Результаты 1-20 из 106 по запросу Ylham Gurbanalyýew
ÝENE-DE...
Aýnada özümi görmek islämok, Göremde-de, görkezmeýär özümi. (Kim biler diýsene, göwnüçökgüniň ýigrenýändigini görse özüni) Ha-ha-haýlap joşup gülesim gelýär, Aýyryp ýasama ýylgyryşlary. Käteler meňzejek bolýanymam geň, Göremde asmanda uçýan guşlary. Geň gerek, seni üýtgeden sagadyň, Meni üýtgedibem bilmeýändigi?! Yşky ykbalyma wagtlaýyn berip, Hemişelik guss:a güýmeýändigi?! ... |
ÝETMEZIM
Aýryp bilmän bir söýenmi serimden, Yzda goýup söýýänleriň niçesin. Mäkäm tutup ýalňyzlygyň elinden, Synlap barýan ykbalymyň köçesin. Öňler şeýle ajaýypdy - ol köçe, Ýollary gurlupdy geljege sary. Kynçylyk bolsa-da, her güni niçe, Şatlykdan doludy duralgaň bary. Umytlar ýaşardy arzuwy bilen, Yşkdan ýaňa şuglalydy gije-de. Her bir penjiresin ynamly gören, Mahrum däldi - "bagt" atly bijede... |
"!"
Ýalňyzlyga sowgat etdim wagtymam, Ykbalyma undylmajak paý berdim. Tanyşsyz, tölegsiz ýöne mugtuna Senden geljek gussalara jaý berdim. Uly-uly umytlara beslenen, Gerekmidi beýle şowsuz jemleme?! Içimden gygyrjak uly ses bilen: "Ýok bol diýjek, güm bol diýjek" Diňleme! Ter duýgylar ilkibaşda paşyrdar, Berleni al, ýetmedigňe uzanma! Ünsüň sowma kalbymdaky pyşyrda, Goşgudyr öýtmegin entek... |
DILLEN GÖWNÜM
Dillen göwnüm, neçün beýle?! Nirde goýdum hata baryn? Doglanymdan şu güne çen, Aýt, ýüzüme hatalarym. Aýtsana sen, eziz göwnüm, Mydam düňle, hötjetmidim?! Hemme gelip saňa degdi, Menem seni ýepbekledim. Gepne gidip duýgularyň, Saňa asla bakmadymam. Hat-da delleň göwnüm gördüm, Saňa wagt tapmadymam. "Uly bolsam görler" diýip, Ulalmadyňam... Ikimizem çaga b... |
SAZ
Ýagşy synlap, Bagşy gynap gyjagyny Boşap galan gujagyny Takdyryna tagma edip, Köp soragly nagma edip, Sazyn çalýar... Baryn çalýar... Ýagşy synlap, Özün gynap Ukyp açyp - skripkaçy Ýatlaýan dek geregini Otlaýan dek ýüregini Aýby üçin ýeke-ýeke Kalby edip tike-tike Sazyn çalýar... Baryn çalýar... Ýagşy synlap, Ykbal gynan, Bir winoçy - pýaninoç... |
SEN BARYBIR DÜŞÜNMERSIŇ
Belki, şol pursat agladygym bolar, Ýyldyrymlap, gök gümmürdän çagynda. Tebigat sözlemden simfonýa düzer, Bilbill ýerne ýetir Bagdat bagynda. Jumalagyma-da ýaň boljak borun, Öwrüljek bolaryn her bir dile-de. Nilde yşkym hakda goşgy okaryn, Adyňy ýazaryn Ortaýere-de. Gussamy düzerin piramida deýin, Bolar gullarda-da bolmadyk ahwal. Ýuwaşjadan derdim döküp başlasam, Sfinkisd... |
BAGTYŇ GÜLÜNE
Sen şeýle gyz - Gözelligňe söz ýetmez Sen şeýle gyz - Edebiňe gurban men. Göge giden dilegim sen, (elýetmez!) Giçdir indi, bir ömürlik arman sen. Gözleň ýaşamana iň ajap ýerdir Ömri bendi eden saçlaryň mardyr. Belki seniň ýaly milýondan birdir, Belki seniň ýaly dogulan däldir. Giň ummanyň jümmüşinde düri sen, Özüň deý berilsin şuglaly geljek. Bagtly günde doglan bagtyň güli ... |
HAKYKAT
Ýene-de sensizlik düýnämi gurşan Ýene-de birmeňzeş günleriň bary. Ähli süýjilikleň tagamy turşan, Yssyda undulan çekize ýaly. Ýene-de şol güller süllerip otyr, Ýene-de şol guşlar uçanok erkin. Ruhym hereketsiz bedende ýatyr, Gulagyma gelýän seslerem çirkin. Ýene-de kejirlik öz işin edýär, Ýene-de bakyşlam - bakyşy hassaň Şatlygam her güni yzyna gidýär, It deý üýrüp duran sesinden - gussa... |
BAGTLYLYK
Synla - her bir zatdan gözellik gözläp, Synla - giň jahanyň kaddy-kamatyn. Ýat, ýatasyň gelse boglup düýşlere Sesini eşitmän jaňly sagadyň. Uludan demiň al, ýeňlet ruhuňy Özüň bagtly duý! Duý, bagtly ýene-de! Öňüňden çykana ýylgyryş paýla, Ýylgyryp jogabyn gaýtar Güne-de. Aýdym aýtmakçymyň?! Zowladyp göýber. Öýüň boldy, köçe boldy, parhy nä? Duýsaň gursakdakyň on sekizdig... |
ÖZÜMI TAPJAK
Goşlam ýene meni äkidip barýar, Aýnadakam öňkiler deý ylhamsyz. Ýol ugrunda terminaldan pul salyp, Seniň bilen söhbet etdim - ulgamsyz. Göwni görýänlerem geçmişde galdy, Degýänem ýok, öz-özüme degmesem. Adam bolup uçmak isläpdim, ýöne... Uçanoga guş diýenleň hemmesem. Giň dünýäniň bu şäheri dar maňa Göwräme seretsem - buda kontrast. (Meniň maňlaýdaş okyjylarmyňam, setirlerimi... |
MENDIM ŞOL
Bolanlary ahmyr bilen ýatlaman, Gül ýaşlygy ýalňyzlyga bendilän Mendim şol. Sallançagynda ýatlamaň - Ejesi ýok duýgularny hüwdilän. Ýetim ýelleň şuwwuldysna ses goşup, Gamgyn atda hyýallarny çapdyran Mendim şol. Gözelliklerden hoşlaşyp, Bar nazarny bir gözele bakdyran. Özün mydam gurban edýän şem deýin, Iň soňunda gymmatyny sarp eden Mendim şol. Geçmişdäkiler kem deýin, ... |
HIÇ KIMSE
Bagta sary ädim ätdik deň ýöräp Ýakdyk yşky: Sen-ä çi:şdiň, men kebap. Başa düşen aýralyga bar sebäp, Diýmesinler pelekdigni hiç kimse. Çyndyr diýme - söýýänleriň hemmesin Deňdir diýme - görýänleriň hemmesin Meň gözümden hiç kim ony görmesin, Şonda bilmez melekdigni hiç kimse. Juwan ömri söýgi bilen gurşanlar - aýry boldy - birwagtky bir janlar. Bilmediler, goşgy diýip çyrşanlam... |
GARYNJALARAM AJYGYPDYR...
Bu dünýe - kindiwan. Salladym merdiwan - bulutdan. Bulut men. Unutsam. Damjamy içime ýuwutsam. Aýdyň haýsy "gurjaklaň", Içinde merdi bar? Ýüzünde jak-jaklaň Içinde derdi bar Şerti bar hemmezadyň. Gürleseňiz hemme adam. Ýadaýaňyz gurluşdan. Nalaýaňyz durmuşdan. Ýapyşaňzok kanagatdan. Kalba iman daragtdan - ekeňizok Çekeňizok so... |
"DIÝMÄÑ ASLA: "ÝANYPDYR BU NERESSE..."
Diýmäň asla: "Ýalňyzlygňy ýeňmeli...", Aýby ýog-a ýeke-ýalňyz gezmäňem! Ýaralarym päk söýgüniň tegmili, Gynanç bilen duýgularmy ezmäňem! Diýmäň asla: "Ýanypdyr bu neresse...", Ýazgarsaňyz, ýazgaryň men biweji! Bir ummanyň jümmüşinde ýer etseň, Duýup bilmez akwarýumyň leňňeji. Köp iýilen zatdan doýsa-da mäde, Tagam duýulanok göreniň bilen. Bir tarap çyn bilen söýse... |
ÜÝTGEŞIK KESEL
Reňgi-roýum ýitip barýar ýüzümden, Sensiz - bu keseli ýeňmeli boldum. Allergiýadyr diýp, dünýäm düzünden Senden başga, ähli gülleri ýoldum. Elim gymyldanok, aýak ýöränok O nädip?! (Döweniň ýürekdi ahyr!) Şol kesel-ä barlygyňda döränok, Emma ýoklugyňda edäýdi - şahyr. Hassa deý ýatamok, ýöne barybir Gussalar görmäne her gün gatnaýar. Bu keselde geçýän günleň bary - bir, Her ... |
GARGALARA GÜLKI BOLAN BILBIL MEN...
Ýaşamadym il ýaşanja şekilli, Mekanym Ýer bilen Aýyň arasy. Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli, Sen söýen kalbymyň orhideýasy! Gargalara gülki bolan bilbil men, Sorap görseň: barypýatan güňmüşim. Şu görnüşe - şol gülümsiz geldim men, Olar üçin suwotu-da gülmüşin. Gussalaram meň üstüme hekgerdi Ýol ýitirdim. Ýitdi durmuş matlabym. Owazymy ýerdäkiler ýek gördi, ... |
ÝAGDAÝ
Her gün ýene adaty gün dogup dur, Peýdamydyr jürküldisi guşlaryň?! Ünjilerem nobatyna gelip dur, Gatnawlary deýin awtobuslaryň. Güneş meni däl-de, gyzdyrýar ýeri Gursagymda doňup galan parçalar. Oýa batdym. Bu aýazly gyş güni Meniň ýaly üşeýärmi arçalar? Jogaby ýok soraglara kän gitdim, (Ýalňyzlara ýetdirmedik yşk kimde?) Rahatlygy kagyz ýüzde şa etdim, Pikirleriň ynjalyksyz köşgün... |
YKBALMY BU?!
Dogry baha bermez hiç kim meňzime, Pikirlem içimi iýäýjek ýaly. Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine, Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly. Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni, Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim. Olam boş goýmady - öwezne meni, Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin. Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym, Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi. Gussa pyçagynda arzuw dogradym, Ýüregim lowlap dur, beýn... |
DUÝGULARYM
Içde mesgen tutdy, ýaşady olar Barlygyny duýdurdylar söz bilen. Ne gije görüldi, ne-de bir gündiz, Asla-asla görülmedi göz bilen. Juwan ýaşda juwanlygyn bildirtmän Söz açdylar edil garrylar ýaly. Bagtly günleri-de boldy-la welin, Muşakgatly hem-de görgüler ýary. Eden-etdilikler ýoluny kesip, Haýkyrdy adamlaň ýalňyşlaryna. Dogryçyl bolany üçindir, belki, Uçrapdy ýalňyzlyk gargyşlaryna.... |
GIT!
Uzagyndan uzagna ýol ýasap, Eziz görlen mesgeniňi terk etde Açykdyr ýüregmiň araçäkleri Ne gözegçi, ne soldat bar serhetde Açylandyr - ähli "delje ýurtlaram", Açyk saňa derýa, deňiz, dag etek Saýla özüň: otly, gämi, ýa uçar Alyp berjek isläniňe bir petek Gideňde goýmagyn birje goşuňam Senden galjak hiç bir zadam bolmasyn Gitgin, soňra ýaşamasyn hiç kimem, Taşlajak men "Herosimaň" bombasyn <... |