00:08

Galileo Galileý

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 494 | Добавил: Jeksparro | Теги: Hojamuhammet Meläýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Galileý barada anekdot:

Sowet goşunynda praporşik lül-gammar bolup, esgerleriň agşamky barlagyny geçirmek üçin hatara durzupmyş.
-Ýoldaş esgerler, siz näme gyşyk-çaýşyk hatara durupsyňyz?
-Sebäbi Zemin togalak!-diýip hatarda duran esgerleriň ýeserräk biri seslenipdir.
-Muny kim aýtdy?
-Galileý.
-Galileý, hatardan bir ädim öňe çyk!
-Ol birmahal öldi ahyry!
-Ine görýäňizmi, ýoldaş seržant, size ynanylan goşun bölüminde adamlar birmahal ölýärler. A siz bolsa bu barada habaram bermeýärsiňiz?-diýip praporşik, yraň atyp durşuna seržanta yrsarap başlaýar.

0
2 Bagabat  
43
Bir gün lül-gammar bolan Galileý itenek-çomanak bolup ýöräp barşyna, büdräp, süssenekläp gidipdir-de: "Ol barybir aýlanýar..." diýip oýlanypdyr.

0
3 Bagabat  
43
Günlerde bir gün Galileý inkwizitorlaryň zyndanyndan gaçypdyr. Onuň yzyndan näçe kowalasalar-da ýetip bilmedik inkwizitorlar haş-haşlap duruşlaryna:
-Zeminiň togalakdygyny özüň aýtdyň! Ahyry bir gün onuň bir nokadynda biziň bilen sataşarsyň!-diýşip, gygyryşypdyrlar.

0
4 Bagabat  
43
Florensiýanyň suw çüwdürimini gurýan ussalary täze uly suw çüwdürimini guranlarynda näçe zähmet çekseler-de çüwdürimiň suwuny boşlukda 32 futdan (bir fut - 0,3048 metr) ýokaryk galdyryp bilmändirler we bu soragyň jogabyny anyklamak üçin:
-Hormatly professor, hany siz hemişe öz çykyşlaryňyzda: "Tebigat boşlugy halamaýar" diýip gaýtalap ýörsüňiz welin, näme üçin biziň suw çüwdürimimizde suw 32 futdan ýokaryk çykmaýar?-diýip, Galileo Galileýe ýüz tutupdyrlar. Onda Galileý egnini gysypdyr-da jogap beripdir:
-Megerem, tebigat diňe 32 futa çenli boşlugy halaýan däldir...

0
5 Bagabat  
43
Platon Akadem diýen ýerde öz döreden mekdebiniň girelgesiniň ýokarysynda: "Şu ýere geometriýany bilmeýän girmesin" diýen ýazgyny asypdyr.
Onuň şägirdi Aristotel özüniň Likeide açan pelsepe mekdebiniň gapysyndan: "Şu ýere matematikany bilýän girmesin" diýen ýazgyny asypdyr.
Galileý bolsa Aristoteliň bu hereketini doly goldamak bilen, öz garaýşyny şeýle düşündiripdir:
-Sebäbi matematikany bilýän adam Stagiritiň taglymaty üçin örän howpludyr. Sebäbi matematika ol taglymatyň ýalňyşlyklaryny we galplyklaryny aýdyň açyp görkezýär...
(Stagirit - bu Frakiýanyň Stagir şäherinde dünýä inen Aristoteliň lakamlarynyň biridir).

0
6 Bagabat  
43
Inkwizitorlar Galileýi sorag edenlerinde oňa:
-Hormatly professor, haýyş edýäs, bize aýdyň, Gün Ýeriň daşyndan aýlanýarmy ýa-da Ýer Günüň daşyndan?-diýip, ol näme diýip jogap berse-de, ony şol wagtky resmi ykrar edilen Älemiň gurluşy baradaky ylahyýet taglymatyna garşy gitmekde aýyplamaga mümkinçilik berjek içi güjükli sowal bilen ýüzlenipdirler.
Galileý kän pikirlenip durman:
-Baryňam gümüňizi çekiňsen-aý!-diýip, bu çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykypdyr.

0
7 Bagabat  
43
Galileý termometriň täze görnüşini oýlap tapypdyr. Onuň içinde temperaturany ölçeýji suwuklyk hökmünde simap ýa-da spirt däl-de çakyr hyzmat edýän ekeni. Galileý özüniň täze oýlap tapyşyna baha bermegi üçin termometrini Angliýada ýaşaýn dostunyňka ýollapdyr. Emma, ýolda onuň termometriň gapdalyna goşup iberen haty ýitipdir. Birnäçe wagtdan soň Galileýe Angliýadaky dostundan hat gelipdir. Hatda şeýle ýazylypdyr:
"Gardaşym, sagja bol. Maňa ýollan şerabyň iňňän gowy ekeni. Ýöne sen näme üçindir ony biderek gaba guýup ugradypsyň"...

0
8 Bagabat  
43
Galileý ýaşlykdan özüniň ylmy işine juda berlen adam ekeni. Ol öýlenen gününiň ilkinji gijesinde-de, kellesine gelen täze çaklamanyň änigine-şänigine ýetmek üçin uzakly gijäni çirim etmän kitap okap geçiripdir. Irden bolsa öz otagyndan çykypdyr-da, özüniň hyzmatkärine sorag beripdir:
-Meniň düşegimde ýatan zenan kim?
Hojaýynynyň ýagdaýyna belet hyzmatkär hiç zada geň galman:
-Ol siziň aýalyňyz, jenap!-diýip parahat jogap beripdir.

0
9 Bagabat  
43
Şu ýerde esasy bellemeli zadam, halk diňe özüniň hakydasynda orun alan adamlar barada henek, ýomak, hekaýat we rowaýat döredýär. Heneklerdir, ýomaklaryň aglaba köpüsiniň esasy maksady bolsa henekleriň gahrymany bolan adam baradaky hakydanyň üstünden gülmek däl-de, aglaba köp ýagdaýlarda şol adama we onuň eden işine bolan mähirli gatnaşygyny beýan etmekden ybaratmyka diýip pikir edýärin. Mysal üçin, Hoja Nasreddin Ependi, Myraly we Soltansöýün, Kemine we Äraly pir, Keýmir kör we Nedir şa, Gowşut han, Nurberdi han, Gara batyr, Dykma serdar, Esenpolat, Görogly, Aşyk Aýdyň pir, Sapar Köse we ş.m. baradaky henekler we ýomaklar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]