Страницы: 1 2 3 ... 17 18 »
Показано 1-15 из 262 сообщений
262. Merwezi   (Düýn 14:05)
0  
Durmuś pelsepeleri
Zehini gòrmezlik mùmkin dál. Ýòne gòrmezlige salmak welin mùmkin.
***
ÒZgeleriñ ruhuny galdyrmak ùcin òz ruhuñ olaryñkydan bir gez ýokarda bolmaly.
***
Elbetde adam arzuw etmeli. Ýòni bùtùn òmrùni diñe arzuw bilen gecirmeli dál.
***
Baśymyza agram salmaýan zada baś galdyrmak hakda biz kâte pikir hem etmeýâris.
***
Kâmillik hem evil belrnt data dyrmaśan ýaly ýokaryk galdygyñca ýòremesi Barham kynlaśýar.
***
Islendik dòredilen eserde diñe śu gùniñ dâl eýsem gelejegiñ hem kámil keśbi śòhlelenmelidir.

261. Aýman [Aýman]  (Düýn 10:59)
0  
Salam diýmek bu saýt hemmetaraplaýyn türkmen dilini bilýän we dünýägaraýşy giñ we söz baýlygy doly ynsanlar üçin döredilen

260. Merwezi   (23.03.2023 12:52)
0  
Durmuš pelsepeleri
Durmuś dowam edýãr.Diýmek ýaģšylyk we ýamanlyk hem ýaśamagyny dowam edýãr.
***
Ýlym hem bilimiñ boluñ tešnesi
Kesilmãnkä onuñ aryk-ceşmesi.
***
Adamy sòýgùden we bagtdan òzge islendik zat ýadadyp biler.
***
Durmušda kábir zatlar biziñ oña bolan garaýśymyza ýa-da garaśyśymyza dãl eýsem ony garšylsýśymyza hem bagly bolup durýar.

259. Merwezi   (23.03.2023 06:47)
0  
Durmuś pelsepeleri

Dòwùr bilen aýakdaś gitmek ussatlara, dòwùrden hem òñe gidip dòretmek bolsa aýratyn ukyply adamlara, genilere baśartýar.
***
Durmuśda bilimiñe dâl-de, bilýániñe daýanmak wajyp.
***
Bùrgùdi penjesindâki awlan awunyñ omri, onuñ yzynda galan cagalarynyñ sonky durmuśy asla gyzyklandyrmaýar.
***
Źehin daglar ýaly beýik, zemin ýaly agras, umman yaly jolly bolanda hakyky zehindir.
***

258. Has [Haweran]  (22.03.2023 22:26)
0  
Hormatly, @Gülaý (?), reklamalary biz goýberemzok. Ýöne saýta agza bolup girýänleriñ gözüniñ öñünden siziñ diýýän reklamalaryñyz aýrylýar.

257. Merwezi   (22.03.2023 22:09)
0  
Durmuś pelsepeleri

Zehin bilen ýaranjañlyk bir galyba syganok.

***

Galamyñ ykbaly adamyñ ony haýsy maksat bilen eline alýanlygyna bagly.

***

Sòýgi diýmek aýry-aýrylukda urýan iki sany ýùregiñ birikmegi diýmekdir.

***

Eger-de dùnýâniñ, tebigatyñ òzara saxlaśygy bozulsa bu zatlar òzùni dùnýánin eýesi hasaplaýan adamzadyñ gùnâsi zerarly bolýandyr.

256. Merwezi   (22.03.2023 21:56)
0  
DURMUŞ PELSEPELERI

Durmuś meniñ iñ ilkinji halypam. Ýòne men onuñ ilkinji ýa-da iñ soñky śágirdi dâl.

***

Dùnýá bize Dost dál. Ahli zadyny deñ paýlaśar ýaly. Ýòne ol bize duśman hem dâl. Hemiśe kineli bolup ondan ýùzùmizi òwùrer ýaly.

***

Balyk diñe suwuñ icindekâ òzxñiñ ukyp-baśarnygynyñ doll eýesi bolýar.

***

AKYLDARYÑ DÙNÝÁ INMEGINI ADAMZAT TARYHYNDA ÒRÂN SEÝREK DUŚÝAN HADYSA HÒKMÙNDE HASABA ALMAK BOLAR.

***

Mùmkincilogiñ ýok ýerinde káte mùmkin dál zatlar hem dòreýâr.

255. Gülay   (22.03.2023 16:49)
0  
Bi saýtda goýlanlary okajak bolsañ, ardyny ýaýkap duran reklamalara nerw çydamaly. Meñ nerwim erbet. Çydamok.

254. Merwezi   (22.03.2023 07:57)
0  
Menl saýtýñyzyñ awtor agzalygyna Kabul etmegiñizi soraýaryn.

253. Has [Haweran]  (21.03.2023 21:30)
0  
Agzalary awtorlyga agzanyñ ýüz tutmasyndan soñ onuñ paýlaşjak bloglarynyñ hiliniñ ýokary bolmak, alnan çeşmesini görkezmek, ýalñyşsyz we awtorlyk düzgünlerini doly berjaý etmek şerti bilen adminstrator geçirýär.

Bloggerler saýtyñ edebi kollegiýasynyñ doly hukukly agzasy hasaplanýar. Şonuñ üçin agzalyga saýlananda belli bir derejede onuñ sowat we bilim derejesine seredilip saýlanylýar. Bloggerlere tema çäklendirmesi ýok. Islendik temadan ýazylan materiallary paýlaşyp bilerler. Materiallar paýlaşylanda saýhally, ýönekeý, harp ýalñyşsyz paýlaşylmagyna üns berilmeli.

252. Has [Haweran]  (21.03.2023 21:30)
0  
Hormatly agzalar we myhmanlar!

www.kitapcy.com edebi saýtynda ulanyjylar şu aşakdaky kategoriýalara bölünýär:

1). Myhman okyjylar: – Saýta agza bolmadyk ulanyjylar diñe paýlaşylýan eserleri okap we ball goýup we myhman depderde ýazgy galdyryp (teklip berip we ş.m.) bilýär.

2). Okyjy agzalar: – Agza bolan (şahsy hasaby registirlenen) ulanyjylar bloglary okap, okan bloglaryna teswirlerde tankydy belligini, pikirini, teklibini we ş.m galdyryp bilýär (okyjy agza blog açyp bilenok).

3). Awtor agzalar: – Okyjy agzalaryñ arasyndan saýlanyp alynýar. Awtor agzalaryñ ýokarda agzalan mümkinçiliklerden başga-da, blog açmaga (dürli žanrdaky eserleri, makalalary paýlaşmaga) hukugy bar.

251. Merwezi   (21.03.2023 21:00)
0  
Awtor agza bolmagyñ dùzgùnleri bilen tanýśdyraýñ. Šunca awtorluga gecmâge synanyśsam-da her gezekde nâdogry diýen jogaby alýaryn.

250. Merwezi   (21.03.2023 19:56)
0  
Senli günler

Senli gùnler tiz gecipdir deñimden,
Men ony bilmedim, bilmedim eje.
Ymsynyp kemsinip gezen gùnlerim,
Kòp agladym ýòne gùlmedim,eje.

Durmush gazanynda gaýnadym biśdim.
Nijeme kùlpetli ýollary gecdim.
Ká adamlań arasynda azaśdym.
Dost-duśmanym haýsy bilmedim eje.

Aýnaýmaly wagtym bilmedim aýnap.
Ýaýnamaly wagtym bilmedim ýaýnap.
Durmuśyñ ummanyn guwwas dey boýlap.
Gomlara dòz geldim cùmmedim eje.

Meñ gòrùm-gòreldám pynhan dál aýan.
Ýamanlyk edene etmedim zýýan.
Káte cekseler-de oýan hem buýan.
Mertebámi ýere salmadym eje.

Òzùmi ýanamak bolupdy derdim.
Çirksiz kalbymy ģòr kimlere gerdim.
Ýogumam barymyñ ùstùne berdim.
Hic ýerde òz gòwnùm gòrmedim eje.
Men dùnýáñ lezzetin duýmadym eje.

249. Merwezi   (21.03.2023 18:10)
0  
Çapyksuwara

Gör sen neneñ bagtly,
Ajap bagty getiren.
Sözlerimi diñle, eý
At üstünde oturan.

Sen bedewiñ däl, bagtyñ
Hut òzùn capyp barýañ.
Ýol azaldy gaýrat et,
Menzilñe ýetip barýañ.

Durmuşam sen mysalda,
Bagta sary capýarys.
Käbirimiz ýitirsek,
Käbirlermiz tapýarys.

Tapanlara begenýär,
Ýitirenler gynanýar.
Bagtyñ ýüzün öwürse
Giñ dünýäñem daralýar.

Çapyksuwar gardaşym
Çap any öz maýdalna.
Bagtam bagtla mynasyp
Zat ýok gyssap haýdanña.

248. [Yusup]  (21.03.2023 16:48)
0  
Şul-a gowy boldy. Içine girmezden eseriň awtoryny görüp bolýar


Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: