23:52 Magtymguly Pyragynyñ ynsan saglygyny goramak baradaky pikirleri | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ YNSAN SAGLYGYNY GORAMAK BARADAKY PIKIRLERI
Ynsan we onuň mertebesi, saglygy - Magtymgulynyň poeziýasynyň baş mowzugydyr. Ynsan synasyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden olary daşlaşdyryp, dogry, arassa, sagdyn ýola gönükdirmek Beýik şahyryň adamzada bolan çäksiz, mizemez söýgüsinden baş alyp gaýdýan belent maksadydyr. Bu babatda Beýik Akyldaryň “Nas atan”, ”Çilimkeş”, "Çilim çekmegil”, ”Çilim” ýaly goşgularynda ündeýän pentleriniň terbiýeleýjilik gymmaty bimöçberdir. Bütin döredijiligi ynsan aladasy bilen bagly ynsanperwer şahyryň neşekeşleri, çilimkeşleri we beýleki ýaramaz endikleri paş edip ýazan goşgularynda olary şu endiklerden daşlaşdyrmagyň ýoluny agtaryp, çilimkeşdir, neşekeşleri üç tarapdan gabapdyr, göreşipdir. Birinjiden, ýokarda ady agzalan goşgularynda bu ýaramaz endik-gylyklarynyň ynsan bedenine, saglygyna hat-da aklyna, rysgalyna ýetirýän täsirini "Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar (azaldar). Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar”, "...Puluň köýer janyň ýanar, bu başdan...”-diýen setirleri arkaly janköýerlik bilen kalbyna guýupdyr. Ikinjiden, çaksyz synçy, ýiti zehinli, söz äleminiň pälwany Magtymguly Pyragy çilimkeşleriň, naskeşleriň içki dünýäsini açyp, daşky keşbini hem suratkeşlik bilen çekip, şeýle bir ussatlyk bilen jemgyýetiň gözünden düşüripdir welin, namysy bolana “toba gelmekden” başga ýol bolmandyr. Ol şahyryň ýiti galamynyň astynda “Aklyny çaşyryp, haýasyny ýitirip, temmäki sorap, gapy-gapy ýortup, ir sümgürinip ýanbaşyna sürtüp ýören”, üsti-başy gara gäz janly mahluga öwrülipdir. Ondan öýem, ilem bizar. Şonda-da neşekeşleriň, çilimkeşleriň "toba gelmezden” ätiýaç eden Akyldar, olary üçünji ýol bilen ýagny, dowzahda beriljek jeza bilen gorkuzypdyr. Bu ýerde şahyr dowzah oduny, ynsan bähbitli pähimlerini halkyň aňyna guýmak üçin peýdalanypdyr. Magtymguly ýaramaz gylyk-häsiýetlere, endiklere bagyşlap ýazan şygyrlarynda bir tarapdan olary paş eden bolsa, ikinji tarapdan, şol ýaramaz endiklerden adamzady daşlaşdyrmaga çalşypdyr. Bu ýagdaý ynsan saglygyny gorap, ýaramaz endiklere garşy göreşen ynsanperwer şahyryň eserleriniň şu günki gün hem derwaýyslygyny, hem onuň bütin adamzat ähmiýetini kesgitleýän möhüm tarapydyr. Şahyryň: "Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun, Hastalyk şükrün kylgyl, täki ölmesden burun...” diýen setirleri halkyň arasynda dilleriň senasyna öwrüldi. Şygyrlarynda ündelýän taglymy, çeperçiligi boýunça dünýä edebiýatynyň belentligine galan Magtymguly Pyragynyň milli ruha ýugrulan baý şahyrana döredijiliginiň gadyr-gymmaty şu günki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Altyn asyrda ýaşajak sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleriň ruhy daýanjy bolar. Selbi GELDIÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |