16:54

Buýsançly gala

BUÝSANÇ

Türkmeniñ uly ýazyjysy Ata Gowşudowyñ "Perman" romanynyñ bir bölümini "Buýsançly gala" diýip atlandyrmagy ýöne ýere däldir. Türkmeniñ geçmişini, şol bir wagtyñ özünde Gökdepe galasynyñ taryhyny gowy öwrenen meşhur ýazyjymyz galanyñ näme üçin buýsançlydygyny gowy bilýär. Sebäbi, A.Gowşudowyñ ýaşan döwründe, ýagny 1930-40-njy ýyllarda bu pajygaly waka gatnaşan adamlar hem bar eken. Eýsem, türkmeniñ geçmişiniñ ýitip gitmezliginiñ aladasyny etjek, bu uruş barada ajaýyp roman ýazjak Ata aga şol urşa gatnaşan adamlar bilen söhbetdeş bolandyr we bu hakda giñ düşünje alandyr.

• Bu buýsanç nireden gelip çykýar?

Dünýä belli serkerdeleriñ biri Napoleon Bonapart 1812-nji ýylda Orsyýediñ üstüne goşun çekip gelende, Orsýet örän güýçli goşuny ýeñipdi. Munuñ özi Orsyýediñ goşunynyñ örän güýçli, şöhratly goşunlaryñ biridigini görkezýär. Emma 1879-njy ýylyñ 28-nji awgustynda ir bilen Gökdepä gelen general Lomakiniñ ýolbaşçylygyndaky Birinji Ahal-teke ekspedisiýasy bolsa, türkmenler bilen bolan söweşde şowsuzlyga uçrady. Bu şowsuzlyk tutuş Orsyýediñ ýaragynyñ we harby şöhratynyñ pese gaçmagyna getirdi. Ikinji Ahal-teke ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk eden generallaryñ biri A.N.Kuropatkin şol şowsuzlyk barada şeýle ýazypdyr:
"1879-njy ýylda şowsuzlyga uçramagymyz Aziýada biziñ ýagdaýymyza agyr täsir etdi we biziñ ýeñilmezdigimi baradaky abraýymyzy gaçyrdy, biz şol abraýyñ kömegi bilen az sanlyja goşun bilen ummasyz köp duşmanyñ öñünde durup bilýärdik... Biz parahatçylykly gepleşikler bilen ýa-da ol ýa beýleki giñligi garşylyksyz eýelänimiz bilen hiç wagt öz abraýymyzy gaýtaryp alyp biljek däldik..."
Bu sözler ors generalynyñ boýun almasy. Ýeñilmez hasaplanylýan goşuny ýeñip, olary şeýle agyr ýagdaýa düşüren bolsa, biziñ öz ýurduna wepaly ata-babalarymyzdy.
Şu ýerde orslaryñ güýji barada hem durup geçmek gerek. Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy, Gökdepäni öwreniji Nargylyç Hojageldiýewiñ "Gökdepe galasy" atly kitabynda şeýle sanlar getirilýär:
"Ekspedisiýanyñ (Birinji Ahal-teke ekspedisiýasynyñ -O.A.) öñünde Gökdepäni we Maryny eýelemek wezipesi goýulýar. Ekspedisiýanyñ ygtyýaryna 16-15 batalýon (her biri 450 adamdan - 7.310 adam), 18 ýüzlük, 2 atly eskadron (2.900 adam) we 34 top (400 adam) berilýär. Şonda güýçden hereket edýän goşuna 4.000 pyýada, 2.000 atly goşun, 16 top alynýar. Beýleki goşunlar bolsa hereket edýän goşunlar bilen olaryñ bazasyna birleşdirmek üçin peýdalanylýar. Ekspedisiýanyñ hajatlady üçin 6 aýa 1.872.540 manat bölünip berlipdir".
Ýene-de general Kuropatkiniñ ýazgysynyñ dowamyna ýüzleneliñ. Ol:
"...Ahal tekelerini aýgytly ýeñmek zerurdy..."
diýip ýazypdyr. Birinji Ahal-teke ekspedisiýasynda orslaryñ ýeñilmegi Ikinji Ahal-teke ekspedisiýasynyñ serkerdesi hilegär hem şöhratparaz M.D.Skobelewiñ tekelere örä zabunlyk bilen daramagyna tutaryk bolupdyr. Skobelew eli ýaragsyz adamlaryñ üstüne güýçli ýaraglar bilen gelip özüne abraý gazanmak isläpdir. Onuñ harby güýji barada "Gökdepe galasy" atly kitapda şeýle diýilýär:
"Gökdepe galasynyñ gabalmagy hem zabt edilip alynmagy Skobelewiñ wagşyýana zalymlygynyñ şeksiz subutnamasy bolup durýar. Gökdepäni zabt edip almak üçin Skobelew 45 rotany, 11 ýüzlügi hem eskadrony, 11 raketa stanogyny, 76 topy, 5 müñe golaý tüpeñi, 150 put därini, 1 million 140 müñ oky, 30 müñe golaý dürli görnüşdäki top oklaryny, granatlary jemleýär".
Bu agzalan sanlar giden ot. Şeýle uly oduñ garşysynda atalarymyz öz iñ gowy ýaraglary bolan hyrlydyr gylyç bilen, bu ýaraglary bolmadyklar bsa syrygyñ ujuna dañlan gyrkylyk we şuña meñzeş ýaraglar bilen söweşipdirler. Skobelew 1880-nji ýylyñ iýul aýlarynyñ başlaryna Gökdepä gelipdir. Emma şeýle güýçli ýaraglary bilenem 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwaryna çenli alyp bilmändir. Bu bolsa güýçleri deñ bolmadyk söweşinde atalarymyzyñ neneñsi uly gahrymançylyk görkezendigini subut edýär. Şonuñ üçinem bu urşa gatnaşanlaryñ hemmesi sözüñ doly manysyndaky hakyky watançylardy, gahrymanlardy.
Şeýle uly oduñ öñünde ýaragsyz ýagdaýlarynda-da dyz epmän, ýan bermän söweşen gerçekler öz mähriban ýurtlaryby depeletmezlik üçin, Watanyñ özbaşdaklygyny gidermezlik üçin, keseki ýurda tabyn bolmazlyk üçin, öz ýurdunuñ ykbalyny özleriniñ çözmegi üçin, Watanyñ mertebesini has-da beýgeltmek üçin şirin janlaryny orta goýupdylar. Patyşa goşunlary türkmenleriñ öz ýurtlaryny şeýle uly gahrymançylyk bilen goraýyşlaryna haýran galypdyrlar. Ahyry galany zabt edip alyp bilmejeklerine gözleri ýeten duşmanlar galanyñ gündogar ganatyna tarap ýerasty garym gazyp, onuñ diwarynyñ aşagyna 72 put däri goýup, ýaryp gidipdirler. Şondan soñky gyrlyşyk bolsa diýip-aýdardan örän çökder bolupdyr.
Bu urşuñ has pajygaly bolmagyna, ilkinji nobatda, patyşa generallarynyñ türkmenleri adam hasabynda görmändikleri bolupdyr. Sebäbi uruşdan başga zady bilmeýän, uruş tapsa parahatçylyk islemeýän, zalym, hilegär Skobelewiñ heniz Türkmenistana gelmänkä tekeleri gyrmak baradaky eden arzuwynyñ Gökdepede doly amala aşandygyny Ikinji Ahal-teke ekspedisiýasynyñ ştabynyñ ýolbaşçysy general Grodekow ýazypdyr.
Her bir zadyñ öz wagty, öz möwriti bolar eken. Döwürler dönüp, zamanalar öwrülip... ýurt Garaşsyzlygy gazanyldy. Garaşsyzlyk zamanasynda Gökdepe urşunyñ düýp manysyna baha berildi. Bu uruşa Watançylyk urşy, şol pajyga gatnaşan Gerçeklere bolsa Gahryman diýen belent at berildi. Bu bolsa watan şehitleriniñ hatyrasynyñ neneñsi belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.

Orazdurdy ATAHANOW.

# edebiyatwesungat
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 687 | Добавил: Нawеran | Теги: Orazdurdy Atahanow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Garaýolly  
27
Tasirli yazylypdyr

0
2 Garaýolly  
27
Shol dowurde namicindir FyodorDostayewskiy yaly yazyjyda turkmenleri ,,wagshylar"diyip atlandyrypdyr.Belki,adamkarcilikli uly yazyja oz towereginiñ tasiri yetyandir-da.Beyle sozler,oz milletiñbaradaky bu gepler soyup okayanyazyjyñdan cykan soguncyaly bolup duyulyan eken.

0
3 Garaýolly  
27
Bay,bow, yslam dinimiziñ,shol sanda musulman añyyetimiziñ hujumcileri taryhda kop bolan eken,ow. Gowy diyen yazyjyñdan ozuñ baradayaman soz sydanyny añlasañ ondan gownuñ gecyaneken. Sowet dowrunde olaryñ adamkarciliklitaraplaryny gorkezyan eken. Abadan oturan halkyñ ustune atly,yaragly gelip,olary gyran,jyran edip,yene de halky ,,wagshylar,, diyip atlandyryarlar.Soñ soñlar yslam dinimize tokunyarlar. Men kop zatdan bihabar. Yone ac acanlyk dowrundaki kop materiallary okadym. Indi olaryñ kopusi yatdan cykyshdy. Mundan on onbashyyl ozal radioda eshidipdim.Biriñlis ya amerikan yazyjysy Mukaddes Kuran barada,,Sheytanyñ ayatlary" diyen kitap yazypdyr. Shol yazyjyny tutup getirmek ucin Eyran millionlap dollar bayrak goyupdyr. Yazyjy gacyp gidipdir. Shol naltetkerde yazyjysumak ele dushupmi,dushmanmi, ol hakda soñ eshitmedim.Gowy zadyñ dushmanam kop bolyar da! Agarta,eger giñishleyin bir material goyaysañ gaty gowy bolardy.

0
4 Oguzhan_aga  
65
Bunu agzap janagyrly ýerimden tutduňyz.
Iki günläp hiç bir teswir ýazmadym.
Bu gün welin meni utduňyz.
Diýip indi menem söze başlaýan,
Gözüm ýaşly dem-demime ýetenok haşlaýan.
Gynanýaryn nädeýin
Gökdepe ýada düşse barja işim taşlaýan.

Mamam pahyr gürrüň beripdi. Ady ýadyma düşenok ýöne pylan ejemden eşitdim diýerdi, o pahyr şäher urşun da gulpaklyja gyzjagaz eken.
-"Bosgun bolup gaça-çaç bolanda ejem meniň elimden tutup jigimem gujagyna alyp gaýralygyna garşy ylgap barýanymy bilýän. Ýol ugry ölen we iňleşip kömek sorap ýatan erkek we aýal we çagalardan dolydy. Biz garşy büdüräp barýadyk. Ejem onsoň durup, meniň köýnegimi bilime çenli ýyrtdy, ylgamda çolaşmaz ýaly. Ýerler nirä seretseň durşuna gandy. Şeýdip bizem iller ýaly galadan çykyp guma tarap gaçanymyzy bilýän" diýip mamama aýdyp berer eken. Bular ýaly mysallaryň ýüz müňlerçesi bardyr. Ýöne biziň mert, batyr, edermen atalarymyz bize öz watanyňy, il-günüňi, maşgalaňy ojagyňy nähili goramalydygyny ögretdiler.
Üşmeklerde toý ýerinde gabat gelýä gürrüňçilikde, kä bir uly adamlaram atalarymyzyň ruhuny ynjytjak sözleri aýdyp otyrlar. Nämemiş orus ýöne demirýol çekip gitjekmiş. Bundanam bir gürrüň bormy. Şuny diýýänler watana däl, öz hojalygyny maşgalasynam gorap bilýändir öýdemok. Bu ýalňyş düşünje. Edip bilseň olar üçin doga-dileg, aýat-töwir etmeli, dagy zat başarmasaň dymyp oturmaly.
Hudaýa şükür biz indi garaşsyz bolduk. Indi biz ýaşlarymyzy Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Keýmir kör, Çopan kir, Gökdepe şehitleriniň ruhu bilen terbiýelemeli. Atalarymyzyň şanly şöhratly geçmişi bar, şulary bildirip durmaly. Agar'ata sag bol, meniň inçe damarymdan tutduň we bulary ýazmaga meýillendirdiň.

0
5 Garaýolly  
27
...soz cykanyny añlasañ,bolmaly.

0
6 Oguzhan_aga  
65
Agarta dogry aýdýar ,Garaýolly agam bizi nätdiler diýsene: uly bir halky ýok etjek bolsaň şol halkyň taryhyny-geçmişini we medeniýetini-däp dessuryny aýyrmaly. Garaşsyzlgymyzy almazymyzdan ozal mekdeplerde Türkmeniň taryhyny gaty az sapak bilen okatdylar ýada asla okatmadylaram. Biz 4 ji synpda eýýäm Aleksandr newskini, dimitriý donskoýy, çud kölündäki söwesi, iwan groznyny, kalitany ... tanaýadyk, emma öz edermen watansöýer atalarymyzy tanamaýardyk. Tanadaýsalaram halky ezýän feodal, garyby öldürip ýören basmaçy diýip tanatdylar. Aýal-gyzlaryny gul hökmünde ulanýan halk diýip tanatdylar. Asyl görüp otursak beýlede däl ekenä. Olaryň ýazyjysam, şahyram öz başlaryny özleri iýsin. 90 jy yalda öýüdýän anyk bilmok, oruslaryň Solženisin diýýän bir zady Amerikadan orusýede geldi we bir gazedin birinde şeýle diýipdir: " biz orta aziýany, esasanam Türkmenistany dotasiýa bilen (döwletiň gidejisinden) ekläp geldik" (sözme-söz ýadymda däl) diýipdir. Görýäňmi ol uly ýazyjymy sahyrmy bilemak, şolam utanman seý diýipdir.

0
7 Garaýolly  
27
Dunya yuzunde oyun kan eken-ow. Alla yalkasyn, gaty kan gabahatlyklara goz yetirdim. Sag boluñ

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]