15:55

Azerbeýjandaky tekeleriñ taryhy

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 698 | Добавил: afrasyyap | Теги: Enwer Çingizogly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
1
1 GençOsman  
45
Osmanly tekeleriniñ taryham gyzykly. Iñ şermende paşalary Tekeleñ içine ugradýan ekenler. Paşalañ iñ betem Teke sanjagyna iberilmekden gorkýan eken...

Maglumatlarña sag bol @afrasyýap

1
2 GençOsman  
45
*t

1
3 Oguzhan_aga  
65
Sag bol maglumatlaryña Afrasyab.
Şu günki gün bizdəki Teke taypasy bilen Azerbayjan ve Türkiyedıki Tekeler bilen nəme baglanşygy bolup biler. Şularyñ hemmesini bir typanyñ vekili hasap edip bolarmy, kimde nəme maglumat bar bolsa paylaşsañyz. Azb. taryhçylarynyñ biri "Təkəli tayfasy Kynyklaryñ bir kolu" diyip aydypdyr. Eger şu dogry bolsa onda Teke taypasy hem Seljuklr zamanyna ve olaryñ taypasy Kynyklara degişli bolyar. Ýöne bizde başgada maglumatlarda "Tekeler" Salyr taypasyndan gelip çykan diyilyər. Bulara düşündiriş berip biljek taryhçykarymyzam ýokda, siziñ içiñizde bu hakda bir zatlar aydyp biljegiñiz barmy TÜRKMEN EDEBİYATY.

0
5 afrasyyap  
13
@Oguz han aga, Salyrlar Ogurjygyñ baştutanlygynda XIII asyrlardaYrkdan demirgazyk tarapa gidenlerinde, belki Azerbeyjandaky tekeleriñ bir bölegi şolara goşulandyr. Bir bölegem azerbeyjanda galandyrlar. Şol Salyrlar bilen Altyn Orda giden tekeler hazar deñziñ daşyndan aylanyp hazirki Türkmenistana gelendirler. Bu hakda sen hem öz pikiriñi ýazyp bilersiñ!

1
4 Oguzhan_aga  
65
Bagşy bege dakylan "çuha" ady inçeden syk ýüñden dokalan mata manysya gelýə.

1
6 Oguzhan_aga  
65
Afrasiyab señ pikiriñem "hə" diyerlik bar, yöne men başga pikirde.
Birinjiden: bir azrb taryhçysy "təkəli tayfasy Kynyklaryñ bir goly" diyip yazypdyr, bir Türk taryhçysy hem Alp Arslan Malazgirde gelende onun bilen Mervde ve tövereginden kən Türkmen yzyna düşüp geldi, esasanda söveşjeñ aşiret (taypa) bolan Tekeler" diyip yazypdyr (kimdigini
belleməndirin). Eger şeyle bolsa Teke taypesy Oguzuñ Kynyk taypasyna degişl boljak. Rovayatda Tekeler, Ərsarylar, Ýomutlar, Saryklar Salyr Gazandan gaydýa diyilyən ýerem bar. Salyr Gazan Salr taypasyna degişlimi ony bilemok.

1
7 Oguzhan_aga  
65
İndi ýene bir rovaýat gürrüñi: həzirki Garadaşaýak Akdaşaýak ve Mary taraplarda bar bolan Soltanyzlar (ahalda gabat gelmedim) Soltan Sanjara baryp direýə ve şonuñ nesilleri diýilýər. Akdaşaýaga peri gatançly diýilýə (bilmedik Soltan Sanjaryñ peri aýaly bolupmy). Burkazlar hem Soltan Sanjaryñ Məmmetsapa diýen inisimi ýa agasymy şonuñ nesilleri diýilýər. Bu gürrüñleri şu gün aramyzda ýaşaýan Akdaşaýakly 90 ýaşdan geçen köne mugallym Seýitmuhammet Seýinyýaz tassyklap biler ve Garadaşaýakdan Jurnalist merhum Allaguly Nursəhet aýdypdy (özüm diñledim). İndi bilmedim bu gürrüñleriñ añyrsynda nəmeler ýatandygyny.

1
8 Oguzhan_aga  
65
Seljuklar hem özlerini Kynyk taypasyndan hasap edipdir. Ýenede bir zat: Eýranly Abdyrahman teñli tana ahun bir şejere düzüpdir (arap elipbide) .Şonda Soltan Sanjar mazy➡Firuz şa➡Akmelek➡Garamelek➡Garamazy=ve şulardan dört ogul bar-Daşaýak, Ýaşaýak, İlmelek, Soltan Azyz. İndi şu düzülen şejerə seretseñ bizdəki rovaýaty dogry dəlem diýip boljak dəl. Ýenede: Gökdepe urşunda bosgun bolanda Daşaýak adamlaram Tejene Mara gidýəler. Şonda Mara baranlarynda Burkazlar öñlerinden çykyp "siziñ golaý hossaryñyz biz" diýip garşy alypdyrlar. Bu gürrüñlerem rovaýatyñ boş gürrüñ dəldigini subut edýə.

1
9 Oguzhan_aga  
65
Umuman çözülmeli taryh sahypalary kən. Öñki Ors dövründe bize hiç hili geçmişimizi taryhymyzy övrenmeklige rugsat berməndirler. İndi beri muny beydip goymaly dəl. Gözlemeli, agtarmaly, tapmaly çekeleşmeli ve bilmeli.

0
10 afrasyyap  
13
Mümkin señ aydanlaryñ dogry. Tekeler Seljuklaryñ goşununyñ içinde Alp arslan bilen gelendiklerini türkmen taryhçylary tassyklayarlar. Mentaryhda okapdym Alp ArslanAzerbeyjany eyelemäge baryar. Şonda Azerbeyjanda galan bölekleri bolmaly.
Anadolydaky Tekeogullar begligi hem şol tekelerdengalan bolmaly. Baydaklarynda altyburçly ýyldyzy bolupdyr. Yyldyzlarynyñ burçunda bolsa yarym ay bolupdyr. Ol alty burçuñ aşagyndan bolsa ak-mavy çyzyklar geçipdir. Onnoñ oña Tekeli sanjagy diyipdirler.

0
11 afrasyyap  
13
Sen ýöne bilýänleriñi integem yazyber. Nesip bolsa men yazanlaryñy belläp aydan alymlaryñ kitaplaryny gözläp tapjak bolayyn...

1
12 Oguzhan_aga  
65
Sen gaýrat et şolar hakda zat tapsañ paýlaş biz bilenem. Türkiyede Antalya şəheriniñ öñki adyna Tekeli diyyən ekenler. 1505 jimi ýylmy bilemok şol vagtky Antalyañ Estanos diýen ilçesiniñ Aktaş köýünde (obasynda) Şahgeldi beý (Sageldi beg) diýen biri ýanyna 3-4 müñ adam toplap Dövlete garşy çykypdyr. Meniñ pikirimçe şol Aktaş obasy biziñ Akdaş-aýak obamyz bilen belki baglanşygy bardyr. Sebəbi şol töverekde Tekeler ýaşapdyr.
Ýenede: Türkiýañ Tokat ilçesinde "Çeltek köý" diýip bir oba bar. Şulam gyzyklanmaly zat, sebəbi Tekeleriñ Utamyş urugynyñ düzüminde Bagşy şahasynda Çeltekler bar. Olar Herrikgalala obasynda. Keýmir körüñ kömekçisi bolan Annaseýit vekil şol Çeltekleriñ ýagly tiresinden. Türkiyedəki Çeltek obasy hakda şeýle gürrüñ bar: Çeltek baba özüniñ müritleri kömekçileri bilen urşup urşup dini ýaýratmak üçin Horasandan (türkler bize horasan diyyən ekeni) şu ýerlere gelipdir ve ýogalanda şol ýerde jaýlanypdyr, ol ýer həzir zyýarat edilýən ýer. Bizde "Çeltek hasaby" diýip bir gürrüñ bardyr. Ýenede: Çeltek baý Məne babañ giýevisi bolupdyr diýen gürrüñem bar. Bularyñ hemmesi barlnmaly ve bilnmeli zatlar. Gaýra ediñ.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]