''Trud'' gazetinde habar berilmegine görä bilgiç (Wanga) gumanoidleri şu şekilde gürrüñ berýär: ''Bizden biraz iri towuk tüýlerine meñzeş örtükleri bar, ellerinde uly kitaplar (tablo) we ş.m. zatlar göterýärler, kesellilere kömek etmek üçin gelýärler''. Gumanoidlere degişli aýdýanlaryna seredeniñde bilgiç şolar bilen baglanyşyk saklaýandyr diýip çak edýäris.
Soñky ýyllarda bir näçe adamlaryñ gumanoidler tarapyndan alynyp gidilme (äkidilme) wakalary, habarlary köpeldi. Birnäçe adamlar alynyp gidilendigini we başga planetalylaryñ gämisinde amaly barlaglary geçirilendiklerini açyklaýarlar. Amerikanyñ harby howa güýçleriniñ habarlaşma boýunça baştutany general Albert M. Çopuñ aýdanlary düşnükli bolsa gerek: ''Başga planetaly barlyklar tarapyndan syn edilýäris we kontrol edilýäris''. Gürrüñimizi alynyp gidilme wakasy bilen dowam etdireliñ...
Bir waka 1961-nji ýyda ABŞ-nyñ New Hampşire diýilýän ýerinde bolup geçýär. Ol wagtlar ''magdurlar'' maşgalasynyñ är-heleýi Betty Hill 41, Barneý Hill bolsa 39 ýaşyndadylar. Bu maşgala Waýt (White) daglaryndaky US-3 garaýolundan New Hampşiredäki öýlerine barýardylar. Betty yzgytsyz bir şekilde hereket eden reñkli yşyklarda ýagty (çyralar) saçýan jisime gözleri düşüpdir. Jisimiñ nämedigini anyklamak üçin ulaglaryny saklap bir näçe minutlap dürbi bilen seredýärler. Ulagdan çykyp bu näbelli jisimi synlap durkalar ol özlerine tarap golaýlap gelýärdiler. 150 metr daşlykdaky bu näbelli jisim disk şeklinde bolup penjirelerem bar eken. Içinde uniforma meñzeş geýimli jandarlar bardy, özleriniñem arkasynda barlag üçin göterýän panelleri görünip durdy. Şok bolan maşgala ulaga tarap ylgaşlap halas bolmaga çalyşypdyrlar, ýöne olar şondan soñ özlerini ýitirip, soñky gezek ýatlaryna düşýän ''bip'' sesi bolupdyr. Özlerine gelen wagtlary öñki duran ýerlerinden 55 km uzaklykda durandyklaryny bilip galdylar, hiç zat ýatlaryna düşenokdy, sagatlary hem durup galypdyr.
Öýe birahat bolup gelen är heleý bolup geçen waka hakda gürrüñ berýär, Betty soñ gören jisimi bilen baglanyşykly düýşleri görüp başlaýar. Düýşleri sebäpli ugry gaçan Betty özüne gipnozçy çagyrdypdyr.
Bostonly meşhur psihiatr doktor Benýamin Simona ynanyp özlerine gipnoz edilmeklerini haýyş edýärler. Synanyşylan birnäçe seansyñ netijesinde ikisem aýry-aýry wagtlarda äkidilip ýene getirlendigini aýdýardylar. Olar adamsypat uly we çekik gözli, ownuk-uşak zatlardy. Barneý gasyklaryñ töweregine bellik üçin bir zatlaryñ goýlandygyny, aýaly göbegine uzyn iññeleriñ sanjylandygy ýatlaryna düşýär.
Özünde bir hili göwrelilik testini barlap görendiklerini aýdýardy. Başga bir gipnoz wagtynda Betty özüne bir ýyldyz kartasynyñ görkezilendigi hakda aýdypdyr. Ylym boýunça gözegçileriñ iñ köp ünsüni çeken dünýäniñ otuz ýyllyk yşyklylygynyñ tizligi ýaly aralyk uzaklykda ýerleşen Zeta Retujili ýyldyz sistemasyny görkezen 1969-njy ýylda basylan katalok karta çykýança bilinenokdy, ýagny Betty bu ýyldyz kartanyñ neşir edilmezinden 8 ýyl öñ bilýärdi. Bir maşgalanyñ aýdanlarynyñ dogrulygy ýa ýalanlygy geçirlen testlerde subut edilendir.
Alyp gidilme wakasy derñew üçindi. Hasaba alynan başga birnäçe şolar ýaly wakalaryñ derñelmegine görä jan-saglyk üçin edilýär eken. Muña mysal hökmünde bir wakadan soñ kinofilme düşürilen professor Şalter we oglynyñ 1988-nji ýyldaky (başga planetalylar tarapyndan) äkidilmegini görkezse bolar. Şol äkidilenlere bolsa testler geçirlipdir. Öýe dönenlerinden soñ ataly ogluñ süññünde saglyk alamatlary peýda bolupdyr. Bu äkidilen ataly-ogul, olaryñ gowy niýetlidiklerini aýdýardylar we bir sebäplere görä olar bilen gatnaşyga geçipdirler.
Adamzat doglany bäri özüne: ''Ýer şaryndan äkdilýänler köpelýär, NUO (UFO) wakalary hem bar, eger şeýle bolsa başga planetalarda nämeler bolup geçýär?'' diýen soraglaryñ jogabyny aljak bolýarlar. Dogrusyny aýtsak älem giñişligine çykan astronomlaryñ örän gorkunç barlyklar bilen garşylaşandyklaryny habar berýärler. Halklardan ogryn saklanan wakalaryñ orta çykmasyndan soñra uçan kosmos ekipajlarynyñ galýusinasiýa görendiklerini we şuña meñzeş açyklamalar çykarmaga çalyşýardylar. Ylymly adamlaryñ ş.m. habarlara gülkileri tutýardy, ýöne ''Rus salýut'' 7 ekipajar 1984-nji ýylda älem giñişligine syýahat edenlerinde 155-nji günlerinde garşylaşan barlyklardan soñ gülmäge mejaly bolmady. Kümüşsow reñkde birden garşylaryna çykan güýçli ýagtylygyñ garşysynda görüş ukybyny ýitiren Oleg Atkow,"Wladimir Solowýow we Leonid KIm atly kosmonawtlar merkeze näbelli ýangyn we partlama bilen baglanyşykly habarlary berdiler. Belli wagtdan soñ yşyk körelip başlanda olaryñ göreçleri ýitileşip ýer şaryna täze bir habar ugratmaly boldular. Kosmos gämisiniñ ýakynynda adam ýüzli we endamyna galtaşan 7 ganatly jandary (perişde diýlipdir) görüpdirler. Arkalarynda ganata meñzeş çykyklaryñ görünýändigi aýdylan barlyklar 10 minut boýunça kosmos gämisiniñ uçuşynda ýoldaşlyk edipdirler, soñam zym-zyýat bolup ýitip gidipdir. Merkeziñ bu şok ediji habaryndan soñ wakany astronawtlaryñ ýadawlygynyñ netijesi diýip ýorumlapdyrlar. Bu beýle ap-añsatja aýdylan zat hem däl. 167 günde ekipaja 3 astronawt ýene goşulşypdyr. Swetlana Sawitskaýa, Igor Wole we Wladimir Janibekow atly kosmonawtlar gelenlerinde öñki görünen zatlar täzeden görünipdirler. Ýene şol kümüşsow ýiti yşyk we täsin ganatly barlyklar bu sapar 6 kişi tarapyndan synlanylypdyr.
Amerikan astronawtlary hem şoña meñzeş zatlary görendiklerini we hatda Hubble älem teleskopunda görendiklerini bellige alypdyrlar.
Hubble taslamasynyñ işgärleriniñ biri Jon Priçers ( John Preachers) käbir suratlarda 20 metr ululykda yşyk saçýan ganatly barlyklary gözde aýyrt edilendigini açyklapdyr.
Ýer şaryndan daşary barlyklaryñ gözleglerine degişli maglumatlar her sapar gizlin tutulýar, şo sebäpdenem adamlaryñ köpüsi şübhe içindedirler (so mneniýa).
Wanga bizden tapawutlylykda eýýamymyzyñ uly sensasiasyna düşüren gumanoidleriñ barlygyna degişli hiç hili şübhä düşenok.
Wanga tanşy (dosty ýaly manyda) Petor Bakow bilen söhbetdeş bolanynda ýygy-ýygydan ýer şaryndan daşarky ýaşaýyşlar hakda gürrüñler edipdirler. Şahyryñ aýtmagyna görä, her dürli planetalarda janlylar ýaşaýar. Biz ýer şaryndakylar üçünji ýerdediris. Iñ ýokarky ýerdäkiler (''Ýer şary'' diýip düşünmeli däl, rusça - mesta) ýakynymyzdaky Gara planeta, ýagny Eflatun (Platon) planetasyndan bolanlardyr. Olar 7-nji ýerdedirler. Ýigrimi altynjy ýerden başlap Ýaradyjy bilen gönümel kontakta girip bolar, otuz üçünji ýere barylyp ýetilende oñ bilen gatnaşyga geçip bolar, şeýlelikde ýaradyja her näçe has köp wagt gidirilse, ol şonça-da şol bir durkuny saklar.
(dowamy bar)
Renan Seçkin
''Gitleriñ we KGB-niñ yzarlan
BILGIJI WANGA'' kitaby
Terjime eden: PEŞEÑ ogly Afrasyýap