Результаты 1-17 из 17 по запросу Rozygül Ýazhanowa

TÄZE ÝYL ARZUWY

TÄZE ÝYLDAN baş arzuwmyz,
Ýer ýüzüne saglyk getir.
Keselleriñ kökün kerçäp,
Dünýäni derdinden gutar.

Agzybirlik, asudalyk,
Ornaşdyryp törümize.
Rysgal-dòwlet, berekede,
Her ojagy töri beze.

Gelinaljy köp ýyl bolup,
Bäbejikleñ sany artsyn.
Goñşy-goñşa diñşirgände,
Şowhun gülkä gulak assyn.

Her bir öýe her maşgala,
Bagtyýarlyk nesip etsin.
Arzuwlar amala aşyp,...

Täzelikler » Goşgular - 01.01.2021

"G"

Gözlän gözler gerekleýär geregim,
Ganatlanýan görenimde garañy.
Gadyrladyñ galdyrylan göwnümi,
Gymmatlyny gyýylmakdan goraly.

Guzabyndan gutar geçen günleriñ
Gözlem gülsün gözleriñe garanda
Görejiñde gaýmalaýan guwanja
Gurbandyryn göz gyýtakda garamda.

Gadyrdanym gam-gussada galdyrma,
Göter göwni göge galyp gaýaýyn.
Günleñ gujagynda gujagyn gülli,
Gözellige garylyplar galaýyn.

R...
Täzelikler » Goşgular - 25.01.2020

■ ŞAHYRA

Şahyrlara dil baýlygy bol ýeten,
Ýiti duýgurlygam, güýçli duýgusam.
Sözlerine burçy, duzy bol gatan,
Artyk düşen nabat, şeker, söýgüsem.

Gülkä bogup ýykar, özem deň güler,
Seň degişmäň bolar käte tersine.
Kä söz duzsuz, kä şerebä deň geler,
Şahyr sazlap tagam berer hersine.

Başgalardan görgürligem zyýada,
Duýmanam başarýar duýmanka özge.
Berimsiz dogana, dosta, uýa-da,
Özündenem ökde dü...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2019

ÝENE ÖZÜMDE GALDY

Hyýalbentdim, arzuwçyldym, çagakam,
Ynanýardym aşjagyna amala. 
Bilemokdym puç bolýanny yhlasyň, 
Hasyl bermän, gelmän galşyn kemala.

Öz ugrunda kän ylgatdy arzuwlar, 
Juda golaý, el ýetmäge säheldi. 
Surnukdyryp, nesip däldi her gezek, 
Çilelimi ýa duşmadyk sähedi.

Hyýalbentlik galdy ýene özümde, 
Saklap ony kem görmedim goldanmy. 
Derdim gozgap, dyrmasa-da ýaramy,&nbs...

Täzelikler » Goşgular - 22.04.2019

KÖŞEŞDIR MENI

Däli göwnüm däliligne tutanda,
Köşeşdir meni.
Özümiñ özüme erkim gidende,
Köşeşdir meni.

Şatlanamda şärik boljagym az däl,
Gitsem, gelsem garşy aljagym az däl,
Haýyş sana bu kereşme ýa näz däl,
Köşeşdir meni.

Karar, takat azalanda janymda,
Özge ýokdur sanawymda, sanymda,
Şol pursatda bolmasañda ýanymda,
Köşeşdir meni.

Daşym dolam bolsa çeksem ýekelik,
Bir özümi ...
Täzelikler » Goşgular - 17.08.2018

Rozygül ÝAZHANOWA

▶ ÝÜREK GÖZLÄP

Göz gyzdyrman başga zada,
Gezdim ýürek gözleginde.
Ýalñyşlyklar ýazgyt paýym,
Şowsuzlyklar gözlegimde.

Bitmejek däl - bitirmek kyn,
Şol gymmatla hyrydardym.
Ýetilmedik bir islegim,
Çyn ýürekden - çyna zardym.

Aýasynda hödürlänler,
Juda çyna berimsizdi,
Ýa - ha olar örän ýeser,
Ýa - da çakdan görümsizdi.

Tapyljakmy, kim başarjak,
A...
Täzelikler » Goşgular - 03.07.2018

ROZYGÜL ÝAZHANOWA

▶ MAKSADYMA

Sokur gözden ýaş akdyrjak,
Yhlasym bilen güllärin.
Daş ýaryp, daşa kök urjak,
Müşk saçar hoşboý güllerim.

Sowuk ýürekli gagşatsa,
Mähri goruñka ýylaryn.
Minnetli aş daganymdan,
Öz kendirigmi ýalaryn.

Uçaryn ganat ýasanyp,
Baş bermezek çapgyn ýelden.
Geçen ýerlem goýup yzda,
Ýokary galaryn ýerden.

Süýr depesinden gararyn,
Belende galy...
Täzelikler » Goşgular - 19.06.2018

Sähel salym görünmesem ideýän
Şeýle bir durumsyz dost gerek maña.
Ýanymdaka göwni hoşal şadyýan,
Irmejek, irimsiz dost gerek maña.

Duýgy meñzeş pikri gabat gelişen,'
Göwnümdäkä düşünmäge çalyşan,
Çöregni däl, ýüregini bölüşen,
Gursagy gurumsyz dost gerek maña.

Hökmany däl boý meñzeşlik boýuma,
Islän wagty gelip bilýän öýüme,
Garaşdyryp boýçy bolman çaýyma,
Ýoluna garamsyz dost gerek maña.

Orun b...
Täzelikler » Goşgular - 17.06.2018

Rozygül ÝAZHANOWA

✔ PELSEPE

Ugradylýan ýer däl ulag mennziller,
Gelýäniñem garşy alynýan ýeri.
Söýmedige perem ýönekeý gyzdyr,
Görmeksizje gyzam söýene peri.

Her günem gün ýaşýar, dogýar ýene-de,
Ýöne güniñ günden bar tapawudy.
It bar öz ýal beren eýesin ýaran,
Gördüm yklan öýün goraýan iti.

Pil bilen gazylýar garyndyr, gabyr,
Toý gazanlar üçin gazylýar ojak.
Ynsan durmuşynda ýöne bir gura...
Täzelikler » Goşgular - 16.06.2018

Rozygül ÝAZHANOWA ✔ PELSEPE Ugradylýan ýer däl ulag mennziller, Gelýäniñem garşy alynýan ýeri. Söýmedige perem ýönekeý gyzdyr, Görmeksizje gyzam söýene peri.
Täzelikler » - 2018-06-16 11:10:30

ROZYGÜL ÝAZHANOWA ▶ MAKSADYMA Sokur gözden ýaş akdyrjak, Yhlasym bilen güllärin. Daş ýaryp, daşa kök urjak, Müşk saçar hoşboý güllerim.
Täzelikler » - 2018-06-19 20:38:41

Rozygül ÝAZHANOWA ▶ ÝÜREK GÖZLÄP Göz gyzdyrman başga zada, Gezdim ýürek gözleginde. Ýalñyşlyklar ýazgyt paýym, Şowsuzlyklar gözlegimde.
Täzelikler » - 2018-07-03 21:18:44

Rozygül ÝAZHANOWA.
Täzelikler » - 2020-01-25 21:28:21

Rozygül ÝAZHANOWA.
Täzelikler » - 2020-01-25 21:32:42

Rozygül ÝAZHANOWA
Täzelikler » - 2018-06-17 21:51:01

Rozygül ÝAZHANOWA.
Täzelikler » - 2019-04-22 07:39:00

Rozygül ÝAZHANOWA.
Täzelikler » - 2019-09-11 20:35:09