Результаты 1-20 из 34 по запросу Muhammetöwez Arrykow

TEBIGATA

Talap hazynañy, çürtüp sonaryñ,
Saña ýagyñ gözi bilen esedip,
Kast eden kişinem it-guşa bermän
Goýnuñda duwlaýañ haram jesedin.

Erniñ parawuzly, agzyñ jähekli,
Uýadyñ ýitirmän, syrman ýaşmagyñ,
Daş bilen urany aş bilen urup
Ýaşap ýörsüñ, ownuklykdan daşda sen.

* * *

Şeýtana ders beren garry dünýede,
Kimse malyñ, kim mertebäñ gedasy
Guýruk bulan gaýyñ, ýyly ketekde,
Gurdyñ o...
Täzelikler » Goşgular - 16.11.2021

DOKUZY DÜZÜWLIK

Bolsa ýagty, ýyly, yzgar,
Iýmit hem tenekar howa.
Biýarañ murty talawlap,
Asman sary bolar rowan.

Göbegi pugta düwülse,
Kalby bolmasa binowa.
Ynsaby täretli bolsa,
Äre kär etmez bet doga.

Gözden görünýän gül göwne
Tagzym eder çal saç zemin.
Başy belent, mert gelinler
Mukaddesdir Gurhan kimin.

"Aýnaman bilse dok güni",
Kethudasy adyl bolsa,
Göwnüm, kör b...
Täzelikler » Goşgular - 20.10.2021

TOPRAGYM

Ýedi gapyň ýalyn iýip,
Ýele berip ynamlaryň,
Bu ýalynýan güjüklerňe
Ynanmagyn, ynanmagyn.

Düýn-ä ygyp şemal ugra,
Bu gün yza dolananlar –
Bir biwatan peşmekdirler,
Hiç wagt daşyň dolamazlar.

Nämähremleň depgisinden,
Käbäm, ömür gerşiň ýagyr.
Munda saňa ýülünme ýok,
Seňki agyr, seňki agyr.

Indem alma ýaňagyňda
Diş yzyn goýup ýezidiň,
Zorlanan garabagt gyz...
Täzelikler » Goşgular - 26.09.2020

"GIÇ BERILEN LÄLIK OGUL MESLIKDEN..."

Giç berilen lälik ogul meslikden
Çabalanýar, aşyr atýar, bögürýär.
―Köp gülen bir sürçer diýlişi ýaly,
Şum ajaly tutluşyga çagyrýar.

Indem barýar agaç atyn säpjedip,
Ýapynjasy çapgyn ýele galgaýar.
Aýazyň gamçysy ýüzlerin çawlan,
Uly çille sojap-sojap aglaýar.

Täleý humaryndan bişeýtel çykan,
Ýükçi ataň bolsa süňňi agarýar.
Saly suwda çagşan garyp enäniň
Dyza...

Täzelikler » Goşgular - 24.06.2020

Eljiräp otyr gök arça,
Penalap keremli dagy.
Diýýär: ―Bu nätdigiň, ykbal,
Günüm gün däl, duran awy!

Döwüşjek gara ýel bilen,
Goparjak çilläň dişlerin.
Ejemogla öwrüp bu dag,
Gördi-le halys işlerim.

Maýrylyp heňňam göçünde,
Misli çöken ýükçi iner.
Çara dag dillenýär birden:
―Taňrym, ýürege giňlik ber!

Muhammetöwez Arrykow
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

Akyly arşa ýeteniň,
Şor bagty küle çöküpdir.
Namazlyk kimin düşege,
Serediň, düýe çöküpdir.

Bagbanyň ömrün iýen gül,
Nesip edipdir bigänä.
Başa täç bolmaly kişi,
Öwrülip gitdi diwana.

Petine gar ýagan ýurtdan,
Durnalar uçdy Bagdada.
Ýaranlar, ýüregim gysýar,
Men kime baraýyn dada?

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

Balaksyz goýlan dünýäniň,
Başarsam daşyn dolaryn.
Gursakda tirpildim barka
Ak ynsaby apalaryn.

Eräp gider nowruz gary,
Kalbyň gerdini ýuwar-da.
Ajaly başa çekerin,
Ygrarymy ýuwudamda.

Synyk göwni seýikläre
Ömrüm boýy tär gözlärin.
Geçi pisintden doýup men,
Lebzi halal är gözlärin.

Muhammetöwez Arrykow
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

Agydan agynyň, gülküden gülkiň
Ýer bilen gök ýaly tapawudy bar.
Tändi sary ýaprak paýawlap ömrün,
―Namut galdym‖ diýip, şemal aglaýar.

Ýene gyt däl bagryn ezip aglanlar,
Tutuş baglyk hesret çekýär aslynda.
Ýöne boşan şahaň – natuwan enäň,
Bir özi maýryldy gamyň astynda.

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

"BU DURMUŞYÑ LÜÝGE DÖNEN ÝOLUNDA..."

Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda,
Yükün çeke bilmän, gaçyp ysgyndan,
Batyp galjak bolan ýükçi ynsaba,
Iýdiripdim gamçy baryn gysganman.

Başga kişiň bar getiren bagyna,
Düşjek bolsa, aç duýgulam – galtaman,
Alyp olaň gözleriniň oduny,
Ýazgarypdym, ömür-ömür ýalkaman.

ADAM adyn salman aýak astyna,
Başym täji ýananlarym – tütänim.
Dilegim soňky dem bolsun nokady,...
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

Ýedi gapyň ýalyn iýip,
Ýele berip ynamlaryň,
Bu ýalynýan güjüklerňe
Ynanmagyn, ynanmagyn.

Düýn-ä ygyp şemal ugra,
Bu gün yza dolananlar –
Bir biwatan peşmekdirler,
Hiç wagt daşyň dolamazlar.

Nämähremleň depgisinden,
Käbäm, ömür gerşiň ýagyr.
Munda saňa ýülünme ýok,
Seňki agyr, seňki agyr.

Indem alma ýaňagyňda
Diş yzyn goýup ýezidiň,
Zorlanan garabagt gyz deý,
Zyňyp gitjekler...
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

– Meň öňümde gyradeň
Şalar bilen gedalar,
Hem ähli pir-müritler –
Görden gelýär sedalar.

– Indi men dowzahymy,
Günähim näme, Taňrym?
Gezdim namaz-täretli,
Nowruz gary deý aňrym.

– Ynsabyň bitäretdi,
Ynanjyň ganyňda däl.
Mydam üns sadakasyn,
Sorap gezdiň, eý, betpäl.

Ol ýaýlalaň arymsy,
Bozlugy saňa ýatdy.
Dideleň biri gülüp,
Mydam biri aglapdy.

Hemişe netiň-päli...
Täzelikler » Goşgular - 12.01.2020

Itler üýrer, geçer kerwen,
Düwünler berkdir göbekde.
Itler düýä ―haýt diýmezler,
Başarsa dişlär söbükden

Dünýäň set müň belasyndan
Yns-jynsy penalan daglar
Ahyr bir gün gadyr bilmez
Ýezidem goranna aglar.

Yňkyn çykarman jan berer,
Ömür saýylmadyk goçlar.
Ak saply aýdar kimdigin
Sürä han bolan erkeçleň.

Lebzin iman saýanlaryň
Ir-giç bagry bolar pide.
Mesirgän gelin dek dünýe
...
Täzelikler » Goşgular - 10.01.2020

Köşek gözden ot çykaryp,
Daşdan ýondular gözeli.
Tüýdüp-tüýdüp gara bagry,
Ýazdylar beýik gazaly.

Köşk bezäre dür tapdylar,
Gabryn dörüp gadym şalaň.
Gendeler kanagat tapdy,
Gül göwüne salyp talaň.

Kent ýumuryp, siller gelýär,
Sähra ömür paýlamaga.
Perzent inýä bu ýalança,
Pederini jaýlamaga...

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » Goşgular - 10.01.2020

“Toýuny bezäp namardyň,
Ýanmak çemene galýandyr”.

B.Jütdiýew.

Bereket basan deräni
Peleňi, şiri bezäpdir.
Buzgunç ysly şamar saçy
Ýassygyň ýary bezäpdir.

Ýamanyň toýuny ýanyp,
Gülleriň şasy bezäpdir.
Içurnuk bolup aglanlar
Şar gara ýasy bezäpdir.

Gamgyn güýzleriň jemalyn
Solaksy sary bezäpdir.
Sonar göwün jepakeşler,
Bir daban göri bezäpdir.

Boz t...
Täzelikler » Goşgular - 10.01.2020

Daglardan galar beýiklik,
Kitüw galar kel depeden.
Tohumy haram eýikmez,
Gargyş alar kelpezeden.

Çyrpynyp gaýdan bulaklar,
Un üweder degirmene.
Äri garradar gulakdan,
Güni galsa degimsize.

Ak ýagyşlar geçer gider,
Zemin üstün büräp güle.
Garga ýazdan etse heder,
Dünýe topukdan bilbile.

Gider dertden aýňalmadyk,
Ýaka ýyrtyp, tapman derman.
Melhem otlar – tanalmadyk
Aglap gala...
Täzelikler » Goşgular - 10.01.2020

"SALAM BERDIM AK GÖWÜNDEN..."

Salam berdim ak göwünden,
Garbap aldym gaýtargysyn.
Hut öz süýtdeş uýam saýdym
Ýedi ýadyň gaýtarmasyn.

Dünýede kän goçak görüp,
Özümi has kiçi saýdym.
Bisahawat, gedem goçy
Bir gyrkylan geçi saýdym.

Doýup hyzlan eşekleriň
Haýpym geldi gaňňasyna.
Dünýäň syrtyn ýamanlaryň,
Sapak boldum iňňesine.

Muhammetöwez ARRYKOW.

Täzelikler » Goşgular - 07.01.2020

GOÇ URŞY

Gara goçlar gazap donun geýipdir,
(Janyňdan irmeseň barma golundan).
Jygar şahly gara başlar ýarylar,
Alys olar dünýäň mekir-alyndan.

Dag dek sowal dur ortada keserip,
Ýa geziber gulaklaryň salla-da.
(Gara garnyň gözemäge çöp gyt däl.
Eçilipdir bu ýyl kadyr Alla-da).

Owsunyp dur «dilber» maňyň höwesi
Aznawur ajalyň halkalarynda.
– Ýa Biribar, bir pursatlyk medet ber,
Ýa öleýin, ýa bir ý...
Täzelikler » Goşgular - 20.12.2019

ADAM AGA

At göçümden iripdirin,
Adam aga, Adam aga.
Kyrk bäş güýzi tiripdirin,
Oglan ýagşy aldamaga.

Telpek geýýän gatan başa,
Ejap edýän nalamaga.
Eden tamalam nyşana,
Ajal okuň ýaglamaga.

Ökdeläpsiň ilki urup,
Il güldürip aglamaga.
Şa ýollara gapan gurup,
Çykýaň haýry awlamaga.

Ömrüň jyzlan – dünýe tutjak,
Maý tapmadyň ýaýnamaga.
Päliň girdap – hut ýuwutjak,
Boýum kelte boýlam...

Täzelikler » Goşgular - 26.03.2019

Muhammetöwez Arrykow Muhammetöwez Arrykow
Anketa » Мои статьи - 2022-07-14 20:09:17

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-12 04:51:04

Muhammetöwez Arrykow
Täzelikler » - 2020-01-12 04:58:04

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-12 04:55:09

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-10 04:53:06

Muhammetöwez ARRYKOW.
Täzelikler » - 2020-01-07 10:09:01

Muhammetöwez Arrykow
Täzelikler » - 2020-01-12 05:00:45

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-10 04:44:59

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-12 04:47:55

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2024-03-25 03:22:19

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-10 04:48:16

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-10 04:50:21

Muhammetöwez ARRYKOW.
Täzelikler » - 2020-06-24 05:42:28

...azdyň, Adam aga, Adam aga… Muhammetöwez ARRYKOW.
Täzelikler » - 2019-03-26 20:43:05

Muhammetöwez ARRYKOW
Täzelikler » - 2020-01-12 04:43:09

Tütäň duruň namart, döşi gapaklar… Muhammetöwez ARRYKOW.
Täzelikler » - 2019-12-20 02:15:53


1 2 »