Результаты 1-20 из 21 по запросу Torum Ýaýlan Bataşy

GOÇ

Seň maňlaýyň tüňňüligi nämüçin?!
Neçün burum-burum buýnuzlaň, goçum?!
Niçik ykbal: halkyň ýeke däbi üçin
Başa-başda boýny üzülen goçum.

Synlap türkmen ýasaw keşbiňi içgin,
Ýene niçik many aňlaýyn. goçum?!
Ýarylmak, bolmasa ýardyrmak üçin
Tüňňi bitipmi seň maňlaýyň, goçum?!

Howpuň howuny basyp temegiň bilen,
Sürüp barýaň taýpaňyzyň gämisin.
Goçum, sen öz köse eňegiň bilen
Goramaly gür sakgall...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2022

IKI HAKYKAT

Birine ýamanlyk edeýin diýseň -
Etse bor.
Ýöne şol ýamanlyk soňra özüňe
Gaýdyp geler,
Özem
Iki esse bor.

Ýagşylyk edeýin diýseňem kişä -
Adamçylyk, ýeri geler, etse bor.
Eden ýagşylygyň soňra özüňe
Gaýdyp geler,
Hem-de
Iki esse bor.

Torum ÝAÝLANOW.
Täzelikler » Goşgular - 29.08.2022

SEN

Señ agyryñ ýa ynjyñ ýok bedene,
Sen göýäbir degilmesiz bedene.

Eger-de gargyşda gudrat bar bolsa,
Sen dünýäden niýet bolmaly bireýýäm.
Emma bu zatlara ynanmaýarsyñ,
Gargyşy özüñden has ejiz saýýañ.

Dogrudanam, dogry seniñ pikiriñ,
Gargyşçylardan tutanýerli sen.
Eger asylyşsañ, köküne ýatýañ,
Goparañok diñe tutan ýerñi sen.

Ykbal seni dertden halas edipdir,
Gargyşdan gussadan yrak ýaly ...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2022

ÖMRÜNI GALPLYK BILEN GEÇIREN MOLLASUMAGYÑ SOÑKY DEMDE AÝDANY

Dem alman kynlaşyp kem-kem,
Geldi soñky pelläm meniñ.
Ölsem, mazaryma bägül,
Bitmejegi belläm meniñ.

Mydam pälim gara boldy,
Ak bolsa-da selläm meniñ.
Müñkür-Nekirden gorkyma,
Çatlap barýar kelläm meniñ.

Asly haramdan ýygyldy,
Mal-döwletim, gallam meniñ.
Sandygymda pullam meniñ,
Bendi günde tyllam meniñ.

Agramymdan altmyş ...
Täzelikler » Goşgular - 21.04.2022

• GOŞGY OKAP BEREÝIN…

Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.
Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň,
Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen.
Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Gözlerimde paýhas, sözde öwüt bar,
Depämde uly borç, elde döwet bar,
Aýdylmadyk ...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2020

KLASDAŞ

On bäşimde oýun etdim ot bilen—
SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş,
Geçen günler bu gün bize ýat bolan,
Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş.

Garaňy görmesem, teý durup bilmän,
Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän,
Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän,
Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş
Bagrym dilim-dilim bolan, klasdaş,

Göýä seni gijelerden gysganyp,
Gezdim şamdan daň ataryna gyssanyp,
Bir gijäniň uk...
Täzelikler » Goşgular - 09.08.2020

ÝEKELIK

Gitdiň - ýeller gowşady,
Sus aýlandy harazlar.
Gün Ýeri giç ogşady,
Gygyrmady horazlar.

Bilmän - ýolum ýitirdim -
Nirä uzanlygyna.
Men şu gün göz ýetirdim
Ömrüň uzynlygyna.

Geň galma sen, ezizim,
Meniň beýle dymýanym.
Göz ýetirdim men şu gün
Darlygyna dünýäniň.

Gijeler gözlerime
Ýyldyz ýolunyp gaçan.
Çaň ýagdy sözlerime,
Haçan gelersiň,
Haçan?! ...
Täzelikler » Goşgular - 29.03.2019

DUŞUŞYK

On bir ýyldan soň duşuşdyk.
On bir ýyl!
On bir ýyl kän zada ukyply bora çemeli. Onuň üýtgäýşini diýsene. Tanalmaz derejäniň bäri ýany!
Dogrudanam, men ony tas tanaman geçipdim. Aslynda, meniň oňa gözüm düşmezligi–de mümkindi. Bu bir tüýs tötänleýin duşuşyk boldy.
Ýogsa–da, ykbal bizi öňem bir gezek duşurypdy.
Ir bilen oglanlaryň enesi iňirdäp turuzdy.
– Näçe gezek aýtmaly saňa! Nan ýok öýde, nan. Nansyz iýjekmi nahary? Çaga...

Täzelikler » Hekaýalar - 19.01.2019

Ýürekden çykandyr - bir gün ýürek bor,
Iň mukaddes duýgy bolýandyr hatda.
Ezizim, sen meniň hatymy sakla, -
Bagtly günde, bagtsyz günde gerek bor.

Bagtyň özi ýa-da ekiz taýydyr,
Goý, bolsun bäş petde, bolsun on petde,
Ezizim, sen meniň hatymy sakla, -
Zeminiň görküdir, gögüň Aýydyr.

Adamzada aýtmadyk sözlerim,
Syrlarym, barysy saklanýar gatda.
Ezizim, sen meniň hatymy sakla, -
Gökden diläp, ýerden gözlän göz...
Täzelikler » Goşgular - 22.08.2018

GYBATKEŞLER

Üç zibil ýaşik bar öýümiñ ýanynda,
Ýere-göge pitjiñ atyp oturan.
Içindäki taşlandylar ýananda,
Hapa ysyn dünýä satyp oturan.

Tämizligi özlerinden daş edip,
Gözelligi duşman edip otyrlar.
Bedre känin, gorşok baryn boşadyp,
Darlygyna puşman edip otyrlar.

...Üç sany gybatkeş dördünji gatdan
Zibil ýaşiklere garap otyrlar.
Gazal okap berip ol kyýamatdan,
Halky "harap edip", harap otyrlar....
Täzelikler » Goşgular - 24.07.2018

TÄZE GOÑŞY

(Hekaýa)

– Eý, Hudaý jan-eý! Erkek ysnatsyz doglandan… – ýelinsesi gaty gysdy öýdýän, ýeňse ýakasyndan sokan elini zordan ýetirip, onuň irişmesini ýazdyryp goýberdi. Boz biýarada iki ösen gülaby ýaly boldumly göwüsleri gasyn–gasyn garyn arada balkonyň beton diwaryny ga:ldyryp, ho-ol aşak sallandylar. Göwüsleriniň agramyna dym-dykyz eginleriniň üstündäki mäşirik ýaly kellesi saňňyldap öňe egildi. – Tfu! – hol aşakdaky adama has golaý eltmek üçin eglip tüýkürin...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.06.2018

GEDAÝ

Ol meniň ünsümi egledi.
Gedaýlygyndanam beter, meni geň galdyran zat onuň özüni alyp barşy boldy. Ýeser gedaý bolmaga çemeli. Ýeriň üstüni terk edip, ýerasty geçelgede oturypdyr. Müny terkidünýälige ýorup bilmersiň. Sebäbi, ol entek-entek ýeriň astyna howlugýana meňzemeýär. Muňa, onuň terliginden ýaňa gyzlaryňky bilen bäs edýän, narynç ýaňaklary, şuglaly gözleri güwä g...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.06.2018

Torum Ýaýlan BATAŞY
Täzelikler » - 2022-05-11 09:55:58

...Seni görüp, gelin bolan klasdaş… Torum Ýaýlan BATAŞY
Täzelikler » - 2020-08-09 06:47:04

...da hut Osman Öde we Torum Ýaýlan Bataşy redaktirläpdi. Ýüzlenýän her bir temasyna özboluşly çemeleşmegi başarýan şahyryñ ilkinji ýygyndysyndan alynan goşgulary kitapçy saýtynyñ da okyjylarynyñ göwnünden ...
Täzelikler » - 2020-03-05 09:17:21

Torum Ýaýlan BATAŞY ▶ GYBATKEŞLER Üç zibil ýaşik bar öýümiñ ýanynda, Ýere göge pitjiñ atyp oturan. Içindäki taşlandylar ýananda, Hapa ysyn dünýä ...
Täzelikler » - 2022-05-11 09:56:43

Torum ÝAÝLAN BATAŞY.
Täzelikler » - 2019-03-29 10:25:50

Terjime eden: Torum Ýaýlan BATAŞY. Gennadiý KOSMININ.
Täzelikler » - 2019-03-24 21:30:22

Torum Ýaýlan BATAŞY.
Täzelikler » - 2019-01-19 07:13:51

Torum Ýaýlan BATAŞY
Täzelikler » - 2024-04-06 03:38:35

Torum Ýaýlan BATAŞY.
Täzelikler » - 2018-06-16 21:24:52


1 2 »