22:17

Gybat

Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 702 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Baýram Gummanow | Рейтинг: 3.8/6
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 13
0
1 Zerinaý  
5
Derwayys hem ýerlikli makala. Gybatyñ edilýän bolsa bir tarapdan- begenmeli, diymek sen olardan bolmanda bir basgançak õñdesiñ, iñ bolmanynda adamçylyk tarapyndan. ikinjiden biriniñ õzûñ hakda edyan erbet gûrrûñini eşidip eger bar bolsa şol kemçiligiñi dûzetmäge mûmkinçiligiñ bolya, bu bolsa iñ soñunda utušyñ gybaty edileniñ peydasyna bolýa boldygy. o dûnyade-de bu dünýä-de -de))

0
2 Zerinaý  
5
terbiye maksatly makala. Paýlašanñyza sagboluñ Şahymerdan aga

0
3 Garaýolly  
27
Hak aýdýaň,Zerina,juda oňat we derwaýys eser!

0
4 Oguzhan_aga  
65
Ýokarda bir hadis getiripdirler we onda ýalňyşlyk bar (belki bilmezlikdendir).
Şeýle bolmaly: bir adamyň gürrüňini adaňda ol adamam eşitse gynanjak bolsa, onda ol gybat bolar, eger aýdan zady ol adamda ýok bolsa onda ol töhmet bolar. Pygamberimizden sallallahü aleýhi wesellemden şony sorapdyrlar.
Eger Kur'andan aýat ýada hadis adyljak, ýazyljak bolsa seresap bolmaly. Bu saýtyň gurnaýjylary bunu düzetseler gowy bolar.

0
5 Oguzhan_aga  
65
Gybat biziň dinimizde uly günälerden saýylýandyr. Biziň nebsimiziň iň köp isleýän zady biriniň gürrüňini etmek, buda gybat boljak eken (kä bir ýagdaýdan başga).

0
6 Oguzhan_aga  
65
Biz başga biriniň biziň gürrünimizi etmegine begenmelem däldiris. Sebäbi ol şol gybatdan toba etmän ölse biziň üçin dowzahda ýanmaly boljak, buda gowy zat däl. Aşgabatdan 1999 ýylda ýogalan (Allah rahmet etsin) gagşallardan Berdimyrat ahunyň biri Düýesini ogurlapdyr we kimdigi bilinip tutulypdyr. Ahun aga şony öz islegi bilen boşatdyrypdyr. "Eger oňa zyndanda bir zat bolaýsa men sebäpli bolar, men muňa sebäp bolmaýyn" diýipdir. Bir adam biriniň bu dünýädäki jezasyna razy bolmaýan bolsa,biz nädip biz sebäpli biriniň o dünýädäki jezasyna razy bolup bileris.

0
7 Şahymerdan  
81
@Ogyzhanaga, nädogry zat aydañok welin, yone birtaraply pikir yöredyañ. Dogry, bizde musulman dözümsizligi bar, ynsan duygusy bar adam özgäniñ başyna düşjek erbetlige begenmez, hatda ol duşmany bolsada...
Emma ozganiñ gybatyny edip töhmetini yayradyanlar Allanyñ gAzabyna duçar bolsa, muña gybaty edilenler däl-de gybatkeşiñ özi sebap bolyar. Munuñ u.n oña ozi toba etmese señ etjek zadyñ bolmaz. Diñe Hudayyñ özi yerbe yer eder diyaymek galyar. Yone gybatkeşler yene bir zady yatdan çykaryarlar. Magşar güni bu günäni geçip geçmezligi gybaty edileniñ oz ygtyyaryna goyyar. Şoñ u.n erteki gun kyyamatlyk eşegi bolmajsk bolsak kişiñ gybatyny etmejek bolmaly

0
11 Oguzhan_aga  
65
Dogry aýdýaň Şahymerdan aga buňa gybatkeşiň özi günəkər. Men Zerina uýamyzyň pikirine diýdigimdi.
Agam bu gürrüňleriň hiçisi meniň öz gürrüňlerim däl, ýaşulylardan we ussatlardan eşiden gürrünlerimizdi. Aý agam şu gyýbat diýilýän zat biziň nebsimiziň isleýän zadyda, günälerimizden toba edenlrden bolalyňda hernä.

0
8 Şahymerdan  
81
Mizan terezide gybatyny edileniñ haýyr-sogaby azrak gelip, günäsi agyrrak gelse, öz gybatyny edenleriñ eden sogaplaryndan üstüni dolduryp jennete girmek yaly artykmaçlygy-da goylupdyr. Şonuñ u.n gaty bir gynanybam duramzok, gybatymyz edilse biggrin

0
9 Şahymerdan  
81
Yone birbada yuregiñi agyrdya, ozuñ barada bor-borgusyz hyşy-wyşy eşitseñ..

0
10 Şahymerdan  
81
Şo yokuş degya.

0
12 Garaýolly  
27
Gybatyň iri kökleriniň biri bahyllyk bolmaga çemeli.Bir bende halal zähmeti bilen durmuş arabasyny tigirläpýörse şoňa-da bahyllyk edilýär.Gybatkeşiň özi ýalta we hiç bir işe ukyby ýok. Şonuň üçin ol dilindäki ,,,gaýraty''' herekete girizýär.Ýagny,bäş-alty gybatsöýeriň ýanynda ýalana ýugurup, söz owadanlaýar. Nyşanasyna ajy-zäher pürkjek
gybat ony ýaýradýanyň özi üçin süýji. Aý,garaz, gybat,tohmet ynsan ömrüniň gara tegmili bolup durýar.Iň ýaman ýeri gybat ýassygy bolýan kişi bu myjabatlardan,köpülenç, bihabar galýar.Ýokarda oňat we janagyryly pikirler jan ködürilip aýdylypdyr.Sag bolsunlar.

0
13 Mekan  
Gybat diysene

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]