Результаты 1-20 из 28 по запросу Tañryguly Taganow

■ «Magtymguly, ne gowgaly başyň bar...»

Tähranyň Gülüstan köşgünde başagaýlyk höküm sürýärdi. Köşgüň öňünde ýaragly atlylar ikibaka at salýardy. Müňbaşylaryň biri ylgap köşge girse ýene biri ondanam gaty ylgap çykyp gidýärdi Olaryň hemmesi gyssanmaçdy, olar köşge girip barýan weziri agzam jenaplaryna tagzym etmek düzgünini-de berjaý etmediler. Başga bir wagt bolan bolsa munuň üçin weziri agzam olaryň eýjigini ýetirerdi. Ýöne häzir olara gaty-gaýrym bir zat diýmäge het edip bilmedi....
Täzelikler » Taryhy proza - 06.03.2021

■ «Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz...»

Astrabat häkiminiň diwanhanasynda Sadyk soltan bilen Hudadat beg gürleşip otyrdy. Olaryň ikisiniň-de keýpi öçükdi.
– Salgydyň hasabyna getirilen zatlary hasaba aldyňyzmy? – diýip, Hudadat beg sorady.
– Hasaba alnan ýaly-da! – diýip, Sadyk soltan jogap berdi. – Enteg-ä ýüze tutup, Tährana ugradar ýaly zat ýok.
– Işler gowy-ha däl! Siziň welaýatyňyzdan ýygnalmaly salgydyň üçden birem ýygnalanok. Munuň üçin sizden hasab-a sor...
Täzelikler » Taryhy proza - 06.03.2021

■ «Ýurtlar weýran boldy...»

Bir topar ýyl mundan ozal Magtymgula Tährana barmak miýesser edipdir. Köp ilatly, uly bazarly, baý dükanly, ýaşyl baglara bürenip oturan gadymy şäher onuň gözüne gözel görnüpdir. Ol wagt Tähran Eýranyň paýtagty däldi. Agamuhammet gajary tagtyny Tähranda guran bolsa, Tähran has-da abadanlaşandyr diýip, Magtymguly çak etdi. Onuň bu tamasy çykmady. Leňkebudyň kerebi ýaly biri-birine çatylyp gidýän egrem-bugram köçeler hapady, sadyr bolup giden ýata suwlar kö...
Täzelikler » Taryhy proza - 06.03.2021

* * *

– Hаnjan еgri gerkеzlerden bir gуzy elе düşürjеk bоlup аňtap ýörkä, оnuň girisinе düşеn Аkjagül bоldy. Нiç zаtdan hаbarsyz suw alуp gеlýän gуzy duýdаnsyzlykda аlyp gаçmak Hаnjan еgrä kуn düşmеdi. Ýönе, оny аtyň üstündе sаklamak iňňän kуn düşdi. Аkjagül garаçyny bilеn çаbalanyp, еlden-aýаkdan çykур bаrýardy. Gуzy sаklap оturan ýigidе реr bеrenokdy. Оbadan оňly arаny аçmankalar, Аkjаgül ýigidiň еlinden sурyp, аtdan аgyp gitdi. Ýеrinden turdу-da, ökjäni götеrdi. Hаnjan еgriň nökе...
Täzelikler » Taryhy proza - 06.03.2021

■ «Gybatkeşiň baran ýeri ot bolar...»

Astrabat welaýatynyň täze häkimi Sadyk soltan diwanhanasyna gelen badyna Abulfat mürze oňa täze habar aýtdy.
– Onuň alyhezretleri Agamuhammet şanyň ynamdar adamsy Hudadat beg ýokary buýruk bilen şäherimize gelýämiş.
Sadyk soltan esli salym bir nokada seredip durdy-da:
– Geň galaýmaly! – diýip, başyny ýaýkady.
– Nämä geň galýaňyz, hökümdarym? Hudadat beg bu ýere Gulamaly han zamanynda-da köp gelipdi,
– Geň gald...
Täzelikler » Taryhy proza - 06.03.2021

BÄŞINJI BÖLÜM

■ «Töreýitde harman gursak...»

Daň golaýlapdy. Asmanyň gara perdesiniň ýüzüne süýt reňki çaýylyp ugrapdy. Ýere bakyp göz gypyşýan ýyldyzlar kem-kemden ýitip barýardy. Töreýidiň meýdanyna ekilen bugdaý hem arpa giden gözýetimi tutup, saralyp ýatyrdy. Orak orlup gutarypdy. Daýhanlar gije-gündiz döwegiň üstünde bolýardy. Olar işe ýaraýan maşgalalaryny-da alyp gidipdi. Gully ýetim hem aýaly Hajarbibidir alty ýaşly ogly Ilamany getiripdi. Uzakly gün döwek döwü...
Täzelikler » Taryhy proza - 05.03.2021

■ «Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz...»

Çowdur öz nökerlerini hem beýleki obalardan kömege gelen adamlary bir ýere ýygnady.
– Ýigitler! – diýip, ol ýuwaş, emma gazaply ses bilen söze başlady. – Gyzylbaşlar Serçeşmäniň boýuna uly güýç toplapdyr. Olaryň sany biziňkiden birnäçe esse köp. Gökleň obalaryndan hem ýomutlardan bize kömek geler öýdüp garaşdyk. Ol tamamyzam çykmady. Bize kömek etmäge wada beren adamlar namartlyk bürenjegi-ne bukuldylar. Biz ýalňyz öz gaýratymyza bil...
Täzelikler » Taryhy proza - 05.03.2021

■ «Pyragy ýüz tutar türkmen iline...»

Magtymguly, Nazarly, Abdylaly çapyk üçüsi Durun galasyndan çykyp, Börmä baka sürdüler.
– Şahyr diýýän-ä – diýip, Nazarly sorady. – Biziň serdarymyza synyňyz oturdymy?
– Ýadyňyza düşýämi? – diýip, Magtymguly Nazarlyň özüne sorag berdi. – Hywada okaýakak horezmli Akmämmet begiňkä barypdyk. Şonda siziň Akmämmet bege synyňyz oturypmydy?
– Aýdýanyňyza düşünýän, şahyr!
– Biziň atamyz türkmen iliniň agzybir bolup ýaşanyňy g...
Täzelikler » Taryhy proza - 23.02.2021

■ «Han edip il perrajyny...»

Hudadat beg Gulamaly hanyň garaşýan wagtyndan ir geldi.
– Hoş gördük, hormatly begim! – diýip, Gulamaly han ony garşylady. – Saparyňyz mübärek bolsun!
– Öz hal-ahwalyňyz niçik? – diýip, Hudadat beg gepbaşy hökmünde sorady. – Aman-esen hudaýa gulluk edip ýörenmisiňiz?
– Hawa, begim, siziň geleriňize garaşyp ýatandyrys. Parasatly geňeşiňize garaşyp, Habyp hany häli-häzire çenli ýörişe-de ugradyp bilemzok.
– Habyp hanyň nökeri k...
Täzelikler » Taryhy proza - 23.02.2021

«Görüňlеr lоly dоstlugyn...»

Ýоmut sеrdarlarynyň аrasynda dil taрmaga-da, ýоl tapmаga-da iň ezbеrleriniň biri Annаtuwak sеrdardy. Gеňeş еdilende ýа-da serdarlаryň mаslahaty bоlanda, birinji nоbatda, Аnnatuwak sеrdara sаla sаlynýardy. Eýrаn häkimlеri-de ýоmutlar bilеn iş salşаnlarynda Аnnatuwak sеrdara ýüz tutýаrdylar. «Gеçä jаn gаýgy, gаssaba ýаg» diýlişi ýaly, Eýran häkimleri salgyt-hyraç bahаnasy bilеn ýоmutlary köрräk sаgjak bоlýardy, ýоmutlar аňrujy ýаgdaýyny tаpsa, özlеrini sаg...
Täzelikler » Taryhy proza - 23.02.2021

■ «Aman günler az hem bolsa ötmez hiç...»

Şyhym baýyň garyndaşlary baýyň ölerine mähetdel onuň zadyny dargatjak bolup ölüp-öçüp barmaklary Meňlini geň galdyrdy. Şyhym baý ölen agşamsy onuň bir küýze kümüş puly ýitirim boldy. Ol puly şol aralykda arwah ýa-da jyn göterip äkitmänligi belli. Baýyň üçi, ýedisi güni geçirilende-de, onuň garyndaşsumaklary baýyň belli gününi geçirmek bahanasy bilen çöldäki sürülerden onlap-ýigrimiläp goýun alyp gaýdypdyrlar. Ol goýunlarynam nirä äkidilip, ...
Täzelikler » Taryhy proza - 11.02.2021

DÖRDÜNJI BÖLÜM

■ «Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi...»

Dünýäde ýüze çykýan ýagşy hem ýaman wakalara garaman, gün şol bir endigi boýunça dogup-ýaşyp dur. Aýlar aýlanýar, ýyllar geçýär. Wagt geçdigiçe-de hemme zat könelýär. Maşat baba öwlüýäsinde mazar bolup galan Möwlana Nury Kazymyň mazary-da kökeldi, tümmegi kiçeldi, töweregini ot-çöp basdy. Şunça ýylyň dowamynda Magtymguly hormatly müderrisini ýadyndan çykarmady. ýylda-ýylaşa Maşady-Misseriana baryp, müderrisiniň ma...
Täzelikler » Taryhy proza - 11.02.2021

■ «Gözümniň nurany Azadym kany...»

Luw ýylynyň ýazy geldi. Horezm topragy bahar lybasyny geýindi. Agaçlar gülledi, boz meýdan ýaşyl mahmal ýapyndy. Baharyň toýuny tutýan şadyýan guşlar ýakymly owaz bilen saýraýardy. Gök otdan garny doýan ownukly-irili mallar sonarly ýaýlalarda ýaýnaýardy, owlak-guzular bökjekleşip oýnaýar, kürreler, taýçanaklar ylgaşyp hyzzyn atýar.
Jahanyň nagşy bolan ajaýyp baharyň gözelliginden lezzet almagy gowy görýänleriň biri-de Magtymgulydy. Ol her g...
Täzelikler » Taryhy proza - 11.02.2021

* * *

Bagtyýar Töwke baýy gözläp, köp ýere aýlandy, baýyň öýlerine bardy, dükanlara seredişdirdi. Iň soňunda-da ony kerwensaraýdan tapdy. Tapan badyna-da Magtymgulynyň ýanyna ylgady.
Magtymgulydyr Nury Kazym kerwensaraýa gitdiler.
Kerwensaraý bazar meýdanynyň ýanyndaky mähellede ýerleşýärdi. Onuň inedördül giň howlusy bolup, howlyň çar töweregi gümmezli jaýlar bilen gabalgydy. Bu saraýa kerwen köp gelýärdi. Adamlaryňdyr haýwanlaryň galmagalyndan, arabalaryň şakyrdysynd...
Täzelikler » Taryhy proza - 11.02.2021

■ «Tälim beren ussadyňdan aýrylma...»

Magtymguly Hywa gelen badyna Nury Kazymyň ýanyna gitdi. Ol baranda Nury Kazym körpeçäniň üstünde süýnüp ýatyrdy. Ýüzi solukdy, çekgeleri içine çöken ýalydy. Onuň başujunda dolangy saçak bilen bir okara aýran bardy. Hüjräniň sag böwründe derman edilýän otlar ýatyrdy, çemeliräk mis jamda gyzylymtyl derman bardy. Magtymgulynyň salam berenini eşidip, Nury Kazym dik galyp oturdy:
– Saparyňyz mübärek bolsun! – diýip, ol Magtymgula orun görkezd...
Täzelikler » Taryhy proza - 11.02.2021

■ «Egsewer, Magtymguly, söz birle derdiň her zaman...»

Magtymguly Akmämmet begiňkä nahara bardy. Jaýda adam köpdi. Akmämmet begiň toýuna uly baýlaryň, aksakgallaryň köpüsi şu ýere çagyrylypdy. Akmämmet begiň aladasy köp bolany üçinmi ýa-da başga sebäbe görämi, Magtymgula agşamkysy ýaly gadyr etmedi. Nahar iýlende-de onuň ýanynda oturmady.
Magtymguly nahary işdäsiz iýdi. Onuň nahara kemişdä ýapyşmagynyň bir sebäbi-de, şol saçagyň başynda Şamyrat baý otyrdy. Çowduryň agşamky e...
Täzelikler » Taryhy proza - 10.02.2021

■ «Alymlara uýsaň, açylar gözüň...»

Hezreti Pälwanyň otagynda tukatlyk höküm sürýärdi. Dosmet batyr dymyp otyrdy. Hezreti Pälwan han gürlemeýärdi. Ümsümligi Ybadylla ahun bozdy:
– Siz şahyra garaşyp otyrsyňyz welin, bu günler onuň toý-meýlis diýip ýörmäge eli berin degermikä? Eger bize geňeşilse, Akmämmet begiň toýuna gitmegi maslahat bermezdik.
– O näme üçin? – diýip, Dosmet batyr ör-gökden geldi. – Siz Akmämmet begden näme ýamanlyk gördüňiz?
– Gyzybermäň, bat...
Täzelikler » Taryhy proza - 10.02.2021

■ «Nogsanyň içinden haýyr gözleme...»

Magtymguly Gyzlargül Aýymyň haýbatly derwezesine ýetip barýaka, birden derweze açyldy. Derwezeden bir atly çykdy. Onuň yzy bilenem iki sany ýaragly atly çykdy. Magtymguly öňden barýan atlynyň kazy kelandygyny tanady. «Diwana ras aýdan eken-ow!» diýip, Magtymguly içini gepletdi. Kazy kelan Gyzlargül Aýymyňka gelen bolsa, olar Enorhonly wakadan bihabar däldir. Şahyryň bady gaýdan ýaly boldy. Şol wagtyň özünde-de «Belki, olar Enorhony tapandyr» di...
Täzelikler » Taryhy proza - 10.02.2021

■ «Pygamber ornunda oturan kazy...»

Omar Hoja bilen Allaýar beg özara gürleşip barýardy.
– Rejesini aňýan welin, Hojam Mübärek Horezmi hezretleri Magtymgula howandarlyk edýär-ow! – diýip, Allaýar beg zeýrendi.
– Hoja Mübärek hezretleri onuň hiç zadyna-da höwes edýän däldir – diýip, Omar Hoja jogap berdi. – Eşidişimize görä, Hoja Mübärek Horezmi öňräk Magtymguly şahyryň atasy Döwletmämmet şahyr bilen tanyş bolupdyr. Şonda Döwl...

Täzelikler » Taryhy proza - 10.02.2021

■ «Pukaralar ynsandyr hem öýdülmez...»

Gazion bazary şäheriň uly bazarlaryndan biri bolup, ol hem öz içinde aýry-aýry bazarlara bölünýärdi. Bir ýerde pagta bazary gyzan bolsa, ýene bir ýerde küýzegärler öz harytlaryny taryplaýardy. Başga bir dükanda her hili ýaraglar satylýardy. Gepiň gysgasy, bu bazarda satylmaýan zat ýokdy. Hatda diri adamlary-da satyn almak bolýardy. Diňe kitap dükany ýokdy. Kitap göçürip satmak bilen meşgullanýan adamlar bazara çykaran kitaplaryny çem gelen ýer...
Täzelikler » Taryhy proza - 10.02.2021

TAÑRUGULY TAGANOW Tañryguly Taganow, belli türkmen ýazyjysy, dramaturg, pedagog. T.Taganow 1918 nji ýylyñ 9 njy maýynda Aşgabat şäheriniñ ...
Täzelikler » - 2022-10-23 06:39:45


1 2 »