22:26 Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda taryhy şahsyýetleriň orny | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARYNDA TARYHY ŞAHSYÝETLERIŇ ORNY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzdan dowamat-dowamly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda taryhyň dürli döwürlerinde dünýä edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna, umuman durmuşyň dürli ugurlarynyň ösmegine goşant goşan türkmen akyldarlaryna, alymlaryna we şahyrlaryna goýulýan sarpa has-da belende göterildi. Bu bolsa gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň şahyrana, pähim-parasada sarpa goýýan halkdygyny görkezýär. Onuň geçmiş taryhynda at-owazasy dünýä dolan şahsyýetleri sanardan köp bolupdyr. Şolaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda, akyldaryň halk döredijiliginden, Gündogaryň rowaýatlaryndan habarly bolandygyny duýmak bolýar. Şahyr goşgy setirlerinde islendik bir şahs hakynda uzyn gürrüň etmän, ol baradaky maglumatlary gysgaça beýan edip geçipdir. Dawut pygamber baradaky rowaýatlar, onuň ogly Süleýman pygamberiň ady hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ýygy gabat gelýär. “Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlüginde” Dawut pygamber hakynda şeýle maglumat berilýär: DAWUT (p. Da:wu:d) - Süleýmanyň atasy. Dinirowaýatlara görä, musaýylaryň (ewreýleriň)patyşalaryndan we pygamberlerinden biri, Ýakubyň onbirinji arkasy. Ol biziň eramyzdan 1033 ýyl öň dogulýar we takmynan biziň eramyzdan 962 ýyl ozal 71 ýaşynda aradan çykýar. Ýaşlykda çopançylyk edipdir, göwresi kiçi bolsa-da, örän gaýratly we edermen bolupdyr. Göýä Dawudyň örän ýakymly sesi bolup, "Zebury" owaz bilen okanmyş. Dawut Şaul patyşanyň gyzyna öýlenýär, Beýtil mukaddesi kenganlylardan alyp, paýtagt edýär we oňa Urşalym (Ierusalim) at goýýar. Ol kyrk ýyla golaý patyşa we pygamber bolýar, emma ýewreýler ony kitaply pygamber hasap etmeýärler. Göýä Dawut oňat sowut ýasamagy-da bilipdir, şoňa görä, ol Gündogar rowaýatlarynda demir ussasy hasaplanýar. Klassyky edebiýatda Dawut hoş owazly obraz hökmünde tanalýar. Onuň obrazy türkmen klassyky edebiýatynda-da duş gelýär. Magtymguly Dawudyň ussa bolandygyny, "Zebury"(ser). okap mynajat (ser). edendigini aýdyp, onuň birdemde kyrk oglunyň ölendigini ýazýar: Demirler golunda mum kimin bolgan, Dawut näme gördi, eý dünýä senýä senden. Dawut "Zebur" okyp, kyldy mynajat, Muhammet şanyna "Furkan" ýaratdy. Türkmen halky geçen asyrlarda hem Magtymgulynyň şygyrlarynda öňe sürülýän paýhasy durmuşyň beýik kanuny hökmünde diýseň aýawly hem berk tutupdyr. Ony öziniň esasy ýörelgesine öwrüpdir. Şol şygyrlaryň dörän gününden bäri gaty köp wagt geçse-de Magtymgulynyň öňe süren ruhy ýörelgesi ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin şu günem juda-juda gymmatly bolmagynda galýar. Şonuň üçin-de türkmen halkynyň kalbynda hemişelik orun alan Magtymgula bolan çäksiz söýgi, hormat baky ýaşaýar. Çynar NURGELDIÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |