Результаты 1-20 из 127 по запросу Nobatguly Rejebow

GAÝNENE

—A gyz, Olýa, şu gün işden gelýäkäm,
Seniň gaýynyňa duş geldim ýolda.
At ýaly heleý-le,
seni garratman,
Entek-entekler-ä ýarsjagam däl-le.
—Wah, olmy? Wah, ony goýaý ýöne sen,

Bir tulum ýeli bar,
Bir sanaç puly.
Aýaklary ýelden,
saçlary kendir.
Olmy?
Diýmesizin diýmäýin weli,
Tüýs Gö...
Täzelikler » Goşgular - 17.10.2024

ROWIÝA

Ýaňy leblerine inipdi şeker,
Ýaňy durlanypdy ýaňagnyň aly.
Aman-aman gözüň düşse enteder,
Gözüniň garasy,
Gözüniň agy.

Owgan gyzy synlap kaddy-kamatyn,
Uýalardy elwan gül deý görkünden
Hem ýörän çaglary endiräp gidýän
Kömelek deý güberçeklän göwsünden.

Eý-ho! ...Owgan gyzy ...zemin gyzy däl,
...
Täzelikler » Poemalar - 14.09.2024

KEÝIK

Çebşejikkä getirlipdi şu öýe,
Ynsandy gözüniň ilki göreni.
Ýadyrgady.
Tutundy soň eneke
Öýüň enesini çölüň jereni.

Ol ot iýdi oglanjygyň elinden,
Gyzjagazyň bedresinden suw içdi.
Bir gün bolsa geçip ynsan mährinden
Ganynda bar çöllerine gowuşdy.

Aýlar-günler geçdi. Bu jelegaýa
Gaýdyp garasyny ...
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2024

METAMORFOZA

Şahyr Nowruz Gurbanmyradowa

Pelegiň çarhyny pul aýlap gelýär,
Ykbal iki başym tel eýläp gelýär.
Kyýamat bolmaz-la, emma çar ýandan,
Nuhuň tupany-ha golaýlap gelýär.

Bu dünýäniň dindary az, dini kän.
Ýagşylygyň ýoly ýalňyz, hili kän.
Ölseň — dirilmek hak! Emma jahanda
Janyň sogrup barýarlar hut ...
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2024

BALERINA

Ýaňlanýar duýgudan lummurdan mukam,
Syrylýar zalyň däl,
Duýgyň perdesi.
Syrylýar perdesi şahyr düýşüniň
Ine, saňa hüýr-perili erteki.

Sen hyýaldan çykan suw perisi deý,
Daraklygňa galyp,
Galkyp ýeňilden,
Depesinden garap gelýäň zeminiň,
Depesinden ýöräp gelýäň köňülleň.

Tolkundyryp ganat ýa...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2024

SAÝRY GYZ

Goý, Muhammet çyksyn meniñ hakymdan,
Isa pygamber hem bersin jezasyn.
Sejd edip öpdüm men kapyr haçyndan,
Boýnundan asylyp zyba jenanyñ.

Eý, Allam, magşarda delalat biýrsiñ,
Yşga - döz gelen, heý barmy diride.
Men ak saçly gyzyñ, goýnuna girdim,
Ak saçly gyz girdi meniñ dinime...

1977 ý.
Täzelikler » Goşgular - 16.07.2024

EKSPROMT

Çyda!
Sygyn-da çyna,
Bagryňy ez, çyda,
Şygryňy ýaz, çyda,
Çytyl-da, çyda,
Çygyl-da, çyda,
Täzelik däl dünýäň myjabaty-da,
Urşy-da, hyrşy-da...
dönüp gyr-jyna
Geçersiň bu dünýäň içinden senem.
Çyda!
Bolgusyz şahyrlar bolupdyr öňem,
Bolarlar ýenem!

SEN BEÝIK

Sen jedel edýärsiň men beýik diýip,
Misli lälik çaga,
Tekepbir gende.
Herimiz bir ýanna mü...
Täzelikler » Goşgular - 19.10.2023

LATYN DILI

Latyn dili
gadym —
gara daglar deý,
Ilkidurmuş eýýamdan,
Gowaklardan alyp gaýdýar ol kökün.
Latyn dili huwwalady, aglady,
Şygyr ýazdy, söýdi, eýledi höküm.
Latyn dili — gadymy,
Emma welin aňmady,
Dile pyçak çekip biljek ganymy.

Ogullaryň taşlaýşy deý atasyn,
Obaň taşlaýşy deý gabrystanyny,
Taşlap Plininiň kiçi-ulu...
Täzelikler » Goşgular - 19.10.2023

ÖZÜŇDEN GÖZLE

Eger söýgiň köýen bolsa elenme,
Gam-gussa-da senden alysda galsyn.
Oýlanyp gör, dostum, ýeri gelende,
Belkem, sen söýgiňe mynasyp dälsiň.

Düýn Leýli deý söýen bolsa ol eger
Gyzlyk ejabynyň çäginden geçip,
Niçik bu gün öz bagtyny terk eder,
Söýgüsinden geçip
Hem senden geçip.

Biwepa saýma sen,
saýma bigäne,
Ýazga...
Täzelikler » Goşgular - 20.02.2023

ÝAŞA

Baýlygyň bil älem içre barlygyň,
Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa!
Darykdym men bilip dünýäň darlygyn,
Dünýede dünýe deý giň bolup ýaşa!

Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň,
Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň.
Eyer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň,
Oguz handan gaýdan ýol bolup ýaşa!

Gurt oglusyň! — Azmy, duşmany gurduň?
Borjuň näme? — Ony ynsa...
Täzelikler » Goşgular - 17.02.2023

IŞLE ÝÜREK, EGER ÝAŞASYŇ GELSE...

Ir garradym,
özümden ir garradym,
Ir sanadym saçyň-sakgalyň agyn.
Hamrak saýdym dünýäň gussa gamlaryn
Oýnaýjak,
okaýjak,
ýaşaýjak çagym.

Mazmunymy aýdyp ýetişmen öýdüp,
Mydama ömrüme heder syzdym men.
Söýlüp-söýüp,
ýigrenilip-ýigrenip
Kän okalan kitap kimin tozdum men.

Şeýdip tozýar ýo...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2023

DOST

Meniñ bir dostum bar, dostlaryñ dosty!
Men dostumy janymdan-da eý görýän.
Sebäp ondan dostlañ serweri ýokdur,
Ol islese,
Meýlis gurýan,
Toý berýän.
Islese jylawyn boýnuna orap,
Alan galañ özüñki diýip goýberýän!
Dostlarymyñ içinde ýeke-tägim ol,
Howaly başymda tylla täjim ol,
Gähi-gähi ony eljiredýärin,
Gähi-gähi ony lälimsiredýän.
Tug kimin göterip göwnüni onuñ,
Diýenim bir,
Diýme...
Täzelikler » Goşgular - 23.01.2023

GÜLMÄBILSEŇ GÜLME!

(Kärdeşimiz hakda söhbet)

Onuň köwşüni süýräp barmadyk obasy, görmedik posýology, gapysyny kakmadyk edarasy, girmedik naharhanasy, ýatmadyk myhmanhanasy, münmedik ulagy ýokdur. Bütin ömrüne ýazan esasy žanry ― feleton. Şony ol goşgy bilenem, kyssa bilenem, hatda krossword bilenem ýazyp gördi. Feleton ýazmagyň hyllalla zamanalary gypynç etmezden ýazdy. Durgunlyk döwründe, ähli kemçiliklerimizi ýuwup-ýylmaýan döwrümizde ol ýüzlerçe batyrgaý felet...

BÄŞLIK

Gijöýlänler men ýene,
Mekdepden gaýdyp geldim.
Itim öňümden çykdy,
— Näçelik aldyň? diýip,

"Bäşlik" diýip, pert aýtdym,
Edil öňünde öýüň.
Itim diýdi ýalmanyp,
— Getir, ýalap göreýin?

Agageldi ALLANAZAROW

IKI GÜJÜK

Çekeleşip daşarda
Oýnaýar iki güjük.
Olaň biri ullakan,
Beýlekisi ...
Täzelikler » Goşgular - 22.12.2022

ÝÜREGIME

Ýüregim, ýok günä mende,
Beýdip alma meniň hezlim.
Dünýä saňa ýerleşende
Sen giň dünýä ýerleşmezmiň?

Gujagymda göterdim men
Seni ylla bäbejik deý.
Seni diňdirip biler men
Näm edip heý, näm edip heý!?

Kişşik, kişşik bäbejigim:
Söýgi ýüzün sowsa eger
Ýaşar ýörär adam ogly,
Diňe ýetim galar jiger.

Meniň bag...
Täzelikler » Goşgular - 22.12.2022

GELEN GEÇER!

Gelen geçer!
Dünýä nähili ýöntem!
Gelen geçer ömrün goýup hummara.
Bu gün orny törden,
ertesi görden
Birigün lukma bor ýowuz hundara.
Emma pana gelenler baky gelen ýalydyr,
Ölüm ýalan ýalydyr!
Her kes dünýäň eýesi!
Her kim ýygyp düýrendir tapan-tupan malyny,
Gaznasyna basandyr binýat tutup ebedi.

Munda her kim ýaşajak!...
Täzelikler » Goşgular - 21.12.2022

ZEHIN TERJIMÄNI SUNGATA ÖWÜRÝÄR

“Biziň sowalnamamyzyň” şu gezekki sanynda halypa şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejepow okyjylar bilen terjimeçilik sungaty, onuň ähmiýeti hem-de bu ugurda kämilleşmegiň ýollary baradaky pikirlerini paýlaşýar. Türkmen edebiýatynyň şygryýet äleminde öz yzy, öz äheňi, özboluşly liriki dünýäsi bilen halkyň sşýgüsini gazanan şahyryň eserleriniň gory-da ep-esli bar. Nobatguly aga terjimeeçiligi sungat derejesine g...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 06.12.2022

DAGLAR

Daglar,
daş ykbally daglar,
ýalaňaç daglar,
Bagry bilen gatan ykbalyňyz keç.
Siz iliň derdine ýüregin daglan,
Şahyryň ýalaňaç ýüregne meňzeş.

Bulutlaryň mesgenidir gerşiňiz,
Ýelem depäňizde haýal-ýagallar.
Ýere ýagyş ýagsa — gardyr durşuňyz,
Ýere gyraw düşse, size ýagar gar.

Diňe tomus çözüp siziň doňuňyz,
Göm-gök buzd...
Täzelikler » Goşgular - 03.12.2022

GÜNDOGAR ŞAHYRY

Şahyryň gadyryn bilýär musulman,
Gündogar şahyryň gadyryn bilýär.
Seždegäh edinip şahyr guburyn
Mukaddes mazary arzylap gelýär.

Şahyr — Gündogarda — ruhuň pitnesi,
Şahyr — Gündogarda — Allaň hikmeti.
Ýöne ýere däldir gan içen şalaň
Gelip-gelip bir şahyra bitmesi.

Gündogarda şahyr şygry
pentdir pent,
Doga barabardyr —...
Täzelikler » Goşgular - 01.12.2022

HIJRAN

Gujagymda elwan daň kibi çabrap,
Gursagymda ýalbyraýaň ýaň kibi.
Men söýenem bolsam bagrymy daglap,
Beýle eziz görmändirin hiç kimi.

Sen gidersiň,
galaryn men ezýetde,
Ýyllar geçer, aýlar-günler aýlanyp,
Söýgem, gaýgam bolar ýene, elbetde,
Emma gaýdyp bolmaz beýle aýralyk.

Nobatguly REJEBOW.
Täzelikler » Goşgular - 12.11.2022


1 2 3 ... 6 7 »