Результаты 1-13 из 13 по запросу Mollanepes

HABAR BER

Däli göwnüm, dönüp yzyň gözlegin,
Ne galmagal geçdi başdan, habar ber.
Ýalana ýaran ýok, dogry sözlegin,
Ýol başladyň nije işden habar ber.

Ussa bolduň, teşe tutduň eliňde,
Bor-bolgusyz söz aýladyň diliňde,
Näme täsin iş görkezdiň iliňde,
Dogry dur-da, ilki başdan habar ber.

Oglankaň okardyň dürli dessa...
Täzelikler » Goşgular - 15.12.2024

WAGTYDYR

Eý köňül, pendim saňa merdana bolsaň wagtydyr,
Örtenip Hak şemgine perwana bolsaň wagtydyr.
Gaýry-Hakny terk edip, bigäne bolsaň wagtydyr,
Jindeýi-fakryn geýip, diwana bolsaň wagtydyr,
Jan çekip Jepbaryňa, janana bolsaň wagtydyr.

Bende sen, tur ukudan, wagtyň ki ötmesden burun,
Göwsüň üzre şum ajalnyň hary bitmesden burun, ...
Täzelikler » Goşgular - 12.09.2024

MUHAMMET

Sanyg-sungy bilen peýda eýledi,
Desti-gudratyndan boldy Muhammet.
Dilin Hak zikrine şeýda eýledi,
Ýetmiş müň ýyl sena kyldy Muhammet.

Tawus guş suratly bitilmiş jany,
Deprenmeý Hak diýip, çekdi jepany,
Müň ýylda bir depräp, silkinip sany,
Göwher gözlerinden syldy Muhammet.

Dünýa geldi-geçdi päkize göwher...
Täzelikler » Goşgular - 27.08.2024

BU JANY GÖRDÜM

Kadyr Alla, bizni ýokdan bar etdi,
Jismime ruh saldy, bu jany gördüm.
Ab-u ataş, häkden, ýelden ýaratdy,
Elestu Rabbiküm – Rahmany gördüm.

Gulak goýdum Biribaryň sözüne,
Iman ata kyldy, bitdim Özüne,
Gudrat bilen indim dünýä ýüzüne,
Gözüm açdym, ýagty jahany gördüm.

Dahanyn deň açar iki aždarha, ...
Täzelikler » Goşgular - 19.08.2024

MOLLANEPES

Gaflat ukusynda galdyň,
Oýan imdi, Mollanepes!
Kä sargaryp, gähi solduň,
Oýan imdi, Mollanepes!

Hijran bile bagr daglaşar,
Seni görsem diýp çaglaşar,
Söwer ýaryň çoh aglaşar,
Oýan imdi, Mollanepes!

Bu dünýäge dürler doldy,
Aýlar ýaşdy, günler galdy,
Turgul imdi, wagt boldy,
Oýan im...
Täzelikler » Goşgular - 03.08.2024

BU MEKANA GELMIŞEM

Eý göwnümde hoşgähim, ajap Gurhanym sen-sen,
Iki jahan çyragym, dinim-imanym sen-sen,
Yşk ähliniň soltany, gaşy kemanym sen-sen,
Ýas günümiň horramy, göwni handanym sen-sen,
Köýen bagrym ataşy,
Yşk kärimiň syrdaşy,
Sal rehim nazaryň, men hijrana gelmişem.

Ajap sünbül saçlaryň, yşk darynyň bagydyr,
...
Täzelikler » Goşgular - 02.08.2024

BERKARAR BOLSUN

Bizden salam bolsun Garaoglan hana,
Döwletiñ eliñde berkarar bolsun.
Arap at, goç ogul, zynatdyr saña,
Söýmek, münmek saña ygtyýar bolsun.

Dünýä pany saraý, başga jaý degil,
Müñ ýyldyz jem bolsun, dogan aý degil,
Dünýä ýalan her haryslar han degil,
Her ýerde seýranyñ lälezar bolsun.

Gelinler gaşynda gaşlary ýaýdyr,
Her haýsy bir surat, Gün bilen Aýdyr,
Ak öýüñ otagdyr, tagtdyr, saraýdyr...
Täzelikler » Goşgular - 06.05.2022

DUŞ BOLAR

Adamzat bir guwwas, dünýä bir derýa,
Dünýä gelen bu derýaga duş bolar;
Kimler hasyl eýlär göwher imany,
Kimsäniñ ýygdygy gara daş bolar.

Ömrüñi geçir sen haý bilen hoýda,
Saýýat yzyñ yzlar gapyl sen öýde,
Ahyret ýaragyñ kylmadyñ peýda,
Magşar güni gözüñ ganly ýaş bolar.

Dünýäniñ hyrsyndan öte bilmes sen,
Tutdum diýp dünýäni tuta bilmes sen,
Günähe ýüklendiñ, ýete bilmes sen,
Maksatly j...
Täzelikler » Goşgular - 01.05.2022

KAKAR

Remezan aýynda on tördi gije
Gözeller üýşerler, bir zyban kakar.
Garaşarlar, geler soltany täji,
Ýasawul aýlanyp, bir perman kakar.

Balyk ýüzebilmez suwa girende,
Guş pessaýlap düşer ýüzün görende,
Keibler hoş salamyn berende,
Başy asman ýeter, şol zaman kakar.

Göwher ýata bilmez suratyn bakyp,
Utana, aglaýyr derýadan çykyp,
Peek ot gorsamaz yşygyn ýakyp,
Eger ki meýl etse, bir lerzan kaka...
Täzelikler » Goşgular - 01.05.2022

BU GÜN

Seýle çykmyş şaperiler, çenun reýhandyr bu gün,
Toty guşlar saýraşyp, bilbiller zybandyr bu gün,
Şa-geda ýok tapawut, hemmäge döwrandyr bu gün,
Gullar azap eýleýir, persaga amandyr bu gün,
Aý mübarek dogdy bu gün, mahy-tabandyr bu gün.

Bir nijesi binikapdyr, nijesi ol hyrkapuş,
Kyldy nazar "Huw Hak!" diýip, istäp ki onda derwüş,
Uçdy Asman burçundan, g...
Täzelikler » Goşgular - 20.07.2021

NER GEZGIN

• "Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden"

Türkmen nusgawy edebiýatynyñ belli wekili Mollanepes şahyryñ "Ner gezgin" atly goşgusyndaky şu setirlere ünsi çekmek isledim: "Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden"

Ine, şu setirleri anyklamak üçin ilki bilen türkmen dilinde "Bogaz" diýen sözüñ añladýan manylaryna syn bereliñ.

BOGAZ [boğoz] 1 Gyzylödegiň we dem alyş ýollarynyň ...
Täzelikler » Goşgular - 13.04.2020


Весь мир побледнеет, сравнен
С тобой, дорогая, любимая.
Кудрей твоих вьется дракон,
Твой клад охраняя, любимая.

Как схожа ты с полной луной.
Взгляни, что творится со мной!
Ни взгляда не брошу иной,
Подобной не зная, любимая.

Сгорает ли хворост, как я?
Уймется ли жажда моя?
Дни мчатся быстрее ручья,
М...
Täzelikler » Goşgular - 03.11.2018

Молла НЕПЕС / CTИХИ

Молла Непес — одно из тех ярких, подлинно народных дарований, которые на протяжении всей истории человеческой культуры являются выразителями национального духа в его непосредственной подлинности. Даже и сама его жизнь, сведения о которой весьма ограниченны, позволяет назвать его, наряду с Махтумкули, Сеиди, Кемине и Зелили, голосом туркменского народа, свидетельствующим о его богатой духовной жизни и высоких стремлениях. Получивший религиозное образование и с...

Täzelikler » Goşgular - 03.11.2018