19:04

Hristian taryhynyñ ajy hakykatlary

HRISTIAN TARYHYNYÑ AJY HAKYKATLARY

Adatça, "Iegowanyñ şaýatlary" we hristianlygyñ şuña meñzeş dürli sapyk akymlary öz ýalñyş pikirlerini wagyz edenlerinde, hristianlygyñ parahatçylyk we mähir-muhabbet ýoly bilen bütin dünýä ýaýrandygyny, munuñ tersine yslamyýetiñ zorluk-zulum, güýç we dünýewi bähbitler esasynda ýaýrandygyny öñe sürýärler.
Taryhdan bihabar sada adamlary öz nädogry akymlarynyñ toruna düşürmek isleýän bu hilegärleriñ her bir öñe sürýän pikirinde bolşy ýaly, bu pikirleri-de göre-bile edilýän gödek ýalñyşlykdan we çüýrük toslamalardan başga zat däl.
Şu ýerde bir zady ýatdan çykarmazlyk gerek. Aslynda Injilde ýazylanlardan we hut Isa pygamberiñ öz aýdanlaryndan hem görnüşi ýaly, nasranylyk (hristianlyk) musawylykdan (iudaizm) hiç hili aýratynlygy bolmadyk dindir, ýagny hristianlyk Isa pygamberiñ ýüze çykmagy bilen täze dörän din däldir. Nasranylykda jihadyñ ýoklugy onuñ artykmaçygyny däl-de, kemçiligini görkezýän tarapydyr. Eger güýç-kuwwat, zorluk we uruş bilen ýaýran dini nädogry din diýip hasap etmeli bolsa, onda ilki bilen hristianlygy hemmetaraplaýyn püçege çykarmak mümkin.
Hristianlar Isa aleýhissalam ýaly hak pygamberiñ durmuşyny şeýle bir ýoýupdyrlar welin, Injili okanyñda öz wagyz edýän ideýalarynyñ arkasynda durup bilmejek derejede gorkak we züwwetdin adamyñ keşbi ör-boýuna galýar. Mysal üçin, Isa pygamberiñ adamlary dine çagyranda özüne garşy gidýän garşydaşlarynyñ we duşmanlarynyñ kast etmelerinden gorkup gizlenmegi, mugjyzalarynyñ ýaşyryn saklanmagyny sargamagy, özüniñ Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy üçin hawarylaryna wesýet etmegi, kimiñ gylyjy ýok bolsa egin-eşigini satyp gylyç satyn alyñ diýip hawarylaryna ündemegi, iman edenlere başlarynda duran butparaz rimlilere ytagat edýändiginiñ alamaty hökmünde paç tölemegi wagyz etmegi - Isa pygamberiñ hakyky keşbiniñ nähili ýoýluşa sezewar bolandygyny görkezmek bilen birlikde, hiç bir pygambere mahsus bolmadyk bu ýoýulmalaryñ soñky asyrlarda hristian sektalarynyñ arasynda nijeme oñuşmazlyklaryñ döremegine getiripdi, netijede ençeme gandöküşikli uruşlar turupdy we millionlarça adam öldürilipdi. Papalaryñ ganly penjesinde çäresiz urunýan Ýewropada nijeme gozgalañlar turupdy, uruşlarda, özara çaknyşyklarda, Tampleý we Sent-Bartolomeý wakalarynda, inkwizisiýa sudlarynda hristianlar tarapyndan millionlarça bigünä adamlaryñ gany dökülipdi. Amerika yklymlarynda we soñra açylan adalarda hristian missionerleriniñ çykaran pitnelerinde millionlarça adamlar gylyçdan geçirilipdi. Taryhda bolup geçen şular ýaly iniñi tisgindiriji wakalarden hem görnüşi ýaly, hristianlygyñ güýç-kuwwata, sütemkärlige we basybalyjylykly uruşlara esaslanmazdan parahatçylyk we mähir-muhabbet ýoly arkaly ýaýrandygyny öñe sürmäge kim het edip bilerkä?
1096-njy ýyldan 1270-nji ýylda çenli 174 ýyllap sekiz tapgyr dowam eden köpçülikleýin haçly ýörişlerde edilen sütemkärlikleri, gyrgynçylyklary we wagşyçylygy beýan etmäge tom-tom kitaplar ejiz gelýär. Haçparaz basybalyjylar aýak basan her oba-şäherini ýakyp küle öwürýärdiler, olar hatda öz dindeşleri bolan wizantiýalylaryñ paýtagty bolan Konstantinopoly (häzirki Stambul) hem oda berip, weýran edipdiler. Gandöküşikli haçly ýörişler hakynda bäş tomluk kitap ýazan Miçaud şeýle diýýär:
"1099-njy ýylda haçparazlar ahyrsoñy Ierusalime girdiler. Olar şähere girende musulmanlardan we ýewreýlerden 70 müñ adamyñ kellesini togaladylar. Gaçyp metjitlere giren musulman aýal-gyzlary we çagalary rehimsizlik bilen gyrdylar. Köçelerde adam gany sil bolup akdy. Adam maslyklaryndan ýaña ýollardan ýöräp bolmady. Haçparazlar şeýle bir wagşylaşypdy welin, heniz Germaniýanyñ Reýn derýasynyñ boýundan gelýärkäler, ol ýerde öñlerinden duşan ýewreýleri elini-aýagyny güýlüp damagyny çalýardylar".
Bu depe saçyñy üýşüriji taryhy maglumatlary hristian taryhçylaryñ hut özleri habar berýär.
Hristianlar 1492-nji ýylda Ispaniýadaky musulmanlaryñ Andalus Emewi döwletini ýeñlişe sezewar edip, Kurtuba (häzirki Kordowa) girenlerinde, ilki Kurtiba metjidine hüjüm edipdiler. Haýwanlaşan wagşylar negözel binanyñ içine atlary bilen bile giripdiler. Olar metjide özlerini atan musulmanlaryñ ganyny merhemetsizlik bilen döküpdiler. Allanyñ öýünde şeýle köp adamyñ ganyna galyndy welin, hatda metjidiñ gapylaryndan daşyna gan suw bolup akmaga başlapdy. Olar ýewreýleri-de edil musulmanlary gyryşlary ýaly gyrypdylar. Wagşy ispanlar diri galan musulmanlaryñ we ýewreýleriñ ählisine zorluk-zulum bilen hristianlygy kabul etdirdiler. Olaryñ elinden gaçybilenler Osmanly türkmen döwletine sygyndy. Häzirki Türkiýede ýaşaýan ýerli ýewreýler şol Ispaniýadan gaçyp gelen ýewreý bosgunlarynyñ nesilleridir. Ispaniýanyñ koroly Ferdinand Ispaniýadaky ähli musulmanlary we ýewreýleri ýurtdan öldürip, gyryp, kowup ýok edip bolandan soñ: "Indi Ispaniýada ne musulman, ne-de dinsiz galdy" diýip bihaýalyk bilen öwünipdi...
Ynha, "parahatçylyk we mähir-muhabbet bilen ýaýrady" diýilýän hristianlygyñ taryh sahypalarynda galdyran ganly wagşylyklary!..

• Olaryñ wagşylygy diñe şu ýokardaky agzalanlar bilenem gutaranok...

Hristian sektalarynyñ öz aralarynda bir-birlerine garşy eden zulum-sütemkärlikleri hem ýokarda agzalanlardan peslär ýaly däl. Käbir hristian poplar tarapyndan "şerigat terbiýesini gören" diýip mazamlanýan ýewreýlere dagy hristianlaryñ beren jebri-jepasyny bilmeýänler az-az bolsa gerek.
Hristian popy Aleks Kisiñ iñlis dilinde ýazan we başga bir hristian popy Merikiñ pars diline terjime edip 1846-njy ýylda Ewenburgda "Keşf-ül asar we fî kysasy enbiýâ-y beni-Ysraýyl" ady bilen neşir etdiren kitabynyñ 27-nji sahypasynda şeýle täsin maglumatlara duş gelýäris:
"Beýik Konstantin hijreti-nebewiden takmynan 300 ýyl öñ ýewreýleriñ uçdantutma ählisiniñ gulagynyñ kesilmegini emir edipdir we olary dürli ýurtlara sürgün edip, dogduk ýurtlaryndan jyda düşüripdir"
Şol kitabyñ 28-nji sahypasynda bolsa şeýle diýilýär:
"Ispaniýada ýewreýler üç şertden birini kabul etmäge mejbur edildiler:
1). Hristianlygy kabul etmäge;
2). Hristianlygy kabul etmedikler türme tussaglygyna kaýyl gelmäge;
3). Birinji we ikinji şerti kabul etmedikler ýurtdan we ýaşaýan ýerlerinden kowulmaga.
Hut şuña meñzeş sütemkärlik Fransiýada hem bolup geçipdi. Şeýlelikde ýewreýler dünýäniñ çar künjeginde ýersiz-ýurtsyz entäp ýören salpaýak millete öwrüldi. Olar aýak basan her hristian ýurdundan yzlaryna it salnyp kowulýardylar. Şol döwür ýewreýlere Ýewropada bolşy ýaly, Aziýada-da ygtybarly we asuda ýaşap bolaýjak hiç bir künjek ýokdy".
Kitabyñ 29-njy sahypasynda ýene şeýle maglumata duş gelmek mümkin:
"Katolikler ýewreýleri kapyr hasaplaýandygy üçin olara sütemkärlik etdiler. Katolikleriñ iñ täsirli poplary bir ýere jemlenip şeýle karara geldiler:
1). Bir hristian haýsydyr bir ýewreýe gorasa, ýalñyşdygy bolar. Kimde-kim ýewreýlere penakärlik etse, ol kişi aforoz ediler. Ýagny hristianlykdan çykarylar ("dinden çykan" diýip yglan ediler).
2). Hristian döwletleriñ birinde-de ýewreýlere iş berilmeli däldir.
3). Hiç kim ýewreýler bilen bir tabakdan nahar iýmeli däldir we şärikdeş bolup iş etmeli däldir.
4). Ýewreýlerden doglan çagalar hristianlaryñ elinde ýetişdirilmäge borçludyr. Bu agzalan maddalaryñ hereket ediş güýji hemmelere mälimdir".
Şol kitabyñ 32-nji sahypasynda getirilen maglumaty hem şu ýerde agzap geçmek artykmaçlyk etmese gerek:
"Portugaliýalylar ýewreýleri ele salan wagtynda, olary diriligine oda ýakyp öldürýärdiler. Olar bu aýylganç wagşylygy eden wagtlarynda baýramçylyk belleýän deý aýal-erkek hemmesi jemlenip, şowhun-şagalañ gurnaýardylar. Aýal-gyzlar bolsa begençden ýaña däli-porhan bolup tans edýärdiler".
Hristian poplarynyñ öz eli bilen ýazan "Siýer-ül-mütekaddimin" kitabynda bolsa şeýle diýilýär:
"Miladynyñ 379-njy ýylynda Rimiñ imperatory Gratinenus harby naçalnikleri bilen özara maslahatlaşandan soñ ýurdunda ýaşaýan ähli ýewreýleriñ zorluk astynda hristian dinini kabul etmekleri, kabul etmedikleriñ bolsa öldürilmegi hakynda perman çykardy".

• Katolikleriñ protestantlara, protestantlaryñ hem katoliklere garşy amala aşyran zulum-sütemkärlikleri ýokarda beýan edilenlerden köp bolmasa az däl

1849-njy ýylda Beýrutda arap dilinde neşir edilen "On üç rysalanyñ" 13-nji rysalasynyñ 15-16-njy sahypalarynda şeýle diýilýär:
"Rimiñ kilisesi protestantlara garşy nijeme zulum we ezýetdir gyrgynçylyklary amala aşyrdy. Muny tassyklap biljek ähli taryhy subutnamalary Ýewropanyñ özünden tapyp bolýar. Ýewropada imanda we amalda "Kutub-y mukaddesi" özlerine ýolgörkeziji edinen we Isa aleýhyssalama ynanyp, Papa ynanmak islemeýänleriñ 230 müñden gowragy diriligine oda ýakylypdyr. Edil şolar ýaly müñlerçe müñlerçe adam ýa-ha gylyçdan geçirildi, ýa-da zyndanlarda çüýredi, ýa-da agyr gynamalara sezewar edilip, bogun süñkleri biri-birinden aýrylyp we atagzy bilen diş-dyrnaklary goparylyp dürli hili wagşyçylykly usullar bilen ýok edildi. Fransiýada diñe Marirsu Lemawus baýramçylygyñ bellenýän gününde 30 müñ adam öldürildi".
Taryhda katolikleriñ protestantlara garşy amala aşyran sütemkärlikleri ýaly Sent-Bartolomeý gyrgynçylygyndan başga-da ençeme gyrgynçylyklar bolup geçdi. Özem katolik dininiñ ruhanylary bolup geçen bu masgaraçylykly gandöküşlikleri buýsanç bilen ýazýardylar we utanman-uýalman neşir edýärdiler. Diñe 1593-nji ýylda Fransiýa korollygynyñ tagtyna oturan Anri IV protestant gyrgynçylygyny togtatdy. Mundan nägile bolan gözi ganly katolikler Anri IV-niñ janyna kast etdiler. 1675-nji ýylda gandöküşikli sütemkärlikler gaýtadan örç aldy. Ölümden halas bolmak üçin 50 müñ maşgala ýaşaýan ýurtlaryny taşlap gaçmaga mejbur boldy.

• Protestantlaram "ak jüýje" däldi...

Protestantlaryñ katoliklere garşy amala aşyran zulum-sütemleri hem katolikleriñ protestantlara garşy eden işlerinden artyk bolmasa pes däl. Katolik ruhanysy Tomasyñ iñlis dilinden urdu diline terjime edip, "Mir'at-üs-Sydk" ady bilen 1851-nji ýylda neşir etdiren we Hindistanda giñden ýaýradylan kitabynyñ 41-42-nji sahypalarynda: "Protestantlar ilki 645 manastyr, 90 mekdep, 2376 kilise we 110 hasshanasy katolik ynançly hojaýynlaryñ elinden zor bilen alyp, ujypsyzja pula satuwa çykardylar. Alan pullaryny öz aralarynda paýlaşdylar. Ol ýerlerde ýaşaýan müñlerçe aç-ýalañaç pakyr-pukaralary bolsa köçä zyñdylar" diýilýär. Agzalan kitabyñ 45-nji sahypasynda bolsa: "Protestantlaryñ gahar-gazabyndan we duşmançylygyndan mazarda ýatan ölülerem paýyny aldy. Olar jaýlanan adamlaryñ mazaryny açyp, meýitlere görlüp-eşdilmedik wagşylygy amala aşyrdylar" diýen setirler bar. Şeýle-de 48-49-njy sahypalarda:
"Kitaphanalaram katoliklerden zor bilen alnan zatlaryñ içinde sumat boldy. Ciyl Birl bu kitaphanalary nebsiagyryjylyk bilen şeýle ýatlaýar:
"Protestantlar tapan kitaplaryny ýakdylar. Kitaplary ýakyp nahar bişirdiler ww kitaplar biln şemdanlaryny, köwüşlerini arassaladylar. Käbir kitaplary attarlara we sabynçylara satdylar. Bularyñ köpüsini deñziñ añyrsyndan gelen söwdagärlere satdylar. Satylan kitaplar 100 ýa 50 kitapdan köp däldi. Olar keseki ýerden gelenleri haýrana goýup gämi doly kitaplary ýom-ýok etdiler. Men bir täjiriñ her biri 20 müñ rupyýa iki kitaphanany satyn alandygyny bilýärin! Bu masgaraçylykly zalymlykdan soñ kiliseleriñ hazynalaryny talap, ol ýerleri ýalañaç diwar edip goýdular. Olar özlerine dogry iş edýändiris öýdýärdiler".
Kitabyñ 52-nji we ondan soñky sahypalarynda protestantlaryñ katoliklere garşy biziñ döwrümize çenli edip gelen syýasy jenaýatlary birin-birin sanalýar. Protestantlar Angliýada adalatdan, merhemetden we ahlakdan daşda bolan sütemkärlikli ýüzlerçe kanun çykarypdyrlar. Geliñ, olardan birnäçesine göz gezdireliñ:
1). Bir katolik ene-atasyndan miras galan baýlyga eýeçilik etmäge hukugy ýokdur;
2). On sekiz ýaşyny dolduran hiç bir katolik mülk ýer satyn alyp bilmez. Diñe protestantlygy kabul eden ýagdaýynda alyp biler;
3). Hiç bir katoligiñ iş ýeri açmaga hukugy ýokdur;
4). Hiç bir katoligiñ ylmyñ islendik ugrunda okatmaga hukugy ýokdur. Kim muña garşy gitse ömürlik zyndana atylar;
5). Katolik ynançlylar salgydy ik esse tölemelidir;
6). Haýsydyr bir katolik popy dini dabara geçirse, 330 sterling jerime tölemäge borçludyr. Pop bolmadyk ýönekeý bir katolik muny etse, onda ol 700 sterling jerime tölemelidir we bir ýyllap zyndanda oturmaly bolar;
7). Katolik ynançly biri ogluny Angliýadan çykaryp başga ýurda okatmaga ugratsa, özi bilen bilelikde ogly hem öldürilmäge we mal-mülki elinden alynmaga degişlidir;
8). Hiç bir katolik döwlet işlerinde işlemeli däldir;
9). Haýsydyr bir katolik ýekşenbede ýa-da baýramçylyk gününde protestantlaryñ kilisesinde bolmasa, her aý oña 200 sterling jerime töledilmelidir we jemgyýetden kowulmaga degişlidir;
10). Haýsydyr bir katolik Londondan bäş mil uzaklaşsa, 1000 sterling jerime tölemelidir.
Kitabyñ 61-68-nji sahypalarynda bolsa şeýle diýilýär:
"Korolewa Ýelizawetanyñ permany bilen katolik ruhanylaryñ köpüsi gämilere mündürilip, diriligine deñze atyldylar. Soñra Ýelizawetanyñ nökerleri katolikleri protestant dinine salmak üçin Irlandiýa geldiler. Şanyñ nökerleri katolik buthanalaryny oda berdiler. Nirede katolik popy duş gelse, şobada mekgesine mündüler. Olar Semrük galasyndaky esgerleri-de öldürdiler. Oba-şäherleri otladylar. Ekin meýdanlaryny we mal-garalary weýran etdiler. Ýöne olar katolik dällere merhemetli çemeleşdiler. Soñra parlament 1643-44-nji ýyllarda birnäçe şähere katolikleriñ mal-mülküni elinden almak üçin ýörite topar ugratdy. Katoliklere garşy amala aşyrylan bu sütemkärlik korol Jeýms I-iñ döwrüne çenli dowam edipdir. Onuñ hökümdarlyk eden zamanynda bu sütemkärlikler az-owlagam bolsa gowşadyldy. Emma protestantlaryñ muña diýseñ gahary geldi. 1780-nji ýylda 44 müñ protestant korola parlamentde katoliklere zulum edilmegi baradaky kanunlaryñ owalky durkunda galmagyny talap edip arza ýazdylar. Hernäme-de bolsa korol olaryñ bu talabyny kanagatlandyrmakdan ýüz dönderdi. Muña göhi göterilen 100 müñ protestant Londonda bir ýere jemlenip, katolik kiliselerini we katolikleriñ ýaşaýan raýonlaryny oda berdiler. Olar jemi 36 ýerde uly ýangyn çykardylar. Bu pitne alty günläp dowam etdi. Ahyrsoñy korol 1791-nji ýylda başga bir kanun çykardy we katoliklere häzirem güýjüni ýitirmedik käbir hak-hukuklary berdi".
Kitabyñ 73-74-nji sahypalarynda şeýle diýilýär:
"Irlandiýada Kont Ras Kolin wakasy barada bilýänler ýok diýen ýalydyr. Onuñ Irlandiýada amala aşyran işleri hakykatdyr we gizlin däldir. Protestantlar her ýyl 250 müñ rupyýa barabar pul we birnäçe ýerleriñ kärende tölegini toplap, toplan pullaryna pakyr-pukara katolikleriñ çagalaryny satyn alypdyrlar we gelejekde ene-atalaryny tanamazlary ýaly, olary başga ýerlerde ýaşaýan protestantlaryñ arasyna ugradypdyrlar. Neresse çagalar ulalansoñ dogduk depelerine dolanyp gelenlerinde, ene-atasyny we bir garynda ýatan mähriban doganlaryny tanamandyrlar, şonuñ üçinem olaryñ öz erkek ýa gyz dogany bilen nikalaşýanlary, hatda öz ene-atasy bilenem nikalaşýanlary gabat gelýärdi".

• Hristianlaryñ musulmanlara garşy eden sütemkärlikleriniñ iñ eýmenji iñlisler tarapyndan Hindistanda amala aşyrylypdy...

Aşakda hindistanly yslam alymlarynyñ iñ görnüklisi allame Muhammet Fadly Hak Haýrabady Çeştiniñ "Hindistan pitnesi" ("Es-sewret-ül-Hindiýýe") atly kitabynda we Möwlana Gulam Mihr Alynyñ şol kitaba ýazan "El-ýewakit-ül-mihriýýe" kitabynyñ 1964-nji ýylda hindi dilinde çykan neşirinde şeýle täsin maglumatlar bar:
"Iñlisler 1600-njy ýylda ilkinji gezek Hindistanyñ Kalkutta şäherinde söwda nokatlaryny açmak üçin Hindistandaky Bahadyrly türkmen döwletiniñ soltany Ekber şadan idin aldylar. Soñra Älemşanyñ döwründe Kalkuttada ýer satyn aldylar. Satyn alan ýerlerini goramak üçin esger getirdiler. 1714-nji ýylda Soltan Ferruhşir şanyñ saglygyny bejerendikleri üçin Hindistanyñ ähli ýerinde hereket etmäge ygtyýarlyk aldylar. Älemşanyñ döwründe Delä girip, häkimiýet işlerine sokulyp başladylar, oñabaka zulum-sütem etmekdenem gaýtmadylar. Iñlislerden beleñ alan hindistanly wahhabylar 1858-nji ýylda sünni we hanafy ynançly Soltan Bahadyr II-ni ehli-bidat, hatda kapyr diýip yglan etdiler. Wahhaby watan dönükleriniñ, indus kapyrlaryñ we dönük wezir Ahsenulla hanyñ kömegi bilen iñlisleriñ basybalyjy leşgeri Deli şäherine girdi. Ýaşaýyş jaýlarynyñ, dükanlaryñ üstüni basyp, gymmatbahaly emläkleri we pullary oljaladylar. Aýal-ebtatlary, çagalary gylyçdan geçirdiler. Içer ýaly bir owurt suw hem tapylmandyr. Ekber şanyñ ogly Humaýun II-niñ Delidäki mawzoleýine sygynan goja patyşany çaga-çugasy bilen bile el-aýagyny baglap, ýesir edip sürdüler. Patriarh Hudson ýolda patyşanuñ üç ogluny taladyp, sopbaş eşikde goýdy we üçüsini-de gyzgyn güllä tutup, şehit etdi. Ganhor kolonialst olaryñ ganyny içmek ýaly ýowuz wagşylygy etmekden gaýtmandy. Şehit bolan şazadalaryñ jesetlerini galanyñ derwezesinden asdyryp goýdy. Ertesi gün olaryñ kellesini iñlis serkerdesi Anri Bernarda äkidip berdi. Soñra ol görgülileriñ kellelerini suwda gaýnadyp, patyşa we onuñ aýalyna çorba edip ugratdy. Açlykdan surnugan biçäre ene-ata nahara topulanam bolsalar, eti ýuwutmaga bogunlary ysmaýar. Olar nämäniñ etidigini (eti halal ýa-da haram haýwanyñ etimi -t.b.) bilmeýändikleri üçin ellerine alan etini ýere zyñýarlar. Imansyz Hudson olara:
- Näme üçin iýmediñiz? Tagamly nahar ahyryn, ogullaryñyzyñ etinden bişirtdim - diýip, olary bihaýalyk bilen ýañsylapdyr.
Ol soñra soltany we onuñ aýalyny Rangon şäherine göz tussagy edip ugradýar. Soltan 1860-njy ýylda zyndanda ahmyr we arman içinde aradan çykýar.
Iñlisler Delide üç müñ musulmany oka tutup, 27 müñ musulmanyñ kellesini kesip şehit edýärler. Hernäme-de bolsa, gije zalymlaryñ elinden gaçyp gutulanlaram bolupdyr. Hristianlar Hindistanyñ başga şäherlerinde we obalarynda-da sanardan köp musulmanyñ ganyna galypdylar. Taryhy sungat eserlerini ýykan-ýumran etdiler. Deñsiz-taýsyz we bahasyna ýetip bolmajak zer-zynatlary gämillere mas ýükläp, Londona daşadylar.
Meşhur alym Allame Fadly Hak Haýdarabady bolsa 1861-nji ýylda Andaman adasynda zyndanda iñlisler tarapyndan şehit edildi.
Iñlisleriñ taryhyñ dürli döwürlerinde dünýäniñ çar künjeginde ýaşaýan musulmanlara, hususanam hindistanly musulmanlara we yslam dinine garşy amala aşyran syýasy jenaýatlary barada has giñişleýin öwrenmek isleýänler Es-Seýit Muhammet Habyp Ubeýdi begiñ 1916-njy ýylda Beýrutda neşir edilen "Iñlisleriñ etmişleri" ("Jinaýat-ül-ingiliz") kitabyna ýüzlenip bilerler.
Şeýle-de ABŞ-ly hukukçy we syýasatçy Braýn Uilýam Jennings 1891-1895-nji ýylda amerikan kongresinde agzalyk edende ýazan kitaplary we eden çykyşlary bilen meşhurlyk gazanypdy. 1925-nji ýylda aradan çykan Jenningsiñ "Iñlisleriñ Hindistandaky häkimiýeti" kitabynda iñlis kolonialistleriniñ yslam duşmançylygyny we eden zulumdyr sütemkärlikleriniñ üstünde birin-birin durup geçýär.
Mundan başga-da Abdyreşit Ybraýym ependiniñ 1910-njy ýylda Stambulda türk dilinde neşir edilen "Yslam älemi" ("Âlem-i islâm") atly kitabynyñ ikinji jildindäki "Iñlisleriñ yslam duşmanlygy" atly makalasynda şeýle setirler bar:
"Yslam halyflygynyñ gaýragoýulmasyz ýagdaýda ýok edilmegi iñlisleriñ özlerine maksat edinen iñ ilkinji wezipesidir. Krym urşunyñ turmagyna sebäp bolmalary we bu uruşda osmanlylara kömek edensirän bolmalary, aslynda halyflygy ysgyndan gaçyrmak üçin gurnalan mekir hiledi. Pariž konferensiýasy bu hiläniñ ýüzüni aç-açan görkezýän duşuşyk boldy. 1923-nji ýyldaky Lozan ýaraşyk şertnamasynda hem öñe süren teklipleri bilen özleriniñ bu duşmançylyklaryny ýene-de bir gezek görkezipdiler. Türki halklaryñ başyna haçan we nirede näme bela gelen bolsa, üsti nähili perde bilen örtülse örtülsin, tapawudy ýok, hemişde iñlislerden gelipdi. Iñlis kolonialistik syýasatynyñ düýp maksady yslamyýeti ýok etmekden ybaratdyr. Olaryñ bu syýasaty alyp barmaklarynyñ sebäbi bolsa, yslamyýetden öler ýaly gorkýandyklary üçindir. Olar musulmanlary aldamak, gözlerini gapmak üçin göni özleri däl-de, öz içimizdäki watanyna we halkyna hyýanat etmäge baş goşan ikiýüzli we satlyk dönükleriñ üsti bilen hereket edýärler. Iñlisler bular ýaly ruhuny şeýtana satanlary "yslam alymy", "halkyñ gahrymany" atlar bilen mahabatlandyrýarlar. Gepiñ keltesi, yslamyýetiñ iñ uly duşmany iñlislerdir".
Abdyreşit Ybraýym ependi 1944-nji ýylda Ýaponiýada aradan çykdy.
Elbetde, hristianlaryñ öz aralarynda bir-birlerine we musulmanlara garşy amala aşyran zulum-sütemleriniñ ýokarda sanalan bölegini özlerini Isa Mesihiñ şerigat we din terbiýesinden teperrik alan hasaplaýan hristian poplarynyñ bilmez ýaly derejede nadan däldikleri belli. Meseläniñ gynandyrýan tarapy, olar taryhyñ bu ajy hakykatlaryndan musulmanlaryñ habary ýokdur öýtmekleridir. Ine, bu bolsa olaryñ özüni gülkünç hem nadan görkezmekden başga zada ýaramaýar...

# Çeşme: Harputly Yshak ependiniñ "Diýa-ül Kulûb" kitaby.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 554 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Harputly Yshak Efendi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
-2
1 Arzyman  
418
Saýry dinleň wekilleri haçan bir-birine bolan ýigrençden saplanarlarka? Ýok-la, bu bir akyla sygmajak zat ahyry. Gaýta gitdigiçe biri-biriniň ganyny içip başlarlar. wacko

3
2 dovletmyratnurmedov  
496
Super makala.

3
3 dovletmyratnurmedov  
496
Menem 4-5 ýyllykda Nasraniler we Injil barada köp zatlar okadym, deňeşdirdim. Garaz gelinen netijäm şu. Ýagny Nasranylar öz dinlerine näçe baglansalar şonçada wagşylaşýalar we yzda galak bolýalar. Öz dinlerinden daşlaşdygyça normallaşýalar. Ýöne ahlak gymmatlyklaryny ýitirýäler. Suwa düşmegem haçly ýörüşlerden soňra musulmanlardan görüp öwrenipdirler. Özleri kän suwa düşmeýäler ekeni, düşselerem boçka suwa otyrar ekenler. Musulman şäherde banýalary girip görseler suwa düşende suw üstüňden akmaly we aşak kirli suw bolup gitmelidigini görýäler. Sabynam musulmanlardan öwrenipdirler. Atyram ilkinji musulmanlardan öwrenipdirler.
Edilen gyrgynçylyklarynyň hetdi hasaby ýok. Takmynan 1 milliard adam gyrypdyrlar. Hindistanda, Amerka materigi, Afrika materigi we Awstraliýa materigi poçti gyryp gutardylar. Galanlarynada obarigenler, gyzyl derililer, tuzemsi ýaly ikinji sort adam hökmünde görülipdir.

3
4 dovletmyratnurmedov  
496
Ýewreýlerem haçan görse gyrypdyrlar kowupdyrlar. Ýewreýlerem özlerini musulman ýurtlarda huzur tapypdyrlar. Osmanlyda we Buhara emirliklerinde Eýranda. Häzir bolsa ýewreýler edilen ýagşylyklary ýatdan çykardylar. Bar ýagşylygam diýmälidä öz kitaplarynda "öldürme" diýen aýatyny ýatdan çykardylar. Ýalňyş ýordylar. Diýýän zatlary "ol ýerde ýewreýleri öldürme" diýilen diýip düşündirýäler. Şunam belläli ýewreýler diýlende hemmesini hasap edemokdyryn. Sebäbi gowy ýewreýlerem bardyr.

0
5 Arzyman  
418
Muň başyny başlaňyzda ýamman jowranyp ýazypsyňyz weli, näme kastyňyz bar olarda? smile

3
6 dovletmyratnurmedov  
496
Ispanýada Ommeýat musulman döwleti ýykylanda galan musulman we ýewreýleri bir ýere üýşirip "mukaddes suw" sepen kişiler bolup "siz mundan soňra hristiýan" diýipdirler we yslam we ýewreý dini we dini däl kitaplaryň hemmesini ellerinden alypdyrlar. nesil geçdigiçe hristýanlaşarlar diýip.

3
7 dovletmyratnurmedov  
496
"Hempfer syrlaryny açýar" kitapda Hindistanda iňlis bir ofiseriň aýaly daşarda welosiped sürüp ýörkä hindiler maňa seretdiler diýip adamsyna aýdýar welin olam öz gezeginde meň aýalyma seretdiňiz diýip 300-600 hindi adamlary (sany ýalňyşýan bolmagym ähtimal, 10 ýyl mundan öň okapdym) atypdyr diýip bellenen.

3
8 dovletmyratnurmedov  
496
Indem näme esasanam kinolaryň kömegi bilen, kompýuter oýunlaryň kömegi bilen özlerini Adalatyň çeşmesi, dünýäni halas edýänler, dogruçyl edip görkezýäler. Musulmanlary bolsa yzda galan, kirli, ylymsyz, ahlaksyz, haçan görseň gyz zorlap ýören edip görkezýäler Gynansagam.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]