa şäherinde aradan çykýar. Ol rus režissýory, aktýory, pedagogy, 1923-nji ýyldan Russiýanyň halk artisti, XX asyr teatr reformatorlarynyň biri. W.E.Meýerholdyň asly gelip çykyşy Germaniýadan. Dini boýunça lýuteranin ("Lýuteranstwo”- hristian dininiň bir görnüşi hasaplanýan protestant böleginiň iň uly şähalarynyň...

W.I.NEMIROWIÇ-DANÇENKONYŇ TERJIMEHALYNDAN PARÇALAR WE REŽISSURASY

W.I.Nemirowiç-Dançenko (11-23.12.1858-25.04.1943). Ol Gruziýanyň Ozurgeti diýen şäherçesinde eneden bolýar. W.I.Nemirowiç-Dançenko harby gullukçynyň maşgalasynda dogulýar. Onuň çagalygy Tiflis şäherinde geçýär. Çagalygyndan teatr sungatyna bolan höwesi ony çeper höwesjeňleriň spektakllarynda çykyş etmeklige alyp barýar. Ol beýik rus režissýory, teatr işgäri, ýazyjy, dramaturgy. 1936-njy ýyldan SSSR-iň halk aristi K.S....

A.N.OSTROWSKINIŇ DRAMATURGIÝASY

Rus dramaturgy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiý 31.03-12.04.1823-nji ýylda Kostroma guberniýasynyň Şelykowo şäherinde dogulýar. 02.04-14.04.1886-njy ýylda Moskwada aradan çykypdyr. Ol kazyýet çinowniginiň maşgalasynda dünýä inýär. A.N.Ostrowskiý 1840-1843-nji ýyllarda Moskwa uniwersitetiniň hukuk fakultetinde bilim alýar. Belli bir wagt onuň özem kazyýet çinownigi bolup işleýär. Ol Moskwanyň Kiçi teatrynyň sahnasynda döwrüň beýik aktýorlary P.S.Moçal...

ÇEHOWYŇ DRAMATURGIÝASY

Beýik rus ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehow 1860-njy ýylda Taganrogda dogulyp, 1904-nji ýylda Germaniýanyň Badenweýler şäherinde aradan çykýar we Moskwada jaýlanýar.
Ol Moskwa uniwersitetiniň medisina fakultetinde okap ýören döwründe edebiýata baş goşýar. 1880-nji ýyllarda özüniň satiriki hekaýalaryny çap etdirip ugraýar. A.P.Çehowyň döredijiligi öz döwrüniň intelligensiýasynda dörän närazyçylyklary, rewolýusiýanyň öň ýanyndaky jemgyýetiň geljege bolan gözl...

GOGOLYÑ DRAMATURGIÝASY

Nikolaý Wasilýewiç Gogol 1809-njy ýylda Poltawa guberniýasynyň (Uly Spoçinsa obasynda doglup, 1852-nji ýylda Moskwada aradan çykypdyr. Rus-ukrain ýazyjysy, dramaturgy. Rus edebiýatynda tankydy realizmiň düýbüni tutujy. Oba pomeşiginiň maşgalasynda dogulýar. N.W.Gogolyň kakasy W.A.Gogol-Ýanowskiý birnäçe komediýanyň awtory bolupdyr. N.M.Gogol çagalygyndan teatr bilen gyzyklanýap. Ol Nežinskiý gimnaziýasynda okan döwründe spektakl bilen çykyş etmekligiň guramaçy...

RUS SOWET BALETI

Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, rus baleti uly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolupdyr. Sebäbi, köp sanly baletmeýstrlar, ussat artistler, balet pedagoglar başga ýurtlara gitmeli bolupdyrlar. Hojalyk weýrançylyklary, graždanlyk urşy, agyr maşgala durmuşy, öňki Imperatorçylyk teatrlaryndaky truppalaryň dargamagy rus baletini şeýle ýagdaýa getiripdir. Täze teatrlary dik...

RUS BALETI

Russiýada ilkinji balet spektakly 1673-nji ýylda şa Alekseý Mihaýlowiçiň gapy teatrynda "Orfeý we Ýewridika hakynda baletiň” goýulmagy bilen başlanýar. Spektaklyň baletmeýstri N.Lim bolupdyr. Spektaklda paster I.Gregoriniň okaýan daşary ýurtly we rus tansçylary bolupdyr. Russiýada opera we balet spektakllarynyň yzygideli görkezilip başlanmagy XVIII asyryň 30-njy ýyllar...

RUS SOWET SAZLY TEATRY

Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, rus saz sungaty özüniň täzeçe ösüş döwrüne başlaýar. Rewolýusiýadan soň teatrlar halk diňleýjileri-işçiler, esgerler, krestýanlar (oba daýhanlary) üçin açylyp blapdyr. Öňdebaryjy sungat işdärleri öňden gelýän nusgawy adatlary saklap, saz sungaty bolan operany döwrüň talaplaryna görä ösdürip başlapdyrlar. 1917-nji ýyldan başlap...

RUS SAZLY TEATRY

Saz rus drama teatrlarynda XVII asyrdan başlap esasy orny eýeläp gelipdir. Moskwanyň gapy teatrlarynda 1672-76-njy ýyllarda spektakllarda hor, ýekelikde aýdym aýtmak, saz gurallaryny ulanmak, tans etmek, dürli saz žanrlary bilen dini aýdymlary, ýaraşyksyz aýdymlary, şadyýan aýdymlary aýtmak düzgünleri ulanylapdyr. Spektakllaryň bölümleriniň arasynda sazly intermediýalar ýerine ýetirilipdir. "Orfeý we Ewridika” baletem görkezilipdir. Dramany saz bilen birleňdirmek, b...

RUS SOWET TEATRY

1917-nji ýylyň 9(22)-njy noýabryndan başlap teatrlar Halk Komissarlar Sowetiniň dekreti boýunça Magaryfdyrma Döwlet komissiýasynyň sungat bölüminiň ygtyýaryna berilýär. Bu edara soň, Halk Magaryf komissariatyna öwrülýär. 1919-njy ýylyň 26-njy awgustynda W.I.Leniniň gol çeken dekreti esasynda "Teatr işleriniň birleşigine” öwrülýär. Şeýlelikde teatryň öňünde täze tomaşaçylaryň islegini kanagatlandyryp bilýän spektakllary sahna çykarmaklyk wezipesi öňe sürülýär.
...

RUS TEATRY

Rus drama teatry özüniň gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýar. Rus teatrynyň geçmişi halk oýunlary, halk adatlary we baýramçylyklary, halk sazlaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirjiler bilen golaý aragatnaşykda bolup drama hereketleriniň emele gelip ugramagyna ýol açypdyr. Ýönekeýje halk oýunlarynyň teatra öwrülmegine "skomoroh” aktýorlar sebäp bolupdyrlar. Olar ilkinji b...

RUS SOWET DRAMATURGIÝASY

Rus dramaturgiýasynda Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, ösüşiň täze eýýamy başlanýar. Sowet döwrüniň irki eýýamyndaky gapma-garşylyklar, esasan işçiler we krestýanlaryň buržuaziýa garşy alyp barýan synpy göreşlerini beýan etmekden ybarat bolupdyr. Şol pýesalarda rewolýusiýanyň gahrymanlaryna täzeçe keşp berip, olaryň şahsyýetlerini döwrüň talabyna görä täzeçe ýokary götermek syýasaty öňe sürlüpdir. W.W.Maýakowskiniň "Misteriýa-Buff” (1918) pýesasy döwrüň talaby...

RUS DRAMATURGIÝASY

Rus dramaturgiýasy XVII asyryň aýaklarynda XVIIl asyryň başlarynda, köp ýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçýän, kähalatlarda saklanyp galan golýazmalaryň, halk dramalarynyň täsirinde emele gelen hasaplanýar. Gadymky toý däp-dessurlaryndan, toýlardaky horowod oýunlaryndan, satiriki "Skomoroşestwo” ("Skomoroşestwo”- gadymy Russiýada ykmanda aktýorçylyk käri.) "...

ŞANDOR PETÝOFINIŇ TERJIMEHALYNDAN we DÖREDIJILIGINDEN PARÇALAR

Petýofi Şandor 01.01.1823-nji ýylda Kişkýorýoş şäherinde dogulýar we 31.07.1849-nji ýylda Şegeşwarada aradan çykýar. Ol wenger şahyry-rewolýuseneri we dramaturgy. Ş.Petýofi häzirki zaman edebiýatynyň we rewolýusion-demokratik estetikasynyň düýbüni tutujy. Onuň döredijiligi wenger teatrynyň ösmegine öz uly täsirini ýetiripdir. Ş.Petýofi 1839-1840-njy ýyllarda sergezdançylykdaky (obalara aýlanyp ýören) aktýor truppalaryna...

WENGER SIRKI

Wenger sirkiniň taryhy-teatrlaşdyrylan halk oýunlaryndan (atly çykyşlardan) öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Buržuaz wenger sirkiniň esasy görkezilýän ýeri Budapeştdäki "Uly sirk” bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde ownuk şahsy sirklerem hereket edipdir. Budapeştde yzygiderli daşary ýurt sirklerem gastrollarda bolupdyr.
Wengeriýada halk-demokratiýasy döwleti döredilende...

WENGER GURJAK TEATRY

Wengeriýada gurjakçylaryň çykyşlary öňden gelýän halk adatlarynda, baýramçylyklarynda ýörgünli häsiýete eýe bolupdyr. Wengeriýanyň ýarmarkalarynda esasan nemes gurjakçylary çykyş edipdirler. XIX asyryň 2-nji ýarymynda ilkinji gurjak spektakllary wenger dilinde tomaşaça ýetirilip ugrapdyr. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda gurjak spektakllarynda çykyş eden baş gahryman Kasperläniň (nemes gurjak spektakllarynda çykyş eden baş gahryman) deregine wenger gahrymany Witez L...

WENGER BALETI

Professional horeografik sungat Wengeriýada XIX asyryň 2-nji ýarymynda peýda bolýar. Esasan bir bölümli (aktly) baletler we diwertismentler (diwertisment - spektakllarda, konsertlerde goşmaça hökmünde berilýän saz ýa-da drama oýny) bolup, balet truppasynda çykyş edýänleriň sany 40-50 adamdan geçmändir. Wenger kompozitorlary balet žanryna ünsem bermändir.
XX asyryň başlarynda esasanam 20-30-njy ýyllarynda balet tansyny ýerine ýetirijiler, balet tanslaryny goýujy-...

«ÝYLAN» LAKAMLY GARAHANJAR Meýlis Hasar lakamly zehinli ýazyjy Annameret Durdymämmedowyň "Ýylan" lakamly Garahanjar" detektiw powesti okyjylary özüne imrindiriji wakalara baý.
Täzelikler » - 2020-07-21 22:12:49

Meýlis. ÝI. Güljemal. IÝ. Hajygeldi (Baba) –çagalary: —Ogultäç, Nurjemal. Orazmämmet. II. Hojaberdi (aýaly Nowbahar) çagalary: —Kümüş....Mähri, Nurmyrat (aýaly Ogulgurban) Çagalary: Jeýhun, (Aýaly –Leýla) Çagalary: — Jeýhun, Hasar, Jemşit, Abyl.
Täzelikler » 2018/08/29 - 2018-08-29 11:23:43

▶ ÝÜKÇI GEÇI Nedir şa Kelatyň Hasar daglarynyň ýollaryny beklemek we gözegçilik diňlerini saldyrmak ugruna çykýar: Emma dagyň üstüne suw, laý palçyk ne beýleki gurallary çykarmagy ...agşam şol meýlise çagyrýar, içiljek şeraplara bolsa bihuş dermanyny guýýar. Meýlis mazaly gyzyşanda, şol şeraplary hödürläp ...
Täzelikler » - 2020-01-12 18:57:19

...e, bolmasa, biz şu ýyl Hasar dagy bilen Sünt dagynyň aralygyndaky Ýollydere diýen ýerde çagalara pioner lagerini açdyk. Son şonuň soňky ongünlügine terbiýeçi bolup gidäýsen ...sargardyp, ýaş ýigide ýüzlendi. Gapyňy açyp, bu haram ölmüşler öýňüzde meýlis guradylar seniň, ýegen jan.


1 2 3 4 5 »