Результаты 1-20 из 43 по запросу Orazgylyç Çaryýew

GAPLAŇ

Dagyň eteginde ýaraty gaplaň
Düýrülip, ýazylyp tapanok karar.
Ejizlemek nire, gaplaňlyk nire,
Ol hötde gelmezmi bujagaz ýara?

Ýat bolar gaplaňa algyr çakganlyk,
Ondan bolsa aýrylasy gelenok.
Şeýle awçylar bar — tyg çekse çekýär,
Ýöne ýürekden jaý urup bilenok.

Gaplaň süýräp agyryly syrasyn,
Ýuwaşjadan daga çykyp barýardy.
Garaýşy-da derdi ýaly agyrdy,
Bu giň dünýä gaşyn çytyp barýardy. ...
Täzelikler » Goşgular - 25.09.2022

GELIN

Miweler ýygnalyp, hasyl sowulyp,
Daragtlar goluny gerende gyşa.
Joralarnyň arasyndan sogrulyp,
Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa.

Utanjaň gyz edep üçin aglady,
Gözýaşlary patrak ýaly seçildi.
Gyzlyk bilen gelinleriň arasy,
Şagalaň-şowhunly toýda geçildi.

Ynjalanok giň otagda aýlanyp,
Çagalygna uçup gidýär hyýaly.
Otyr gelin durşy bilen şaý bolup,
Täze ýyl bezelen arça mysaly.

Orazg...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

"AZAŞARSYŇ DIÝME..."

Azaşarsyň diýme,
Galma azara.
Dogry — üstüm gije, dostum hem köp däl.
Ak pulum ýok gara güne aýara,
Keýpim hem hemişe o diýen kök däl.
Ýöne görýän dünýä oýnuna gyzyp
Ýöreniň gözüne ilmejek zady.
Görýärin men bagtymyzyň ýyldyzyn,
Azaşanlar üçin ýakylan ody.

Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 12.11.2021

BAKYÝET

Men müň ýyl ýaşadym.
Ýok, ondan hem kän!
Bu gün ony hasap etmek hem çetin.
Men bardym Oguz han atam dirikä.
Uly-uly söweşleriň bir çeti
Maňa degip, saldy tenime ýara.
Eý, sen Parfiýanyň gyzgyn sährasy,
Ýadyňdamy gara başy goýara
Ýer peýlänim bir daş ülkäniň şasy
Üstümizi gapyl basan halaty?
Indi ýadym kütelişýär, kimdir ol
Şonda köňlümize baglan ganaty?
Hernä kyn pursatda galmandyk osal.
...
Täzelikler » Goşgular - 12.11.2021

"GÖÝÄ, BIR AZAŞAN GÄMI..."

Göýä, bir azaşan gämi,
Jahanda ýok belli ugrum.
Bu hem hiç,
Ýöne göwrämi
Ýok etmekçi bolýar ruhum.

Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok,
Baş goşduň peýdasyz işe.
Seni öňe äkidýän ýol
Hiç haçan gowşurmaz ile.

Seni söýüp idäp gelen
Soň galmak islär ganyňa.
Owal-ahyr şatlyk bilen
Dolanmarsyň mekanyňa.

Özgäniň çekýän ezýeti
Saňa ötere ýol bermez.
...
Täzelikler » Goşgular - 07.11.2021

"GURY AŇA BAÝRYNAŇDAN NE PEÝDA..."

Gury aňa baýrynaňdan ne peýda
Her bir öli köp bilýärkä diriden?
Kime gerek bu ymtylyş, bu pida?
Jogap ýerne gözýaş damýar dideden.

Iň soňky derejä ýetse-de bilim,
Iň soňky ýyldyza daksak-da ady,
Barybir, kalbymyz ynjalmaz biziň,
Barybir, bilmeris esasy zady.

Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » Goşgular - 07.11.2021

"MEN SENIŇ ŞAHYRYŇ, HALKYM..."

Men seniň şahyryň, halkym.
Ýalan söz geçginli wagty,
Ýalan sözlemekden gorkup,
Gürlemän gysdym dişimi.
Niçe ýyldyr gyra çykyp,
Maýda bähbidime bakman,
Etdim etmeli işimi.

Men seniň şahyryň, halkym.
Derdiňe ýaranjak bolup,
Döwrüm bilen boldum men jet.
Diýdim: “Men ýalan sözlesem,
Ol çyna berimsiz bolup,
Il-gün ynanaýsa nätjek?"

Bir zada ýetip dur gözüm...
Täzelikler » Goşgular - 07.11.2021

IÑ SOÑKY GÜNÄ

Alys ýola çykyp, azaşdym tümde.
Bir ýerden goh gelýär — görsem, üstümde
Çaýkel sürüleri barmyş hemişe.
Goý, gelmesin maňa hiç kimiň haýpy,
Men tapmak isledim ilkinji HARPY,
Baş goşdum öz başym çykmajak işe.

Pikirler aňymda gurdular jeňi,
Ýatyrmady gizlin sanlaryň jemi,
Elýeter zatlary almadym alga.
Yzasyz agyry, ukusyz gije,
Sebäpsiz gam-gussa, ýalňyş netije,
Günä ýakyn yhlas, ýersiz tag...
Täzelikler » Goşgular - 08.06.2021

GOŞGULAR

Öljegime ynamym ýok. Ýene-de ýagmaly diňen.
Gün ýaşandan garaşýaryn täzeden atmaly daňa.
Dogry, maňa duş gelenok “O dünýäden geldim” diýen,
Ýöne “Gelmedim” diýenem heniz-ä duşanok maňa.

Bilip ýa-da bilmän maňa eden bolsaňyz hyýanat,
Gorkmaň, heniz diri wagtym günäňizi geçirerin.
Diýselerem: “Daň atanda hökman gopmaly kyýamat”,
Pul iýip durmasyn diýip, çyralary öçürerin.

***
...

Täzelikler » Goşgular - 29.09.2020

MEN ŞEÝDIP HELÄK BOLARYN...

Ýyllar geçer, ýollar ýiter, ýöne meni bir söýeniň
Köňlüniň ýaşy kepemez, jany üçin eder yhlas.
Ýananymy iller görer, özgä bildirmez sönenim,
Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas.

Bar zat Hudaýyň elinde, üýtgedip bolmaz täleýi,
Belki indi görjegimiz häzirkiden gowudyr has.
Bir gün Ýaradan uzadar syryndan püre-pür meýi,
Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas.

Başyň...
Täzelikler » Goşgular - 02.07.2019

SYRLAR DÜNÝÄSINIŇ BEÝANÇYSY

Feridetdin Attaryň dünýä inen we aradan çykan ýyllary barada dürli çeşmelerde tapawutly maglumatlara duş gelýäris. Onuň «Tezkiretül-ewliýä» atly kitabynyň 2003-nji ýylda Stambulda «Timaş yayinlari» neşirýatynda türk dilinde çap edilen nusgasynyň «Girişinde» şeýle diýilýär:

"Feridetdin Abu Hamid (ýa-da Abu Talyp) Muhammet ibn Ybraýymyň doglan we aradan çykan ýyllary anyk belli däl. Emma onuň hijri ýyl hasaby b...


*  *  *

Sallançagy aýyrdylar böwürden,
Ony, gör, nirädir gitdiler alyp.
Galdy onuň öňki ýaz deý döwürden
Tama degip oýan ýeri garalyp.

Enäniň gözýaşy kepänokdy teý,
Ol busup otyrdy, dünýäni görmän.
Çaganyň daşyna oralan mütgel
Onuň arlygyna meňzeşdi örän.

Neneň gowy boljak,
Aýtmak gerekmi?
Wah, aglaýsa,
Wah, çyrlaýsa oýanyp.
…Obany örüzýän agy sesleri
Bilenokdy bir çagany oýaryp.

...
Täzelikler » Goşgular - 26.03.2019

MEN DÜNÝÄNI DÜZETJEKDIM...

Men dünýäni düzetjekdim,
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim,
Bolmady.
Soňam giç boldy.

Gözedürtme gijelerde
Diňledim arşyň demini.
Juda kän kösendim ýerde
Tapman köňlümiň emini.

Soň täjir aldy ýanymy,
Ony utmaga çalyşdym.
Galan ömrümiň ýaryny
Kagyzdyr syýa çalyşdym.

Ýüz öwürdi ezizlerim,
Içimi dökdüm ýatlara.
Meni heniz-henizlerem
Ýakýar şol a...

Täzelikler » Goşgular - 16.02.2019

HALKYŇ GÜLKI HAZYNASY

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY:

— Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr.

*    *    *

Şorta sözler halk döredijiliginiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde türkmen halkynyň ruhy durmuşyna çuňňur ornapdyr. Olar halkyň ruhy sagdynlygyna şaýatlyk edip, h...


■ ÝALANÇY 

Bir adam aýdan:
— Men ýalan sözlemäge köp ökde boldum.
Onda atasy aýdan:
— Oglum, sen ony oňarmarsyň.
Bir gün bular märekäniň içinde otyrkalar ogly aýdan:
— Men şu gün bir keýik tüpeňledim welin, ok baryp, bir toýnagyny, bir gulagyny alyp gitdi.
Onda oturanlaryň biri:
— Ýalan sözleme, ok keýigiň toýnagy bilen gulagyna birlikde nädip degsin? - diýen.
Şeýdip, oglany masgara edenler. Onuň atasy oturyp...

Täzelikler » Degişmeler - 29.12.2018

■ DÖKÜLEN AŞ 

Bir gün Weligurban öz dosty bilen bir adamyň öýüne myhman bolupdyr. Öý eýesi bulara aş bişirip beripdir. Weligurbanyň aş iýesi gelmändir-de, dostuny ýanyna çagyryp:
— Dost, munuň aşyny dökeli. Şeýtsek bu bize çorba berer - diýen.
Onda dosty:
— Nädip dökjek? - diýip sorapdyr. Weligurban oňa:
— Men saňa gezek bermän, kän iýerin, senem: «Meniň paýym gitdi» diýip, meni uran bolarsyň, menem seni uran bolaryn, aralykda...

Täzelikler » Degişmeler - 29.12.2018

■ BOLJAGY BOLUPDYR 

Daýysy ýegenine:
— Ýegen, aragy köp içmegin. Aslynda neşäniň gowusy bolmaz. Arak içip, serhoş bolanyňy biljek bolsaň, bir zat gözüňe iki bolup görner. Ine, h-ol iki eşegi görýärmiň, eger şolar gözüňe dört bolup görünse, serhoş boldugyňdyr - diýipdir.
Ýegeni näçe seredip, iki eşegi görjek bolýar welin, ýeke eşekden başga eşege gözi düşenok. Ol:
— Bow, daýymyň-a boljagy bolupdyr - diýip, ony egnine göterip, zordan öýüne eltipdir....

Täzelikler » Degişmeler - 28.12.2018

■ DURDY AGA WE GEDAÝ 

Bir gezek Durdy aga şäherde ýaşaýan dostunyňka myhmançylyga baran eken. Dosty jaýyň üçünji gatynda ýaşaýan eken. Ine, onsoň, Durdy aga üçünji gatyň eýwanynda duran mahaly, bir gedaý aşakdan elini salgap, ony ýanyna çagyrypdyr. Durdy aga aşak düşüp:
— Ýeri, saňa näme gerek? - diýipdir.
— Eçileniňden bäş-on manat emläýseň diýýän - diýip, gedaý oňa dileg salypdyr.
Durdy aga hem:
— Ýör - diýip, ony yzyna düşürip, hälki d...

Täzelikler » Degişmeler - 27.12.2018

■ BALAGYŇ ZAÝALANAR ÖÝDÝÄŇMI? 

Bir çopan sürüsini sürüp gelýärkä, sygyrlar köprä gelip, hümerlenişip duruberipdirler. Onda çopan: 
— Ýeri, ýöräberiň-dä, siziň nä prawaňyzy aljak gümanlary barmy? - diýen.
Şol wagt Daşkent gapdalyndan gelýän otly geçip giden. Sygyrlar otla keýerilişip garanlar. Çopan:
— Ýeri, otlaberiň-dä, Daşkentden geljegiň ýokdur ahyry - diýipdir.
Ana, onsoň bir sygyr sürüden yza galýar-da, sakga durup, siýmäge durýar. Ço...

Täzelikler » Degişmeler - 27.12.2018

■ KIM BERÝÄR? 

Bir diwana her gapa gelende:

 Diwana geldi işikden,
 Bela çykdy deşikden.
 Diwana bir suw beriň,
 Gara gylly meşikden-
diýer eken.

Ol patyşanyň köşgüne gelende hem şeýle diýer eken. Soňra diwana onuň beren zadyny alyp:

 Ber diýdi Subhan,
 Berer erdi soltan-
diýip, gidiberer eken.

Bir gün patyşa: «Gel, şuňa kimiň berýänini görkezeýin-le» diýip oýlanypdyr-da,...

Täzelikler » Degişmeler - 27.12.2018

Rus dilinden terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2021-06-09 06:30:11

Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2019-03-26 15:34:47

Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2019-07-02 06:22:56

Toplan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-10-15 11:19:52

Rus dilinden terjime eden: Orazgylyç Çaryýew.
Täzelikler » - 2018-06-16 11:03:25

Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2019-07-25 20:06:36

...Aý Buz bolan çaýly käsede Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2019-02-16 16:54:13

Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-12-28 01:26:50

Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-12-27 06:36:12

Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-12-29 06:36:56

Rus dilinden terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-08-08 09:41:30

Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-12-27 06:19:39

Taýýarlan: Orazgylyç Çaryýew.
Täzelikler » - 2018-12-27 17:14:27

Taýýarlan: Orazgylyç Çaryýew.
Täzelikler » - 2018-12-29 10:18:58

Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2018-12-17 00:27:43

Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2019-04-25 08:43:26

Orazgylyç ÇARYÝEW, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar instituty. ■ Peýdalanylan çeşmeler: 1). Eşider bolsaň... Aşgabat, «Türkmenistan», 1974, 5 s. 2).
Täzelikler » - 2018-12-29 10:24:09

Orazgylyç ÇARYÝEW.
Täzelikler » - 2019-03-11 06:33:08


1 2 3 »