06:52

Dünýä edebiýatynyñ taryhyndan

DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYÑ TARYHYNDAN GYSGAÇA MATERIALLAR

▶ GADYMY MÜSÜR EDEBIÝATY

Gadymy Müsürde çeper edebiýatyñ dürli žanrlaryna degişli köp sanly eserler saklanyp galypdyr. Olar "Sinuhetiñ kyssasy", "Söze çeper daýhan barada hekaýat", "Iki dogan hakynda", "Çyn hem ýalan hakynda", "Faraon Hufu hakynda hekaýalar", "Petubastis faraon hakynda" ertekiler ýaly eserlerdir. Olarda rowaýatlar, hyýaly gürrüñler bilen bir hatarda gadymy müsürlileriñ durmuşy, däpleri, kärleri, jemgyýetdäki eden-etdilikler barada hakyky maglumatlar berilýär.
"Gämi heläkçiligine uçranyñ hekaýaty", "Unu Amonyñ Bible syýasaty" atly powestlerde Müsüriñ daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary, onuñ goñşy ýurtlara syýasy täsiri hakynda maglumatlar berlipdir. Ol geçirilen ekspedisiýalaryñ ikisiniñ hem hasabatlary saklanyp galypdyr. "Gämi heläkçiligine uçranyñ hekaýatynda" ekspedisiýanyñ taýýarlanyşy, soñra olaryñ Punt ýurduna baryşlary we yzlaryna Müsüre dolanyp gelişleri (b.e.öñki XVI asyr) barada gürrüñ berilýär. Bu maglumatlar Deýr-el-Bahri şäherinde aýal patyşa Hatşepsutyñ gurduran ybadathanasynyñ diwaryna ýazylydyr. "Unu Amonyñ Bible syýasaty" (b.e.öñki XI asyr) atly eserde bolsa müsür ilçisiniñ Finikiýa we Siriýa gidişi barada beýan edilýär. Bu syýahatyñ beýanynda diñe Müsüriñ töweregindäki ýurtlar barada maglumatlar berilýär. Bu maglumatlar alymlara Müsüriñ şol döwürde goñşy ýurtlara syýasy taýdan ýetiren täsirini kesgitlemäge hem mümkinçilik berýär.
Müsürde dini häsiýetdäki eserleriñ-de uly topary saklanypdyr. Müsür dini barada iñ irki maglumatlar "Piramidalaryñ beýanlarynda" berlip, olar V-VIII nesilşalyklaryñ faraonlaryna (b.e.öñki XXV-XXII asyrlar.) degişli bolup, piramidalaryñ içki diwarlarynyñ ýüzüne ýazdyrypdyr. Orta patyşalyk döwründe şeýle mazmunly ýazgylar ýokary emeldarlaryñ agaçdan ýasalan jeset gaplarynyñ ýüzünde hem peýda bolýar. Şeýle ýazgylaryñ esasynda soñra gadymy Müsür dininiñ esasy kitaby bolan "Merhumlaryñ kitaby" ýazylypdyr. Ol müsürlileriñ düşünjesine görä, merhumyñ o dünýäde rahat, baky ýaşalýan "lallaryñ dünýäsine" (behişte) düşmegi üçin ýowuz synaglardan geçende bilmeli däp-dessurlaryñ, doga-töwirleriñ ýygyndysy bolupdyr. Müsür dini barasynda gyzykly maglumatlar "Memfis dini diwanynda" hem bardyr. Onda Ptah hudaýynyñ öz keramatly sözi bilen dünýäni ýaradyşy baradaky rowaýat berilýär.
Gadymy Müsürde ylmy-bilimleriñ ösüşi baradaky maglumatlar papirus ýapraklarynda saklanyp galypdyr. Aýratyn hem lukmançylyga, matematika degişli maglumatlar saklanypdyr.
Hat-ýazuwyñ ir ýüze çykmagy Müsür edebiýatynyñ ösmegine düýpli ýardam edipdir. Müsürliler täsin edebiýatlardan çeper obrazlardan doly, dünýäde iñ gadymy hem baý edebiýaty döredipdirler. Müsür edebiýaty başlangyç döwürde öz gözbaşyny halk döredijiliginden alypdyr. Olaryñ nusgalary ýönekeýje aýdylýan aýdymlar, nakyllar, sanawaçlar, ertekiler görnüşinde az-owlak saklanyp galypdyr.
Müsür edebiýatynyñ iñ ilkinji eseri öñki IV müñýyllykda peýda bolupdyr. Gadymy patyşalyk zamanynda ertekileriñ esasynda düzlen hekaýalar, döwlet gullukçylarynyñ terjimehaly, nesihatnamalar, dini häsiýetdäki beýanlar we goşgular ýaly edebiýatyñ dürli žanrlary peýda bolýar. Orta patyşalyk zamanynda döredilen eserler has çuñ manylylygy hem ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanypdyr. Emma ol özüniñ gutarnykly kämil derejesine Täze patyşalyk zamanynda ýetipdir.
Müsür edebiýatynyñ has giñ ýaýran žanry nesihatnamalardyr. Iñ ilkinji nesihatnama Gadymy patyşalyk zamanynda faraonlaryñ biriniñ weziri bolan "Ptahotepiñ nesihatnamasydyr". Orta patyşalyk zamanynda olaryñ sany has köpelipdir. "Geraklepol patyşasy Ahtoýyñ öz ogly Merikara nesihatnamasy", faraon "Amenemhetiñ nesihatnamasy" saklanypdyr. Olarda döwleti edara etmegiñ düzgünidir ýollary beýan edilipdir. Täze patyşalyk zamanyna degişli "Aniniñ nesihatnamasynda" we "Amenemopyñ nesihatnamasynda" jemgyýetde özüñi alyp barmagyñ ahlak ýollary barada gürrüñ berilýär. Müsürlileriñ oñat görýän žanrlarynyñ biri-de ertekileriñ esasynda düzlen hekaýalar bolupdyr. Soñra ol hekaýalaryñ giden toplumlary döredilip, olar häzirki döwre çenli gelip ýeten gündogar ertekileriniñ ("Müñ bir gije" we ş.m) başlangyjy bolupdyr. Olardan "Faraon Hufa we jadygöýler", "Iki dogan hakynda erteki", "Çyn hem ýalan hakynda erteki" ýaly ertekiler halk arasynda giñden mälim bolupdyr. Olaryñ esasy mazmuny hudaýlaryñ hem faraonlaryñ kuwwatynyñ öñünde baş egmek, ýönekeý garamaýak adamyñ ugurtapyjylygy hem akyllylygy, patyşalyk döwri janypkeş adamyñ ahyr soñunda öz maksat-myradyna ýetişi barad bolupdyr. "Sinuhetiñ hekaýaty" powesti we "Arfaçynyñ aýdymy" atly poema Müsür edebiýatynyñ iñ ýokary nusgasy kabul edilýär."Sinuhetiñ hekaýatynda" ýokary wezipeli döwlet gullukçysynyñ gazabyndan gorkup Siriýa gaçyşy, ol ýerde köp edermenlik görkezip, häkimlerden sylag-serpaý alyşy, maşgala bolup oñat ýaşaýşa ýetişi barada gürrüñ berilýär. Beýanlarda onuń mydama öz watanyny küýsäp gezişi, ahyr soñunda Müsüre gaýdyp gelişi hem-de faraonyñ ony oñat garşy alyşy we günäsiniñ geçilişi barada gürrüñ berilýär.
Bu eseriñ esasy mazmuny adam ýat ýurtlarda nähili oñat ýaşasa-da öz watanyny, ondaky durmuşyny mydama küýsäp durýandygy, onuñ öz ýurdunda hakyky bagtly bolup bilýändigi tekrarlanýar. "Arfaçynyñ aýdymy" poemada bolsa adamyñ o dünýädäki boljak aýşy-eşretlere ynanman, şu dünýäde göwün isleglerini çäklendirmän, wagtyhoş ýaşamaga çalyşmagy ündelýär. Dünýäde ýaşaýan wagtyñ ýüregiñ isläni et diýip arfaçy aýdym aýdypdyr.
Dürli žanrlaryñ içinde dini edebiýatlar aýratyn orun tutupdyr. Olar dini baýramçykyklarda hudaýlaryñ hormatyna aýdylýan dabaraly aýdymlary we köpsanly gadymy rowaýatlary öz içine alypdyr. Şol rowaýatlar toplumy esasynda düzlen sahnalar dini baýramçylyklarda oýun hökmünde goýlup, olary ruhanylar ýerine ýetiripdir. Olar özboluşly müsür teatrynyñ başlangyjy bolupdyr. Hudaýlaryñ hormatyna aýdylýan dabaraly aýdymlarda Müsüriń bereketli topragy, tebigaty, Nil derýasy wasp edilipdir.

◆ ◆ ◆

▶ GADYMY MESOPOTAMIÝANYÑ (DERÝAARALYGYNYÑ) EDEBIÝATY

Biziñ günlerimize çenli saklanyp galan rowaýatlar, mifler, epiki eserlerden we nakyllaryñ ýygyndylaryndan saklanyp galan beýanlar gadymy Şumeriñ iññän baý edebiýatynyñ bolandygyna güwä geçýär. Eserleriñ käbirinde Şumer şäheriniñ goñşy taýpalaryñ çozuşyndan heläk bolşy barada gürrüñ berilýär. Olardan halkyñ içinde uly ähmiýete eýe bolan edebiýatlaryñ biri-de "Uruñ ýaşaýjylarynyñ heläk bolşunyñ agysydyr" (b.e.öñ XXI asyryñ ahyrlary).
Şumer edebiýatynyñ iñ görnükli eserleriniñ biri-de Gilgameş baradaky rowaýatlar toplumydyr. Ol soñraky akkadlylaryñ gaýtadan işlän görnüşinde saklanyp, Aşşurbanapalyñ kitaphanasyndan tapylypdyr. Rowaýata görä, Gilgameşiñ kakasy ynsan, enesi bolsa aýal hudaý Ninsun bolupdyr. Ýöne Gilgameş hakyky ýaşap geçen şahsyýet bolupdyr diýip hasap edilýär. Rowaýatlarda şeýle gürrüñ berilýär: Gilgameş Uruk şäheriniñ ilkinji nesilşalygynyñ patyşasy hökmünde şumer şalarynyñ sanawynda ýatlanylýar. Taryhy beýanlarda ol şäheriñ daşyna berk gala gurmak üçin halky örän zabun işlemäge mejbur edipdir. Şoña görä-de, ilat bu jebirden halas et diýip, hudaý Anua ýüzlenipdir. Hudaýlar Gilgameş bilen güýç synanyşar ýaly Enkidu atly äpedi ýaradyp, ýere iberipdirler. Onuñ endam-jany tüý bolup duranmyş. Enkidu bilen Gilgameşiñ başa-baş göreşi Urukda bolup geçipdir. Bäsdeşleriñ güýçleri deñ bolup, hiç biri-de ýeñip bilmändir. Şondan soñ olar dostlaşmagy karar edipdirler. Olar bilelikde Humbah atly wagşyny öldüripdirler we başga-da birnäçe edermenlik görkezipdirler. Şondan soñ aýal hudaý Iştar Gilgameşe aşyk bolup, özüne öýlenmegi oña teklip edipdir. Emma Gilgameş boýun gaçyrypdyr. Oña gahary gelen Iştar Gilgameşi ýok etmek üçin äpet bir öküzi ýollapdyr. Gilgameş Enkidu bilen bilelikde öküzi ýeñipdir. Soñra Enkidu hudaýyñ emri bilen ölüme buýruk edilýär. Dostunyñ ölümi Gilgameşi gaty gynandyrypdyr. Şonuñ üçin ol gamgyn bolup ähli zady taşlap, ýeriñ añry çetinde ýaşaýan nesilbaşy atasy Ziusudranyñ ýanyna gidipdir. Ziusudra oña adamlaryñ köp günä hem adalatsyzlyk edýändikleri sebäpli adamlary ýok etmek üçin hudaýlaryñ uly suw tupanyny turzandygy, diñe Ziusudra we onuñ aýalyna gaýykda halas bolmaga mümkinçilik berlendigi barada gürrüñ beripdir. (Nuhyñ kyssasyny ýadyñyza salyñ, - t.b). Gilgameş ondan baky dirilik berýän derman otuñ nirede ösýändigini sorapdyr. Ol salgy berlen ýerden oty alyp öz ýurtdaşlary bilen bile paýlaşmagy niýet edip gelýärkä, ýolda suwa düşmek üçin oty kenarda goýupdyr. Emma ony ýylan iýip, baky dirilik gazanypdyr. Diñe şondan soñ, Gilgameş ykbaldan gaçyp gutulyp bolmajagyna, baky diriligiñ hudaýlara mahsusdygyna, adama gysga ömrüñ berlendigine düşünipdir.
B.e.öñki II müñýyllygyñ ahyrynda "Parasatlylygyñ hökümdaryna tagzym" atly eser peýda bolupdyr. Onda bir halalhon, pukara adamyñ ähli kanunlary berjaý etse-de, näçe sogap gazansa-da, betbagtçylykdan gutulmaýandygy gürrüñ berilýär. Onda näme üçin baş hudaý Marduk iñ halalhon adamlaryñ ejir çekmegine ýol berýärkä diýen sorag goýulýar. Berlen soraga hudaýlaryñ edýän işine hiç kim akyl ýetirip bilmez, şoña görä-de, adamlar öz ykbalyna kaýyl bolmalydyr diýip jogap berlipdir.
B.e.öñki X asyr bilen senelenýän "Gul, maña boýun bol!" atly eser hem ýokarky äheñde, adam öz ykbalyna boýun bolmalydyr diýen pikiri öñe sürýär. Onda işsizlikden içi gysan hojaýynyñ öz guluna garap, öz isleýän her dürli işlerini amal edesi gelýändigini aýdypdyr. Guly ilki hojaýyny goldap, onuñ arzuw-hyýallaryny nähili ýol bilen amala aşyrmalydygyny aýdypdyr. Haçan-da hojaýyn öz arzuwlaryndan el çekenden soñ bolsa, gul hakykatdan hem olary etmegiñ geregi ýokdugyny aýdýar.
Gul hojaýyna syýahata gitse, ýolda heläk bolmagynyñ mümkindigini, söwda etse, batmagynyñ ahmaldygyny hojaýyna aýdypdyr. Ol dünýäden doýgun hojaýynyna bu dünýäde hiç hili sogap iş etjek bolup azar galmaly däl, iñ gowusy ölümdir diýip ündeýär. Hojaýyn guluny öldürmekçi bolanda, gul oña beýtmegiñ gerek däldigini, eger şeýtse, özüniñ hem basym öljekdigini aýtmak bilen halas bolýar.
Assiriýa ýyl ýazgylary-da uly çeperçilik bilen ýazylypdyr. Olarda Assiriýa goşunlarynyñ keseki ýurtlara ýörişi, ol ýurtlaryñ tebigaty, gözellikleri çeper beýan edilipdir. Akyldar assiriýa patyşalarynyñ maslahatçysy Ahikar hakyndaky hekaýat Assiriýa edebiýatynyñ iñ görnükli nusgasy hasaplanýar. Ahikar Asarhaddonyñ (b.e.öñ 681-669 ýý) mürzesi we geñeşdary bolupdyr. Onuñ çagasy ýok eken. Ol ýegeni Nadany ogullyga alyp, oña öz hünärini öwredipdir we köşge gulluga ýerleşdiripdir. Ýagşylyga ýamanlyk diýen ýaly, Nadan öz daýysyna haýynlyk edip, Ahikary patyşa ýamanlaýar (belki-de "deýýus" diýen sözüñ Deýýus diýen adamdan galyşy ýaly, "nadan" sözi hem Nadan atly bu gadyrbilmez haýyndan galandyr?, -t.b). Ahikar köp jebir-süteme sezewar edilýär. Emma hekaýada hakykat üstün çykýar, Nadan eden töhmedi üçin jezalandyrylýar.

◆ ◆ ◆

▶ GADYMY HINDI EDEBIÝATY

♣ "Mahabharata" we "Ramaýana" poemalary

Gadymy hindi edebiýatynda dini edebiýatlaryñ ýadygärlikleri esasy orny eýeläpdir. Olaryñ iñ gadymylary "Weda" edebiýaty bolup, olar giçki döwürde göçürilendigine garamazdan, soñky halypalardan şägirtlere dilden gürrüñ bermek ýoly bilen geçirilip gelnipdir.
Gadymy Hindistanda "Weda" edebiýaty bilen birlikde epiki edebiýatlar bolan "Mahabharata" we "Ramaýana" ýüze çykýar. Bu edebiýatlaryñ her haýsysy on müñlerçe goşgulary öz içine alýarlar. "Mahabharatada" Kuru patyşalyk urugyna degişli doganoglanlaryñ arasyndaky häkimiýet ugrundaky göreş beýan edilýär. "Ramaýana" kitabynda bolsa şazada Ramanyñ gelinligi Sitini Lanka ýurduna alyp giden ägirt uly aždarha bilen urşuşy barada gürrüñ berilýär. "Mahabharatanyñ" ýarysyndan gowragy öz mazmuny bilen gabat gelmeýär. Sebäbi oña gadymy mifler we rowaýatlar has köp girizilipdir. Birnäçe asyrlaryñ dowamynda, ýagny poemanyñ iñ soñky redaksiýasyna çenli (Gupta zamanyna çenli), käbir bölümleriñ giñeldilmegi we täze bölümleriñ döredilmegi bilen, olaryñ beýanlary has köpelýär. "Mahabharata" we "Ramaýana" eserleri özüniñ gutarnykly görnüşinde induizmiñ ensiklopediýasyna öwrülýär we geljekki şahyrlaryñ we suratçylaryñ döretjek gahrymanlary üçun giden bir hazyna bolup hyzmat edýärler.
("Mahabharata" eposy doly görnüşinde türkmenistanly meşhur rus alymy Smirnowyñ rus diline terjime eden nusgasy ýurdumyzyñ "Ylym" neşirýaty tarapyndan neşir edilipdi. -t.b).
XVIII asyryñ ahyrynda ýewropaly alymlar sanskrit dilindäki esasy edebi ýadygärlikleriñ köpüsini terjime edipdirler. Olardan "Manunyñ kanunlary", Kalidasyñ ady belli "Şakuntala" dramasy, "Bhawad-Gita" atly filosofiki eserlerdir. Hindi edebiýatynyñ bu naýbaşy nusgalary dünýä edebiýatyna hem güýçli täsirini ýetirdi. Mysal üçin dünýä belli nemes şahyry I.W.Gýote "Şakuntala" dramasynyñ täsiri bilen meşhur "Faustynyñ" soñlamasyny ýazypdyr.
Dini aýdymlar "Rigwedada", dini dessurlaryñ ýerine ýetirişine düşündirişler epiki görnüşde "Mahabharatada" we "Ramaýanada", jemgyýetçilik gatnaşyklary we dharmanyñ dini, ruhy wezipeleri "Manunyñ kanunlarynda", iş we syýasat barada "Arhaşastrada", söýgi barada "Kamasutrada" söz açylýar. Emma bu eserleriñ nirede we haçan ýazylany häzire çenli aýan edilmän gelinýär.

♣ Budda edebiýaty

B.e.öñki I müñýyllygyñ ikinji ýarymy budda edebiýatynyñ dörän döwri hasaplanýar. Onuñ käbir taglymat esaslarynyñ beýanlary heniz Aşokanyñ daş ýazgylarynda hem ýatlanylýar. Diýmek, b.e.öñki III asyrlarda budda edebiýaty belli bir derejede mukaddesleşdirilipdir diýip bolar. Budda hekaýatlaryna görä, b.e.öñki I müñýyllykda Lanka ýurdunda bütin dini beýanlar, onlarça pali dilindäki kitaplar demirgazyk-gündogar hindi sözleýiş diline ýakyn dilde, Buddanyñ wagyz eden dilinde ýazylyp tamamlanýar. Ilkibaşdaky buddizm baradaky düşünje hem häzire çenli pali diline goşilan edebiýatlarda berilýän dini taglymatlara esaslanyp gelinýär. Onuñ ýazylmagy Lankanyñ dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandyny görkezýär.
Bu dini taglymatlar "Tipitaka" diýilip atlandyrylýar, ol söz gönüden-göni "Üç sebet" diýmegi añladýar. (Gadymy golýazmalar inçejik palma ýapraklaryna ýazylyp, ýörite sebetlerde saklanypdyr). Sebetleriñ birinjisinde ruhanylaryñ we ruhany aýallaryñ özüni alyp barşy baradaky düzgünnamalar girizilipdir. Taryhy we edebiýat nazaryýetinden garanyñda iñ esasy eserlwr ikinji "sebede" girizilipdir. Olar Buddanyñ sözleýiş beýanlarynyñ ýygyndylaryndan, onuñ durmuşy baradaky hekaýalaryndan we ondan öñki ýaşaýyş baradaky beýanlaryndan durýan eserlerden düzülipdir. Ahyrky, üçünji "sebet" Buddanyñ filosofiki we psihologiki beýanlaryndan ybarat bolup, olaryñ ybadathanalarda öwrenilmegine uly ähmiýet berlipdir.
Buddanyñ käbir hekaýalary gelip çykyşy boýunça Buddadan has irki hekaýalardan ybaratdyr. Buddizmiñ beýleki akymlarynyñ mekdepleri "beýik araba" (kolesnisa) doly saklanyp galmandyr. Olaryñ käbirleri sanskrit dilinde, köp bölegi bolsa hytaý, ýapon we tibet dillerinden geçirilen terjimeler bolupdyr.

◆ ◆ ◆

▶ GADYMY HYTAÝ EDEBIÝATY

Goşgy bilen ýazylan iñ gadymy eserleriñ biziñ döwrümize gelip ýetenleri, b.e.öñki XI-VI asyrlara degişli bolup, olar bürünçden ýasalan küýzelerdäki ýazgylardyr. Olaryñ beýanlary "Şisizin" ýazgylaryna örän meñzeşdirler.
"Şisizin" gadymy hytaý poeziýasynyñ altyn hazynasy hasaplanylýar. Bu ýadygärlik dört sany topara ("Patyşalaryñ gylyklary", "Kiçi odalar", "Beýik odalar" we "Gimnler") bölünip, 305 sany goşgy eserlerinj özünde jemleýär. "Şisiziniñ" birinji bölümine girizilen liriki halk aýdymlary özüniñ tüýs ýürekden çykýanlygy, ýürekden turýanlygy bilen haýran galdyrýar. Ikinji we üçünji bölümlere girizilen eserler ýazylyş aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Olaryñ köpüsiniñ temasy hökümdara gulluk etmäge, harby ýörişlere, meýlislere we gurban bermäge bagyşlanypdyr. Dördünji bölümde dabaraly ybadathana aýdymlary aýtmaklyga, öten-geçenlere we geçen hökümdarlara bagyşlanan aýdymlar jemlenipdir.
"Şisiziniñ" ýoly b.e.öñki IV asyryñ poeziýa ýazarlary tarapyndan kabul edilip, tegelek daş tokgalaryna ýazylan ýazgy hökmünde biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Olar deprek şekilinde bolansoñ, olardaky ýazgylar hem "daş depreklerdäki beýanlar" diýlip atlandyrylypdyr.
Çžango eýýamy gadymy hytaý medeniýetiniñ has çalt ösen döwri bolupdyr. B.e.öñki IV asyrda Çu patyşalygynda öz ýaşan jemgyýetiniñ gapma-garşylyklarynh has aýdyñ beýan eden, görnükli şahyr Sýuý Ýuanýa bolupdyr. Onuñ şygyrlary özüniñ ýazylyş usuly, many-mazmunynyñ kämilligi we täsirliligi bilen tapawutlanypdyr.
Halk poeziýasynda han döwrüniñ şahyrlarynyñ döredijiligi hem görkezilipdir. Öz eserleri bilen has belli şahyrlaryñ biri Syma Sýanžu bolupdyr. Onuñ eserleri Syma Sýan tarapyndan şahyryñ ömürbeýanyna goşulypdyr.

Esenow, G.Çaryýew "Gadymy Gündogaryñ taryhy", TDNG, Aşgabat-2012 ý
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 721 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]