08:55

Doglan günüň gutly bolsun!

Doglan günüň gutly bolsun, Sülgün Bazarowa!

Sülgün dogan, doglan günüň gutly bolsun! Ýaşyň uzyn, görjegiň diňe ýagty günler bolsun!
Döredijilik äleminde uly üstünlikler hemraň bolsun! Ylhamyň egsilmesin!


* * *

«Zyýany ýok duman örtse daglary,
Kalbyňa çökmesin hasratdan duman».
Gam-gussany getiräýme golaýňa,
Bu hakynda pikir etme umuman.

Düýşüňde arzuwňy göreriň ýaly,
Herne ýassygyňy goýmagyn bijaý.
Säher çagy rysgal paýlanýarmyşyn,
Ondan ýeke günem galmagyn bipaý.

Dünýäni görkezýän penjiräňi aç,
Goý, öýüňiz dolup saba ýelinden,
Arzuwlaryň alys wysallaryna,
Alyp gitsin tutup seniň eliňden.

Goý, hemişe gursagyňy ýagtyltsyn,
Günden ýüregiňe gönderlen çyraz.
Dünýäde iň agras adam bolsaň-da,
Çaga gülüp baksa, ýylgyrsy:n biraz.

«Ýer» öňünden «Ene» sözi agzalýar,
Kalbyňda enäniň tutýan ýeriçe,
Hormat goýup bu mukaddes Zemine,
Zeleliň ýetirme guşuň periçe.

Hemişe daglaryň başlary belent,
Gözýaşlary derýa bolup aksa-da.
Unutma uguňy ýekelän umyt,
Arzuwlarňy alyp gider maksada...

«Zyýany ýok duman örtse daglary,
Kalbyňa çökmesin hasratdan duman»
Sebäbi bagt halamaýar hasraty,
Senem bagtly bolaýmaly bigüman.

Sülgün BAZAROWA.
Категория: Gutlaglar | Просмотров: 1849 | Добавил: Bagty | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 3.0/6
Awtoryň başga makalalary

Gutlaglar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garayolly1936  
830
Sülgün gyzym, doglan günüň gutly~mübärek bolsun! Ýaşyň uzyn bolsun! Bagtly günler~ak günler hemişe alnyňda nurly ýalkym saçsyn! Laýn açyk mahallaram seniň hyjuwly goşgylaryňy uly höwes bilen okaýardym. Seniň şygyrlaryňa görnükli halypa şahyr Oguljemal Çaryýewa~da ýokary baha berýärdi. Ýogsa~da, halypa seniň ussadyň bolmaly. Ylhamyň joşubersin, gyzym!

0
2 Mähriban  
607
Sülgün jigim, ömrüňiz uzak bolsun! Iň gowy arzuwlar!

0
3 Haweran  
411
Elbetde, şeýle şatlykly gününde gutlaglara biziñem goşulýandygymyzy mälim etmek isleýärin. Ýaşy uzak bolsun.

Şu taýda bir zady belläp geçmek isleýärin... Sülgüniñ goşgularyny käbir agzalar kitapçyda goýsa, bilmedim düşünipmi ýa düşünmezlikden ýa-da bize näbelli başga bir sebäplerdenmi - kimdir biriniñ ters ündewiniñ täsirindenmi, elgaraz, şu ýerde goşgularynyñ goýulýandygyndan bihabardygyny we nägiledigini ýañzydypdyr diýip eşitdim...

Bagtygül dogan, siz paýlaşýan eserleriñi halys arassa ýürekden goýýanyñyzy bilýärin. Emma şeýle gep-gürrüñleri edýänleriñ eserlerini awtory kimem bolsa goýmasak, has gowy bolaýjak ýaly.
Goý, günleri nirede gowy geçse, şo taýda bolsunlar! Hiç kimi eserini goýsun diýip zarlamzok, zorlamzok.
Bu saýt edebiýatyñ külüni kireýsiz kakýanlaryñ, kakjaklaryñ ýeri. Beýle gep-gürrüñleri edip, başga eserini goýjaklary-da ürküzýänleriñ, boş atlara, sylaglara kowalaşýanlaryñ salgysy däl. Olara-da dogry düşüneliñ dezinformasiýanyñ täsiri, şeýle-de talap edilýän ugurda garaşýan atlary, umyt edýän derejeleri, ýeteris öýdýän wezipeleri, umuman hakyky edebiýatçynyñ kowalaşmajak zatlaryna bolan şahsy bähbitleri bardyr. Her kes maksat-myradyna ýetsin.

0
4 Bagty  
163
Wiii, men bilemog-a o zatlary.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]