23:08 Halk kyssalarynda Magtymguly Pyragy | |
HALK KYSSALARYNDA MAGTYMGULY PYRAGY
Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri hasaplanýan Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem türkmen halkynyň hem taryhynda öz yzyny goýup bilen beýik ynsandyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyr öz iliňi beýik söýgi bilen söýmän, özge illeri söýüp bolmajakdygyna, edil şonuň ýaly-da özge halklary hormatlaman, öz iliňi söýüp bolmajakdygyna ynanypdyr. Türkmenler şol zamanlarda dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrapdy. Magtymgulynyň beýikligi hut şu pytraňňy halky – külli türkmen ilini ilkinji bolup, bir bitewi millet hökmünde saýmagydyr we muny wagyz etmegidir. Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir hem-de Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň halypasy bolupdyr. Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, geçen asyrda şahyrlaryň birnäçesi gürrüňçilige ýygnanýarlar. Gürrüňçilik gyzyşyp, edebiýat barada söz açylanda, kimdir biri “Indi näme hakda ýazmaly?” diýen soragy orta atýar. Şonda Kemine “Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gitdi. Indi bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galdy” diýip jogap berýär. Zelili bolsa “Hoşa bugdaý arassa bolar” diýip, onuň sözüniň üstüni ýetirýär. Magtymguly öz iliniň ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny arzuwlap gezen beýik şahyrdyr. Ol öz halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Öz nobatynda halk hem beýik oglunyň adyna rowaýatlary kyssalary döredipdir. Olar biziň günlerimize birnäçe şahyr bilen didarlaşan, onuň bilen bir döwürde ýaşan adamlaryň dilinden ýazylyp alnyp toplanylmagy netijesinde gelip ýetipdir. 2014-nji ýylda akyldaryň 290 ýyllyk toýunyň bellenilip geçilen ýylynda alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, institutymyzyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Baýmyradowyň B.Baýmyradow bilen bilelikde toplan neşir edilen “Magtymguly hakyndaky rowaýatlar” kitaby nesiller üçin Magtymguly Pyragynyň mür ýoly, goşgulary barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ajaýyp gollanmadyr. Hawa, bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan ürkmen halky ruhy sütünleriniň biri bolan Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki bu döwletiň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe derwaýysdyr. Merjen AHMETJANOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |