23:27

Akyl paýhasly dana şygyrlaryň waspy

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 335 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Muhammetaly Ýazdurdyýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 19
0
1 Narcissus  
1589
Pyragynyňam "pelsepesi" diýýärler, köp eştdim şeý diýip, emma Pyragy pelsepeçi däl we pelsepe ýok eserlerinde. Yslamy teswirleýän we ahlaklylygy ündeýän bir şahyr görýän men-ä, bu ýazgyda Azady we Andalyby hem filosof (hatda beýik) edipdirler, tüweleme. Her milletem mydama öz elindäki bar zadyny bolşundan uly edip görkezýär-dä.

0
2 Garayolly25  
1449
Ýok, Beýik Pyragyny bolşundan uly edýän däl, eýsem, Onuň ägirtliginiň syryny heniz açyp bilýän däldirler. Akyldaryň poeziýa älemi okyjy üçin heniz~henizler dumanly. Şol duman, ýa~da ümür haýsy zamanda, haýsy eýamda okyjynyň alnyndan syryljagy belli däl. Onsoňam KESEK ZYŇYLANDA zeresap bolunsa ýagşy. Ýogsam ÖWLÜÝÄŇ mazaryna düşmegi ahmal.

0
3 Narcissus  
1589
Men "beýik däl" diýmedim, pelsepeçi däl diýdim. Syry açylyp bilinmez ýaly ol Bermudamy, Çingiziň mazarymy, geljekmi, Nitşeniň kitabymy, Ýahudy taryhymy, näme ol?

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Pyragy atamyz barada däl-de, umuman, filosoflar baradaky meselä biraz aýdyňlyk getirmäge çalşalyň.

Filosofiýa, ýa-da aristotelçilik, gündogar medeniýetinde bar, çünki öz wagtynda, onda-da hut halyflaryň emri bilen siriýalylaryň, soňra bolsa grek we latyn dilli gadymy filosoflaryň mirasynyň arap diline geçirilendigini we şeýdibem ýok bolmakdan halas edilendigini bilýänsiňiz. Musulman dünýäsinden al-Faraby, ibn-Sina, ibn-Ruşti ýaly filosiloflar ýetişdi.

Musulman filosoflar yslama garşy çykman, gaýtam oňa gulluk edipdirler. Emma filisoflar ilkibaşdan sap ynsan aklyndan ugur alýarlar. Emma pikirde diňe mukaddes kelamdan ugur alan akyldar danalar hem bolupdyr, muňa yslamda kelam ylmy diýilýär. Meselem, al-Gazaly. Ýogsa-da, ol filosoflary, hususanam, ibn-Sinany berk tankytlapdyr.

Şeýlelikde, arassa yslam filosofiýasy - bu kelam ylmydyr. Aristotelden gaýdýan filosofiýa (gündogarda "felfese" diýilýär) gündogaryň pikir äleminde orun alypdyr, emma gündogar medeniýetine Günbatardaky ýaly uly täsir döretmändir.

Täsin görünýän ýeri, felasifler, ýagny ibn-Sina ýaly aristotelçi filosoflar al-Gazaly ýaly kelamçy alymlar tarapyndan tankyt edilse-de, olar Günbatardaky ýaly yzarlanmandyrlar. Musulmanlarda olara garşy gödek hüjüm edilen ýeri, jezalandyrylan ýeri asla ýok.

Emma sufileriň, ýagny yslam mistikleriniň gaty agyr yzarlanan ýerlerini bilýäris: Mansur dara çekilen, Nesimi dabanyndan soýlan.

Magtymgulyny, meniň pikirimçe, diňe bir söz bilen filosof ýa sofi (mistik) ýa-da milli gymmatkyjlaryň ündewçisi diýip bir tarapdan kesgitleme berip bolmaz, Magtymgulyda hersinden bar. Ol umuman yslam we milli medeniýetiň giň dünýäsini söz we pikir ussady hökmünde şygyrlarynda çeper açan şahyr we akyldar. Magtymgulynyň şygyrýetiniň içinden eriş-argaç geçýän esasy motiw - öz halkynyň, onsoňam bütin adamzadyň we adam oglunyň ykbaly, töweregindäki halkyň dert-aladasy. Il-gün bilen bir jan bolup ýaşamak, mertlik terbiýesi. Iman meselesi.

Şonuň bilen birlikde, XVIII-XIX asyr türkmen şahyrlarynyň içinde Magtymguly ýaly sufistik akyma (TASAWWUF) aralaşan hiç birisi ýok. Şu ugurda bizde diňe Magtymguly bar. Orta asyrlaryň gülläp ösen döwürlerinde bolandyr, soňky asyrlarda ýok. Magtymguly - orta asyr sopyçylyk akymynyň ägirtlerinden iň soňkusy.

Aýdylýandyr: soňky çynarlaryň her birisi Magtymgulynyň bir temasyny ösdürdi, biri watan-gahrymançylyk, biri yşky-liriki, ýene biri sosial-durmuş we ş.m. Magtymgulynyň sufizm mirasyny hiç kim dowam etdirmedi. Sebäbi durmuş şertleri başgady. Sufizmiň ösmegi üçin uly şäherler gerek, derwiş tekkeleri gerek, olara sadaka berýän, howandarlyk edýän hökümdarlar gerek. Şol wagt bolsa Orta Aziýa we Eýran talaňçylyk we mezhep söweşleri zerarly haraba bolup ýatyrdy. Türkmenler öz durmuşlary bilen ýaşaýardylar. Magtymguly hem öz sopyçylyk-mistika dünýäsi bilen ýekelikde meşgul bolýardy. Halypasy - gadymdan galan kitaplardy. Müridleri (sopy şägirtleri) ýokdy.

Şonuň üçinem, hut öz pikirimçe, her niçigem bolsa, Magtymgulyda sopyçylyk, ýagny mistiki ugur has agdyklyk edýär. Käbir maglumatlara görä ol nakşybendiýýa akymyna degişli bolupdyr. Şeýle sopyçylyk akymlary Magtymgulynyň okan ýerleri bolan Buharada we Hywada dowam edipdir, emma öňki döwürlerdäki gülläp ösen ýagdaýynda bolmandyr. Magtymguly sufizmiň pidakär wekili Nesimini aýratyn ýatlaýar.

Magtymgulynyň sufizme degişlidiginiň, meniň pikirimçe, iň äşgär subuty - mistiki "dilber" hakyndaky göşgulary (olaryň käbirine dünýewi häsiýet berip, Meňli barada hasap edilýär, bu biziň Magtymgulynyň mistiki dünýäsine entegem oňly düşünmeýänligimizden). Başga subutnamalary hem bar aýdyp oturjak bolsaň.

Emma Magtymguly, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, sufizmiň oňki wekilleri, aýdaly, Rumy ýaly sufizm praktikasy bilen meşgullanmandyr, zikr çekip, derwiş tansyny etmändir. Gaýtam türkmenleriň adaty durmuşyny alyp barypdyr we türkmen goç ýigidiniň sypatlaryny wagyz edipdir.

Garaz, Magtymgulyda hersinden bar. Filosoflaryň, ýagny aristotelçileriň garaýşyny ol kän beýan etmändir, şonuň üçinem ol nusgawy manyda "felasiflere" degişli däl.

Emma, Meniň pikirimçe, onuň pikirlerine "pelsepe" diýseň bolar. Türkmençe pelsepe - belli bir dünýägaraýyşy öňe sürüp, pikiriňi beýan etmek diýen ýaly bir zatmyka diýýän. Ol halkyň diline giren söz, filosofiýa ylmyna kän baglanyşygy ýok.

0
5 Narcissus  
1589
Mahlasy, gaty çişirýärler, her dürli teswir berýärler. Köp zadyň arkasynda aýdylyşyndan pesiräk manylar ýatyr, bu gaty köp zatda şeýle. Ony pygambere deňeýän, geljegi goşgularynda teswirleýän ulama, hatda dogulmadyk wekil hem diýýärler. Hol gün arada diş lukmana gidipdim, öňümde ak sakaly garnyna ýetip duran bir ýaşuly bardy, başlady bu gürrüň bermäge: Magtymguly aslynda dogulmandyr, ol Allanyň kelamy bilen ýer ýüzüne asmandan inen bir wekil eken. Soň ony Azady alyp terbiýeläpmiş, ulaldypmyş, oňa guwanarmyş.
Diýjek bolýanym, her öňýeten bir meselede her dürli zat diýse maglumatlary togtadýan jahyllyk meýdany döreýär, we ol meýdana düşen onuň soňuny görüp bilmeýär, düşünip bilmeýär, akyl ýetirip bilmeýär.
Çeper dünýägaraýyş başga, pelsepe (ýa-da filosofiki usul, filosofiki dünýagaraýyş) düýbünden başga zat. Şopengaweriň hem aýdyşy ýaly, pelsepäni amal etmek üçin gerek bolan 2 zatdan biri sorag bermek. Islendik meselede sorag berip bilmek, we bu soraglara akyla, logika-mantyga esaslanýan sebäpler bilen yzygiderli jogap bermäge synanyşmak gerek. Jogaplaram, o diýen soraglaram kän wajyp däl, wajyp bolan zat, haýsam bolsa bir meselede gelen netijäňde geçen ýoluň. Ýagny seniň netijäňe nädip ýeteniň wajyp, haýsy usullar bilen, näme sebäplere esaslanyp netijä, we edil şu netijä geldiň? Bularam bellibir yzygiderlikde, eýleki kişileriň pikirlerini, garaýyşlaryny öz sebäpleriňe görä ret etmek (tankytlamak) bilen, öz sebäpleriňi düşündirmek, "şu şeýle boldy, sebäbi bu beýle" diýip, ýagny öz pelsepäňi döretmek, ony bir daýanja baglamak gerek. Gazaly hakykatdanam möhüm adam, hernäçe Yslamyň ösüşiniň öňünde böwet bolmagy bilen günäkärlense-de (men beýle pikir edemok), öz usuly bar, öz pelsepesi bar, ýa-da Möwlana Jelaleddin Rumynyň hem pelsepesine seretsek onuň musulman däldigi (ýalňyşmasam panteist) belli bolýar diýip aýdýarlar, hernäçe pelsepesini okamasamam, öwrenilmeliler hatarynda dur. Hatda haja gitjek adamlara "haja gidip oturmagyňyza gerek ýok, meniň daşymdan 3 gezek aýlanyň, haja giden ýaly bolarsyňyz" diýendigi hem rowaýat edilýär. Ýa-da Lukman Hekimiň diňe Haý ibn Ýakzad romany hem pelsepewi roman diýip gidýär, netijede içinde filosofiýanyň esasy şerti (dogmalardan arassalanmak) we öz-özüňi ösdürmek, soraglamak, ylym-bilime ýetmek ýaly zatlar bar, edil Derwüş romany ýaly. Filosofiki dünýägaraýyş bilen dini dünýagarşyň (ony çepere dökmek) arasynda tapawutlar bar. Edil Türkmençilikde bilemok nähili kabul ediljegini, netijede pelsepe medeniýetden medeniýete görä manysy üýtgeýär. Men modern (döwrebap) filosofiýa aýdýan, Dekart bilen ýörgünli bolan we umumy filosofiýa aýdýan. Bolmasa her medeniýetiň eserlerini olaryň filosofiýasy edip bileris.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Garaýollynyň Magtymgula keramat hökmünde seretmegi, meniň pikirimçe, ýazgarylmaly zadam däl, bu aklajak bolunmagyna mätäjem däl. Sebäbi biz Magtymgula diňe edebiýatyň wekili hökmünde seretmeýäris, ol Oguz han, Gorkut ata, Görogly ýaly milletiň ruhy atalarynyň, daýanç sütünleriniň biri, her birimiziň garry atamyz mysaly. Diýmek, ol hakda bitarap, obýektiw, keseden bakyp gürläp bilmeris, ol hakdaky pikirlerimize mydam благоговение diýilýän duýgy goşular. Eger şahyr bolsak dagy, onda hakykatda türkmeniň edebi dilini kemala getiren adam hökmünde onuň baş halypa sarpasy hem bolar. Garaz, gitjek ýerimiz ýok, ata-ene çemçe tutmagy öwreden bolsa, goşgy düzmegi hemmämize ilki öwreden Pyragy atamyz.

Barybir bu beýik şahsyýet barada giň ýaýran nädogry we zyýanly düşünjeler barada hakykatyň hatyrasyna aýtman geçmek bolmaz.

1) Okuwçy Magtymgulydan düşünmedik bir ýerini soraýar. Mugallym göwnühoş jogap berýär: “Biz özümiz Magtymgulynyň ýazanlarynyň ýüzden birine düşünemzok”. Beýle jogap gaty amatly: birinjiden, özüniň beýik şahyrymyza titrewükli-galpyldyly sežde-togaby bilen özüni beýgeldendirin öýdýär, ikinjiden, Magtymgulyny “dörjelemäge” synanyşýan okuwçyny edepsiz ýaly görkezip, onuň indiki berjek soraglarynyň öňüne geçýär, üçünjiden, iň erbedi, ol Magtymgulyny düşündirmek aladasyndan bütinleý gutulýar: “Kurana hem düşünmän sežde edip ýörüs, Magtymgula-da düşünjek bolmaň-da, ýöne çokunyp geziberiň” diýýän ýaly edýär. “Magtymgulynyň henize çenli syryny açyp bilmedik, indem açylmaz, ol gizlin manylardan doly syrly hazyna” diýip, agzyny köpredip ýören näçe alymlar bar? Bu Magtymgula hormat däl-de, düşünip otursaň – hyýanat. Eger şol adamlaryň yhlasy bilen halkymyzda we dünýäde “Magtymguly – syrly dünýä, onuň şygyrlary – garaňky kitap, sözleri – kodlanan, olar – her dürli manylary saklaýan simwollar, onuň diwanyna türkmen halkynyň heniz özi düşünenok, deşifre edip bilenoklar” diýip şöhrat ýaýrasa, bu haýrymyzamy? Onda näme üçin “Magtymguly – dünýäni görkezip duran Jemşidiň jamy” diýýäris ("Jam-e-Jemşit" - parsça, türkmençe "Jemşidiň aýnasy" bolmaly). Dogry, käbir meseleleri (aýratynam dini) halkyň aňyna ýeter ýaly ýönekeýleşdirip bolanok, olar düýbünden açylman hem galmaly, ýagny düşündirmäge degişli däl. Emma Magtymguly halka düşündirmegi niýet etmedik zadyny galama hem alan däldir ahyryn. Tersine, onuň baş maksady we edebi hyzmaty – gündogaryň pikir genji-hazynasyny öz halkyna elýeterli görnüşde we çeperçilik bilen beýan etmek bolupdyr.

2) Käbir edebiýatçylar we din alymlary hasam gaty gidip, Magtymgulynyň aýdyň düşnükli bolup duran jümlelerine aslynda bolmadyk has “çuňňur” ýa-da öňkä goşmaça many berip tewsirlän bolýarlar (eger soralsa mysal getirip bilerin, emma şeýle ýazyp oturmaga ýer we wagt çäkli). Bu dereksiz, bolgusyz pişe, şeýdýänler käte özleriniň gaýtam ýöntem, bisowatdygyny görkezýärler.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
3) Käbirleri Magtymgulynyň mirasynyň hakykatda esasy gymmatyny özünde saklaýan edebi we pikir genji-hazynasyna gyzyklanman, eýsem ondan başga güýmenjeleri gözleýärler. “Eýsem Magtymgulyda gymmatsyz zat barmy?” diýersiňiz. Gymmatsyz diýip biljek däl, pikiriň taryhyny öwrenmek üçin material hökmande gymmatly, emma adamzat paýhasynyň şaýolundan sowa düşüp galan zatlar bar. Sebäbi orta asyrlara degişli ähli pikir baýlygy Magtymgulynyň döredijililiginde öz beýanyny tapypdyr. Sholastiki pikir ýöretme bolsa orta asyrlar aň-düşünjesiniň esasy aýratynlygy. Ol esasan dini dogmalara daýanyp, durmuşdan üzňe, tejribä dahyly bolmadyk, formal taýdan logiki emeli pikir ýöretmeleri döretmekden, olary ýat beklemekden we şolaryň üsti bilen sorag-jogap alyşmakdan hem-de jedel etmekden ybarat (“Ýer göteren sary öküziň ýaşy näçedir?”, “Düldüliň reňňi häjüredir?”, “How ene Adam atanyň aýalymy ýa-da gyzy?”, “Detjaly kim öldürer?” ýaly “akyldarlyklar”). Beýle spekulýatiw pikir ýöretmeler tejribe bilen iş salyşmansoň, olar miwesiz bolupdyr. Käbirleri Magtymgulydan diňe şolar ýaly “dürleri” gözleýärler.

4) Ynha, meselem, garry atasyny dünýäde iň gowy ynsan hasaplap ýören oglanjyk diýeli. Emma birisi gelip, atasynyň öňünde ýykylyp, aýagyny ogşasa, çaga şok bolar, halamaz, ruhy trawma almagy hem mümkin. Dogrudanam, soňky wagtlarda “Magtymguly Azadynyň ogly däl, bir ýerden düşen” diýen wersiýa giň ýaýradylýar. Ýagny, asmandan diýjek bolýarlar. Bu bizi şok edýär. Meniň pikirimçe, bu asla gowy zat däl, gerek zat däl. Bu bizi gaýtam Magtymgulydan daşlaşdyrýar. Bu gaýgyly bolmasa, gülkünç bolardy. Ýadymda, amerikanlar talybana garşy uruş yglan edende, olaryň lideri Molla Omar gaçyp gitdi. Men şol günler bir dostum bilen otyrkam: “Molla Omar uzak gaçmaz, tutular” diýdim. “Nireden bilýäň?” “Magtymguly aýdyp gidipdir: “Molla Omar gaçdy, belki gutula, ony kowa-kowa sen tutduň, dünýä!” diýmänmi”. Men degşip aýdypdym, emma Molla Omar dogrudanam öldürilenden soň, başga tanşym bilen otyrkam, Magtymgulynyň muny aýdyp gidendigini aýtdy. Sorap görsem, meniň Magtymgulynyň Molla Omar barada weliligi dogrusyndaky degişme sözüm ganat baglap, ýaýrap başlan ekeni. Men “Onda Ben Ladini hem aýdandyr, gözläň” diýdim. Magtymgulynyň tutuş diwanyndan diňe şolar ýaly “weliligini” tapyp, şol ýeri epläpjik goýýanlar bar. Emma iki setirinem ýatdan bilenoklar.

5) Jemleme. Bäş sany soýuz respublika döredilenden soň Moskwadan emir geldi: “Heriňiziň öz paýtagyňyz bolmaly, gerbiňiz, baýdagyňyz... ýene näme-nämäňiz...”. “Heriňiziň bir ikona şahyryňyz hem bolmaly” diýdiler. Ruslar Puşkini, gruzinler Rustawelini.., garaz her kim özüniňkiden birini orta çykardy. Sistema şeýledi. Biziň Magtymgulymyzy baş milli şahyrymyz eden tarynyň özi. Ol görkezme bilen däl, halkymyzyň öz ata-baba däbi bilen şeýle boldy. Şeýleligine-de galmaly. Milli şahyr, akyldar şahyr, “söz meýdanynyň oragyny oran”... Emma dini manyda pygamber däl. 124000 pygamberiň soňuny jemlän, ahyrzaman pygamberi Muhammet SAW, ondan bäri, ylaýta-da XVIII asyrda pygamber gelmeli däl.

Magtymgulynyň döredijiliginiň köp çylşyrymly syrlary, edebiýat alymlarynyň käbiriniň buýsanç bilen aýdyşy ýaly, açylman duran bolsa, onuň sebäbini şahyrdan gözlemeli däl-de, şol alymlaryň ýaltalygyndan ýa-da bisowatlylygyndan gözlemeli.

0
8 Narcissus  
1589
124.000 pygamber, gaty geň galdym)
Menem şony aýtdym, umuman. Halk körleşjek bolsa bir zada ýapyşyp galýar-da.

0
11 yaran_yagmur_9  
1578
124000 pygamber diýilmegi, pikir edip otursaň, geň däl. Onsoňam olaryň hemmesiniň kitap getirmedigini, emma Hakyň kelamyny halka ýetiren çyn pygamberler bolandygyny, 99,999 göteriminiň (mysal üçin aýdýaryn) sözüniň diňlenilmän, gaýtam köplenç ýalançylykda aýyplanyp, harlanyp öldürilendigini ýatda saklamaly.

Ýogsam, aýdaly, biri seniň ýaly musulmana sorag berýär: "Bar, häzir Orta Aziýada ýa-da Ýakyn Gündogarda ýaşap, yslam wagzyny mydam diňläbem iman getirmedikler dowzaha düşýär, bu düşnükli. Häzir bütin dünýäniň ýaşaýjylary yslam hakynda eşidýärler, olar hak dine girmeseler, olaryňam jezasy (ahyretde) belli. Emma biziň eramyzdan öň biziň topragymyzda, Müsürde ýa-da Gresiýada, Sibirde ýa-da Gambiýada ýaşan, çyn dinden bihabar dünýäden öten ynsanlar näme üçin dowzaha girmeli? Ylahy adalat şumy?" diýip soraýar diýeliň.

Olara jogap berýärsiň: "O nähili bihabar? 124.000 pygamberiň Gambiýa iberleni hem bardyr, Sibire iberileni hem, Awstraliýa iberileni hem bardyr, Gresiýa hem. Allah habar bermän, jogapkärçilik talap etmez ahyryn. Olar şol pygamberleri diňlemän, gaýtam gynap öldürendirler. Olar atsyz-sorsuz ölendirler. Sokraty afinylylar zäher içirdip öldürdiler, ol pygamber bolan bolsa bildiňmi? 124.000 az zatmy, diýmek hemme halklar we kowumlar habardar edildi, indi jogap hem berk soralar!" diýýärsiň.

Ine, şu logikadan alnanda 124.000 az bolsa az, köp däl.

0
9 Narcissus  
1589
Heniz nämeler aýdylýar bir bilseň, pygambere deňelmegine geň galmakdanam beter geň galyp, aňkaryp durupdym. Öýde 7-8 sany Magtymguly kitaby bar, kakam okaýar. Hany pikir et, kakam Magtymgulyny nähili tanap, bilýändir öýdýäň? Düýşünde gören zatlary barada eýýäm 10-15 sany tapawutly (geň, gülkünç, manysyz) gürrüň eşdendirin. Magtymguly hakynda halk rowaýatlary kitabynda bolşy ýaly (bu kitaplardanam 5-6 sany bar, mende 2-si bar, hemmesem dürli zatlar gürrüň berýär, hamala Magtymgulyny däl-de, bir super gahrymanyň ondan-mundan jemlenen häsiýetlerini öwrenýäň), gynandyrýan ýeri bolsa bu zatlara halk çyny bilen ynanýar, özleri okap, soraglap bir zatlar öwreneýin diýenoklar, "bu zatlar dogrumyka" diýenoklar, "haýsy dogruka" diýenoklar, sorasaň Magtymgulynyň 3 goşgusyny aýdyp bilmez emma öz ondan-mundan eşden hekaýasyny (ol aslynda Hydyrmyş, ýa-da Hydyr görenmiş, gije wahyý inen ýaly ylham inýärmiş, bu jadyly kelamlar şonuň üçin ýazgyda ýer tapypmyş, ýiten kitaplarynda has geň-taň zatlar bar eken, olar aslynda ýörite ogurladylypmyş) aýdyp, janygyp ony goldaýarlar. Men dogrymy aýtsam, Magtymgulynyň halkyň üstünde (iň azyndan köpçülige seredeniňde) pozitiw däl-de, negatiw täsirini görýärin, ýagny sözde Magtymguly söýerlere seretseň ne bir zat okan, ne ylymy ýetik, ne-de nämä näme üçin ynanýandygyny bilmeýän adamlar, düşündirip bilen bolsam. Jelal Şengör "pikir etmeýän adam ýetişdirýäň" diýýär-ä, edil şolar ýaly. Umuman, Magtymguly barada nesip bolsa bir makala ýazmakçy, gaty uzyn boljagy belli, şuwagt gaty köp zat okap, belläp, barlaýaryn. Emma Magtymgulyny gürrüň bererden ir öýdýän heniz.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Makalaňa garaşýarys. Filosofiýa barada-da bir başlanyp goýuldy. Pursat gelse dowam ederis

0
12 Azat_Nurgeldi  
283
Narcissus, yaran ýagmur_9,
Siz öz intellektiňiz bilen şu saýtyň eýesi bolduňyz. Size ýok diýýänem ýok, Siziňki dogry diýýänem. Ikiňiz iki taraplaýyn dialog gurnap bildiňiz. Meniň Size diýjek bolýan zadym halkyň soňkyja ynanjyny elinden aljak bolmaň. Bu prowakasiýa meňzeýär. Eger siz Magtymgulydan özüňizi akylly saýýan bolsaňyz subut ediň. Her näme-de bolsa şu saýta hemme türkmen halkynyň wekilleri girmeýänine şükür ediň, Siziň bu pikirleriňiziň uçgun bolup uly ýangynyň sebäbi bolmagy mümkin.

0
13 yaran_yagmur_9  
1578
Narcissus özi üçin jogap berer, men özüm üçin jogap bereýin.

Eger Magtymguly üçin maňa gatyrganýan bolsaňyz, bu Sizi meniň gözümiň öňünde hasam beýgeldýän garaýşyňyz bar diýmekdir.

"Hemme türkmenleriň gatnaşmaýandygy üçin kän kötek alaňzok" diýýäniňem dogry. Meselem, eýran türkmenleri gatnaşyp oturan bolsalar, men, megerem, şu diýýänlerimi barybir diýerdim, emma ýüregim syzlardy. Çünki olar beýle zatlary örän ýokuş görýärler. Olaryňky düşnükli, olaryň bar guwanjy we mydary şeýle gymmatlyklar. Olar türkmen dilini hem dünýäde iň kämil dil hasap edýärler, käbir bellikleri aýtsaň gaty ynjaýarlar. Emma men barybir öz pikirimi aýdýaryn. Emma olaryň duýgularyny ynjydanyma gaty gynanýaryn.

Emma men siziň ýaly, ýagny hiç hili kompleksi bolmadyk, göwni bütin, diňe geljege seredýän adamlara ýüzlenip gypynçsyz aýdýan bu zatlary. Özli-özümiz, Magtymgulam özümiziňki, dilimizem özümiziňki, kemçiliklerimizem özümiziňki, problemalarymyzam. Siziň özüňiz aýdýarsyňyz "hernä başga toparlardan gelip diňlänoklar" diýip. Diýmek, bu siziň özüňizi darykdyranok. OK. Menem siziň şular ýaly giňligiňize, rahat kabul etmegiňize bil baglap aýtdym şu zatlary. Diýmek, siziň bilen problema ýok, başga kim gelse-de, özüne görä çemeleşip, dil tapyşarys.

Çünki diýlende, meniň aýdýanym telek zat däl. Magtymgulyny däp bolup gelýän terzde, ýagny Azadynyň gan perzendi, türkmeniň baş milli şahyry, akyldar Magtymguly hökmünde hormatlalyň diýýärin. Özüni asmandan inen nebi-pygambere, edebi mirasyny ýahudileriň müň syrly talmudik kitabyna öwürjek bolup, täze trend tapmaly diýjek bolýan.

Magtymgula garaýşymy bolsa häzir şygryň üsti bilen beýan edip, post goýaýyn.

Bu ýerde özümi aklajak bolmaklyga hajat görmeýärin, emma etikany bozan bolsam ötünç soraýaryn.

0
17 Narcissus  
1589
Näme diýeýin, hemme kişiniň pikiri, dünýägaraýşy üýtgeşik, emma şu ýere ilişdim, "subut etmek" düşünjesi esasan bir pikiri, bir termini öňe süreňde (ýa-da inkär edeňde) onuň galp däldigini görkezmek üçin bir zatlara esaslanmakdyr, emma men bir zady (esasanam Magtymgulydan akyllydygymy) öňe sürmedim, ýa-da bir zady inkär etmedim. Meniň ýazanlarymdan (haýran galaýmaly) özümi Magtymgulydan üstün hasaplaýandygymy pikir etmegiňiz meni çyndanam gynandyrdy. Siz bizi gözüňizde has ulaldypsyňyz, biz diňe bir bilmek isleýän adam.

0
14 kungfuu  
1292
Eger-de epigraf hökmünde Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň aýdan jümleleri alynsa, onda Awtorlaryň atlary hökman ilki görkezilmeli, soňra aýdan sözlerini goýmaly.

Öz familiýalaryny metbugatda ýazylyşy ýaly ULY harplar bilen ýazýançalar, şu zatlary öwrenseler gowy bolardy, ýaş, ýaňy başlan, talyp awtorlar.

0
15 yaran_yagmur_9  
1578
Bolsa-da talyp inimiz makalany özüne çekiji ýazan bolarly, prosmotr alybilýär.

0
18 Şirhan  
49
@yaran_yagmur_9, dogrusy menä makalanyň diňe başyny okadym. Siziň we beýleki agzalaryň pikir ýöretmeleri has gyzykly geldi meniň üçin-ä.

0
19 yaran_yagmur_9  
1578
Sag boluň!

0
16 kungfuu  
1292
150-200 sözli makala şunça seslenme döredip bilipdir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]