Результаты 1-20 из 101 по запросу Täçmämmet JÜRDEKOW
BILGIÇLERE YNANYÑ! Wah, oña ýetesi näme bar, ol belli zat-la, başarsaň kesellemejek bolmaly. Hany, beýle bagt hemişe ýetdirip duryamy?! Onsoñam ol seniñ erk-islegiñe ýa wezipäñe, baylygyňa-da garap duranok, ýakañdan ebşitläp tutýa-da, aldym-berdime salyberýär. Ýogsam, baýlyga gezek gelse, haýsy bela-beteriň öñünde durmaly bolsa durup biljek. Magtanmak üçin aýdýandyr öýtmäñ, Hudaý...
|
DOGRAMA Näçe ýyldyr, biz-ä, indi bu zatlara halys endigem bolupdyrys. Çagyrtjak bolup duramzok, her hepdäň anna güni irdenjik baryberýäs baş redaktoryň ýanyna. Onda edere gürrüň kän. Indiki hepdäň wezipeleri barada bäş sagatlap durman gürläp bilýär. Günde ýygnanyşsaňam, bendäň çagasy gep-ä tapjak. Walla, gürrüňden ýasalan ýaly how. Bu gezekki ýygnanyşygymyza ol ähmiýet ber...
|
DIŇE BIR ZATDAN GORKÝAN... Siz meni gorkaklykda aýyplajak bolýaňyzmy?! Ýo-ýok, men Siziň o diýýän züwwetdinleriňizden däl. Siz ýalňyşýaňyz. onda-da gödek ýalňyşýaňyz. Ýok, ýok, asla men siziň ol aýdýanyňyza "hä" diýip biljek däl. Men ýekeje bir zatdan gorkýan. Näme? Býurokratdanmy? Ha-ha! Aý, meniň ýanymda onyň dagy hiç-le, witjik. Şahyr aýtmyşlaýyn, býurokraty duran ýerin...
|
• Şu gün - 24-nji martda belli satirik ýazyjy Täçmämmet Jürdekow aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.
◇ Ýazyjy hakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda eneden bolýar. Ýazyjynyň çagalyk ýyllary Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. 19...
|
WALENTINA Käriň gazetçilik bolsa, gezende bolýas. Dürli ýerlerde bolup görýärsiň, dürli ykbally adamlar bilen tanyşýarys. Bir gezek redaksiýanyň tabşyrygy bilen «ak altynyň» mekany Murgap jülgesine gitdim. Öňde baryjy bir brigadanyň ussat pagtaçylary, olaryň gahrymançylykly zähmeti barada oçerk ýazmalydym. Raýon merkezinde maňa «Arzuw» kolhozyna gitmegi maslahat ber...
|
«GOWY» GARPYZ Añyrdan diýseñ keýplije gelen Sähet Seýidowiç şlýapasyny ýokary galdyrdy-da: - O-ho-ho-ow, bazar-a tamdyr ýaly gyzan eken. Öñürti içimizi bir sowatsak öýdýän - diýip, çöwürmeli ýigidiñ ýanyna ýöneldi. Garpyz satyjynyñ öz işi özüne ýetik bolarly. Ol ýalñyşman şol bir diýen sözlerini yzly-yzyna gygyryp gaýtalaýardy: - Garpyza geliñ, gar...
|
DAŞ EDERIS
- Salawmaleýkim! Armaweriñ!
- Bar boluñ!
- Bagyşlañ, men radionyñ habarçysy, pagtaçylar barada gepleşik taýýarlaýan.
- Asylly käriñiz bar eken, köşek.
- Men sizden bir zat sorajak bolýan.
- Baş üstüne, sorañ.
- Mendäki bar bolan maglumatlara görä, Siziñ kolhozyñyzyñ pagta plany gaty yzda süýrenýä. Näme, size iş şertlerini döredenoklarmy?!
- Döredýärler.
- Çaý-suw, gyzgyn nahar bilen üpjünçiligiñiz nähili?
- Gül ýaly...
|
BEÝLE BOLSA...
Kolhoz prawleniýesiniñ deñesinde gelip saklanan "Žiguliden" düşen adamynyñ tagaşyksyzdan ýognas göwresi ony hasam gysgajyk görkezdi. Ol elindäki könelişen portfelini ýerde goýdy-da, maşynynyñ gapysyny gulplaşdyrdy, şlýapasydyr äýnegini düzedişdirdi. Töweregindäki duranlar bilen baş atyp salamlaşdy. Soñra gözüne urlan ýaly, süssürilip kontora girdi. Hiñlenjiräp kabinetleriñ agzyndaky ýazgylara seredişdirdi. Öñi bilen, elbetde, başlygyñ ýanyna girmeli diýen...
|
ARZA
Hormatly redaktor, ilki bilen men özüm hakynda birki agyz aýdaýyn, kim bilen iş salyşýandygyñyzy biler ýaly. Meniñ adyma Setdar, familiýama bolsa Babagulyýew diýýärler. Özümem gaty köp wagt bäri söwda ugrunda işleýän. Aýlygym 83 manat 76 köpügem bolsa, Hudaýa şükür kem zadym ýok, özümem iliñ hakyny iýemok. Onda-da işigim "Wolgaly", ýedi gat jaýym bar, kanalyñ boýunda daçajygam edindim şu ýyl. Men bu zatlary magtanmak üçin aýdamok, dogry düşüniñ.
Hawa, men esa...
|
GAPLAŇ GEREKMI?
Meniň bir zada gözüm ýetdi. Başlyk bellenibilseň tanşyň-a köpeljek eken. Walla, men muny ilden eşidip aýdamok. Ynanmasaňyz özüňizem başlyk bolup göräýiň! Halys peteň-bizaryňy çykarýarlar. Kabinetim dagy edil garynjaň hinine döndi, gelýän-gidýäniň asyl yzy üzülenok.
– Hoja Meredowiç, salam!
– Salam.
– Täze wezipäňiz bilen gutlaýan!
– Sag boluň.
– Işiňiz şowly bolsun, murtuňyz towly!
– Sag boluň...
|
HARÇAÑLAŞMANY BAŞARMALY
- Bagyşlañ, şu ýeri kadrlar bölümimi?
- Hawa, şu ýer-ä kadrlar bölümi. Näme etsem-petsemiñ bar?!
- Işe ýerleşäýsem diýýän.
- Bilimiñ.
- Ýokary, özem gurluşyk ugrundan.
- O-ho-how. Öz-ä tüýs bize gerek adam ekeniñ.
- Menem size işgär gerekmiş diýip eşitdim.
- Bilimi nirede aldyñ?
- Merkezde. Gurluşyk institutyny gutardym.
- O-ho-how, gaty gowy!
- Özem zybrym bäşlik bilen.
- O-how-how, gaty go...
|
HAKYKY BAŞLYK
Be, göwnüme bolmasa gün şo bir duran ýerinde duran ýaly. Ýa tomsuñ güni sutkanyñ dowamlylygy uzaýamykan?! Işden çykyp öýe gelemde, gün ýañy öýleden agypdy. Kelläme taýak degen ýaly, men ýöne ir gaýdyberen däldirin-dä işden. Ýok, sagada seretseñ-ä gaýtam artykmajyragam işläpdirin.
- Bi yssy halys añkamyzy aşyrjagaý, sekiniñ üstüne keçe-peçe atyşdyraweriñ - diýip, men öýe girdim. Tomsuñ güni sowuk suwuñ höziri bir başga bolaýýar, mazaly ýuwunyp-ardynyp, salkyn s...
|
GEÇIRIMLI BAŞLYK
Redaktoryñ öñküligi ýokdy. Ol meniñ bilen gaty agras gürleşdi.
- Ýoldaş Jenjelow, häziriñ özünde raýispolkomyñ başlygynyñ ýanyna bar, ol seni çagyrýar...
O-ho-how, depämden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Ol meniñ derime saman dykaýmasa ýagşydyr. Hemme zat düşnükli. Gylyç Meredowiç menden aryny aljakdyr. Görýän welin, öz redaktorymyzdan-a maña çörek ýok. Hiç goldajaga meñzänok. Ýogsam başda meçew berip, meni oñ üstüne küşgürenem şunuñ özi ahyryn.
...
|
BAŞLYK AGA, BAGYŞLA
(A.Çehowa öýkünme)
- Başlyk aga jan, mümkinmidir?!
- Mümkindir.
- Başlyk aga, meñ bilen deñ bolmaweriñ.
- Hä, näme boldy?
- Ýanyñyza ýörite ötünç soramaga geldim.
- Näme boldy diýýän-how?!
- Öten agşam, daña golaý...
- Kolhozyñ samanyny ogurladyñmy?
- Ýok.
- Onda näme ogurladyñ?
- Ogurlan zadym-a ýok, ýöne...
- Hä, o nämäñ "ýönesi"?
- Düýşümde bilmän kölegäñizi basaý...
|
HOŞ GAL, EZIZIM!
Annaguly gahardan ýaña hum ýaly çişip şarkyldadyp trubkany goýdy-da, ylgap daş çykdy. Gözüne urlan ýaly eñdi, "Tiz kömek" keselhanasyna tarap. Ýakynynda ýaşaýanymyzam gowy zat, ýogsam dagy şu wagt her hili ýagdaýyñ bolmagy mümkin. Bi dawleniýe diýilýän zat bilen oýun eder ýaly däl how!
Annaguly özüniñ iç gepletmeleri bilen bu ýerik nähili ýetenini bilmedi. Ilkinji sataşan ak ýektaýly gelin ony nobatçynyñ ýanyna ugratdy.
- Bagyşlañ, öýde aýal...
|
BÝUROKRAT Kabinetimde ýeke özüm ýañy bir gyzyşyp işläp otyrdym. Bölümiñ redaktory çagyrýar diýdiler. Alajyñ näme, haýal etmän bardym. Ol hemişekileri ýaly, öwrümli gürrüñ edip oturmady. - Býurokrat hakynda felýeton ýazmaly, özem gyssagly. Hawa, şahyr Maýakowskiniñ dili bilen aýtsak, býurokratizmi möjek bolup çeýnemeli. Muny bizden döwür talap edýär, düşnüklimi, döwür! Ýöne ...
|
BÝUROKRAT DIÝÝÄNIÑ NÄME? / Telegepleşige wariasiýa - Salam, mähriban körpeler! Biz geçen gepleşiklerimiziñ birinde multfilm görkezip bilmänligimiz üçin, size erteki aýdyp beripdik. Ýadyñyza düşýärmi, özem Döwli, Aždarhalydy. Ana, şonda olar ýaly ýyrtyjy haýwanlaryñ indi biziñ aramyzda ýoklugyny-da aýdypdyk. Ýöne olaryñ deregine bolsa iki-ýeke ýakasy gaýyşly býurokratlaryñ bardygyn...
|
GONORAR
Ýaş ýazyjy Yhlas Geldiýewiçiñ bu gün öýde ýeke özüdi, oña aza beren bolmady. Ol kimdir biri bilen göreşe çykjak bolan ýaly, elini çermeşdirip ykjamlandy. Her zat etmeli welin, redaksiýanyñ ýumşuny ýerine ýetirmeli, öz daban azaby bilen eklenmeýän kireýkeşler hakynda çaklañyrajyk ýumoreska ýazmaly. Elbetde, bi añsat iş däl. Ýöne Yhlas Geldiýewiçiñ özüne ynamy bardy.
Nämeden başlajagyny bilmän, ol ak kagyzyñ ýüzüne seredip esli salym oturdy, onuñ ruçkasy edil garaçy m...
|
MENIÑ ÝAZYJY BOLŞUM
Meniñ gadyrdan we eziz okyjylarym! Bilip goýuñ, eliñizdäki kitabyñyz meniñ birinji ýa-da iñ soñky kitabym däl. Geliñ, gowusy, ol barada jedelleşip oturmalyñ, ony durmuşyñ özi görkezer.
Hawa, eger kim-de kim işde görkezen edermenligi üçin ýüñ ýaglyk sylag alan bolsa, onda onuñ gapdaly bilen meniñ birnäçe kitaplarymy hem alandyr. Mümkin, olaryñ birentegini okandyram. Dogrusy, özümem heziller edip okaýaryn. Ýok, gadyrdan okyjy, ol kitaplar geçmäni üçin şeýd...
|
TÄSIN HOLODILNIK
Döredijilik öýüne gelenime ýarym aý töweregi bolanam bolsa, ruçkam edil garaçy mal ýaly hiç ýöränokdy. Her zat edip gördüm bolmady.
Mundan boluş bolmaz, bir zad-a etmeli. Iki eliñi burnuña sokup boş barsañam bir hili gelşiksiz how, işsiz adam köpdür, her kim bir zat diýer, milletiñ diline duruw barmy.
"At çapanyñdan-a geçdik, eýeriñ gaşyndan bir bek ýapyş" diýişleri ýaly, täze zat ýazandan-a elli bizar boldum, ýöne öñki ýanym bilen getiren r...
|