Результаты 1-20 из 69 по запросу Rahym Esenow

▶ 26: ATASYNA MYNASYP OGUL

Işanguly Nurýagdyýewiñ hem-de onuñ "hemşerileriniñ" ömri gussaly tamam boldy. Şeýle tamam bolan ömürler diñe olaryñkymy? Ýok. Olar million, million adamlardy. Gepiñ tümmek ýeri, Saparmyrat atasyz galypdy. Dünýäde onuñ ornuny tutup biljek hiç zat ýokdy. Totalitar düzgüniñ ýiti çüñkleri Işangulynyñ güýçli hyjuwynyñ, isleg-arzuwynyñ öserini çürtüp, onuñ ýürek-bagryny dilim-dilim edip, ahyryn ömür tanapyny-da kesen bolsa, ol düzgüniñ ýiti çüñkleri her aýlawda ...

▶ 25: TOPRAKDA GALAN YZ

1992-nji ýylyñ güýzünde men ýene-de Gyzyletrege baryp, onuñ uzalyp gidýän posýologynyñ köçelerine birin-birin aýlandym. Mekdeplerine baryp gördüm. Men Işanguly Nurýagdyýewiñ ady dakylan bir zady göresim gelýärdi. Emma haýp. Gözüme ilmedi...
Ol şol howsalaly ýyllarda şu ýerde ýaşapdam, işläpdem. Çykarylan höküm ýerine ýetirilen wagtlary, berkemegi üçin gijesini gündiz edip jepa çeken adamy şol häkimiýet özüni atar diýen pikir asla onuñ kellesine-de gelm...

▶ 24: PERWAÝSYZLYGYÑ DÖREDEN ÝALANÇYLYGY

“Duşmanlaryñdan gorkma ~ ýaman etseler seni öldürerler. Dostlaryñdan gorkma ~ ýaman etseler saña dönüklik ederler. Perwaýsyz adamlardan gork ~ olar seni öldürmezlerem, saña dönüklik hem etmezler, ýöne olaryñ seslerini çykarman ähli zatlar bilen ylalaşyp ýörendikleri sebäpli ýer ýüzünde dönüklik etmegem, adam öldürmegem dowam edýär.”
Robert EBERHARDT.


Nurýagdyýewiñ hem onuñ ýoldaşlarynyñ üstüne abanýan gara...

▶ 23: SERDARYÑ ÖÑDEN GÖRÜJILIGI

Maşat Kulynyñ welilik bilen aýdyşy ýaly IIHK-niñ raýon bölüminiñ başlygy raýkomyñ birinji sekretaryndan sorag edýärdi. Özem onuñ berýän jogaplarynyñ birine hem ynanmaýardy. Işanguly ilkinji sorag edilen güni derñew işi alnyp barylýan papkanyñ ýüzünde "Işanguly Kulyýew, ol hem Nurýagdyýew" diýen ýazgyny göreninde ýüregi jigläp gidipdi.
Işangulynyñ kalby arassa bolany sebäpli göwni näzikdi. Şonuñ üçin hem onuñ aýdýan çyn, hakyky sözleriniñ birine...

▶ 22: OBA SERHETDEN GEÇÝÄR

Gyssagly habary ýetirmek üçin gelen ýaş ýigit aýagynyñ üstünde zordan durýardy. Aty ýorlup halys duransoñ, ony ýolda taşlap, şol ýerden raýon merkezine çenli aýakaldygyna ylgap gaýdypdyr. Teşnelik zerarly bokurdagy gurap tüýdük ýaly bolan ýaş ýigit:
- Basmaçylar obany... - diýip, gyryljyk ses bilen zordan aýtdy-da, Nurýagdyýewiñ elten oturgyjynyñ üstüne özüni goýberdi. - Olar obany Eýrany göçürýärler...
Raýkomyñ sekretary şol bada çarwalaryñ ...

▶ 21: GYZYLETREK "GIZLIN GURAMASY" NENEÑSI DÖREDI?

Wladimir Nikolaýewiç Pankowyñ harby mertebesi beýik bolman, bary-ýogy kiçi leýtenant bolsa-da, onuñ kalby ýokary göterilmäge, belentlige galmaga talwas edýärdi. Raýonda iki sany uly ýolbaşçynyñ tussag edilmegi oña belentlige galmaga hyzmat etmeli basgançak mysaly bolmalydy. Pankow pisintdäki derñew işgärleri tory derýa näçe çalt oklap bilseñ, şonça-da tora düşýän balygyñ sany kän bolar diýen pikire gulluk edýärdiler. Ýolbaşçy adamla...

▶ 20: IIHK-NIÑ DIWARYNYÑ DAŞYNDA NÄMELER BOLÝAR?

Nurýagdyýewiñ "işiniñ "halk duşmany" Aýtakow bilen baglanyşykly bolany sebäpli bu ugurda şowsuzlyk bolaýsa başyndan sypalmajagyny bilýän W.N.Pankowyñ aýagy bişen towuk ýaly bir ýerde durmaga takaty ýetmeýärdi. Sebäbi ol Aşgabatda Içeri Işler Halk Komissarlygynyñ diwarynyñ daşynda nähili işleriñ bolýandygyndan habarlydy. Ol ýerde Halk Komissarlygynyñ uly işgärleriniñ polat ýaly berk kelleleri togalanýarka, onuñ kädi ýaly kellesi nämeji...

▶ 19: NURÝAGDYÝEWLERIÑ ŞUM TÄLEÝI

Okyjylaryñ: "Bu gürrüñi berilýän zatlaryñ esasy aýdyljak bolunýan waka bilen nähili baglanyşygy bar? Uruş ýyllarynda ýitirim bolan Annamyrat ahunyñ professor Saparmyrat Nurýagdyýewiñ ölümine näme dahyly bor? Näme üçin Gyzyletrek raýkomynyñ birinji sekretary Işanguly Nurýagdyýewi "halk duşmany" diýip şeýle añsatlyk bilen aýyplar bildiler? Bu edil ol dünýä ibermek üçin putýowka berlen ýalt bolaýdy-la?" diýip, menden soramaklary ahmaldyr.
Eger t...

▶ 18: GÜMÜRTIK ÝAGDAÝDA ÝITIRIM BOLMAK

Biz şol gijäniñ özünde Eýran-sowet serhedinden geçip, Gyzyletregiñ gury subtropik merkezine geldik. Şol ýerde Saparmyrat Nurýagdyýewiñ kakasy Işanguly aganyñ tussag edilmezinden öñ şu ýerde işländigi ýadyma düşdi. Şu ýerde hem: "Eýranda garyndaşy bar..." diýlip, toslama aýyp ýüklenip, onuñ takdyry çözülipdi...
Birden uzak ýyllar mundan ozal žurnalist Döwlet Esenowyñ eden gürrüñi edil çakmak daşyndan syçran uçgun ýaly, ýylp edip ýadyma dü...

▶ 17: GOJA AHUNYÑ SYRY

Häzirki döwürde daşary ýurtly türkmenler bilen duşuşmagy, olar bilen gürleşmegi hiç kim geñ hasap edenok. Bir wagtlar bolsa... 1964-nji ýylyñ sentýabr aýynda Hyrat şäheriniñ golaýyndaky şowhunly bazarda Jüneýit hanyñ ogullarynyñ biri Eşşi han bilen ýüzbe-ýüz duşuşypdyk. Ol wagtlar munuñ ýaly ýagdaý geñ görülýärdi. Indi bolsa eýranly, owganystanly, saud arabystanly türkmenler biziñ şäherlerimiziñ, obalarymyzyñ içinde arkaýyn aýlanyşyp ýörler. Biziñ watandaşlary...

▶ 16: ÖLJEK WAGTYÑY BILIP BOLARMY?

Saparmyrat pessaý ses bilen:
- Meniñ sanalgy günüm galdy - diýip, kalbyny gaplap alan duýgy barada aýdanda, onuñ gürleýiş äheñinde özüne duýgudaşlyk edilmegine hantamalyk ýokundysy ýokdy. - Men öz bedenimde golaýlaşýan ajalyñ alamatlaryny duýýaryn, sebäbi näsaglara seredýän wagtlarym ol alamatlara gabat gelipdim... Indi gezek meniñki bolmaly...
Men oñaýsyz ýagdaýda gürrüñiñ ugruny üýtgedip, onuñ şähdini açmaga synandym. Ol meniñ aýdan...

▶ 15: ATA WE OGUL

Bu oçerkde täleýi ters gelen ata bilen ogluñ hasratly ömri barada söhbet açylýar. Ata bilen ogul çaýkanyp duran biynjalyk asyrmyzyñ aýry-aýry döwürlerinde ýaşasalaram olaryñ ömür ýolunda nähilidir bir meñzeşlik bardy. Olar hem öz döwürdeş adamlary ýaly adamdy. Olarda hem öz döwürdeşlerine mahsus bolan gylyk-häsiýetler bardy. Daşyndan göräýmäge, olaryñ ilden üýtgeşik ýeri ýokdy. Olar özleriniñ manyly ömrüni döwürdeşlerine mähir-muhabbet paýlamaga sarp eden kalby päk...

▶ 14: EPILOGYÑ ORNUNA

Öz döwründe türkmen taryhynda haý-haýly waka turzan "TA" baradaky söhbetde şol agyr ýyllarda dowzah hüjreleriniñ ählisine girip-çykyp, ahyram diri galanlar barada ýatlamasak, ol söhbet doly däl ýaly bolup durjak. Ýöne, gynansagam, gürrüñi edilen ol 35 adamyñ biri hem diri galmady. Olaryñ birnäçesi öz ajalyna öldi, birnäçeleri derñew işleri gidip ýörkä öldi, birnäçeleri türmelerde, lagerlerde, sürgünlikde öldi. "TA-1"-de diri galanlary 1937-1938-nji ýyllarda täz...

▶ 13: TOSLAMANYÑ ÝORGUDY

Stalin ölenden soñ jemgyýet agyr hassalykdan aýñalyp, kem-kemden özüni dürsäp başlapdy. Ol ýyllarda tussag edilen adamlar häli-şindi kemsidilip durmakdan, yzarlanyp ýörmekden halas bolup, arkalaryna ýel çalyp başlapdy. Tussag edilenleriñ salar dowzahyñ ähli ötlemlerinden geçip, iki-ýeke diri galany: "Bize beýle görgüleri görkezmek nämä gerek bolduka? Biziñ günämiz nämekä? Biz dünýä inen döwrümizdäki zenanlaryñ hemmesi diýen ýaly diñe "halk duşmanlaryny, dönü...

▶ 12: ELHENÇ ZALYMLYGYÑ PIDALARY

Aradan iki ýyl geçenden soñ maýyllyk aralaşyp, uzak wagt dowam eden doñaklyk çözülişip başlapdy. Türkmenistan respublikasynyñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ "Türkmen Azatlygy" baradaky "iş" boýunça 35-lere kesilen ýyllara, berlen jezalara "kanunalaýyk" diýip baha beren kesgitlemesi bilen ylalaşyp, 1956-njy ýylyñ 18-nji maýynda möhür basan Türküstan harby okrugynyñ prokurory indiden soñ şol işi dogry däl diýip çykyş edipdi. Hiçden giç ýagşy diýipdirler...

▶ 11: JENAÝATÇYLARA IŞ KESILIŞI DOGRY.... /?/

Täzeden geçirilen barlag işi tamam boldy. 1956-njy ýylyñ 17-nji martynda uly sülçi W.S.Lebedew jenaýat işleri üçin tussag edilen 35-leriñ (iki sanysyndan özgesiniñ) "işlerine" seredip gol çekipdi. Derñew işiniñ täzeden geçirilişi bu işler bilen habary ýok adamlar üçin ak mata gara ýama basylan ýaly bildirip durdy. Bigünä ejir çekýän adamlaryñ täleýine beýle garamak üçin näçe perwaýsyzlygyñ, zalymlygyñ gerekdigini ölçemek añsat däl.
...

▶ 10: HAKYKATYŇ ÇARKANDAKLY ÝOLLARY

30-njy hem-de 40-njy ejirli, endişeli vyllarda millionlarca adamlar heläk bolupdyrlar. Ikinji jahan urşunyň ganly gylyjy ýene-de millionlarça, millionlarça adamlaryň ömür tanapyny kesipdi. Ýöne şondan soňam agzyny açyp duran ajal maşyny işlemesini bes edipdi. Türmeleriň we lagerleriň mekany bolan sowetler ýurdunda ol maşynyň iýmiti ýetirilýärdi.
Stalin öldi. Ganhor Beriýa bilen onuň ýaranlary atylyp öldürildi. Şol wagta çenli durman işlän a...

▶ 9: "ÇEKIP ÇYKARMAK" OPERASIÝASY

Ahyryn O.Wafaýewiñ işi ugur alyp başlan ýalydy. Bir gezek ol Kümüşdepede ýaşaýan Täçmuhammetlere baranda, hut öz gözlerine ynanar ýaly däldi, ilki Krasnowodskide, soñra bolsa Aşgabatda gatnaşyk eden köne dosty Jemşit Mämmedowa duşupdy (ady we familiýasy üýtgedilip alyndy - R.E.). Olar edil dogan ýaly gujaklaşdylar, dyñzap gelen duýgy zerarly hatda gözleriniñ owasyna-da ýaş aýlanypdy. Wafaýew dostunyñ söwda ugrunda işleýändigini, bir wagtlar hileli ...


• Şu gün - 23-nji aprelde belli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow aradan çykdy. Merhuma Iman baýlygyny dileýäris.

◇ Ýazyjy hakynda


Rahym Esenow 1927-nji ýylyñ 1-nji fewralynda Aşgabatda (şol wagtky Poltorask) dünýä indi.
Türkmen Döwlet uniwersitetini tapawutlanan bahalar bilen gutardy.
Ýazyjynyñ 1954-nji ýylda başlan döredijilik ýoly 201...

ДОРОГОЙ БЕСЧЕСТЬЯ

— Слушайте, люди славного Шехрислама! — вещали глашатаи на площадях многолюдного города, славившегося мастерством оружейников и гончаров, чеканщиков и зодчих. — Слушайте!.. Вероломные каракитаи напали на земли Турана. Они предают огню наши дома, бесчестят наших жен и дочерей, убивают наших братьев… Люди! Вы слышите, как стонет наша многострадальная земля?! В ком жива честь, — к оружию! Лучше гордая смерть, чем позорный плен!
С раннего утра кварталы города...
Täzelikler » Taryhy proza - 16.04.2022

Rahym Esenow

...National Geographij» magazine 1932 8— Rahym Esenow: «Sary dominionyň» kölgeleri. Aşgabat. «Magaryf» 1985 9— R.Esenow: «Jüneýt han Türkmen gozgalaňçylarynyň serdary» makalasy. 10— Turkmenowedeniye jurnaly. Aşgabat.
Täzelikler » - 2020-08-26 17:52:51

2 Rahym Esenow: “Sähardaky salgymlar” we “Sary domenýonyň kölgeleri” 3 Gylyç Kulyýew: Gara kerwen. 4 Gaýyp Nepesow: Demirgazyk Türkmenistanda Sowet gurluşynyň ýeňişi....bölekleri goşmaça bölümde getirdik) [1] Rahym Esenow: «Sary dominýonyň» kölgeleri. Aşgabat. «Magaryf» 1985 [2] G.Nepesow: Demirgazyk Türkmenistanda Sowet gurluşygynyñ ýeňişi. Aşgabat 1956 [3] gollanma.
Täzelikler » - 2020-07-29 20:57:29

Rahym ESENOW: Durmuşda bolşy ýaly, edebiýatda hem tankyt hakykatçyl, dogruçyl bolmalydyr. Ýazyjy özüniñ ýokary terbiýeçilik missiýasyna ygrarly bolmalydyr, ýaşlara görelde görkezmelidir, ...
Täzelikler » - 2024-08-24 22:29:20

Bu barada ýazyjy Rahym Esenow şeýle maglumat berýär: “...Käbir çap edilen matrýallarda mysal hökmünde Jafar Burkazyň /horazyň/ ady getirilýär, ol oktober ynkylabyndan soň iňlisleriň ...
Täzelikler » - 2020-08-02 15:41:02

...geçip bir gezek makalanyň awtory Rahym Esenow bilen otluda bir küpede Çärjewe konferensiýa gitdik. Şonda ol maňa: Tagan, sen menden öýkeläp ýörme.
Täzelikler » - 2022-10-22 16:42:20

...günem: – Bu ýazgylarda Gylyç Kulyýew, Rahym Esenow dagynyň ady bar. Aý, geliň, ýazyjylaryň özara dawasyna goşulyp ýörmäliň le – diýdiler. Şundan soň ýazgylar ýene «Edebiýat we sungatyň» ...
Täzelikler » - 2020-02-05 19:55:58

Esenow, H.Görogly, M.Öwezgeldiýew, A.Meredow, G.Geldiýew dagy ýazma kemini goýmadylar. Şol şygyrda hem «Mämmetjuma dostum, molla Zelilim» ...gerek. Eý agalar, arman bilen Dürli döwrandan aýryldyk. Il bolup Rahym han bilen, Haýdar soltandan aýryldyk.
Täzelikler » - 2020-01-12 17:19:31

Ýazyjy Ata Nuryýew , Rahym Esenew we beýlekiler, Jüneýt hanyň bu gozgalaňyny Britan imprýalystleriniň prowokasiýasy diýip häsiýetlendirýärler.[3] Halky ruhdan düşürmek makesady bilen Sowet ...ýylda serhet komissarynyň ygtyýaryndaky toparda Eýrana täzeden iberildim”. (Seret R.Esenow: Syrly töhmetleriň pydalary.
Täzelikler » - 2020-08-03 09:48:46


1 2 3 4 »