23:41 "Jon eýranlylaryň" konstitusion monarhiýa ugrundaky göreşi | |
“JON EÝRANLYLARYŇ” KONSTITUSION MONARHIÝA UGRUNDAKY GÖREŞI
Taryhy makalalar
Elbetde, diýdimzor hökümetleriň soňy golaýlanda zulumlaryny artdyrýandygy sosial hakykat. Azatlygyň, konstitusiýanyň we mejlisiň tagamyny dadan ulamalar gajar dinastiýasynyň soňuny golaýlaşdyrjak müddeti getirdi. Meşrutyýet (Konstitusion monarhiýa) yglan edilenden soňky Eýran Milli Mejlisi Türk syýasy durmuşyna düýpli täsir eden Ikinji Meşrutyýetiň yglan edilmeginden (23.07.1908 ý.) iki ýyl öň Eýranda örän täsin waka bolup geçdi. Reformalaryň geçirilmegini talap edip herekete geçen eýranly ulamalar we progressiwler 1906-njy ýylda, ýagny Osmanlydan iki ýyl öň eýran şasyna konstitusion monarhiýany güýje girizdirmegiň hötdesinden geldi. • Eýranyň günbatarlylaşma müddeti we konstitusion monarhiýa giden ýol 1797-1834-nji ýylllarda höküm süren Fethaly şa Russiýanyň garşysynda agyr ýeňlişe uçrandan soň ýurdunyň öňdebaryjy adamlaryny üýşürip, Eýranyň halkara derejesinde nämüçin şeýle yza galandygynyň sebäplerini öwrenmäge başlady. Fethaly (Fetdah) şa Eýranyň esasanam Günbatar dünýäsinde bolup geçen üýtgeşmelerden tehniki we medeni taýdan yza galýandygy netijesine gelen Fethaly ýüzlerçe eýranly ýaş ýigidi Ýewropa okamaga ugradýar. Eýranly ýaşlar Ýewropadan gaýdyp gelenlerinde günbatar motiwinde mekdepler açyp, birnäçe ugurda täzeçilligiň öňbaşçylaryna öwrüldiler. Elbetde, eýranly ýaşlar ýurtlaryna dolanyp gelenlerinde diňe mekdep açmak pikiri bilen gelmändiler. Olar Günbatardaky konstitusion monarhiýa formasyndaky döwlet dolandyryşyndan täsirlenipdiler we Eýranda-da bu boýunça möhüm düzedişleriň girizilmegini isleýärdiler. Edil Osmanlydan Ýewropa giden ýaşlarda bolşy ýaly, eýranly ýaşlaryň köpüsiniň han-begleriň çagasy bolmagy olaryň isleg-arzuwlarynyň, talaplarynyň döwlet apparatynda düýpli jogap berilmegini üpjün etdi. Eýranly progressiwleriň talaplarydiňe konstitusion monarhiýa düzgünine geçmekden ybarat däldi. Günbataryň täsirindäki progressiwleriň dünýewiligiň ýurtda oňlanylmagy boýunça-da synanyşyklary bolýardy. Elbetde, şeýle talap Eýranyň güýçli we oturymly ulumalar gatlagynyň üýtgeşmelere nägile göz bilen seretmegine sebäp boldy. 1876-njy ýyla gelinende Osmanlyda “Kanuny-Esasynyň” güýje girizilmegi eýranly progressiwleriň arasynda-da uly joşgun döretdi. Ýurtda artýan ykdysady yza tesişlikler we daşarky syýasy basyşlar ýurduň içindäki reformistleriň günden-güne güýçlenmegine getirdi. Osmanly patyşasy ýaly absolýut figuranyňam konstitusion monarhiýany oňlamagy eýranly progressiwleriň alyp barýan işlerini ýygjamlaşdyrmagyna sebäp boldy. 1896-njy ýylyň 1-nji maýy bolsa Eýranyň zamanabaplaşmagy üçin öwrülişik sepgitleriniň biri bolup geçdi. Eýranyň zamanabaplaşmagyny çaltlandyranlaryň biri Nasreddin şa Mürze Ryza Kirmany atly fanatigiň biri tarapyndan pyçaklanyp öldürildi. Şanyň öldürilmegi progressiwlere ýiti täsir etdi. Mürze Ryza Kirmany Kast edilşikden soň ulamalaryň we progressiwleriň arasyndaky konflikt az-kem ýumşaşdy, çünki Nasreddin şa progressiwleriňem, ulamalaryňam sylaýan, ynanýan adamsydy. Onuň ölümi iki tarapyňam syýasy talaplarynda eglişik etmäge iterdi. Ulamalar konstitusion monarhiýa sistemasyna geçmekde berk garşylygynda ýumşan bolsalar, progressiwlerem dünýewilik talabynda yza ädim ätdi. Nasreddin şa Eýran ulamalary berk tiraniýalygyň garşysynda konstitusion monarhiýa düzgüniniň öz bähbitlerine gulluk edýän netijeler boljakdygy sebäpli razylyk bermäge başlady. Progressiwlerem öz gezeginde Russiýanyň basyşynyň garşysynda güýçli eýran parlamentiniň bolmagynyň ýurdy güýçlendirjegine ynanýarlar. Ulamalaryň üýtgeşmeler girizmek baradaky ideýalaryny durmuşa geçirmek üçin guran “Feramason” atly gizlin gurama gysga wagtyň içinde eýran halkynyň arasyna ýaýrady. Guramanyň üýgteşmeleri girizmek hakdaky pikirleriniň we konstitusion monarhiýa talabynyň Ýewropada bilim alan progressiwleriň üýtgeşmeleri girizmek hakdaky pikirlerinden düýpli tapawutlylyklary bardy. “Feramason”-yň agzalarynyň galabasy ulamalaryň ýetişdiren ýaşlarydy, olar öz pikirlerini dini nukdaýnazar bilen düşündirýärdiler. Gajar nesilşalygynyň diýdimzor hökümeti we rus gegemoniýasyna garşy hökümetiň paýlaşylmagy babatda progressiwler bilen bir çukura tüýkürselerem, emel taýdan taýdan aýry-aýry ýoldan ýöreýärdiler. Ulamalaryň turuwbaşdan üýtgeşmeleri girizmek pikirine garşy dini terminologiýany ulanyp, hemme zady daşarky güýçlere baglap ret edilmegini döwlet apparatynda dürli jogapkärli wezipelerde işlän Mürze Malkum han nägileligini şeýle beýan edipdi: "500 ýyllyk senagat pudagynda nämäni oýlap tapdyk, eýse bütin meselelerden has wajyp döwlet dolandyryşyny özbaşdak alyp barmagy oýlap taparymyz ýaly? Eger biz bütin senagatda başgany nusga edinmäge mätäç ýagdaýa gelen bolsak, onda müňlerçe esse ylmy maglumata we tejribä mätäçlik duýýan diwany – döwlet sistemasyny nädip özümiz işläp düzerkäk?" (“Mürze Malkum hanyň rysalalarynda Eýranyň döwrebaplaşmagy” - Oguzhan Ymamogly). “Feramason”-yň agzalarynyň Nasreddin şanyň öldürilmegine alyp baran müddetde-de elleriniň bardygy güman edilse-de, munuň ýeterlik subutnamasy ýokdy. Gaýtam şanyň hut özi belli bir döwür “Feramason” jemgyýetiniň agzasydy. Guramanyň agzalarynyň Kirmanda ýakan ody gysga wagtyň içinde Tährana çenli syçrady. Tähranyň häkimini we baş weziri agdarmagyň hötdesinden gelen gozgalaňçylar 1906-njy ýylda Eýranyň konstitusion monarhiýa düzgünine geçmegini gazandy. • Konstitusion monarhiýa alyp baran ýolda syýasy sebäpler Nasreddin şa ýurduň içinde agalygyň görnetin simwolydy. Onuň öldürilmeginden soň ýerine Muzafferuddin şa oturdyldy. Muzafferuddin şa geleňsiz ýolbaşçydy, şol sanda ol rus gurjagy ýaly hereket edýärdi. Muzafferuddin şa Eýranyň baý-söwdagärleri we ulamalary daşary ýurtlaryň täsirini gowşatmak maksady bilen konstitusion prosesi goldaýardy, progressiwler bolsa ýeke-täk çykalganyň konstitusion monarhiýa düzgünine geçmekdedigini öňe sürýärdiler. Şeýle prinsipleriň netijesinde ähli oppozision gatlak gysga wagtyň içinde gajar nesilşalygynyň garşysynda toparlanmaga başlady. Hiç kimiň garaşmadyk iki üýtgeşmesi oppozisionerleriň güýjüne güýç goşdy: Birinjisi, ruslar ýaponlara garşy giren aldym-berdimli urşunda agyr ýeňlişe uçradylar. Russiýa-Ýaponiýa urşy Hiç kim şeýle bolar öýdenokdy, ýeňliş ruslaryň ähli ünsüni içerki syýasatlaryna gönükdirmeklerini üpjün etdi. Beýleki bir üýtgeşme bolsa, 1905-nji ýyldaky Moskwa gozgalaňy boldy. Russiýada progressiw güýçler, işçiler we daýhanlar hökümete garşy aýaga galyp, 1906-njy ýylda konstitusiýanyň güýje girizilmegini üpjün etdi. Bu ýagdaý rus koloniýasyna öwrülip barýan Eýrana-da täsirini ýetirdi. 1905-nji ýylyň Moskwa gozgalaňy Gozgalaň Takizade we Döwletabady ýaly tanymal ulamalaryň arasynda silkinişiň bolup geçmegine getirdi. Ýewropada okan eýranly ýaşlaryň ýygy-ýygydan orta atýan konstitusiýa we konstitusion monarhiýa pikiriniň ulamalar tarapyndan has çynlakaý seredilmegini üpjün etdi. Üstesine bu gezek ulamalaram ikirjiňlenmelerini goýbolsun etdi we teklip edilýän döwlet dolandyryş formasy babatda tersine tutup durmady. Oppozisiýanyň dolandyryş formasynda bolsa Osmanlyda konstitusiýa boýunça talaplaryny gizlinlik bilen ýöredýän “Ittihat we Terakki” (“Ýaş ofiserler”) guramasynyň alyp barýan işleri eýranly oppozisionerleriň arasynda oňlandy. Ittihatçylaryň Soltan Abdylhamyt ýaly patyşanyň garşysynda örän guramaçylykly we güýçli pozisiýany eýelemegi eýranly oppozisionerleri ýüreklendiren faktor boldy. “Feramason” jemgyýetiniň diňe ulamalar bilen çäklenmän, baý-söwdagärlerden we syýasatçylardanam tarapdar toplamagynda “Ittihat we Terakkiniň” görnetin täsiriniň bardygyny görkezýärdi. Ýöne hernäme-de bolsa ulamalaryň we progressiwleriň arasynda düýpli pikir çaprazlyklary bardy. Doly ylalaşayk ýogam bolsa, iki tarapam konstitusiýa we konstitusion monarhiýa meselesinde bir çukura tüýküripdi. Muzafferuddin şanyň rus tarapdary Emin-ud Döwläni sadarete (premýer-ministrlige) getirmegi oppozision gatlagyň ählisini bir ýere jemledi. Eýranly meşhur azerbaýjan taryhçysy Ahmet Kesrewi şol wagtky syýasy atmosferany şeýle sözler beýan edýärdi: “Halk Muzafferuddin şany ynanjaň we gowşak hasaplap, ähli erbetlikleriň başynda Eminud-Döwläniň durandygyny pikir edýärdi. Şol döwürde Eýranda işler iki toparyň gözegçiligi astyndady: Birinjisi hiç hili söz aýtmaýan köşküň we şanyň töwereginde jemlenenler, beýlekisi halky aýaga galdyryp bilmäge ukyply ruhanylardy. Eminud-Döwläniň her iki toparda-da duşmanlary bardy. Ol töweregindäki ulamalara pul dykyp, ýanyndakylaryň göwnüni awlap işini dowam etdirýärdi. Şeýle bir döwür geldi welin, hazyna taňkyrap galypdy we ol ýanyndakylara pul paýlap bilmez ýaly ýagdaýa düşüpdi. Ine, oňa aşa aşa duşmançylyk edýänlerem indi ondan pul ýonup bilmeýänler we onuň aldawaçlaryna ynanmaýanlardy. (Ahmet Kesrewi, “Tarih-i Meşrute-i İran”). Üýgeşmeler girizmegi talap edýän adamlar hökümetiň berk garşylygyna duçar bolansoň, Şeýh Abdylazymyň kümmedine gaçyp girdiler. Hökümetiň oppozisiýa garşy eden basyşy netijesinde halk köpçüligi köçelere döküldi we şa 1906-njy ýylda konstitusion monarhiýa geçmek hakdaky talaplary kabul etdi. Ondan soňky bolup geçenler Ýakyn Gündogar halklarynyň hemmäňize mälim taryhyndan üýtgeşik bolmady. Täze tagta geçen Muahmmet Aly şa 1908-nji ýylda Mejlisi bombaladyp, ýok etdi. Deputatlaryň çöregi bitini sürgün edildi, galan bölegi ýekän-ýekän öldürildi. Elbetde, diýdimzor hökümetleriň soňy golaýlanda zulumlaryny artdyrýandygy sosial hakykat. Azatlygyň, konstitusiýanyň we mejlisiň tagamyny dadan ulamalar gajar dinastiýasynyň soňuny golaýlaşdyrjak müddeti getirdi. Anna 24.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||