Результаты 1-20 из 22 по запросу Zöhre Öwezowa

"ÝATLAMARSYÑ MENI GOWY GÜNÜÑDE..."

"Bir gün meni ýatlarsyñ..."
(Aýdymdan)


Ýatlamarsyñ meni gowy günüñde
Her kes degre daşyñ gallap duranda.
Durmuşuñdan razy, işleñ oñ bolup,
Göwnüñ belentlerde galgap duranda.

Işleriñ rowandyr, söýgiñem ýetik.
Arkañda doganlañ, bardyr dost-ýaryñ.
Wezipäñ eliñde, demi...
Täzelikler » Goşgular - 12.03.2023

ŞAPAK

Peşgeş ber maña yşgyñy
Uçmaga ganatym bolsun!
Dag bol, arkamyñ söýesi
Duşmana haýbatym bolsun!

Dünýä dolup ýaz gelende,
Ýagmyrlary saz çalanda,
Ruhum galgadyp belende,
Yşgyñ başda tugum bolsun!

Söý meni, söý-de apala,
Sen iññe, menem sapaga,
Tä gyzarýança şapagam
Diñlänim söhbetiñ bolsu...
Täzelikler » Goşgular - 09.03.2023

"ÝARYM MAÑA GÜL GETIRSIN..."

Ýarym maña gül getirsin
Bahanasy ýaz gelipdir.
Ýarym bagra bassyn meni,
Göwne doly näz gelipdir.

Arzuwlary umman, umman
Gursak gökde kürek urýa.
Duygularym dymmañ, dymmañ
Ömür elden gidip barýa.

Kän zatda däl gözüm, göwnüm
Ýar ýanymda bolsa besdir.
Al ýañagma elwan beren...
Täzelikler » Goşgular - 08.03.2023

MEN SENI ÝIGRENÝÄN

Men seni ýigrenýän söýenim üçin
Şelaýyn gözlerñe bolup bendiwan.
Tutuş ömrüm boýy saña garaşyp biwepalygyñy etmän hiç güman
Geçiren günlerme
ýatman geçiren
gijelerme haýp
men seni ýigrenýän, söýgime aýyp

Men seni ýigrenýän bolşuñ deý bolman
Illere üýtgeşik görneniñ ùçin.
Sende gördüm ynan
Meger kyrk ýüzi
Bolup bilýämişin namyssyz kişiñ

Hem özüme jepa berýän dyngysyz sen...
Täzelikler » Goşgular - 19.10.2022

ALYSDAKY OÝLANMA

Alasarmyk pikirlere çolaşyp
gidip baryan ýat iileriñ ýolundan.
Sensiz galan ykbalymdan sowaşyp
bu dünýeden ýok bolmakdy pälim meñ.

Heññam agyrlygy duÿman aÿlanÿa
ýol-ýodalar bir - birinden saýlanýa.
Sen bolmasañ saklap bolmaz ýolundan
Umydyn ýitiren köñül saýlansa.

Umytsyz asdym men alys yollary
ganatym gyrylgy, göwnüm ýaraly.
Meni ýene dereklige çagyrýa
oraşan düýşlerim başy sa...
Täzelikler » Goşgular - 09.10.2022

BU ŞEÝLE BOR...

Sen bol-bolma, asla, ýok eken parhy.
Günler tirkeşip dur aýlar aýlanyp.
Señ boşan otagña gözüm düşmese
Maña kär edenok soñsuz aýralyk.

Baramok señ bilen barlan ýerlere.
Dostlaryñy görsem görmedik bolýan.
Ýaşamak borjum bar, çünki men ene
Çagalarym üçin ýaşajak bolÿan.

Zeýrenmek islämok, razy pelekden.
Beslenýan, guwanýan, öñki deý gülýän.
Gözlermiñ göreji süýjüje balam
Süleýmanym...
Täzelikler » Goşgular - 08.10.2022

GURSAGYMDA WATAN YŞGY GAÝNAÝAR

Alysda galsa-da ady kalbymda
görki gözlerimde gosgy gaýnaýan.
Josgunly baharly,
gussaly guÿzli
Gursagymda Watan yşky gaýnaýar.

Göraÿmäge güller meñzeş güllerne
guşlaram saýraýa guşlary ýaly.
Baharlary gelýä bahara meñzeş
gyşlaram Watanmyñ gyşlary yaly.

Emma nämüçindir kalbym gussaly,
Atygsaýa Watan ýaýlalaryna.
Mawy asmanyna aşyk gözlerim
Aşyk güýzde göçýän ...
Täzelikler » Goşgular - 06.10.2022

"HYÝALLARYM DEŞIP BARÝAR GURSAGMY..."

Hyýallarym deşip barýar gursagmy,
Göwün guşum meñzeş algyr laçyna.
Saña tarap uçup barýan peri deý,
Mymyk şemal müşgün sepýär saçyma.

Saña tarap süýnüp barýan ýyldyz men,
Sil men daglañ depesinden ýaz alan.
Eretmäge alyp barýan mähriñe,
Señ ýürek owazyñ - maña saz bolan.

Saña barýan, serpip gussany birýan,
Goşa ykbal bagty mälim-le eziz.
Saña arzuwlarmy äkidip barý...
Täzelikler » Goşgular - 07.09.2022

"SAÑA MENI BAGLAÝAN ZAT..."

(Ýat ýere düşen gyzyñ monology)

Saña meni baglaýan zat
Yşkmyka?!
Bilmedim.
Ýöne seni görsem ganatyn ýaýyp
Kalbym,
Saña sary atygsaýa
Gözlem ýone goýup bilmän gülmesin
Ýaşarýa.
Men çyndan aglaýan öýdýän
Seni maña duşuran bu ykbala
Siñip gidýan sary ýag dey hamala
Saña bagly bar barlygy söýýän men
Ýagşylyk edesim gelýä baryna
Òwülesim gelýa: "Pylan...
Täzelikler » Goşgular - 05.09.2022

GÜÝZ GELSE...

Nämüçinkä?!
Aşyk bolýan her gezek,
Zemin zer lybasyn atynan çagy
Arşda karar tapman aglajak bolýan,
Çal bulutdan öýme oransa baglar.

Baryny,
gözümiñ ýetýän ýerini
Bagryma basasym gelýär gujaklap
Mähriban birini gören mysaly
Hasratyny ýüz ýyl bagrymda saklan.

Gürlemejek gözlerime dil bitýä
Dilim hakda aýtmagymam gerek däl.
Güýz gelse ...
Guş göwün asmana ýetýä
Ý...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

DÜYŞ

Gyş sowuk, gyşdanam sowuk ykbalym
Ýollañ çarkandagna gaýra dur diýýän.
Ýolum bar, sallama köpri mysaly
Hallan atýar dag gerşinde iki ýan.

Gözbaşynda sen,
Men ortasynda
Gerdenimde ýüküm, durun yegşerip.
Saýlap bolmaz eken berlen ykbaly.
Geçeniñi geljegiñi seljerip.

Sensiz ömür ýok ýalydy meñ ùçin.
Asyl sensiz ölüm ýok eken, asyl.
Sen jeza ekeniñ, jepa ekeniñ
Senden soñ ömrümde degişdi...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

OÝLANMA

Bir ýerlerde Gün dogandyr
Sabalary bolsun haýyr.
Bir ýerlerden sebàp berip
Allam,
Ünjülermi aýyr.

Bu gijäniñ tümlüginden
Gara pikirler çogup dur.
Töweregiñ pisliginden
Garaşmadygyñ dogup dur.

Köpden bäri agram salýan
Pikirler uky berenok.
Ýaşyl sähraly heýjanly
Sen hakda düýşem göremok.

Ýat ýerleriñ ýowuz gyşyn
Geçip daban-daban basyp.
Ýüregime düşdi gas...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

"GÖZÜMDE UKY ÝOK ÝENE BU GIJE..."

Gözümde uky ýok ýene bu gije,
Egnime atylgy gara şalymam.
Garyşyk duýguly bir göwün bile
Alyp durun penjiräniñ ýanyny.

Ak kepderi maña habar getirdi,
Gaýdyp gelýämişiñ ýene yzyña.
Daşarda gyş, dünýämde gyş düşledi,
Sen gideñde dünýä bardy güýzügen.

Sen maña düýbünden ýat bolduñ ahyr,
Göýä geçen ýaly aradan asyr.
Unutdym, geñ dälmi bu unudylyş,
Tanadykmy bir-bire...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

"BIRI ÝANÝAN DIÝSE AÑLAMANDYRYN..."

Biri ýanýan diýse añlamandyryn
Ýanmak - ody däl ekeni ojaryñ.
Ýanmak - keç ykbala sözüñ geçmänsoñ,
Içde ýanan islegimiş ajalyñ.

Howaýy geçirlen ömürmiş ýanmak.
Göwnüñ kimin gòvne duş bolup bilmän.
Basalanan duýgularyñ zarymyş,
Ýarym galan toprak daş bolup bilmän.

Zarymyş ol ýaşalmadyk ýaşlygyñ
Ahmyrymyş bir nadana duş bolan.
Bir gezek berilýän ömrüñ sedasy
Hyý...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

"BU GÜN SENI KÄN ÝATLADYM..."

Bu gün seni kän ýatladym,
Agladym,
güldüm azajyk.
Ýaşlykdy,
ýanan otduk ýa?!
Ýa ýeldik?!
Gitdik azaşyp

Arzuwdyk,
Ak guwduk göýä
Ýaýylgydy ganatymyz
Bir ýoldy bizi äkitjek
Garaşyp durdy atymyz

Bir ýoldan dönjekdik yza
Maksady gujaklap bir gün...
Emma arzuwlaryñ bary
Edildi ömürlik sürgün

Sen bir gyza aşyk bolduñ.
Meñ yş...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

ENEME...

Mähribanym, geç güñämi başarsañ,
Aladalam bile garratdym seni.
Gujagymda saklamaly halatym,
Ýene ýollaryma garatdym seni.

Owadan gözlerñi goýdum intizar,
Bilýän ýollaryma bakýañ her daýym.
Enem janym, öt günämi başarsañ,
Diñe öz aladam
wahhh... men guraýyn.

Jañ etsem görünse mahriban keşbiñ.
Gowrup barýan bu dar dünýä giñeýä.
"Sag aman gel, men garaşar otyryn"
Diýýäñ meñ göwnümi ...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

BOŞLUK...

Awusy kän, agysy kän,
Çagalygym boýny buruk.
El salgaýa alyslardan,
Söýesiz bir ýerde durup.

Ýañajygy gyzaryp dur,
Şarpyklaryñ degen yeri.
Bir söýünçli ýatlama ýok
Ýesir düşen ejiz seri.

Kakasyz-mähirsiz, nursyz
Naşy dünýäm, çaga kalbym.
Uzaklarda el bulaýa,
Gözi ýaşly göýä salgym.

Yzy, sagy-soly
boşluk, boşluk, boşluk...

Zöhre ÖWEZOWA.

Sta...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

"SEN - GYŞ, MEN ÝAZ BOLÝAS KÄTE-KÄTELER..."

Sen - gyş,
men ýaz bolýas käte- käteler,
Çünki yşk gaýnaýa aralygmyzda.
Sen mensiz doñ bolup doñduryp barýañ,
men sensiz sil bolýan aralygynda.

Sili bilýäñ,
agzynda ak köpürjik
Iñ soñky dem, dünýä biten mysaly.
Emma bir ýylgyryş,
ýekeje jümle
Bar zat gül,
Dünýä-de öñküsi ýaly.

Sensiz maña ýaşaýyş yok, ölüm ýok...
Mensiz saña ýer ýok ýaly ...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

"DYMÝAN BOLSAM, SEBÄBI BAR, ELBETDE..."

Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde,
Doñupdyr duýgyma siñen kelamym.
Hyýalymda ýüzüm ýelpär ýelleriñ,
Gulagymda ýañy ýagýan jalanyñ.

Saña bagly ykbalyma buýsanyp,
Kän egipdim başym Tuguñ öñünde.
Şol günleriñ küýsegini duýsana,
Saña bolan yşk gaýnaýa demimde.

Tarypyñy dil bilen däl, jan bile
Edýän göwün kapasada çyrpynýa.
Aksa, adyñ tutjak gyzgyn gan bile,
B...
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2022

"DILIÑ GÜRLEMÄGE EJAP EDENIN..."

Diliñ gürlemäge ejap edenin,
Sessizligiñ böwrün deşip ýaz, galam.
Dünýä duýmasa-da kalbyñ ejirin
Ýazanlaryñ aýdym bolsun, saz, galam.

Bu gün yşka düşüp sämese serim,
Derdimi señ bile beýan ederin.
Kalbyñ çuñ yerinden çykaryp telin,
Güllän duýgularym bolar söz, galam.

Yşka düşen derde düşer bilersiñ,
Seniñ bile Hakdan medet dilesin.
Saña agram salyp çykarman sesim
...
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2022

...kakam terjime eden bölegini Daňatar Öwezowa okap bererdi. Ol hem öýüň içinde gezmeläp, şol hiňlenip ýörendir. Birdenem: «Dost, aýyr şusözi, başgasy bilen çalyş, heňe gelenok» ...görnükli wekili, yşk mülküniň şasy Mollanepesiň döredijilik aýratynlygyny öwrenýär. Onuň «Zöhre Tahyr» dessanynyň syrlaryny açýar.
Täzelikler » - 2019-08-16 11:01:42


1 2 »