13:12

Metallaryň oýanyşy / ylmy-fantastiki hekaýa

Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 229 | Добавил: hanturebs | Теги: Baýramgylyç Sapargylyjow | Рейтинг: 5.0/6
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Berekella. Ine indi stil doly emele gelip ugrady.
Çeper hyýaly dünýäniň atmosferasy - janly. Demir jandarlaryň diridigine, bardygyna ynandyrýar, göz öňüňe getirýär, olara duýgudaşlyk derýasyna oklaýar.
Sözlemleň büdür-südürräk gidip goýberýänje ýerleri ýek-tük bar:
"Gaty ümsümlik" - gelişmeýär. Oňa derek: "Ümsümlik." diýseň ýa-da "Sedasyzlykdan doly dünýä" ýa-da "Selemsiz harabalyk" we ş.m. diýseň has şahyrana kyssa bolaýjak ýaly.
"...dünýäniň soňuny görkezýärdi" diýip tamamlanýan ýerinde, öten zaman işliginiň goşulmasy gelişmändir. Edil mukam ýaly, şygyr ýaly akgynly hiňlenip barýan kyssa slogynyň içinde birden "söz heňini" büdredip goýberýär-de, dissonans emele getirýär. Şol sebäpdenem "görkezýär" diýen häzirki zaman işliginde sözlemi tamamlamalymyka diýýän.
"Öli dünýäde ýaşaýyş ýok" - gowy, batly jümle. Ýöne, öz içinde pleonazm saklaýar, ol pleonazmam jümläni bezemän gaýta "hetjiklemä" öwürýär. Belki "Diriligi ýuwdan merhum dünýäde dem ýok" ýa-da "Diriligi pida bolan merhum dünýäniň demi sogrulan" diýmelidir. Elbetde bu teklip edilýän jümlelerem pleonazmly. Ýöne çeperçiligiň hatyrasyna, täsirliligiň peýdasyna käte dürslügiň gurban ediläýýän ýerlerem bolýar.
Umuman, gowy gördüm. Çeper hyýaly atmosferasyny örän, örän, örän täsirli hasapladym. Söz bilen çekilen täsin surat ýaly bolupdyr.
Ýokarda aýdylan pikirler bolsa, diňe, Ženýa Oneginiň dädesi Saşa daýy aýtmyş: "чему нибудь и как нибудь" odujak-budujak zatlary özi öwrenen öwrenje diletantyň pikirleridir. Şol sebäplem olary öte ýürege ýakyn kabul edip gaharlanybermezligiňizi haýyş edýändirin.
Berekella.
Höwri köp bolsun.
Hakyky, "eser" adyna mynasyp "eser" bolupdyr.
"Belki ölen şähere jan girer".

0
2 hanturebs  
755
Bellikleriňiz üçin köp sag boluň agam!

0
3 Bagabat  
43
Ýazmak işinde, öz tejribämden bilýän, ine birdenkä, şunuň ýaly täsirli, ýiti stil üýtgeşmesi özüňde, ýagny ýazuw işiňde bolup geçýärmi - şonuň "guýrugyndan berk ýapyşyp", ony sypdyrmaly däl. Elbetde, beýle diýildigi "diňe öz-özüňe, haýsydyr bir şowly çykan zadyňa öýkünip, diňe şoňa meňzedip ýazyp ýörmeli" diýildigi däl.
Çeper eserde esasy zatlaryň biri - eseriň äheňi, hörpi. Ol edil täsirli saz ýaly okyjyň ýüregine barmaly, ony gozgamaly, ony seniň gürrüň berýän wakaň içine dartyp, onda seniň suratlandyrýan gahrymanlaryň duýgularyna duýgudaşlyk, pikirlerine pikirdeşlik ýa-da antipatiýa döretmeli - umuman, biparh goýmaly däl. Şonda seniň aýtjak bolýan zadyň okaýanyň göwnüne aralaşýar.
Ine şol seniň sözüňi "okaýanyň göwnüne aralaşdyryjy äheňem" bir gelse, senem onuň gelendigine düşünip ýetişseň, ony sypdyrmaly däl. Ony günde-günaşa, her täze ýazan zadyňda peýdalanyp, ony ikinji zannyňa, endigiňe öwürmeli.
Indiki sapar ýazmak işiň özüňe-de bildirmän üýtgeýänçä...
Senem üýtgändigini/üýtgändigiňi duýýançaň, düşünýänçäň hem-de şol "üýtgeşikligi" ýene-de tutup, gapyp, öz süňňüňe, ruhuňa siňdirýänçäň...
Bu "üýtgeşmeler" ýazýan adamda näçe gezek bolup geçýär?
Hudaý bilsin.
Her kimde birhili.
Iň esasy zat: şeýle "üýtgeşmeler" ýazýan adamda bolmasa erbet. Onda ýazan bolup, özüňem, okajaklaram, okaýanlaram kösäp oturasy iş ýok...
...diýip pikir edýän...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]