Результаты 1-20 из 40 по запросу Tirkeş Sadykow

YKBAL YZARLAÝAN SETIRLER

Segsen bäşiň aprel şemalynyň üýtgedip gurmak syýasatynyň getiren miweleriniň biri hem – aç-açanlyk, aýanlyk. Ýöne muňa her kim bir hili düşündi, her kim bir hili çemeleşdi. Kimse ony il-günüň, işiň bähbidi üçin ulandy, kimde öz bähbidi üçin. Bu özgerişe biziň köpümiziň entek taýýar däldigimizi durmuş görkezdi. Dogrusyny dogry aýtmaly, biziň ýazyjylarymyzdyr publisistlerimiziň, žurnalistlerimiziň köpüsi aýanlygyň beren mümkinçiliginden oňat peýdalanyp bilmed...

Käte rugsatsyz bir ýana gitsem,
Ýa elujy etsem buýrulan işi,
Biliner-bilinmez gaşyňy çytsaň,
Dymsaň,
döwülere getirip dişi,

Meýlisde meý içsem dost-ýarlar bile,
Saçagyň başynda görünse bulgur,
„Ýaş başyň bar“ diýip, igenseň çala,
Kaka, senden bolar ýörerdim dilgir.

Gijeler dolanyp bilmesem çakgan,
Odun taýýarlanman galaýsa peje,
„Adam bol, eňegňe çykypdyr sakgal!“
Diýip, çendan-çendan...

Täzelikler » Goşgular - 01.07.2020

NÝU-ÝORKLY IŞSIZIÑ IÇGEPLETMELERI

Eý, gadymy şäher, eý, juwan şäher, -
Uzak asyrlaryñ gatynda dörän!
Gelen - daş keşbiñe göz aýlap sähel,
Saña: - Gözel şäher - diýýändir - örän!

Dogrudan, depesi gök diräp duran
Belent ymaratlañ ajaýyp, gözel.
Ýöne, jaýsyz ýörkä ol jaýy guran,
Heý-de göze gözel görnermikä ol?!

Eý, gadymy diýar, eý, juwan ülke,
Her gün miliiardlarña milliardlar münýä...
Eýe sen egsilmez hazyn...

Täzelikler » Goşgular - 09.06.2020

ÝIGRIMINJI ASYR

Adam bu gün ýetdi ýigit ýaşyna,
Güýji artdy,
Artdy añy-akyly.
Bagly bu gün onuñ tutan işine,
Dünýäniñ ykbaly,
Döwrüñ akymy.

Ol suwda ýüzüp ýör,
Gökde uçup ýör,
Barlap ýör,
Dörüp ýör ýeriñ teýini.
Gadymýetiñ syrlaryny açyp ýör,
Adam bu gün öwrenip ýör öýüni.

Tilsim bilen Aýdan toprak getirdip,
Owradyp ýör Arktikañ buzuny.
Nähoşlana täze ýürek oturdyp,
G...
Täzelikler » Goşgular - 09.06.2020

TÄZE ÝYLA ARZUWLARYM

1.

Gözel günleñ kerwenin
Çekip gel sen, Täze ýyl.
Paýhasy bol serleriñ,
Kalba - ylham, Täze ýyl.

Işçi üçin kuwwat bol,
Daýhan üçin gaýrat bol,
Il-gün üçin şöhrat bol,
Bagt bolup gel, Täze ýyl.

Gözellik bol güllere,
Bereket bol pellere,
Şat aýdym bol dillere,
G...
Täzelikler » Goşgular - 28.12.2019

BIZIÑ BAŞLYGYMYZ

Biziñ başlygmyzyñ öz kellesi ýok,
Egninde göterýär kellesin başgañ.
Bir mesele çyksa,
ol haýyr-heläk,
Bölüm müdirlerni çagyryp başlar.

Sala salar profkoma, partkoma,
Orunbasarlarny ýanyna çeker.
Sabyr edip diñlär aýdylsa näme,
Oýlanar,
Ýüz gezek ölçerip-döker.

Ol beýle takady nireden alýar,
Nireden alýar ol beýle dözümi?!
Ol her bir teklibi terezä salýar,
Heniz aýd...
Täzelikler » Goşgular - 23.09.2019

GUÝ, ÇABGA!

Guý, çabga!
Görk goş-da Aşgabadyma,
Damja-damja merjen bol-da seçelen!
Merjen bol ýa tylla bol-da, öwşün at,
Has enaýy ýalpyldasyn köçeler!

Guý, çabga!
Hol gelýän sallanan gözel
Has janlyrak, has batlyrak ýöresin!
Guýuber, çabgadan gorkýanlar bolsa,
Plaşlarny kellesine büresin!

Guý çabga!
Bulut bolup ýaýdanyp ÿörme,
Bulut bolanyñdan melhem bolup ýere siñ!
Baýyrlarda seniñ daman ýeriñden
...

Täzelikler » Goşgular - 26.03.2019

❄ GAR ÝAGÝAR ❄

1.

Gar ýagýar,
gar ýagýar,
tozgalap ýagýar…
Tapyşýar,
Öpüşýär asman — u - zemin.
Olaň arasynda bir teşnelik bar,
Uzak aýra düşen aşyklar kimin.
Gar zemin gonýar
täzeläp ruhy,
Ereýär köňülde gam - gussa, gubar.
Bu garda jem kalbyň şatlygy-ahy,
Bu adaty gar däl,
Üýtgeşik bu gar!

Özümi Ýer saýdym,
Seni hem — Asman,
Ara neneň uzak, pikir edip gör! ...
Täzelikler » Goşgular - 08.09.2018

Saňa hiç kim garaşmaýar işden soň,
Seni hiç kim ugratmaýar giçden soň.
Garaşmasyn,
garaşmasa — dälem kem,
Hiç kime garaşyp ýöreňok sen hem.

Seniň bar bilýäniň işiň hem öýüň,
Ýa-ha täze kitap, ýa täze geýim.
Boýdaşlaňdan başga jan edýäniň ýok,
Boýdaşlaňdan başga jaň edýäniň ýok.

Men seni synlaýan telim wagt bäri
Hem diýýän:—Aýtsana, sen kimiň ýary?!
A seň bolsa şol jogabyň ýeke-täk:
— Wah, nätjek - dä,...
Täzelikler » Goşgular - 08.09.2018

“Bagt nämede?” diýip soraýaň menden,
Diýýärsiň: “Hany, aýt, nirede bagt?!”
Küti-küti kitaplary agtarsaň,
Nagt, bu soragyň jogaby nagt!

“Bagt-jansaglykdyr” diýip gidipdir
Gadym eýýäm ýaşap geçen bir dana.
Ýazylypdyr iri-iri harp bilen:
“Päk zähmetdir bagt getirýän ynsana!”

“Agzybirlik - bagt”,
“Parahatlyk — bagt”,
Sanap gutarardan kän onuň yzy
Kitaby gürrüňe ynansaň, asyl,
Bagtdan ybarat dünýäniň özi! ...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

Ne häzir, görýäň sen öten-geçeni,
Ne häzir, sen yssy-sowugy duýýaň.
Hyýal ganatynda göterýär seni,
Uçaýsam,
Uçaýsam,
Uçaýsam diýýäň!

Kalp içre bir gizlin şatlygy buşlap,
Öz-özüň ýylgyrýaň,
Öz-özüň gülýäň.
Elwan dodaklarňy çalaja dişläp,
Gepläýjek,
Gepläýjek,
Gepläýjek bolýaň!

Köçäniň ugrunda gabat gelenler
Syrly nazar bilen geçýär duşuňdan.
Syn edip ýigitler, gyzlar, gelinler, ...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

GOWY GYZ

Ol meniň student — ýaşlyk ýoldaşym,
Men oň durmuşuna aşyk owaldan.
Oň birje ýylgyrşy beýgeldýär başyň,
Ol şeýle owadan,
Şeýle owadan!

Ýeri, ol owadan bolanda näme?!

Onda kän şatlyk bar,
Onda kän gam bar,
Onuň bilen söhbet etmek ýakymly,
Her bir aýdan sözi kalbyňa damýar,
Ol şeýle akylly, ...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

Men saňa: “Söýýärin!” diýip ýalbarsam,
Gadym ýaşap geçen aşyklar deýin,
Sen diýýärsiň ýüzleriňe çaýyp gam:
“Ikinji adamy nädip söýeýin?!”

Sen meni ikinji orunda goýup,
Ýaňzydýarsyň maňa Birinjiň baryn.
Hem: “Başga birini söýäý-dä” diýip,
Egismek isleýäň kalbymyň zaryn.

Ýok, men başga eşitdirmen ahymy,
Goý, sen diýip örteneýin - köýeýin,
Menem edil özüň ýaly ahyry —
Ikinji adamy nädip söýeýin?!

T...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

Seniň balkyldaýan gara gözlerňe
Kämahallar doýman seretsem uzak…
Birden-birden gatyrganma, özgerme,
Sen maňa raýdaş duýgy bilen bak.

Başarsam, men saňa seretmekçi däl,
Barmyň ýa ýokmuň hem diýmekçi däl hiç.
Ýöne, alajym ýok, ýaňaklary al,
Meni öz erkime goýanok bir güýç!

Ol güýç elmydama menden rüstem,
Oň elinde has kän mümkinçilik bar.
Senden yraklarda ýörenimde hem
Ol meni südürläp ýanyňa eltýär!
...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

* * *

Eý, hiç mahal hasyl bolmajak hyýal,
Niçik dözüp bilýäň sen meni gama!
- Biziň aramyzda söýgi mümkin däl,
Dost bolup galaly…-diýýärsiň maňa.

Diýýärsiň:-bu bolşuň geňlärler iller,
Diýýärsiň:-birneme rahatlan, köşeş!
Silmi ol, gaýadan gaýdanda siller,
Gara daglar bilen gurmasa söweş!

Silmi, derelere urunup her ýan,
Hana tapmasa ýa ýitip gitmese?!
Eýsem, söýgümi ol
Salymyn bermän
Bagtyn...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

Sen şeýle mähirli, şeýle eserdeň,
Şeýle mylakatly, şeýle mylaýym.
Seniň üçin hemme gowy, hemme deň,
Sen hemmä ýagşylyk etmäge taýyn.

Gowy gatnaşykda hemmeler bilen,
Köplük bilen bir howadan dem alýaň.
Biri bilen bir zat paýlaşaňda hem
Özüň üçin bir ülüşin kem alýaň.

Ýoldaşlaň üstünde ganatyň gerýäň,
Goýýarsyň olara üýtgeşik gadyr:
Birine bir käse çaý guýup berýäň,
Birine almajyk edýärsiň hödür.

...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2018

Seniň gujagyňda dünýä indim men,
Ýörjen-ýörjenligi sende öwrendim.
Men sende duşuşdym bu Durmuş bilen,
Seniň gujagyňda söýdüm, ýigrendim.

Men sende düşündim aga hem gara,
Seniň gujagyňda güldüm, agladym.
Hut seniň gursagyma guýşuňa görä
Geljek menzillere ganat bagladym.

Seniň gujagyňda uçurym bolup,
Ahyr bir gün senden uçup gaýtdym men.
Bilen bolsam näçe belende galyp,
Onuň üçin saňa alkyş aýtdym men.
...
Täzelikler » Goşgular - 24.08.2018

Biz-Adam,
Öz elimizde bagtymyz,
Aslynda biz ahyr dünýäň diregi!
Eger biz islesek, islän wagtymyz
Şatlandyryp bilýäs birek-biregi.

Eger-de men saňa hoş sözler aýtsam,
Ýa-da sen başlasaň aýdyma-saza.
Aramyzdan sumat bolar gaýgy-gam,
Dünýäni öwrüp bileris ýaza.

Biz-Adam,
Betbagtlyk öz elimizde ,
Bar bela — beteri tapýan özümiz.
Kä gürleşip bilmän öz dilimizde,
Öz münen şahamyz çapýan özümiz!
...
Täzelikler » Goşgular - 24.08.2018

Durmuş gitdigiçe kynlaşýan eken,
Kem-kem artýan eken agramy-ýüki.
Ol bir kişä eýgerderden kän eken,
Eýgertjek däl eken, bolmasaň iki.

Men onuň astynda ýegşerlip ýörkäm,
Hälem, bir ýerden sen çykdyň-da, ýarym,
Durmuşuň ýüküni deňje paýlaşdyň —
Öz egniňe aldyň onuň deň ýaryn.

Tirkiş Sadykow.
Täzelikler » Goşgular - 01.08.2018

BAR BOLAN ZAT

Bardy-geldi aýra düşse ykballar,
Şo zaman kyýamat gopar öýderdim.
Sen-ä atsyz-sorsuz asmana uçup,
Meni-de gara ýer hopar öýderdim.

Emma seretsene, hiç zat bolmady,
Günler dogdy-ýaşdy öňkisi ýaly.
Hemişeki ýaly ýagyşlar ýagyp,
Guşlar hem saýraşdy öňküsi ýaly.

Öňküsi dek akyp ýatyr derýalar,
Daglar dymyp otyr – seri hyýally.
Bar zat öňki: hiç zat bolmadyk deýin,
Sen-ä – ärli boldyň, ...
Täzelikler » Goşgular - 24.07.2018

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-05 07:31:30

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-05 07:41:26

...Mirzalyýew, gazak şahyry Terjime eden: Tirkeş Sadykow
Täzelikler » - 2022-07-15 23:06:01

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-05 07:37:28

Tirkeş SADYKOW.
Täzelikler » - 2019-03-26 16:56:47

Tirkeş SADYKOW.
Täzelikler » - 2020-06-08 22:46:19

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-05 07:19:32

...Çytylma, Ynjama, Gaty görme sen… Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-05 07:25:46

Tirkeş SADYKOW.
Täzelikler » - 2019-09-23 11:13:40

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2024-03-19 18:57:00

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-08 07:33:40

Tirkeş SADYKOW.
Täzelikler » - 2020-06-08 22:44:44

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2018-09-05 07:13:06

Tirkeş SADYKOW.
Täzelikler » - 2024-03-26 07:22:20

Tirkeş Sadykow.
Täzelikler » - 2021-11-30 21:49:38

Tirkeş SADYKOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň Magtymgulyadyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň ...
Täzelikler » - 2020-01-10 21:52:02

...Şagulyýewa, Ogultäç Orazberdiýewa, Bibi Orazdurdyýewa, Tirkeş Sadykow, Guldurdy Sähetdurdyýew, Juma Hudaýgulyýew ýaly zehinli ýazyjy şahyrlarymyz Kerim şahyryñ mekdebini geçendirler diýsem, ýalñyş bolmaz.
Täzelikler » - 2019-10-18 13:43:06

Orazguly Annaýew bilen Italmaz Hudaýberdiýewiñ, Tirkeş Sadykow bilen Mämmetnazar Babanazarowyñ, geljegine umyt baglaýan şahyrlarymyz Bibi Orazdurdyýewa bilen Bibisara Hapyzowanyñ şahyrana döredijiliklerinde göze ilýän ilkinji alamat durmuş ...
Täzelikler » - 2018-06-24 16:17:48

...Gurbannepesow, Anna Kowusow, Annaly Berdiýew, Tirkeş Sadykow, Nury Baýramow, Ata Atajanow, Durdy Haldurdy azerbaýjan poeziýasyndan örän kän goşgyny terjime edipdirler. Poeziýa terjimesi meselesinde Fikret Gojanyň ýegre ...
Täzelikler » - 2019-12-10 20:57:53


1 2 »