Hormatly agzalar we myhmanlar!

www.kitapcy.com edebi saýtynda ulanyjylar şu aşakdaky kategoriýalara bölünýär:

1). Myhman okyjylar: – Saýta agza bolmadyk ulanyjylar diñe paýlaşylýan eserleri okap we ball goýup we myhman depderde ýazgy galdyryp (teklip berip we ş.m.) bilýär.

2). Okyjy agzalar: – Agza bolan (şahsy hasaby registirlenen) ulanyjylar bloglary okap, okan bloglaryna teswirlerde tankydy belligini, pikirini, teklibini we ş.m galdyryp bilýär (okyjy agza blog açyp bilenok).

3). Awtor agzalar: – Okyjy agzalaryñ arasyndan saýlanyp alynýar. Awtor agzalaryñ ýokarda agzalan mümkinçiliklerden başga-da, blog açmaga (dürli žanrdaky eserleri, makalalary paýlaşmaga) hukugy bar. Agzalary awtorlyga agzanyñ ýüz tutmasyndan soñ onuñ paýlaşjak bloglarynyñ hiliniñ ýokary bolmak, alnan çeşmesini görkezmek, ýalñyşsyz we awtorlyk düzgünlerini doly berjaý etmek şerti bilen adminstrator geçirýär.

Bloggerler saýtyñ edebi kollegiýasynyñ doly hukukly agzasy hasaplanýar. Şonuñ üçin agzalyga saýlananda belli bir derejede onuñ sowat we bilim derejesine seredilip saýlanylýar. Bloggerlere tema çäklendirmesi ýok. Islendik temadan ýazylan materiallary paýlaşyp bilerler. Materiallar paýlaşylanda saýhally, ýönekeý, harp ýalñyşsyz paýlaşylmagyna üns berilmeli.