Результаты 1-20 из 291 по запросу Tirkiş Jumageldiýew

“GUŞ ADASY”

Şu gün “Türkmenistan” gazetinden şahyr Baýram Jütdiýewiň “Guş adasy” diýen makalasyny okadym. (19-njy awgust sanynda). Näme üçin bu makala üns berdim? Ol türkmen ýazyjylarynyň köpüsiniň häkimiýete gatnaşygyndan häsiýetli mysal.
Jütdiýew: “Ata-babalarymyz ýeňil eklenji ykrar etmändir. Olar çöregini daş ýaryp iýipdirler” diýýär. Şu hakykata özüni juda ynsaply saý...
Täzelikler » Ýatlamalar - 12.11.2024

"ÝAŞASYM GELENOK"

Agşam sagat ýedilerde öýe til edip, Şamuhammet Halmuhammedowyň aradan çykandygyny habar berdiler. Men onuň öýüne ýetmäge howlugdym. Barsam üç gat kerpiç tamyň birinji gatyndaky üç otagly kwartirasynyň eýwanynda ýatan ekeni. Milisiýadan, prokuraturadan, sud-medekspertizadan gelen adamlar dokument doldurşyp otyrlar. Şamuhammet mundan bir sagat ozal gaz trubasyndan...
Täzelikler » Ýatlamalar - 11.11.2024

ATABAÝEW ŞAHSYÝETMI?

Günortan şahyr ýoldaşymyz Kakabaý Gurbanmyradowlara bardym. Aýdylan janly berdi. Otagda bäş-alty adam bolup otyrdyk. Iýdik, içdik, gümür-ýamyra gezek gelende şahyr Atamyrat Atabaýew girdi. Atamyrat öň içerde oturanlar bilen dost-ýoldaş hökmünde ençe ýyl gatnaşypdy. Ol salam berdi, oturanlar onuň salamyny göwünsiz aldylar. Gürrüň galdy. Hiç kim oňa gep atmady....
Täzelikler » Ýatlamalar - 11.11.2024

IKIÝÜZLI

Birinji maý bilen Gogol köçesiniň çatrygynda Türkmenistanyň halk hudožnigi Aman Amangeldiýewe sataşdym. Ol ajy ýylgyryp: “Araky gürrüňi kimdir biri ýokaryk ýetiripdir, prezident köşgüniň ýanyndan geçip barýarkam, şonda işleýän bir oglan maňa: “Tirkişe gowy otpor beripsiň” diýdi. Menem: “Men altmyşdan geçen adam, bu gürrüňlere meni sokmaň” diýdim” diýdi. Men: “Bir oglan d...
Täzelikler » Ýatlamalar - 08.11.2024

AJY HAKYKAT

Bu gün Türkmenistanda hatyra güni. Gündiz sagat ikide Çary Nurymyň jaýlanan öwlüýäsine gitdik. Mazaryna gül goýduk. Ýakyn gatnaşykda bolan ýazyjylarymyzyň, kompozitorlarmyzyň başynda aýat okadyk. Şähere dolanyp, heýkeltaraş Juma Jumadurdynyň ussahanasynda Çaryny, aramyzdan gidenleri ýatlap oturdyk. Çarynyň mazarynyň üstüne ýadygärlik dikeltmegiň, aprel aýynda, doglan ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 23.10.2024

ÇARYNY ÝATLADYK

Agşam sazçylyk uçilişesiniň zalynda berlen simfoniki sazlaryň konsertine bardym. Türkmen döwlet simfoniki orkestri dirižer Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygynda rus kompozitory Rahmaninowyň 2-nji fortepiana konsertini hem belli türkmen kompozitory, meniň jan ýaly dostum Çary Nurymowyň “Maru-Şahu Jahan” atly simfoniki poemasyny çaldy. Konsert şowly geçdi. Professional saz...
Täzelikler » Ýatlamalar - 23.10.2024

AŞYR NAZAROW

Öýlän ýazyjy Aşyr Nazarowy jaýladyk. Men Aşyr aga bilen altmyşynjy ýyllaryň başynda telewideniýede, ýetmişinji ýyllarda ýazyjylar soýuzynda işläpdim. Aşyr aga ýazyjylar soýuzyndaky ilkinji partiýa guramasyna biregne 12 ýyl ýolbaşçylyk edipdi. Urşa gatnaşan, köp ýyllary harby gullukda geçiren, podpolkownik. Bu adam tüýs sowet sistemasynyň döreden adamydy. Kiçi göwünli...
Täzelikler » Ýatlamalar - 23.10.2024

HOŞLAŞYK

Öýlän sagat üçüň ýarynda Öwlüýäguly Hojagulyýew öýe hoşlaşmaga geldi. Öwlüýäguly zehinli ýaş režissýor. Ol dünýäniň birnäçe ýurdunda tanalýar diýsem, lap edip aýtdygym bolmaz. Ýapon ýazyjysy Kobe Abeniň meşhur “Ženşina w peskah” atly romany esasynda goýan “Tozanda tozan aýal” diýen spektakly festiwallarda baýraklara mynasyp bolupdy.
Öwlüýäguly Aşgabadyň ýaş tomaşa...
Täzelikler » Ýatlamalar - 21.10.2024

BASYŞ GÜÝÇLENÝÄR

Şu gün meniň üçin hormatly adamlaryň biri bolan ýazyjy, alym, diplomat Gylyç Mämmedowiç Kulyýewiň aradan çykan güni. Eýýäm dört ýyl geçipdir. Gylyç Mämmedowiçiň aýaly Anna Gurýewna her ýyl onuň doglan hem aradan çykan gününi dost-ýarlaryny, gatnaşykda bolan adamlaryny ýygnap belleýär. Bu gün hem belledi. Olaryň baga bürenip oturan salkyn howlusyna altmyş-ýetmiş a...
Täzelikler » Ýatlamalar - 21.10.2024

UZAGA ÇEKEN TÜMLÜK

Gündelik ýazgylary

1-nji kitap

Sentýabr, 1994 ý. – dekabr, 2002 ý.


SÖZBAŞY

2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda prezident Saparmyrat Nyýazow öldi. Onuň ýeke-täk häkimliginiň Türkmenistana getiren tümlügi 15 ýyl bäri dowam edýär. Bu gazaply ýyllar ýurduň betbagtlygy hökmünde taryha girmeli. ...
Täzelikler » Ýatlamalar - 21.10.2024

ON ÜÇÜNJI BAP

Rahman agşamlyk oba gaýtmalydy.
Rahman kolhoz diýen zady göz öňüne getirip bilmedi. Agahan kolhozy ahyrzaman bilen deňeýär. Rahman Agahana-da ynanmady. “Bu dünýäde özüňden başga adama ynanmaly däl” diýdi. Her kim özüçe mamla, her kimiň öz isleýän zady bar. Iki adamyň biri-birine ynanmagy üçin, öňi bilen olaryň islegi gabat gelmeli ekeni.
Agahan bigünä ...
Täzelikler » Romanlar - 20.05.2024

ON IKINJI BAP

Şol gün, garaňky düşüp, aýak ýygnanan mahaly, Gaýratyň uýasy Maraly alyp gaçdylar.
Rahman gelende Gaýratlaryň gara öýüniň öňi adamdan doly ekeni. Ol hiç kimden hiç zat soramady, bir çetde durup, märekä gulak asdy.
Bu masgaralyk on dördüni dolduryp, on bäşine giden Maral gyz ýatakdaky goýunlara ot dökmäge çykanda bolupdyr. Indiki çaklamalara görä: gelen adamlar amatly pursaty peýläp, ýatagyň gapdalynda duran bolmaly. Olaryň oba beletdiklerine hiç kim şübhe...
Täzelikler » Romanlar - 20.05.2024

ON BIRINJI BAP

Medet agalaryň gapysyndan çykan agy ses dagynyk obanyň ünsüni bir ýere jemledi. Adamlar öýden çykyp, ses gelen tarapa garadylar, gulaklarynyň eşidenine ynanmaýan ýaly, biraz säginip durdular.
Dürnabadyň agy sesiniň yzy yzlaşyga ýazdy.
Hiňňillikleriň bady ýatdy, ojaklaryň ody peseldi. Adamlar bimahal çagy öýlerini taşlamaga mejbur edilen ýaly, ädim san...
Täzelikler » Romanlar - 04.05.2024

ONUNJY BAP

Oba imi-salalyk aralaşdy. Rahman ony apy-tupandan soňky ümsümlige deňedi, ýöne ümsümlik onuň keýpini götermedi. Ýyl hassasyna ýatan adamyň bedenindäki ysgynsyzlyga meňzeş perwaýsyzlyk Rahmanyň kalbyndan çykmady. Täze dikilen öýe-de perwaýsyz garady. Şol öýde Asman bilen ýaşamalydygy, şol öýde oglunyň dünýä inmeginiň ähtimaldygy hakydasyna geldi, emma guwanç duýmady. Täze tünek oňa geçmişiň dowamy bolup görünmedi, ara üzülipdi. Şol üzügi duýmazlyk üçin hemme zady ýaňadan b...
Täzelikler » Romanlar - 24.04.2024

DOKUZYNJY BAP

Rahmanyň täze öýüni dikeltmek Dürnabada miýesser etmedi, ony şol gije otladylar. Duýdansyz galan al ýalyn obany oýardy. Itler jabjynyp üýrdi. Adamlar at toýnagynyň dükürdisine, tüpeň sesine garaşdylar. Bolmady. “Basmaçy dökülendir” diýen pikirden el çekmeli boldy. Şonda-da adamlar öýleriniň bosagasyndan daşlaşmadylar. Tomaşa küýsäp, ýazzyny berjek bolup duran çagalaryň elinden çekip sakladylar. Olar şeýdip, bu waka özleriniň dahylsyzdyklaryny bildirdiler.
Gaýrat...
Täzelikler » Romanlar - 17.04.2024

SEKIZINJI BAP

Rahmanyň salnan otagyna jaýyň ýeňse ýüzündäki gapydan girmelidi. Il arasynda bu otaga “Peleň agaň otagy” diýýärdiler. Peleň aga şura başlygyka içki gapyny ýapdyryp, daşyndan açdyrypdyr, kerpiç poluň üstüne hyşa düşedip, üstündenem keçe ýazdyrypdyr. Ýorgan-düşek getirdipdir.
Peleň aga bu otagyň zerurlygyny düşündirende hemişe: “Myhman-mediwana-da, iş bilen şura gelene-de amatly ýer bolar. Özümizem iş arasynda aýagy uzyn salyp çaý içip biljek. Çolaja ýer, öýüňe ba...
Täzelikler » Romanlar - 13.04.2024

ÝEDINJI BAP

Rahman oba boş gelmedi; öý satyn alyp geldi. Çagalar şowhun turzup, onuň öňünden çykdylar. Ol düýäniň owsaryny çagalaryň eline berdi. Çagalar owsary dartyp, düýe janaweri gyssap başladylar. Haýwan muny ýokuş gördi, boýnuny asmanda galgadyp, ýüzüni kese-kese sowdy.
Öý satan adam düşbi ekeni. Rahmanyň howlugýanyny bilip, düýesini berip goýberdi, “Ertiriň bir ýerinde getirseň bolar” diýdi.
Düýäniň üstündäki gara tüýnük ─ Rahmanyň umydy, ol gelejegiň nyşany. Hä...
Täzelikler » Romanlar - 03.04.2024

ALTYNJY BAP

Rahmanyň kalbyna terkidünýälik aralaşdy. Alaşasyny baglaryna mähetdel, ilden öňürti gara öýüň törüne geçip süýndi. Agahanyň ýanyna barmady. “Mensizem bolan wakany aýdyp bererler” diýdi.
Ganhor sözüni eşitmek hemişe Rahmana ýakymsyzdy. Häzir weli, bu söz onuň kalbyna gara ýel ýaly haplap urdy. Ol eýýäm iki adamyň ganyna galdy, ol özüne “ganhor” diýdi. Hydyram ganhor. Buýruk bilen öldürýän adamlara-da ganhor diýýärler. Ýöne olaryň bahanasy bar. Hydyrdan sorasaň, “Me...
Täzelikler » Romanlar - 03.04.2024

BÄŞINJI BAP

Rahman on gün düşekde ýatdy. Agyry aýrylyp, ysgyna geldigiçe, on iki süňňi bir göwrä birleşdi. On gün üznüksiz pikir etdi. Käbir zady anyklady, käbir mesele bolsa ony öňküdenem beter gozgalaňa saldy. Kemteresinden, ýeke gezegem Asman onuň düýşüne girmedi. Rahmanyň weli ony göresi gelýärdi, her gün umyt bilen uka gidýärdi. Hamala, olaryň gelejekki takdyry şol düýşe tab...
Täzelikler » Romanlar - 26.03.2024


DÖRDÜNJI BAP

Hatar oturan üç öýüň diňe ýokary çetkisinde yşyk bardy. Agahan içerden agasynyň gulaga ýakymsyz şaňňy sesini eşidip, gapyň öňünde sägindi.
─ Haý, janawer, Haý, janawer... Weý-weý-weý, beýtme-le, tur-la... Hany, hany, ýörjen-ýörjen... ─ Ýaran gyjyklanýan ýaly hikirdedi. ─ Häk, samsyjak, häk, bedroýja... Ýykylyp ýatmasana, tur hany... ─ Içerde goýun mäledi...
Täzelikler » Romanlar - 15.03.2024

Dokladçy soñra belli prozaçy Tirkiş Jumageldiýew bilen söhbetdeş bolanyny aýdyp, edebi tankyt barada onuñ "Дружба Народов" žurnalynda çap edilen belliklerinden käbir bölegi okap, prozaçynyñ adalatly ...
Täzelikler » - 2021-07-17 16:05:20

Tirkiş JUMAGELDIÝEW 1). Tirkiş Cumağeldi "Kara Yıldırım" ("Ötüken" neşirýaty); ■ Ylýas AMANGELDI 1). İlyas Amangeldi "Üç Noktadan Biri" (Atatürk Kültür Merkezi Yayınları" ...
Täzelikler » - 2019-02-24 12:20:13

...ýazyjylardan Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Tirkiş Jumageldiýew, Aleksandr Aborskiý we beýlekiler moskwaly galamdaşlar bilen pikir alyşdylar. Şol maslahatlary ýatlamagymyzyñ sebäbi, bularyñ ikisiniñde biziñ işimize köp peýda ...
Täzelikler » - 2022-07-13 19:04:25

Tirkiş JUMAGELDIÝEW: Men tankyt boýunça Sowetiñ başlygy N.Hojageldiýewiñ dokladyndan türkmen tankydynyñ şu günki ýagdaýy barada çuññur analize garaşypdym.
Täzelikler » - 2024-08-24 22:29:20

Tirkiş JUMAGELDIÝEW.
Täzelikler » - 2019-12-20 01:39:21

Tirkiş JUMAGELDIÝEW.
Täzelikler » - 2019-10-13 13:31:34

Şonda onuň dostlary Tirkiş Jumageldiýew bilen Nazar Gullaýew ikisi Döwletgeldiniň agyr ýagdaýda ýatandygyny aýdýarlar. «Ady hödürlenenine näçe wagt geçse de dokumentleri ýatyr» diýip, pursatdan ...
Täzelikler » - 2018-10-31 19:04:56


1 2 3 ... 14 15 »