Результаты 1-15 из 15 по запросу Toyly Öwezow

KAKA HÜWDÜSI / degişme

Indi dünýe üýtgäpdir,
Aý-günler geçdi, ballym.
Çaga saklamak paýy
Kakaña düşdi, ballym.
Aglasañam emme ýok,
Eýýämden düşbi, ballym.

Tüweleme, huwwa-huw,
Allaý balam, allasy!

Köçämizde gelinler,
Oturar hatar, ballym.
Ejeñ gybat planyn
Dolmaga gider, ballym.
Dünýäñ ähli habary
Öýmüze ýeter, ballym.
Oña çenli kakañy,
Gynama beter, ballym.

Tüwele...

Täzelikler » Goşgular - 25.06.2020

ÝESIR

Adamzat adama dözen mahaly,
Tebigat adama dözenok herhal.
Ýesir barýar aýakýalañ köçeden,
Aýagnyñ astynda ereýär ak gar.

Awtomatly symsyklaýar ýesiri,
Sowuk gözler biri-birine garşy.
Biri eziz Watan üçin söweşýär,
Emma nebsi üçin beýlekiñ urşy.

Ikisi-de Adamatañ perzendi,
Ikisi-de jigerbendi How enäñ.
Haýran heniz düşünemok eý dünýä,
Açylmadyk syrmyñ ahyr owal-a?

Awtomatly aly...
Täzelikler » Goşgular - 06.05.2020

NOWAÝYDAN, PYRAGYDAN

Eýa dostlar söýlemişem, Nowaýydan, Pyragydan,
Dünýe seýil çaglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý.
Birje many añlamyşam, Nowaýydan, Pyragydan,
Bagrym para, daglamyşam, Nowaýy deý, Pyragy deý,
Parça dessan baglamyşam, Nowaýydan, Pyragydan.

Ownaýamyñ garry dünýe, säheriñ bar, öýle ýokdur,
Çyn ärlerde gadyr bardyr, öz wagtynda duýma ýokdur;
Hazynañda munça akyl, neçüýn oña uýma ýokdur,
Bu ummandan many susdum...
Täzelikler » Goşgular - 14.12.2019

MALAZGIRT SÖWEŞI

~ Atyñ näme diýip kişñeýär, Şady?
~ Özüm bolup haýbat atýar duşmana.
~ On esse artykmyş duşman sülsady.
~ Parhy näme, onuñ amanat jana.

~ Nirden tapýañ beýle gaýraty-dogmy?
~ Bileñokmy näme, Oguzyñ kowmy.
Namartlyk diýilýän zady bilmeýär.
Ynamy gaýadyr, ýüregi suwly.

Depämde Hudaý bar, arkamda bol...
Täzelikler » Poemalar - 26.08.2019

BARLAGÇY

Şlýapasy kellesinden gabarak,
Güjeñläp ondanam gaba papkasyn.
Barlagçy gelenmiş, özem ýokardan,
- Başlygmyzy gazabyndan saklasyn.
- diýip, gürrüñ edýär üýşüp işçiler,
Bu zatlar barlagçyñ perwaýyna däl.
Haşamly kabinet, öñünde gök çaý,
Ýumşajyk kreslo, hem uzyn stol.
Onki papka dörüp, bäş sany kagyz,
Çyrmaşdyryp göwün solpundan çykdy
Başlygyndan içip günortan çaýyn,
Marşrutyn goñşy kontora çekdi. ...
Täzelikler » Goşgular - 29.07.2019

ÝAŞULY GELÝÄR

Adaty köçeden barýaryn işe,
Töweregmi synlap haýrana galýan.
Ýapjagazlar suwly, ýollaram tämiz,
Gyzyl baýdajyklar şemala galgap,
Mysaly täzeden gelen dek bahar.
Baýramçylyk lybasyna bürenip,
Ömür görmedigni görüpdir şäher,
Agaçlañ başynyñ çañy sowlupdyr
Guşlaryñ owazy asmana galýar,
Adamlaram gürleşýärler pyşyrdap
Nämemiş, "ýokardan ýaşuly gelýär"
Öñünde bäş maşyn, yzynda bäşi,
Ortaky "...
Täzelikler » Goşgular - 28.07.2019

EGER SÖÝJEK BOLSAÑ ÇYNDAN SÖÝMELI

Bazygär ýeri däl yşgyň meýdany,
Munda käte otly köýnek geýmeli.
Aklyň haýran eden niçik söwda bu,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.

Bir pursatlyk bu dünýäni gülleden,
Göz öňümde galdy elwan öýmeli.
Ömür ýatlamadan gidip bilmedim,
Eger söýjek bolsaň çyndan söýmeli.

Erkiň gidip demiň-deme degende,
Edebi eşretden öňde goýmaly.
Söýgi päk bolanda galar belende,
Eger...
Täzelikler » Goşgular - 27.03.2019

SÖÝGI DEGIŞMESI

A gyz, saña sözden çemen bogaýyn,
Çemenim kalbyña nagyş etjek dälmi?
Asmanyñda günüñ bolup dogaýyn,
Doñuñy azajyk gowşatjak dälmi?

Yşk kölüne batyp galdym bilmän men,
Garaýşyña bendi boldum günäm meñ,
Heserlendim açylmadyk telbäñ men,
Özüñ tebip bolup, ýagşy etjek dälmi?

Çyn aşygyñ mydam haly teñ görner,
Soñsuz wadalaryñ haçan soñy görner.
Ullakan tamam ýok, ömre deñ görlen,
Ýeke...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2018

DOSTLARYM

Elime galamym aldym, oýlandym,
Siz hakda etdim men pikir, dostlarym.
Günde duşmasak-da dertli dünýäde,
Her hal baryñyza şükür, dostlarym.

Birisi uzynrak, biri kelteräk,
Birisi daýawrak, biri ortarak,
Biri içegenräk, biri ýaltarak,
Dostlarym bar ~ şoña şükür, dostlarym.

Biri baý, birisi garyp oñşugrak,
Birisiniñ häsiýeti ýumşagrak,
Biri pula, gyz-geline gowşagrak,
Dostlarym bar ~ şoña ş...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2018

BOKS

Ringde iki adam uruşýar,
Sypaýyçylyga ýer ýok arada.
Holha, biri jaýdar urdy ýumrugy,
Oña bolsa gykuw berýär märeke.

Iki adam çyny bilen uruşýar,
Ýüzi-gözi diýmän, ýelmeşip durlar.
Bu nä beýle bolýar, indem ahyry,
Asyl mylakatly elleşip durlar.

Biri ýeñdi, beýlekisi ýeñildi,
Ýañlanyp dur ýeñijiniñ aýdymy.
Bu ýerde hiç hili ýalñyşmaly däl,
Birden ýalñyşaýsañ işiñ gaýdany.

Onsoñ ...
Täzelikler » Goşgular - 03.09.2018

PULUÑ MONOLOGY

Men pul, hawa,
Men pul, eziz adamlar,
Birazajyk öwünäýsem şu pille.
Hakym bardyr, heniz hakyñ ýok diýýän.
Bolmandy, bolmazam dogru-da walla.

Men pul, hawa,
Men pul, eziz adamlar,
Döreden özüñiz ýasan özüñiz,
Meniñ arkam bilen birek-biregi,
Örtänem özüñiz, kösän özüñiz.

Men pul, hawa,
Men pul, eziz adamlar,
Özümem hemmä-de elýeter gerek.
Erkeklere gerek keýpi çaglyga ...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2018

TOÝLY ÖWEZOW

▶ ADAMZAT

Didaryñ, nesibäñ, nikañ, imanyñ,
Ajalyñ gaýypdan inen, adamzat.
Budur hak Hudanyñ ýoly ylganyñ,
Ýeriñ gözelligne dönen adamzat.

Göwnüñi päklär sen toba, amana,
Jandan gadyr goýmuş garra, juwana,
Päliñe görädir gezseñ zamana,
Halallyk nurundan ganan adamzat.

Ak säheriñ demlerinde keşbiñ bar,
Päk gözeliñ leblerinde yşgyñ bar,
Ýerde guran Adamçylyk köşgüñ bar,
Yn...
Täzelikler » Goşgular - 17.06.2018

AH, BU GYZLAR...

Sallanjyrap, erkiñ alar eliñden,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.
Lak ataýsañ, bela goýar diliñden,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.

Saçyña seredip "Daýy" diýýärler,
"Siz indi öýdäkiñ paýy" diýýärler.
"Biz göçgünli jahyl taýy" diýýärler,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.

Sizi...
Täzelikler » Goşgular - 15.06.2018

NÄZENIN

Güneş çogy kibi gyzgyn lebleriñ,
Datlydygna göwnüm bitdi, näzenin.
Galbañ göwüslerñi sypan ýelleriiñ,
Bagtlydygna gözüm gitdi, näzenin.

Zülplerñe çolaşan ýigit hyýalym,
Ýañaklaryñ ak dañlar dek aýanym,
Alkymyñda görnen Aýyñ jemaly,
Gara bagry ezip gitdi, näzenin.

Tekepbir gyz badyhowa gelse-de,
Duýgym pyntyk ýarandygyn bilse-de,
Il gözüne, bir añmadyk bolsa-da,
Garaýşymdan syzyp gitdi nä...
Täzelikler » Goşgular - 15.06.2018

MAKSUDANY NIRÄ ÇAGYRÝARLAR?

Gazetimiziň 7-nji sentýabrdaky sanynda Daşhowuz şäherindäki 19-njy mekdebiň 9-njy klas okuwçysy Maksuda Çowdurowanyň başga planetalylar bilen gatnaşygy barada informasiýa berlipdi. Şondan soň bu wakanyň nähili bolup geçendigi bilen ýakyndan tanyşmak üçin şol mekdebe baryp. M. Çowdurowanyň özi hem-de onuň ejesi Ş. Eşmyradowa, mekdep direktory Ş. Allamow dagy bilen gürrüňdeş boldum. Öňi bilen gazetde berlen informasiýadaky käbir nätakyklyklar barada aýdaýyn...