Результаты 1-9 из 9 по запросу Nurberdi Dädebaýew
BELKI, OÑA-DA...
Türkmen ömrüni toý aladasy bilen ýaşaýar. Öýlenip beýläñe bir näzenini geçireñsoñ, perzende garaşyp başlaýarsyñ. Öýüñe jägildi dolaram welin, ur-tut perzent toýuna başlarsyñ. Öñler-ä "ogul boldy toýy"diýerdiler, indi ogul-gyz parh ýok, haýsyna ýüzümiz düşse, toýuñ aladasy bilen boluberýäris. Ondan soñ diş toý diýdi, saç toýy diýdi, garaz türkmeniñ toýy hatarlanyşyp gidiberýär. Ogul perzent bolsa sünnet toýam bar arada. Mekdep ýaşyna ýetip, okuw torbajygyny arkasyna ... |
AÝAZBABA SOWGADY
Täze ýylyñ öñýanyndaky günleriñ birinde çagalarymy yzyma tirkäp, şäherimiziñ merkezi meýdançasyna bardym. Ol ýerdäki bezelen arçanyñ ýanynda duran Aýazbabanyñ ýanyna baranynyzda ol: - Çagalar, haýsyñyz maña goşgy aýdyp berseñiz gowuja sowgat berjek - diýdi. Çagalar bagyna gatnap ýören çagalarda goşgy gytmy, ulujalarymyñ hersi ur-tut bir goşgyny aýdyp berdi-de, sowgatlaryny aldylar. Olaryñ sowgatlaryna gözi giden üç ýaşlyja körpämem düşüniler-düşünilmez... |
MEN ŞAHYR BOLARYNMY?
Uniwersitetde okaýarkam ýakyndan gatnaşýan dostlarymyň hemmesi goşgy goşýardy. Aňrybaş şahyr bolmasalaram, «Geljegine umyt baglanylýan» diýilýänlerdendi. Ýeke men şahyr däldim. Oňa-da namys edýärdim. Olar täze goşgularyny okaşanlarynda diňläp hezil edýänem bolsam, özümiň olarça ýokdugym üçin, özümi ýere pylçap uruberesim gelýärdi. Şonuň üçin aram-aram oturyp goşgy ýazmaga synanyşýardym. Käýarym birde-ikide owazlyja setirler döreýärdi-de, soň yzy bolman, kösemek ... |
SYNAG
Lukmançylyk institutynyñ talyby anatomiýa dersinden synag tabşyrýar. Onuñ bijesine düşen sowallara beren jogaplaryna göwni ýetmedik mugallym: - Seniñ sowallara beren jogaplaryñ-a ugry ýok. Saña goşmaça sowallaram berip göreýin. Hany, aýt, köriçege näme iş bitirýär? - Aý, mugallym, bu wagtlar gözli bolup iş bitirmek añsatmy. Özi köriçege bolsa, oñarýan oñly işi ýokdur. Şonuñ üçindir-dä, köplenç onuñ kesilip, zyñylyp goýberilýäni - diýip, talyp mugallymyñ ýüzüne ga... |
KÖWŞÜÑ IÇGEPLETMESI
Herki zadyñ öz ykbaly bolýar diýenleri çyn ekeni. Ine, biz köwüşler näme, biziñem herimiziñ bir hili ykbalymyz bar. Men bir sebäp bilen öz talyp hakyna oñup ýören talybyñ aýagyna ilen köwüş. Muña Hudaýa şükür edýän. Sebäbi bu talyp meniñ ýaly köwşi günde alyp bilmejegine gözi ýetensoñ, meni şeýlebir aýawly saklaýar welin, ýüzüme seredip, ýaşymyñ üçe dolaýanyny biler ýaly däldir. Arada bir ýere myhman boldy. Gapyda menden başga-da ondan gowrak köwüş bardy. ... |
«HAWA, MEN ŞOL»
Arada bir gün gazet satylýan dükandan gazetleri alyp seredişdirip durkam bir gazetiň dördünji sahypasyndaky öz suratymy görüp haýran galdym. Gözüme ynanman, içgin-içgin seretdim. Hut öz suratym. Diňe bir suratymam däl, men hakda ýarym sahypa makala-da bar ekeni. Derrew awtoryna seretdim. Ýazan meniň döredijiligim bilen içgin gyzyklanyp ýören tanyş oglan ekeni. Şol wagt güpbe ýadyma düşäýdi, bäş-alty günlükde özüm hakda bir zatlary sorapdy. Näme etjegem diýmän, sorag... |
EGER MENI SÖÝÝÄN BOLSAÑ...
Ýüregi ýürege, bagry bagra baglap, alty-ýedi ýyl söýşüp, şol gyza öýlenmesem armanda galjagyma ejemi-kakamy ynandyryp, öýlenenime ýaňy iki aý boluberende, futbol boýunça dünýä çempionaty başlandy. Menem, ölemen janköýer bolamsoň, bir oýny hem sypdyrman görjek bolup, her gün işden geldigim telewizoryň öňüne çökýän-de, gijäniň ýaryna çenli galman oturýan. Şeýdip çempionatyň başlananyna üç gün diýlende, gelnim golaýjagyma gelip oturdy-da: — Her gije te... |
HÄSIÝETIM ÜÝTGEMEDI
Häsiýet adamda soň döreýär diýýärler welin, gorkaklyk, batyrlyk häsiýetleriniň soň döreýänine-hä ynanasym gelenok. Meniň pikirimçe, ol häsiýetler her adam dünýä gelende onuň özi bilen bile gelýän bolmaly. Hany ony subut edip biljek mysalyň barmy diýjegem bardyr. Oňa anyk subutnamam bar. Ol meniň hut özüm. Meniň özümi bilip, esasy hemram gorkaklyk häsiýetim. Haýsydyr bir zatdan gaty gorkup şeýle bolandyr öýtseňem, o-da däl. Eger beýle waka bolan bolsa ýadymda gala... |
TÄZE TILSIMADYÑ OÝNY Tehnikanyñ ösüp barşyny sähel ünsden düşürseñ, yza galjagyñ ujy iki däl. Ine, şu el telefonyna näme diýjek?! Ol bize diñe özara habarlaşmaga ýardam etmän, kelläme dynç bereýin diýseñ aýdym aýdyp, göwnüñi hoşlap dur. Birine salam ýazaýyn diýseñ galam, kagyz gözläp oturasy iş ýok, gerekli harplaryny basyşdyr-da, bir düwmäñ kömegi bilen ugradyp goýber. Onuñ üçin poçta-da gerek däl, beýlekem, edil şol pursatda seniñ hatyñy almaly adam okap oturandyr. Eger surata düşes... |