09:16

Ähli pygamberleriñ atlary

Просмотров: 1061 | Добавил: Haweran | Теги: Beýjan Kahraman | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Revo  
484
"Ýüz ýigrimi dört müň enbiýa, eshab
Barysy şolardyr, bilgil!” diýdiler."
(Magtymguly Pyragy)

"Bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Jemi ýüz ýigrimi dört müň pygamber bardyr. Olaryň üç ýüz on üçüsine pygamber mürsel diýilýär. Olaryň içinde ýigrimi dördüsi pygamber afzaldyr. Jebraýyl alaýhyssalamdan Allatagalanyň habaryny alan pygamberler mürseldir. Allatagala Jebraýyl alaýhyssalamyň üsti bilen habar gelmedik pygamberler-nebidir. Allatagala ýedi pygambere bir ýüz on dört sahypa iberdi. Ol elli sahypany Şis alaýhyssalama, otuz sahypany Idris alaýhyssalama, ýigrimi sahypany Ybraýym alaýhyssalama iberdi. Ol Töwraty Musa alaýhyssalama, Injili Isa alaýhyssalama, Zebury Dawut alaýhyssalama, Furkany Muhammet alaýhyssalama iberdi. Emma hiç bir pygamber Muhammet alaýhyssalamdan artyk däldir. Hiç bir kitap Furkandan hormatly däldir.
(Pygamber alaýhissalamyň Abu Zerr Gifara: «Eý, Abu Zerr! Pygamberleriň sany bir ýüz ýigrimi dört müňdür» diýen sözi muňa esas edilip alynýar». Muhammet Hüseýin Tabataýy «Şeiizm w islame», 173 s. Iran. (Çap edilen wagty görkezilmändir).)

"Kim dogry ýola düşse, diňe özi üçin düşýär. Kim (dogry ýoldan) azaşsa, diňe öz zyýanyna azaşýar. Hiç bir günäkär özgäniň günäsini götermez. Biz, tä pygamber iberýänçäk, (hiç bir kowuma) azap bermedik."
(Kurany-Kerim, 17-nji süre ("Isra"), 15-nji aýat)

Ýokarky sanawdaky pygamberler esasan arap ýarym adasynda ýada şonuň töweregindäki ülkelerde ýaşan pygamberler. Indi, Kurany-Kerimde aýdylşy ýaly ýeriň beýleki künjeklerine iberilen pygamberleriň sanawy nirede?!

"Kasam bolsun! Biz senden öň hem pygamberler ugratdyk. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny gürrüň berenlerimiziň bolşy ýaly, saňa gürrüň bermediklerimiz hem bar. Alladan rugsat bolmazdan hiç bir pygamber (öz-özünden) bir aýaty hem getirip bilmez. Alladan buýruk gelenden soň bolsa, hakykat amala aşar we şondan soň ýalany öňe sürýänler zyýana sezewar bolarlar."
(Kurany-Kerim, 40-njy süre ("Mömin"), 78-nji aýat)

Muhammet (s.a.w) adyna ýöňkelýän (ýada agzalýan) "Umumy pygamberleriň sanynyň 318-ligi" hakyndaky hadys nädereje dogry, sebäp Kurany-Kerimde bellenişi ýaly "Biz senden öň hem pygamberler ugratdyk. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny gürrüň berenlerimiziň bolşy ýaly, saňa gürrüň bermediklerimiz hem bar". Muhammet pygamber diňe özüne duýdurylan pygamberler we olaryň sany hakda bilýär, a duýdurylmadyk pygamberleriň sany kim bilýär näçä ýetýär.

""Allatagala hak üçin 318 resulyny buşlaýjy we ýatladyjy edip ýollapdyr. Kim olaryñ atlaryny ýazyp ýanynda göterse, şol pygamberleriñ şepagatlary wajyp bolar, ýazyp ýanynda saklanlara ýerdäkileriñ we gökdäkileriñ barsy jem bolup duşmançylyk etse-de, tär edip bilmezler."

Indi 318 resulyň atlaryny ýanyňda ýazyp göterseň, onda ol “318 resulyň” şepagatyna gowuşdygyň we ähli bela-beterleriň saňa tär edip bilmejegi çyn bolýar-da?! Onda men özümi şolaryň şepagatyna gowşan hem-de daşymy bela-beterlerden şolar goraýar diýip bilerinmi?! Sebäp 318 sany resulyň atlary siziň saýtyňyzda ýerleşdirilen, saýtyňyz internetde, internedem telefonymda, telefonam ýanymda, bu diýmek men elmydam olaryň atlaryny ýanymda göterýänligimi aňlatýar ahyryn.

Şular ýaly saçma-sapan zatlara ynanyp olaryň atlary ýazyp ýanynda göterýänlerem bardyr. Şolara haýpym gelýär. Ondana Nobatguly aganyň “Erteki” goşgusyny ýazyp, ýanlarynda göteren bolsadylar has köp peýda gazanardylar.

0
5 seyitliyewmaksat  
1182
Örän gelşiksiz we ýerliksiz aýdylan sözler. Allanyň saýlan ynsanlarynyň atlaryny haýsydyr bir ''Ertekä'' deňeýän adam ýa (bagyşlaň welin) ateist bolmaly ýa-da dünýewilik ,,tornadasyna'' başyny aýladan adam bolmaly. Ýöne esasy mesele sizin ynanmagyňyzda ýa-da ynanmaýandygyňyzda däl, esasy mesele goýlan maglumatyň siziň erteki hakyndaky beren maslahatynyzdan has peýdalydygynda. Ulanmak isleseňiz ulanyň, islemeseňizem başga maglumatlar bilen gyzyklanyberiň. Öz şahsy agressiýaňyz bilen käbir adamlaryň kellesini üýtgetseňiz, (muňa-da ynanýan däl bolmagyňyz mümkin) günäsi siziň boýnuňyza bolar! Has dogrusyny Rahym we Rahman bolan bilýär!

0
2 Haweran  
411
"Muhammet (s.a.w) adyna ýöňkelýän (ýada agzalýan) "Umumy pygamberleriň sanynyň 318-ligi" hakyndaky hadys nädereje dogry..."

Öñi bilen-ä biziñ bu makalany paýlaşmagymyz muña köre-körlük bilen ynanýandygymyzy añlatmaýar. Ýa-da bular absolýut hakykatlyga dalaş edenok. Biz muny diñe maglumat maksatly paýlaşdyk. Belkäm, ynanýandyrys, belkäm, ynanamzok. Bul eýýäm biziñ öz meselämiz. Ynanman bilersiñiz. Bulam eýýäm siziñ öz meseläñiz. Biziñ ü.n-ä ynanmaga Hz. Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) adynyñ getirilmegem, oña salgylanylmagam ýeterlik. Elbetde, düýbünde ýapa degmez ýalan maglumat bar bolsa, nädogry atlar bolsa, muny toslap tapanlaryñ özi Allanyñ öñünde hasap bererler. Ýöne Size-de muny ýalana çykarmak ü.n azyndan makalada salgylanylýan iki kitabyñ ady ýaly sagdyn çeşme gerek, ýa-da şol kitaplarda munyñ agzalmaýandygyny subut etmek gerek, bu ikisini edip bilmänden bärde ýazanlaryñyz siziñ diñe şahsy agressiýañyz bolup galýar.
Şular ýaly belliklere jogap bermezlikden gowusy ýok welin, ýalñyş bellikler b.n ýönekeý okyjylaryñ añyny bulaşdyrýarsyñyz, şoñ ü.n seslenmänem bolanok mahal-mahal.

0
3 Revo  
484
“Biziñ ü.n-ä ynanmaga Hz. Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) adynyñ getirilmegem, oña salgylanylmagam ýeterlik.”

“Ýöne Size-de muny ýalana çykarmak ü.n azyndan makalada salgylanylýan iki kitabyñ ady ýaly sagdyn çeşme gerek, ýa-da şol kitaplarda munyñ agzalmaýandygyny subut etmek gerek, bu ikisini edip bilmänden bärde ýazanlaryñyz siziñ diñe şahsy agressiýañyz bolup galýar.”

Dine degişli bir zadyň dogrydygyny ýada nädogrydygyny tassyklap biljek iň gowy delil Kurany-Kerimiň aýatlaryndan başga näme bolup biler?! Menem aşakda Kurany-Kerimden iki aýat mysal getirdim. Birinde (Kurany-Kerim, 40-njy süre ("Mömin"), 78-nji aýat) ýer ýüzünde ýaşan pygamberleriň anyk sany boýunça Hz. Muhammet pygamberde (s.a.w) doly maglumatyň bolup bilmejegi we beýlekisinde (Kurany-Kerim, 17-nji süre ("Isra"), 15-nji aýat) ýokarda sanalan pygamberleriň atlarynyň belli bir regiona degişlidigi üçin habaryň doly däldigini görkezýän aýatlardy.

Indi mowzugyň özi barada: Eger mowzuk nädogry (“Ähli pygamberleriň atlary” ýada “"Allatagala hak üçin 313 resulyny buşlaýjy we ýatladyjy edip ýollapdyr. Kim olaryñ atlaryny ýazyp ýanynda göterse, şol pygamberleriñ şepagatlary wajyp bolar, ýazyp ýanynda saklanlara ýerdäkileriñ we gökdäkileriñ barsy jem bolup duşmançylyk etse-de, tär edip bilmezler.”) maglumatlary özünde saklap, ýalňyş ýörelgäni ündeýän bolsa mowzugy paýlaşmagyňyzda ýada meň mowzuga ýazan teswirimi (synymy) ýalana çykarmana synanyşmagyňyzda näme peýda bar?!

0
4 Revo  
484
“Hiç kim saña bulary ýanynda götermegi maslahat bermedi”

Maslahaty makalaň awtory berýär. Menem awtoryň ol maslahatyna öz şahsy garaýyşy teswirde beýan etdim. Bar bolany. Nobatguly ýerine gelsegem men käbir adamlar ýaly mümkinçilik dörese käbirlerini mifleşdirjek ýada öwüp arşa göterjek bolýan adamlaryň toparyndan däl. Diňe maksadym Nobatguly aganyň “Erteki” goşgusynda ýokarky makalanyň berýän maslahatdan has peýdaly maslahatyň barlygyny ýaňzytmakdy.

“Gynanýan ýerim, biz hiç kimiñem añ derejesine kesgitleme berjek bolmaýanlygymyza düşünmeýänligiñiz.”

Gynanýan ýerim saýtyň ýaýýan (kitapsöýerleri bir ýere jemlemek we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara goltgy bermek) ideologiýasyna ýöretýän syýasatynyň çapraz gelmegi. Belli bir derejede dogry diýeli, ýöne teswirleri kantrol astynda saklamaklyga synanyşmaklyga (elbetde şahsy bähbitden başga) näme zerurlyk bolup biler?!

“Email salgydan onuñ kimdigini anyklamak kyn däl”

Her bir anonimligi saklamana synanyşýan adama jenaýatkär ýada kanun bozar gözi bilen garamaly däl. Birem häzirki döwür tehnologiýalaryň güýji-kuwwaty we amala aşyryp bilýän mümkinçiliklerini hakda her bir sekiz (8) ýaşly çagada bilýärmikä diýýärin.

0
6 Jeksparro  
405
Bu maglumata men ilkinji gezek gabat geldim. Ilkinji gezek gabat gelşime-de gyzyklanmaga başladym. Ýöne @Haweran, 95-96 ýerdäki gelýän pygamber adynyň ikisini bir ýerde ýazypsyň, şol ýerde ýalňyşlyk bar öýdýän?

0
7 sabyrly  
908
100-101-nji atlaram şeýle.

0
8 sabyrly  
908
Elbet-de, mowzugyñ içinde, teswirlerde okara-öwrenere zatlar az däl, ýöne, şu mowzugyň ady biraz ýalňyş ýaly.
"Ähli pygamberleriň atlary" diýmän, "Bize belli bollan pygamberleriň atlary" diýilse! Sebäbi, näçe pygamberleriň gelip-gideni diňe Allaha aýan.
Awtoryň jany sag bolsun, Allah razy bolsun!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]