07:08 Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nebis we gysgançlyk meselesi | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE NEBIS WE GYSGANÇLYK MESELESI
Nebis ynsanyň iň uly ýagysydyr, iň howply duşmanydyr, çünki nebsiň süýji tagamy bardyr. Emma onuň netijesi welin,juda ajydyr. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy şygyrlarynda “Adam ogly, zynhar, häzir bolawer, Nebsi-şeýtan saňa sürnüp durupdyr”-diýip,ynsanlar üçin nebsiň iň zyýanly duşmanydygyny,ondan häzir bolmalydygyny nygtaýar. Çünki nebis içimizdäki şeýtanyň wekilidir, onuň iň ýakyn hyzmatdaşydyr. Eger nebis wagtynda terbiýelenmese, seni ters işlere alyp barýanlygy nygtalýar. Şahyr şygyrlarynda nebsiň guly bolmaly däldigini: Okyr bolsaň, ok ur nebsiň gözüne, Gara, çyn göz bilen meshap (kitap) ýüzüne [2,417]. Şahyryň aýdyşy ýaly, nebsi kör etmesek, ol bizi hem kör,hem ker,hem gul eder. Munuň üçin nebsi kiçilikden öz-özüň bilen göreşip, ýeňmegi başarmaly. Magtymguly,haram işe baş goýsaň, Müň gün aç bolar sen bir güni doýsaň, Nebsiňi yzzatlap, şeýtana uýsaň, Iman bilen abraýdan daş goýar [2,488]. Şahyryň setirlerinde ündeýän pikirinde nebis üçin halal, haramyň tapawudynyň ýokdugyny,onuň gözüniň baglanýandygyny nygtaýar. Şahyr haram lezzeti zäherli bala meňzedýär. Başda tagamly bolsa-da, soňunyň-da bardygyny, olaryň erbetliklere eltjekdigini, durmuşda kösenjekdigini öwüt edýär. Ynsanda akyl, ýürek, ruh ýaly birnäçe aýratynlyklary bardyr. Bulara üns berilmän, diňe nebsiň yzyndan ylgamaklyk ynsany ýoldan çykarýar. Magtymguly Pyragy “Gahra münüp, galdyrmagyn şeýtany, Nebse uýup, unutmagyn Rahmany” diýen setirlerinde gahar-gazabyň erbet zatdygyny, onuň adamlaryň arasyny bulaşdyryp, olary duşmançylyga,hat-da ölüme çenli eltýändigni öwüt edýär. Gahar gazapdyr. Gaharyna bäs gelip bilmän,yza dolap bolmajak hadysalara sebäp bolunýar. Bularyň hemmesi-de nebsiň kör duýgularyndandyr. Çünki gaharda akyl ýokdur. Baýlyk eliň kiridir, ýuwulsa gider: Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun, Gözi gumdan doldy,puldan dolmady. Karunyň nädip dünýä malyna eýe bolandygy, ugruna gidendigini ýazgarýar. Magtymguly Pyragy şygyrlarynda ynsany bezemeýän häsiýetleriň arasynda nebis bilen birlikde gysgançlyk häsiýetini hem ýazgarypdyr. Gysagnçlyk,hsytlyk hem ýaramaz hasaplanýan häsiýetleriň biridir. Ynsany gysgançlyga eltýän ýol onuň mal-mülk toplamakdaky çäksiz islegleridir. Nebsiň önümi bolan gysgançlygy diňe özüňi bilmeklik döredýär. Şahyryň bu gylyk-häsiýet bilen baglanyşykly goşgularyna mysal edip “Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz, Nana mätäç däldir, söze myhmandyr”diýen setirlerini görkezmek bolýar. Şahyryň “Göze myhmandyr”atly ýokarky şygrynda göräýmäge myhmançylyk hakda gürrüň gidýän ýalydyr.Ýöne şahyr şu setiriň üsti bilen ýaramaz häsiýetleriň biri bolan husytlygyň üstünde durup geçýär. Gelen myhmanyň öňünde hezzet-hormat etmelidigini,onuň üçin hiç zadyňy gysganmaly däldigini,gelen adamyň seniň duzuň üçin däl-de,hoş sözüň üçin gelendigini beýan edýär. Şeýle pikirlere şahyryň “Eýlär”atly goşgusyny okanymyzda hem duş gelýäris. Magtymguly Pyragy nebis, gysgançlyk ýaly ynsana gelişmeýän gylyk-häsiýetleri özüniň dürdäne setirleri bilen öwüt-nesihat edipdir. Aýna NESIPGULYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |