23:31 At bilen itiň söhbedi | |
AT BILEN ITIŇ SÖHBEDI
At bir gezek itiň göwnüne degipdir: “Sen aç-hor bolsaň, gapy-gapy aýlanyp, seňkildäp ýörsüň”. Şonuň üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler. At aç- -hor bolsa-da öz eýesiniň gapysynda durýar. Düşündiňmi? Bu ýakymsyz söz itiň içinden ot bolup geçipdir. Şonda--da ol mertlige salypdyr-da, ata şeýle jogap gaýtarypdyr: — Seniň ol aýdýanyň jany bar, at aga. Ýöne sen ýene--de bir zady bilip goý. Sen ikiýüzli. Seni satsalar, sowgat etseler ýa-da ogurlap alyp gitselerem, seň üçin tapawudy ýok, garaz, üstüňe kim münse, sen şonuňky bolýaň. Men — lebzi bitin. Şonuň üçin maňa adamlar “It — wepa” diýýärler. Pişik syçany synaýar Bir gezek pişik jaýyň burçundaky deşikden çala kellesini görkezip, gözlerini ýyldyradyp duran syçana ýüzlenipdir: — Syçan dost, bilýäňmi näme? — Hä, näme? — Eger sen şol deşikden çykyp, ine şu deşige girseň, saňa ýüz tümen para bereýin. — Ýüz tümen! — Hawa, ýüz tümen. Aralyg-a, ýakynjak. Ynha seret. — Ara ýakyn-la, ony bilýän, ýöne para daş — diýip, mekir syçan jogap beripdir. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |