Результаты 1-18 из 18 по запросу Rejep Ihsan Eliaçyk

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ONUNJYSY

Onunjusy - Pygamberimiz (s.a.w) yzynda kimdir birini oruntutar edip goýmandyr. Ne Alyny, ne Ebu Bekiri, ne-de başga bir sahabany oruntutar, ýagny, öz ýerine geçjek biri hökmünde taýynlamandyr. Oruntutar-mirasdüşer, mal-mülk, miras goýmandyr, diñe Allanyñ kitabyny goýupdyr, başga hiç zat goýman gidipdir we muny bile-bile şeýdipdir. Başga hili bolan bolsa, işiñ içinden çykmak kyn bolardy.
Pygamberimiziñ (s.a.w) durmuşynd...

DINLER ADAMZAT ÜÇIN PEÝDALYMY, ZYÝANLY?

Şeýle diýilýär: "Adamzat taryhynyñ dürli döwürlerinde bolup geçen ähli uly uruşlar dinler sebäpli boldy, dinler adamlaryñ arasynda uruş döredýär, adamlaryñ ynanýanlara we ynanmaýanlara bölünmegine sebäp bolýar, ynanç üçin adamlar biri-birini öldürýär."
Muña seretjek bolsañ, diýmek, dinler adamlaryñ ölmegine sebäp bolýar, dini uruşlar turýar, onda bu dinleriñ nämä geregi bar diýilýär? Dinler şu nukdaýnazardan seredende adamzat üçin zyýan...
Täzelikler » 2022/01/25 - 25.01.2022

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ DOKUZYNJYSY

Dokuzynjysy - Pygamberimiziñ (s.a.w) öz ogullygynyñ aýalyna göz dikendigi we bu boýunça aýatyñ indirilendigi baradaky pikir..
Gürrüñi gidýän "Ahzab" süresiniñ 37-nji aýaty şudur:
"Hany, birmahallar özüne hem Allanyñ nygmat beren hem-de seniñ ýagşylyk eden kişiñe: "Aýalyñdan aýrylma, Allanyñ gazabyny üstüñe çekmekden çekin!" diýipdiñ-de, Allanyñ aýan etjek zadyny içiñde saklap, adamlaryñ gepine galmakdan gorký...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ SEKIZINJISI

Sekizinjisi - "Pygamber ejir çekdirdi, adamlaryñ gözüne mil çekdirdi" diýilýär.
Bular hadys kitaplarynda geçýär. Toslama rowaýatda aýdylmagyna görä: "Medineli bir topar gelip, duran goýun sürüsini alyp gidýär, çopanymam öldürýär. Pygamberimiz şol topary sakladyp, yzyna getirdýärmiş we ilki gözlerine mil çekdirip, soñ olary Medinäniñ daşyndaky daşlyk bir ýere äkidýärmiş. "Bulary şu ýerde goýuñ, iýmäge-de bir zat berä...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ÝEDINJISI

Ýedinjisi - Pygamberimiziñ (s.a.w) 9 ýaşlyja gyzjagaza öýlenendigi baradaky orta atylýan pikir...
Bulam ýalñyş! Äşe durmuşa çykanda 19 ýa-da 21 ýaşyndady. Birnäçe ýoldan şeýle netijä gelip bilýäris. Äşäniñ özünden uly dogany Esma bar. Esmanyñ ýaşy çeşmelerde takyk ýazylan. Äşe ondan on ýaş kiçi. Esma hijriniñ 73-nji ýylynda 100 ýaş töweregi ýaşanda aradan çykypdyr. Şeýle-de Medinä gelende ol 27 ýaşan eken. Äşe ondan o...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDUR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ALTYNJYSY

Altynjysy - Pygamberimiziñ (s.a.w) fetih (ýer eýelemek häsiýetli, basybalyjylykly -t.b.) hereketlerini amala amala aşyrandygy baradaky pikir...
Şundaky "fetih" sözüniñ özi ýalñyş, pygamberiñ bular ýaly herekete girişendigini öñe sürmegem ýalñyş. Pygamberimiz (s.a.w) hiç bir ýeri basyp almaga gitmedi. Hiç bir halkyñ üstüne çozup, olary musulman edip, paç-hyraja baglap, mallaryny oljalap, aýal-gyzlaryny gyrnak, erkekler...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ BÄŞINJISI

Вäşinjisi - Рygamberimiziñ (s.а.w) Mеdinede уslam döwlеtini gurаndygy barаdaky рikir...
Pygаmberimiz (s.a.w) уslam döwlеti beýlеde dursun, hiç hili döwlеt ýа häkimiýеt gurmаdy. Кurany-Кerimde döwlеt sözi ikijе ýеrde gеçýär, ikisi-dе ýаramaz mаnyda. Нäkimiýet sözi-hä аsla-da gеçenok. Ýаzgyt, tаkdyr diýiр gеçýär, ýönе musulmаnlara häkimiýеt bеrdik diýеnok. "Нaj" sürеsiniñ 41-nji aýаtynda şеýle diýilýär: "Оlara ýеr ýüzün...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ DÖRDÜNJISI

Dördünji ýene bir gödek ýalñyşlyk - 960 sany jöhidiñ damagyny çalandygy baradaky maglumat...
"Beni Kureýza jöhitlerini Medinäniñ içinde çukurlar gazyp, Hezreti Aly (r.a) bilen bile jokrama yssy howaly günleriñ birinde öldürmäge başlanmyş, günortanyñ yssysynda "Ýa Aly, biraz dem alaly, howa-da yssy, ikindiniñ salkyny düşsün" diýenmiş. Ikindiniñ salkynynda Hezreti Aly eline Zülpükaryny alyp, 960 jöhidi kese-kese çukurl...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ ÜÇÜNJISI

Şeýle diýýärler: "Pygamber Medina gelende özüne garşy gidýän şahyrlary öldürtdi.
- Agyr şygyrlary aýdyp, meni ynjydýarlar. Meni olardan halas etjek ýokmy - diýdi.
Muhammet ibn Mesleme atly sahaba hem orta çykyp:
- Men bar, ýa Resulalla! O abraýa men mynasyp bolmak isleýärin - diýdi we guşagynyñ aşagyn hanjar bukup çykdy, gije garawullabam, şol aýdylýan şahyry arkasyndan hanjarlap öldürdi"...

...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ IKINJISI

Bu aýdýanlarym pygamberlikden öñ bolan zatlar, mugjyzasy añyýete görä pygamberliginde-de "geñ-tañsy wakalar" dowam edýär. Bularyñ iñ meşhury "Kamar" süresindäki aýatyñ şeýle düşündirilmegidir: ýagny, şeýle diýilýär: "Pygamberimiz Aýy ikä böldi. Müşrikler "Aýy ikä bölüp görkezsene!" diýdiler. Pygamberem elini galdyrdy we Aýy ikä böldi. Müşrikler muny gözi bilen görüp duran wagtlarynda-da, ynanmadylar."
Bular ýaly zat bo...

PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ BIRINJISI

Pygamber dogulmazdan öñ, doglan wagtynda, ýaşlyk ýyllarynda adatdan daşary wakalaryñ bolandygy baradaky rowaýatlarda şeýle diýilýär:
"Pygamberimiz doglanda eýran kisrasynyñ köşklerindäki şemdanlar söndi, sütünler ýykyldy", "Ýaşlygynda depesinde bulut ýörärdi", "Pygamber çagaka Jebraýyl geldi, ony ýere ýatyryp, kükregini ýardy, şerh etdi we ýüregini çykaryp zemzem suwy bilen ýuwdy".
Bularyñ barsy siýer (pygamber...

LIDERIÑ MUKADDESLEŞDIRILMEGI

Ýogsa-da, adamlar nämüçin liderlerini mukaddesleşdirýärler (kultlaşdyrýarlar)? Nämüçin özünde-de bar bolan zatlary bir ýana zyñyp, ähli bar zadyny diñe ýolbaşçy hasaplaýan adamynda bar hasaplap, onuñ pikirlerine, orta goýan mirasyna däl-de, boý-syratyna, göz-gaşyna çokunjak derejede baglanýarlar?
Lideriñ kultlaşdyrylmagy adamzat taryhynyñ ähli döwürlerinde iñ esasy mesele bolmagynda galdy. Köplenç halatda seredilende, lideriñ öz yzyna düşýänleri ş...

IHSAN ELIAÇYK: "BULAR HUDAÝA BIL BAGLANOK"

• Ylahyýetçi Ihsan Eliaçygyñ Odatv saýtyna beren interwýusy

Ylahyýetçi alym Ihsan Eliaçyk eýýäm birnäçe wagt bäri gyzgyn seslenme döredýän çykyşlary bilen dillerden düşenok.
Hususanam, AKP hökümetiniñ ýöredýän syýasatyna garşy yslam çeşmelerine esaslanyp edýän tankydy bellikleri birgiden gowurlaryñ turmagyna sebäp bolýar. Bir gezek emewi dininiñ öwredilýän Ymam Hatyp liseýlerini tamamlanlaryñ kellesini sähel işled...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 03.01.2021

"HUDAÝA YNANMAÝANLAR KAPYRMY, ÝA-DA..."

Eliaçyk hoja: "Kimdir biri öñden bäri Hudaýa ynanmaýanlara kapyr diýýär, aslynda welin..."

- Hojam, dinde köp ýoýulýan zatlaryñ birem jady-tilsim, doga-tumar. Häzirki günlerde jady-tilsim meselesine nähili garamaly?

- Jady-tilsim - aldamak diýmekdir, bolýan zatlary başga hili edip görkezmekdir. Mysal üçin, teleýaýlymlarda gaty köp jady-tilsimler edilýär. Al-ýaşyl we hemme zat gülala-güllük edip görkezilýän s...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 01.01.2021

IHSAN ELIAÇYK: "HÄZIRKI BOLÝAN ZATLARA SEREDIP, ATEIST BOLSAÑYZ - JAÝYZDYR, MENEM ŞU "DINIÑ" ATEISTI"

Ylahyýetçi alym Ihsan Eliaçyk gyzgyn seslenme döredýän çykyşlary etmäge dowam edýär....
Eliaçyk häzirki bolýan zatlaryñ hakyky yslam bilen hiç baglanyşygynyñ ýokdugyny, bulara seredip, "heý, Allanyñ dinem şeýle boljakmy?" diýip, ateist bolýanlaryñ köpelip biljekdigine ünsi çekip, "menem şu dinin ateisti" diýdi.
"Antikapitalist musulmann" diýip tanalýan Ihsan Eliaç...

GOMOSEKSUALIZM BARADA IHSAN ELIAÇYKDAN SESLENME DÖRETJEK ÇYKYŞLAR

Türkiýäniñ LGBT birleşiginiñ internet saýtyna interwýu beren ylahyýetçi Ihsan Eliaçyk seslenme döredip biljek çykyşlary etdi.
Eliaçyk yslamyñ eden-etdilige, diýdimzorluga garşy çykýandygyny nygtap, gomoseksuallara edilýän diýdimzorlugyñ yslam bilen hiç hili baglanşygynyñ ýokdugyny öñe sürdi. “Osmanlylarda-da zenne (gomoseksuallyk) hukugy kemala gelipdi” diýen Eliaçyk “Patyşanyñ öñünden resmi paraddan geçerle...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 30.12.2020

ARAMYZDAKY BUTLAR: LAT, UZZA, MENAT

Gurhanda araplaryñ yslamdan öñ ynanan üç daş hudaýynyñ "adyna" aýratyn üns berilýär.
Eýsem näme üçin?
Aýatlaryñ wagt taýdan iniş tertibine seredilende, butlaryñ ady ilkinji gezek "Nejm" süresinde agzalýar. Diýmek, tutuş alty ýyllap butlaryñ ady agzalmaýar. Ilkinji gezek "Nejm" süresinde üç butuñ ady şeýle tutulýar:

"Latdyr Uzzany we beýleki üçünjisi Menaty gördüñizmi?"
(Seret: "Nejm"; 53/19-20)

Soñra ...

Rejep Ihsan ELIAÇYK.
Täzelikler » - 2018-07-18 12:51:03