03:07 Halallyk | |
Halallyk
Takwalygy bilen tutuş Mawerannahrda tanalan Nyýazguly halypanyñ sen-de ýok, men-de ýok, egnine hyrka geýşine diñe bir ondan ders alýan müritler-ä däl, eýsem köşk emeldarlaram haýran galypdyrlar. Ýogsam näme?! Musahan Dahbidi ýaly pirler-pirinden ejaza alan piriñ Buhara emirliginde şa güni bardy ahbetin. Halypa haj zyýaratyna ugramazynyñ öñ ýüzi agşam ähli müritlerini öýüne çagyryp, şägirtlerine öz gelen netijesini yglan edýär: - Men indi bu ýerde artyk galyp biljek däl. Öýli-öýüñize gaýtmaga menden izindir. Emeldarlaryñ hökümdary aldap, gaznany talap oturandygyny göre-bile bu zowala çäre görmegi başarmaýan bolsam, meniñ baham gara şaýydyr. Şonuñ üçin maña häzir bu ýerde galmak günä... Nogsany ýok, her iş bolsun, bähbidine bolsun. Bahana bilen ýene bir ýola keramatly ojaklara zyýarat ederin. Soñky düşlemekçi ýerim - Hindistan. Bu wakadan on ýyl geçensoñ Buharanyñ täze hökümdary emir Magsym halypa piri öz ýanyna çagyryp, wakfyñ mülküne gözegçilik etmegi tabşyrypdyr. "Ölümden gypynç etmejek, hakykaty bäbenegiñe basjak halalhonlar dälmi eýsem, bu dünýäni saklap duranlar?!. Myratdurdy Haşaýew "Ýedi müñ çakrym" romanyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |