08:19

Malazgirt söweşi / poema

MALAZGIRT SÖWEŞI

~ Atyñ näme diýip kişñeýär, Şady?
~ Özüm bolup haýbat atýar duşmana.
~ On esse artykmyş duşman sülsady.
~ Parhy näme, onuñ amanat jana.

~ Nirden tapýañ beýle gaýraty-dogmy?
~ Bileñokmy näme, Oguzyñ kowmy.
Namartlyk diýilýän zady bilmeýär.
Ynamy gaýadyr, ýüregi suwly.

Depämde Hudaý bar, arkamda bolsa,
Soltanym Alp-Arslan ~ ýeñiş baýdagy.
Ýygynyn dargadyp, özüni atyñ
Öñüne salmakçy Rumuñ kaýsaryn.

~ San boýunça deñze gaçan damja deý,
Dur, zaluwat neneñ ýeñjek duşmany?!
~ Olar pul yşgyna ýygnanan ýygyn,
A men hak iş üçin bagş edýän jany.

~ Esgerleriñ bary seniñ ýalymy?
~ Gözlerinde ot ýanyp dur oglanlañ.
Eneden dogulyp oýnagy ok ýaý,
Söweşde göz açyp, jeñde doglanlar.

~ Ynandym, ynamyñ añyrdan eken,
Beýik Tañryñ özi ýar bolsin, Şady!
~ Garaşyñ, getirer Rumuñ kaýsaryn,
Eger diri bolsa, bar bolsa Şady.

Ýene-de bek belläp goýuñ bir zady.
Dahul bolsam amanada, apata.
Jähennemiñ işiginde duşmanyñ,
Gideriñ müñüsin düzüp nobata.

*   *   *

Endiräp dur külli yslam dünýäsi.
Öñdäki bolmaly bu söweş hakda.
"Türkmenlere ýeñiş ýar et, Hudaýym!" 
diýip metjitlerde okalýar hutba.

Şu söweş bagly yslam dünýäsi,
Bagdat Halyfynyñ özi-de hatda.
"Türkmenlere ýeñiş ýar et, Hudaýym!"
Jemagat jem bolup okaýar hutba.

Älemde jem bolup şunçarak dileg.
(Allanyñ özünem gozgandyr ynan!)
Malazgirt ~ söweşe taýyn esgerleñ,
Kalbynda parlaýan ynamdy-ynam.

Tañryñ bizlikdigi hakdaky ynam.
Eýsem eýýäm ýeñşiñ ýary dälmidir?!
~ Ýaraşyk teklibi - oýlanýar soltan,
~ Birhili ýöwsellän ýaly dälmidir?

Şonda-da zeleliñ ýaryndan gaýtmak,
Bir peýda diýipdir ahyr köneler.
Alp Arslan dillenýär: - Ýeri, bolýar-da,
Teklibiñiz salyp görüñ synaga.

Edil pikir edişi deý Soltanyñ
Ilçileriñ teklibine garaman ~
Giç düşüner juda ýalñyşandygna.
Men-menlikden huşy göçen Roman.

Ýöne, köplenç uruşlaryñ kadasy.
Ilki bir-birege haýbat atmalar.
Bir-biregiñ sussun basmaklyk üçin,
Ilçi bary ikiýana atlanar.

~ Atlaryñyz Hemedanda gyşlarlar,
A özüñiz gyşlarkañyz nirede? -
Diýýär Soltan: - Ýalñyz Alla bilýändir,
Soñra gürrüñ ederis bu barada?

Gutylgysyzdygyny boljak söweşiñ,
Bir parahat kabul edýärdi goşun.
Alp Arslan sözleýär: - Eziz esgerler,
Men özüm çekerin goşunyñ başyn.

Bu ýerde hiç hili Soltan, Serdar ýok,
Hemmämiz deñdiris Hakyñ ýolunda.
Injigi sandyrap eger kimsäniñ,
Yza dönmek bolsa neti pälinde.

Şu mahal goşundan saýlanybersin,
Bizden oña hiç bir hili zowal ýok.
Namart wagty barka aýñalybersin,
Asly merdiñ göwnünde hiç güman ýok.

~ Dönük ýa-da namart çykar türkmenden,
diýip, asyl pikir etmäñ, Soltanym!
Siz serenjam beriñ boljak söweşe,
Özüñiz söweşe gitmäñ, Soltanym!

Türkmen maksadyna ýetmän Soltanym,
Orta ýoldan dönýän däldir yzyna.
Betniýet duşmanyñ ahy-nalasy,
Garylar bedewleñ toýnak tozuna

- diýip, başyn egdi, Soltana Şady.
Gözlerdäki uçgun älemi keser.
Bu söze goşuldy müñläp Şadylar,
Söweş meýdanynda ýañlanan kasam.

Gökden inen ajal gümmürdisi deý,
Duşman leşgeriniñ içine düşdi.
Bu sansyz leşgeri bir ýere ýygnan,
Allanyñ yşgy däl, oljanyñ yşgy.

Entek olar juda ederler puşman,
Oda öwrülende töwerek-daşy.
Ne añyrsy bardy, ne-de bärisi,
Ne aýagy bardy, ne-de bir başy.

Iki ýanda pasyrdaýar baýdaklar,
Serkerdeler gurup söweş gerdegin.
Soltan diýýär: - Siziñ bilen bürgütler, 
Görsün duşman gurt oýnuny gurdugym.

Ilkinji zarbada sil deý türkmenler,
Ellerine aldy söweş tabyny.
Malazgirt meýdanyn gana boýady,
Tapan derdi Abyl bilen Kabylyñ.

Şondan bäri ýagy adam-adama,
Dünýä bolsa bir hoş sözüñ mätäji.
Malazgirt meýdany. Söweş gyzyşýar,
Soltan bolsa elden bermän ätiýajy.

Yzyn üzmän maslahatlar geçirýär,
Tejribeli goşunbaşylar bilen.
~ Biziñ maksadymyz Hakdyr ýigitler,
Ony diñe bize goşulan biler.

Ahyr uly güýçler bölünip gitdi,
Duşman goşunyndan gezek-gezegne.
Kaýsaryñ esasy güýji ymtylyp,
Gelip düşdi türkmenleriñ duzagna.

Tañryñ gudratyndan hasyl bor eken,
Bendesiniñ Hak ýolunda aýdany.
Şady gelýär, sowulyñ-da ýol beriñ,
Bedewiñ öñünde Rumuñ kaýsary.

Niçe şirin jany pida eýlegen,
Ol Rumuñ kaýsary Diogen gelýär.
Goşuny, dünýäsi tar-mar eýlenen
Ol Rumuñ kaýsary Diogen gelýär.

Nesibe ~ bir ýaýyñ oky gurulan,
Ykbalyñ öwrümi Hakdan berilen.
Men-menlikden dünýä üste sürünen,
Ol Rumuñ kaýsary Diogen gelýär.

Nebis seni öz erkiñe goýmaýar,
Pelek çarhyn gazap bilen aýlaýar,
Indi bolsa kaýyl bolup täleýe,
Ol Rumuñ kaýsary Diogen gelýär.

Ýeñiji Alp Arslan, Beýik Alp Arslan,
Şatlyk bilen, şowhun bilen gurşalýar.
Ol tagtyndan düşüp, ýowuz duşmanyn,
Ýesir däl-de, myhman ýaly garşy alýar.

Hem-de hormat goýýar şalara mahsus,
Biçärelik gysýar Rumuñ kaýsaryn ~
Ýañja gazap bilen zeminiñ üstün
Syryp-süpürmäge taýýar adamyñ.

Alp Arslana bagly onuñ ykbaly,
Türkmen häsiýeti beýikdir beýik.
Ejiziñ ýanynda geçirimli ol,
Gahary-gazany bir ýana goýup.

Diýýär Soltan: ~ Eger sen ýeñen bolsañ,
Menem ýesir düşen bolsam eliñe.
Sen şonda näderdiñ? ~ Diýýär Roman:
~ Göni höküm ederdim men ölüme!

~ Ýok, türkmene beýle peslik ýaraşmaz,
Men saña bagş edýän täzeden ömrüñ.
~ Sag bol, maña iñ agyr bir jezadyr,
Buýrulmadyk ölüm ~ bagş eden ömrüñ.

Hawa, onuñ üçin bu dünýä boşluk,
Gutarypdy indi ömrüñ manysy.
Beýik Soltan bilen kalplary hoşnut,
Türkmenler kürekläp ykbal gämisin.

Dünýäñ depesinde parladyp tugun,
Ýagşylygy ýugrup niýet-pälinde,
Barýardy Alp-Arslan ~
Är iş bitiren,
Hakykat ýolunda,
Hakyñ ýolunda.

Toýly ÖWEZOW.

# esger_2004
Категория: Poemalar | Просмотров: 756 | Добавил: Нawеran | Теги: Toyly Öwezow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Мylayym  
83
"Atyñ näme diýip kişñeýär, Şady?.."

Başy gowy başlaýar. Gowy poema.

0
2 Can-Kurt  
127
Gowy poema eken. Toyly Öwezowyñ eserlerinden bolsa yene yetiriñ

0
3 Bagabat  
43
Jumageldi Mülkiýewiň "Seljuklar" romanynda Roman Diogeni ýesir alan Şadynyň daş sypaty birhili özüni oňarmaýan salpaýak ýaly edilip şekillendirilipdir. Kiçijik boýly, telpegi özüne uly bolýan...Bilemok, belki hakykatdyr, ýöne käbir ýagdaýlarda hakykaty owadanlamagyň aýby ýokmuka diýýärin. Ýöne, elbetde Şadynyň daş keşbinden supermen ýasap, gözünem çykarmak gerek dälmikä diýýärin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]