Результаты 1-20 из 57 по запросу Ogulsenem Taññyýewa

WATAN

Gezdim rus tokaýlarny.
Synladym men -
Gözel Wolgaň towlanjyrap akyşyn.
Kawkazyň mylaýym gijelerinde
Aýyň bolluk bilen nurun döküşin.

Tokaýda görmedim gyýa bakany,
Wolganyň aýdymyn diňledim uzak.
Datdym kawkazlylaň saçagynyň duzun,
Niçe ýol söksemem çekmedim güzap.

Çykdym men Pamiriň belentliklerne,
Gazaklaryň gülli sährasyn gezdim.
Gujaklyga ýetip duran maýsaly
Meýdanda saçlarmy ýag...
Täzelikler » Goşgular - 27.11.2022

ILKINJI SÖÝGÜDEN DÜŞEÑDE JYDA

Ýaz damjasy gözýaş bolup görüner,
Gülälek baş atyp, zaryn yranar.
Bu giñ jahan gara bulda bürener,
Ilkinji söýgüden düşeñde jyda.

Adam kändir, taý tapmarsyñ özüñe,
Göwnüñ ýetmez ýöreýşine, sözüne,
Kä oturyp-turşy ýekdir gözüñe,
Ilkinji söýgüden düşeñde jyda.

Şahyr dälsiñ, ýara goşgy düzersiñ,
Kagyza däl, ýüregiñe ýazarsyñ,
Ömürboýy mähir küýsäp gezersiñ,
Ilkinji söý...
Täzelikler » Goşgular - 27.04.2022

TÄSIN JORAM ANNAGÜL

Uniwersitete okuwa girdim.
Ilkinji tanyşlyk. Täze joralar.
Sentýabrdan birki gün öň umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, ýatmak üçin otag aldym. Meniň ýerleşen otagymda menden başga-da üç gyz bar eken. Men dördünji gyz boldum.
Tanyşdyk. Sentýabr güni okuwa başladyk. Otagdaky gyzlaryň içinde Annagül atly bir gyz turuwbaşdan biziň hemmämiziň ünsümizi özüne çekdi. Ol aýratyn-da meni haýran galdyrdy. Alçakdy. Galjaňdy. Çaý içmekçi bolsak hem «Kitire suwy ...
Täzelikler » Hekaýalar - 01.05.2021

SEN GÜNÄKÄR DÄLDIÑ

Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy.
Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir hepde öň gelip, öz eli bilen arza ýazyp giden otagynyň gabadynda aýak çekdi. Bu bölümde iňlär siňek ýok. Dym-dyrslyk.
Gyz az salym gapa ýap...
Täzelikler » Hekaýalar - 12.01.2021

BIGÜNÄNIÑ ÝAKYLYŞY

Student ogul bilen gelnini Suraý eje güler ýüz bilen garşylady. Agtyjagy Myratjygy dessine bagryna basdy. Öýüň töründen derrewem sallançak gurdy. Ogludyr gelniniň yzyna gitmeli güni öňem telim gezek gaýtalan zatlaryny gaýtalady:
—Süýtden gandyr-da, ukladypjyk git, gelin jan, özüňem ynjalykly bolarsyň!
Tawus şeýle-de etdi. Hernäçe ynamly golda goýup gidýänem bolsa, sallançakda uklap galan oguljygy onuň göz öňünden ýeke salym hem gidenokdy. Gijel...
Täzelikler » Hekaýalar - 06.01.2021

ANNAGULYDEPE

Iki dost—iki sazanda Hanguly bilen Allanuruň başky durmuşy dessanlardaky wakalara çalym edýär. Olaryň ikisem «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenlerden». Atalaryndan galan ujypsyzja ýerjagazlaryndan başga, dört tarapy gamyş bilen ýapylan küme diýäýmeseň, dostlaryň hiç biriniň-de atlaryny tutup sanar ýaly zady ýokdy. Ikisem duldegşir goňşudy. Şonuň üçin olar meller ýerleriniň-de arasyna çil çekip durmadylar. Bile depip, bile ekdiler. Hasylam deň paýlaşyldy. Tanamasaň,...
Täzelikler » Taryhy proza - 04.01.2021

GÜNLERIÑ BIR GÜNI

Bir wagtlar başy ak selleli garly daglaryň jülgesinde, gün geçirmez ýaşyl baglaryň kölegesinde bir türkmen obasy bolanmyş. Şol obanyň çetindäki öýleriň birinde bolsa ýaş gelin bilen adamsy özleriniň ilkinji perzentlerine guwanyp ýaşar ýörer ekenler. Ýaňy dil açyp ugran oglanjyk enesiniň göwnüni göterip, atasyna gurbat beripdir. Ýaş ata-ene jigerbentleriniň oýun-gülkülerine guwanyp, özleriniň uzak günki argynlygynam unudypdyrlar.
Günleriň bir güni bolsa şum...

Täzelikler » Hekaýalar - 08.08.2020

HÖKÜMSIZ JEZA

Agyr kesellileriň palatasyna getirilen gartaşan aýal näsaglary gaty geň galdyrýardy. Ol birsyhly urnup ýatyşyna, wraç gyzyň sowallaryna-da jogap berenokdy. Şol bir heňine tutýardy:
— Wah, sadagaň bolaýyn, gyzym, eger dünýede birine ýagşylyk etmek isleýän bolsaň, maňa et, öldür meni, öldür. Derdime em etseň, razy däldirin, gyzym, eşidýäňmi, razy däldirin! Men bu durmuşdan bizar.
Wraç gyz ilkibada hassa samraýandyr öýtdi. Ýöne onuň öz hakydasyndalygy...

Täzelikler » Hekaýalar - 11.07.2020

HELEÝ BELASY

Bu gün Hangulynyň keýpi diýseň kökdi. Süňňi ýeňil gopýardy. Birsyhly ýylgyrasy gelip durdy. Mydama ukudan galan ýaly pökgerip duran gabaklaryň arasyndan ýyldyrap görünýän gyýak gözleriň şöhlesi ýitidi. Ol öňler işden geldigi kürşerip duran ýüzüni barha gamaşdyryp, töweregine ser hem salman, jaýa girip giderdi. Goltugyndaky gazete dolangy depderleri stoluň üstüne paýra...
Täzelikler » Hekaýalar - 11.07.2020

SYGAN GELIN

Ýaz geldi. Obamyzyň ilersinde belent daglara tarap uzap giden giň ýaýlalar owadan bir hala çalym edýär. Ýaşyl begres ýapynan meýdanlarda biten gyzyl läleler, sarydyr melewşe reňkli jümjümeler, misli şol hala çitilen göller ýaly.
Dogrusy, meniň pikirimi häzir gülli meýdanlar özüne çekenok. Meniň ýüregimi lerzana getirip, hyýalymy juda uzakda galan ýyllara alyp gi...
Täzelikler » Hekaýalar - 03.07.2020

ŞAÝLY GELIN

Çoz-ha-çozluk boldy.
«Şu zady sen almaly» diýip, türkmene görkezäýmeli eken» diýip, bu alan-aldylyga agzyny açan Pendiguly töwereginde bolup geçýän hadysalaryň haýsy birine syn saljagyny bilmän, haýran galyp, içini gepledýärdi. Bolsa-da, çozuş edilip, eýelenilen meýdandan özüne-de ýer ýetenine begenip, iki bolup bilenokdy. Şäheriň içinde howlul...
Täzelikler » Hekaýalar - 03.07.2020

GÖRMEGEÝ MAŞGALA

Awgustyň iň soňky günleridi. Günüň daglaryň aňyrsyna duwlanmagy bilen howa jana aram beriji salkynlyk aralaşdy. Şäherliler agşam seýline çykypdylar. Gün geçirmez daragtlary hatar-hatar bolup oturan Azatlyk prospektiniňň ugrunda biri-birine intizar bakyşyp barýan ýaş juwanlar, eli bäbekli gelinler, ençeme çarşenbeleri garşylap-ugradan garrylar ýeriň gaýmagy bozulaý...
Täzelikler » Hekaýalar - 01.07.2020

***

—Ýakyn günlerde men bir gyz bilen toý tutmaly boljak—diýip, sülçi Soltanow çaý başynda aýalyna aýdanda, aýaly Sülgün eşidýän zatlaryna ynanman, doňup galdy. Birdenem, gözlerini ýaşlap, gykylyga başlady:

—Öýlen, öýlen... Şunça ýyllap seniň hyzmatyňy edip, iň soňunda senden aljak taňryýalkasynymmy şu. Hawa-da, indi aýalyň garrady, onda ne görk galdy, ne görmek. Indi sen ýaşajyk gyza öýlenmeli...

—Sesiňi goý!—diýip, sülçi Soltanow aýalyna...

Täzelikler » Detektiw proza - 06.02.2019

Sülçi Soltanowda: «Jebir çekenlere awy berlen bolaýmasyn» diýen pikir döräp, olaryň jesetlerini ekspertiza barlagyndan geçirmäge ýene bir gezek hat berdi.

Özi bolsa eline adres alyp, Jemile Dawudowanyň ilkinji durmuşa çykan ýigidi Kuwwat Kuwwadowyň hossarlarynyň gözlegine gitdi. Gitse-de gitdi welin, Kuwwadyň hossarlaryndan ol degerli hiç zat eşidip bilmedi. Diňe ýitiren bir gije-gündiz wagtyna gynandy. Ýigidiň hossarlary sülçi Soltanowy bir bada imi-sala garşyladylar. Ýön...

Täzelikler » Detektiw proza - 06.02.2019

SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI
(Başdan geçirmeler powesti)

Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi.
Içeri işler bölüminde oňa uly ynam edildi. Uly başlygyň hut özi onuň arkasyna kakyp, haýyş etdi. Başlygyňam bu iş baradaky aladasy çökder bolmaly. Zol-zol uludan demini alýardy, gaýga gidýärdi.
&m...

Täzelikler » Detektiw proza - 05.02.2019

IKILIKÇI

Her döwrüň öz kada-kanuny bar. Adamyň mekdep döwründäki sylagy onuň sapaklaryndan alýan bahasyna bagly bolýar. Sen bäşlikçi bolsaň-a, klasdaşlaryň han kimin sylap, hormatlaýarlar. Diýeniňem iki gaýtaladylmaz. Orta haldakylaram gaty bir gözden düşýän däldir. Niçikmiň, ikilikçä öwrüläýseň welin... Dat günüňe! Aýratynam, oglan bolup ikilikçi bolaýsaň, günüňe it aglar. Gyzlar dagy gabadyňdan geçenlerinde, daşyňa maglama siňek üýşürip ýatan hapa seredýän ýalydyr. Seňriklerini ýy...
Täzelikler » Powestler - 18.08.2018

MAÑLAÝDAKY AK TEGMIL

Puluň, baýlygyň hökmürowanlyk sürýän döwründe oba içine täsin bir habar ýaýrady: “Maly-mülki ýere-göge sygmaýan, baý aýal göçüp geljekmiş!”.
Habaryň yzysüre oba mal yzyna mal, kerwen yzyna kerwen dökülip ugrady. Mallaryň sany-sajagy ýokdy. Düýeler, sygyrlar, goýundyr geçiler süri-sürüdi. Düýeleriň üstündäki ýükler sanardan kändi.
Mallary sürüp gelýän çopan-da ýeterlikdi, kerweni garawullap gelýän goç-goç pyýadalaram.
Ökde-ökde ussalar gelip,...
Täzelikler » Hekaýalar - 17.08.2018

ESASY GÜNÄKÄR

Kolhoz başlygynyň kabinetine ýygnanan adamlardan ses-üýn çykanokdy. Olaryň ählisi gözlerini elek-çelek edişip, biri-biriniň ýüzüne, birem başlygyň dolmaç göwresine nazar aýlaýardylar. Kabinet şeýle bir dym-dyrslykdy, hatda siňek uçsa, iňňildisi eşidiljekdi.
Doňdurylyp goýlan ýaly bolup, tiňkesini stoluň üstünde ýatan ruçka dikip oturan başlyk birden ýumruklaryny stola diräp, daýaw göwresini galdyrdy. Bir eli bilen bolsa stola batly düňküldedip goýberdi. Onuň zar...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.08.2018

MYHMAN

Ol ýol boýy boýnuny süýndürip, gözlerini elek-çelek edip gelşine, giň jahana nebsewürlik bilen nazar aýlaýardy. Bu ýerler onuň üçin diýseň täsindi. Ömründe görmedik zatlary—hatar-hatar tutlar, süri-süri sygyrlar, goýunlar...—bularyň bary oňa üýtgeşik görünýärdi. Ne trolleýbus bar, ne-de awtobus. Käwagt bir maşyn geçip gidýärdi.
Inkubatordan bileje çykan ýoldaşlarynyň içinden aýratyn özüniň saýlanyp alnyp gaýdylandygyny ýatlanda bolsa, ol hoşwagt ýylgyrýardy. “Bolsa-da,...
Täzelikler » Hekaýalar - 15.08.2018

GUÝRUGY KESILEN GARA PIŞIK

“Mýaw-mýaw edip, misli bogazlaryna pyçak goýlan dek bolşup mawlaşýan pişikleriň zenzenelesinden ýaňa Nepes aga bütin gije çirim edip bilmän çykdy. “Mýaw-mýaw! Mýaw-mýaw!” “Eý-ho, Beýle-de bir goh bor oguşýa!” diýip, Nepes aga janynyň ýangynyna eýlesine bir agdarylyp, beýlesine bir agdarylyp ýatyşyna, ýorganyň içinde özbaşyna hüňürdedi. “Gygyryp-gygyryp, demem gutarjak şulaňň-a!”.
Onuň hüňürdisi, birsyhly iki gapdala agdarynjyrap ýatmasy aýaly Aksolt...
Täzelikler » Hekaýalar - 14.08.2018


1 2 3 »